07:53 Bereket aga / hekaýa | |
BEREKET AGA
Hekaýalar
Bereket aga elli ýaşa ýetýänçä, güzeranyny zordan aýlap, gününi ýeter-ýetmezlikde geçirdi. Ol şäheriň garyp-gasarlar ýaşaýan böleginde ýerleşen kiçiräk bir metjidiň ymamydy. Bereket aga kyn ýagdaýda ýaşasa-da, durmuşyndan razydy, güzeranyna kanagatlydy. Başyndan geçirýän kynçylyklaryndan hiç haçan zeýrenmezdi. Şeýle garyp ýagdaýda ýaşaýanyna garamazdan, örän sahydy, göwni ala-ýazdy, garyp-pukaralara we ýolagçylara mähribandy. Bereket aga olar bilen bir döwüm çöregini deň paýlaşardy. Şu pähimi yzygiderli tekrarlardy: «Bu dünýäde edilen her bir sogap iş o dünýede on edilip gaýtarylyp berler. Hiç bir adam bu dünýäniň lezzetleri üçin, o dünýesini unutmaly däldir». Bereket aganyň gözüne bu dünýä wagtlaýyn, ahyrýet bolsa müdimilik bolup görnerdi. Bereket agany tutuş adamzadyň çekýän muşakgatlary, kynçylyklary uly azara goýýardy. Her namazyň ahyrynda, eger eline pul düşse, hökman ony öz obasyndaky garyp-pukaralar bilen paýlaşjakdygyna gudraty güýçli Taňrynyň öňünde ant içerdi. Gudraty güýçli Allatagala Bereket aganyň doogasyny kabul etdi. Bir gün onuň üstüne garaşylmadyk ýagdaýda uly baýlyk ýagdy. Ol pullar ýanesip kagyzynyň — lotereýanyň kömegi bilen ýaşula nesip etdi. Aslynda Bereket aga ýanesibi hem gazanç ýa-da peýda üçin däl-de, ony satýan bendä kömek etmek üçin satyn alypdy. Bereket aga bu garaşylmadyk baýlyga örän aljyrady. Onuň tolgunmakdan ýaňa başy aýlanyp ugrady. Göwnüne bolmasa, oňa biri: «Bu baýlyk seniňki däl. Sen öz bähbidiňe harçlamak üçin eliňi bu pullara uzadaýmagyn. Bular garyp-gasarlaryň hakydyr, Alla olara bu pullary paýlamak hem-de haýyr-yhsana harçlamak üçin seni saýlap aldy» diýýän ýalydy. Bu sözleri eşideninden, gojanyň tutuş göwresi galpyldap başlady. Biraz wagtdan özüni ele alyp, ýüzüni göge tutup, eçilen baýlygy üçin Allatagala şükür etdi, onuň şanyna hamdu-sena aýtdy, gözünden ýaş döküp, öz wadasyna wepaly hem-de amanada aýawly boljagyna Biribaryň öňünde söz berdi. Göwnüne düwen işlerini berjaý etmek üçin herekete başlady, kömege, pula mätäçleriň gözlegine çykmagy ýüregine düwdi. Bereket aganyň utan pullary hakyndaky habary eşiden adamlaryň aglabasy şol bada onuň öýüne tarap eňdi. Olar Bereket aga dileg-doga edýärdiler we ondan pul dileýärdiler. Ol bolsa öz gezeginde olaryň ýüzlerine gülüp bakýardy we göýä berýän pullary özüniňki däl ýaly, dileglerini sahylyk bilen bitirýärdi. Gojanyň düşünjesine görä, ol pullar özüne Taňrynyň mätäçlere paýlamak üçin beren baýlygydy. Ol öz aýdan zatlaryndan we eden işlerinden göwnühoş bolup, giç agşam öýüne dolanýardy. Bereket aga aýalydyr we çagalary bilen ölmez-ödülik nahar edinýärdi. Nahardan tiz çekilip, ýene-de namazlygy ýazyp, ybadat etmäge başlaýardy we namaz okaýarka, Allanyň özüni bagyşlamagyny, eden amallaryna razy bolmagyny yzygiderli dileýärdi. Gün yzyna gün geçýärdi. Kim dileg edip el serse, Bereket aga ony boş gaýtarmaýardy. Öýüniň öňündäki giň howla ir ertirden dürli ýerlerden adamlar ýygnanardy. Bereket aga öýden çykan badyna adamlar oňa tarap eňerdiler, şanyna öwgüli sözleri aýdýardylar hem-de pul dileýärdiler. Olaryň birine egin-eşik, beýlekisine derman satyn almak, ýene birine çagalarynyň okuwynyň tölegi üçin pul gerekdi. Bereket aga olar bilen mähirli,hoşamaý gürleşerdi, ählisiniň möhümini bitirerdi hem-de olara Allanyň ýardam bermegini dilärdi. Aýlar, günler geçip durdy. Bereket aga adamlaryň dileg edişip pese düşüşlerinden, olaryň basa-bas bolup ýörüşlerinden halys ýadady. Indi olaryň islegi barha artýardy, goh-galmagallary bolsa asmana galýardy. Olar Bereket agadan käwagt örän peselip dileg edýän bolsalar, käwagt haýbat atyp, pul bermegi talap edip başladylar. Bereket aga bu zatlara haýran bolup, näderini bilmän ugrady. Ony indi uly alada gurşap aldy. Günlerde bir gün oňa dostlarynyň biri çyn ýürekden maslahat berip: — Sen kömek puly beýle gelşiksiz ýagdaýda paýlamaňy bes et! Şeýle ýagdaýda paýlansa, kömege mätäç däl ýa-da oňa asla mynasyp däl adamlar senden pul alýar, kömege mätäç adamlar bolsa, saňa ýüz tutmakdan utanyp, pulsuz galýar. Sen ilki bilen etjek işleriň barada oňatja oýlanyp, düýpli meýilnama düz, goý, mätäç adamlara paýlamagyň ýörite tertibi bolsun. Senden diňe mätäç adam kömek alsyn, ine, şeýle etseň, adalatly bolar, hiç hili gözboýagçylyk bolmaz — diýdi. Dostunyň aýdan sözleri Bereket aganyň göwnüne jaý boldy, onuň maslahatyny örän oňlady. Tizden-tiz oňa özi barada edýän uly aladasy üçin minnetdarlyk bildirdi. Öz ýanyndan «Oňat oýlanyp, kömegi diňe ýagdaýyna belet adamlaryňa bermeli» diýen karara geldi. Bereket aga kellesine gelen pikirleri oňat deňeşdirip öwrendi. Pikirlendigiçe, dürli meseleler ýüze çykyp, olar bir-biri bilen garyşyp ugrady. Ol näme ederini, nämeden başlap, haýsy ýoldan gitjegini bilmedi. «Indi nähili işlere ýykgyn etmeli?» diýen pikir ony gysyp-gowrup barýardy. Bereket agany ýadawlyk gurşap aldy, dünýäsi daralyp başlady. Ol «Iň gowusy, pullary haýyr-sahawat guramasyna bermek bolar, belki, döwletiň haýryna geçirseň, gowy bolar, hökümetiň özi pullary mätäçlere harç eder. Şeýtsem, adamlary hem öz gününe goýaryn, özüm hem ynjalaryn. Ýöne bu zatlar öz borjuňy ýerine ýetirmekden boýun towlamagyň alamaty dälmi? Beýle etmek horlanýanlara kömek etmek wezipesini boýnuňa ýüklän Taňrynyň eradasyndan ýüz öwürmek bolmazmy? Allanyň beren baýlygyny sogap işiň gymmatyny bilmeýän ýat adamlara ynanyp bolmaz ahbetin. Kim bilýär, olar pula el uzadyp, ony talaňa salarlar. Betnebislik, tamakinlik adamzadyň erbet häsiýetleri ahbetin... Ýok, ýok. Garyplaryň aladasyny etmek işini özüňden başgalara tabşyryp bolmaz, Allanyň buýran işinden ýüz dönderip bolmaz. Enşalla, men öz işimi talabalaýyk ýerine ýetirerin». Ol şeýle pikirlere gümra bolup öýüne geldi. Öýde ýaňy jaýlaşykly oturanda, onuň ýanyna aýaly çagalaryny yzyna tirkäp geldi-de ýygryljyrap: — Allanyň saňa eçilen baýlygyndan bize-de berjek wagtyň gelmedimikä? Biz hem çagalara geýim-gejim almaly. Sen ile pul berip, öz çagalaryňy ýadyňdan çykarýarsyň. Aslynda çagalaryňa pul has derkar — diýdi. Goja olara alarylyp seretdi-de: — Bu pullar meniňki däl, şonuň üçin olary özüm ýa-da maşgalam üçin sowmaga hakym ýok. Olar garyp-mätäçleriň paýy — diýip jogap berdi. — Eýse, biz garyp mätäçler dälmi?! — Bize özümizde bar zatlar ýeterlik, bu pullar başgalara has zerur. — Seniň ýüregiňde çagalaryňa jinnek ýaly hem rehim ýokmy? — Men diýjegimi diýdim, indi bolsa meni günüme goý, kempir. Aýaly hamsygyp öýden çykdy, çagalary onuň yzy bilen eňreşip gitdiler. Bereket aga olaryň öýden çykyşyny synlap durdy. Çagalarynyň egnine geýen köneje eşikleri onuň ünsüni çekdi. Bereket aga tiz wagtdan namaz okamaga durdy we Allatagalladan özüni bela-beterden gutarmagy tüýs ýürekden dileg etdi. Ertesi gün Bereket aganyň ýanyna tanyşlaryndan biri öz ýagdaýyndan zeýrenip gelip, biraz pul sorady. Bu pula çagalaryna eşik aljakdygyny aýtdy. Bereket aga oňa biraz wagt nazaryny dikip durdy, onuň içinde gahar-gazap harasat turzup başlasa-da, hiç zat aňdyrman dilegçä az-owlak pul uzatdy. Gelen adam berlen puluň möçberini az görüp, oňa geňgalyjylyk bilen seredip şeýle diýdi: — Bu beren puluň-a iň bärki geýim-gejime-de ýetmez, meniň çagalarym indi ulaldylar, olaryň sany hem az däl. Bereket aga oňa gaharly ses bilen: — Men saňa diňe şu möçberde pul berip bilýän – diýip jogap berdi. — Ýaşuly, ýagdaý örän agyr, seniň bize rehim etmegiň gerek... Bereket aga onuň sözüni bölüp: — Meniň boýnuma uly ýük, möhüm ynsanperwer meýilnamany berjaý etmek borjy ýüklenen. Men pullary akylly-başly sarp etjek, sen beren pulum bilen oňmaly bolarsyň — diýdi. Soňra Bereket aganyň ýanyna ondan pul almaga endik edenleriň ýene-de biri geldi. Ol adam örän gözgyny ýagdaýdady. Özüniň açlykdan heläk bolýanyny, birnäçe gün bäri duz datmanyny aýtdy. Ol ejizlige we mejalsyzlyga tap getirip bilmän, ýere ýykyldy. Bereket aga oňa ýerden galmaga kömekleşdi. Onuň ýagdaýyna rehmi geldi, şonuň üçin oňa sahylyk bilen pul eçilmäge durdy. Özüne berlen bu köp möçberdäki pullary görüp, dilegçiniň ýüzi ýagtylyp gitdi, Bereket aga ýagşy dileg etdi, alkyş aýtdy. Biraz wagtdan Bereket aga öz dilegçi dostuny obanyň naharhanasynda gördi. Ol saçak başynda otyrdy, öňünde bolsa etli dograma bardy. Naharyň işdäňi açýan ýakymly ysy töwerege ýaýrapdy, dilegçi dosty bolsa nahardan işdämenlik bilen symyşlaýardy. Bereket aga assyrynlyk bilen ony synlap, soňam tiz-tiz ädimläp naharhanadan çykyp gitdi. Ýolda Bereket aga özüniň it ýaly ajyganyny duýdy. Öýüne baran dessine çagalarydyr aýaly bilen nahar edinmäge oturdy. Nahar biraz kakadylan gurtdan ybaratdy. Ol gury çöregi döwüp aldy. Ortadaky nahar oňa uzan elleriň köplüginden ýaňa şobada gutardy. Bereket aga çagalaryň nahar iýşini gaýgyly synlap durdy. Onuň özi nahardan diňe biraz dadyp ýetişipdi. Bereket aga nahardan soň, bada-bat namaz okamaga girişdi. Günler geçip durdy. Aç dilegçi ýene-de ýaşulynyň gapysyny kakyp, pul diledi. Bereket aga bu gezek oňa az-owlak pul berdi, dilegçi berlen puly närazy bolup aldy-da, tiz gözden gaýyp boldy. Ýaşuly bazarda aýlanyp ýörkä, gözi hälki aç dilegçä düşdi. Ol bir gyra çekilip, töweregine seretmän öňündäki gury çöregi we gatygy haýdap iýýärdi. Bereket aga oňa gözi düşenden ýylgyryp, ädimlerini çaltlandyrdy. Bir gün Bereket aganyň öýüne bazardaky söwdagärleriň biri geldi. Ol sypaýyçylyk bilen Bereket aganyň aýalynyň öz dükanyndan alan zatlarynyň bahasyny tölemegi haýyş etdi hem-de oňa hasaplaşyk hatyny uzatdy. Hasaplaşyk haty dürli sanlardan doludy. Ýaşuly hata gözüni aýlap, haýran galdy. Ertire çenli möhlet sorady. Şondan soň ony gahar basmarlap başlady, şeýle ýagdaýda göni aýalynyň ýanyna baryp: — Söwdagäriň bahasyny tölemegini soraýan eşikleri barada näme aýdyp biljek? — diýip gaharly sorady. — Ol eşikleri özüm hem çagalarym üçin aldym. Bize zerur eşik gerek boldy — diýip, aýaly jogap berdi. — Ýöne sen meniň bu pullary tölemäge gurbumyň çatmajagyny bilýäň ahyryn. — Oýnuňy goýsana, sende eşikleriň bahasyny töläre-de, ondan başga ýene sowmaga-da pul ýeterlik bar. Häzir sen maňa biraz garaş. Aýaly ylgap gitdi we tiz wagtdan eline uly düwünçegi alyp geldi. Ol «Çagalaryň hem meniň geýjek eşiklerim, gör, nähili oňat. Seniň öňüňde şulary geýip otursak, kalbyň şatlykdan dolar» diýip düwünçegi dökmäge başlady. Bereket aga barmaklary bilen ýüpek matalary sypalap ugrady. Ol şol bada matalaryň örän ýokary hillidigini aňdy. Bereket aganyň barmaklary biygtyýar peti giden onuna degdi. Onuň dony könedi, ýamadan doludy. Ol hiç zat aňmadyk ýaly, hüňürdäp sorady: — Menden rugsat alman, nädip zat satyn alyp bilýärsiň? Sen meni kim hasaplaýarsyň? — Men senden öň bir gezek pul sorapdym. Şonda sen pul bermekden boýun towladyň... — Sen meni, şeýdip, boljak iş bolandan soň biler ýaly ýagdaýda goýýarsyňmy? Öz islegiňi meniň boýnuma zorluk bilen dakmak isleýärsiňmi? Men seniň satyn alan zatlaryň bahasyny asla tölemerin. Sen alan zatlaryňy tiz yzyna gaýtar! — Men hiç zady yzyna gaýtarmaryn! — Sen örän bihaýa ekeniň. — Maňa igäňi sürtme. Men seniň edýän işleriňe çydap bilemok. Sen bizi örän hor saklaýarsyň. — Lal bol! — Lal bolmaryn, aýtmaly zatlaryň baryny aýdaryn. — Edebiňi sakla, eý, hatyn! Bar, tizden-tiz geýimleri söwdagäre gaýtar! — Hiç zady yzyna tabşyrmaryn! Bereket aga düwünçegi göterip, gapa ýönelen aýalynyň yzyndan ylgady, ýetip düwünçege ýapyşdy, olar çekeleşip biraz durdylar, ahyry Bereket aga düwünçegi batly özüne çekip aldy. «Şular asla saňa nesip etmez, olary hiç haçan almarsyň!» diýdi. Ol ýere gaçan geýimleri düwünçege gaharly dykyşdyrmaga başlady. Aýaly jynssyz sesi bilen gygyryp ugrady, gykylygy daş-töwerege doldy, gohy eşidip, goňşularynyň bir topary öýe kürsäp girdi-de olary aralaşdyrdylar hem-de Bereket aganyň aýalyny öýden çykaryp alyp gitdiler. Bereket aganyň ýeke özi düwünçegiň ýanynda galdy. Ol gaharly hüňürdäp «Men Allanyň beren baýlygyny bisarpa tutarynmy? Biziň bu dünýäniň baýlygyna mätäç zadymyz ýok. Biz öz edýän sogap işlerimiziň öwezini ahyrýetde alarys» diýdi. Bu gezek namaz okamaga başlaman, öýüni terk edip, çäkmenini galgadyp, gyssagly nirädir bir ýerlere çykyp gitdi. Köçä çykanda, onuň kellesinde: «Men başga näme etmelidim?! Aýalymyň oýunlaryna aldanyp, oňa boýun bolmalymy? Onuň bar pikiri adamsyny sogap ýolundan sowmak. Men, belki, özüme, maşgalama bu pullary dözýän däldirin? Men özüm bilen dünýäniň nygmatlarynyň arasyna perde çeken bolaýmaýyn? Allatagala oňat zatlary haram etmedi ahbetin. Baýlyk Allanyň bendelerine eçilen bu dünýädäki bezegi ahbetin» diýen pikirler at salýardy. Bereket aga ädimini gowşatdy, ony tükeniksiz oýlar gurşap aldy. Ol tupanda çaýkanýan gämi ýaly, iki ýana yranyp barýardy. Öýe dolanyp, agşam düşenden düşege geçdi, ýorgany başyna çekenden hyýalynda aýalyny we çagalaryny öz düwünçege dykyşdyran owadan geýimlerinde gördi. Olar örän owadandylar, ýüz- gözleri şatlykdan gülüp durdy. Bereket aga ertesi öýden çykyp, göni bazara eňdi. Tiz wagtdan hiç kime görkezmän, goltugyna salyp bir uly düwünçegi alyp geldi. Sesini çykarman düwünçegi aýalynyň öňünde goýdy-da, soňra ony çözüp, içindäkileri çykaryp başlady. Düwünçekdäki zatlar aýalyna we çagalaryna niýetlenip alnan gymmat bahaly eşiklerdi. Bereket aga ol geýimleriň içinden birini alyp, ýassygynyň aşagyna dykdy. Birnäçe gün geçenden soň, Bereket aga lowurdap duran donly ýalpyldap ile çykdy. Aç dilegçi tanşy dileg edip ýanyna gelende bolsa, Bereket aga ony boş goýberdi. Şol gün günorta nahar wagty aýaly we çagalary bilen saçak başyna geçdi, saçakdaky dürli nygmatlar ýakymly ysyny töwerege ýaýradýardy, çagalar saçak başynda owadan eşikli ýalpyldap otyrdylar. Olaryň gözünde ýaşaýşa bolan höwes uçgunlary uçganaklaýardy. Şol günden başlap, Bereket aga öz maşgalasy bilen abdançylykda, bolçulykda ýaşap ugrady. Onuň öýüniň gapysy ähli dilegçiler üçin ýapyldy. Dilegçiler hakynda gürrüň edilende, Bereke aaga olary işsiz ýaltalar, halal zähmet çekmekden boýun towlap, pes, biabraý ýaşaýan, beýlekileriň zähmetine ýaşamaga endik edenler hökmünde käýinýärdi. Allanyň mätäçlere paýlamak üçin beren baýlygyny näme edeni hakda soranlarynda bolsa, Bereket aga ýerinden gobsunyp, gözlerini oýnakladyp: – Men jemgyýete peýdaly boljak uly bir meýilnamanyň üstünde işleýärin. Bu iş düýpli öwrenmegi, köp wagty talap edýär... Onsoň hem «Äwmek şeýtandan, sabyr rahmandan» diýipdirler, galanyny hem görüberýäris-dä — diýip, şelaýyn jogap berýärdi. Mahmud TEÝMUR. Arap dilinden terjime eden Orazgeldi ÖWEZSÄHEDOW. | |
|
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Самые страшные войска / рассказ - 28.07.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Söýgä goýlan wagt / hekaýa - 06.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |