12:18 Biz kim ekenik: «Bеrkarar döwlet istärin» | |
«BERKARAR DÖWLET ISTÄRIN»
(Magtymgulyny nätdik?) 1. Adamyň ykbaly, halkyň ykbaly, döwletiň ykbaly... Bular biri-birinden üzňe düşünjeler däl. Halkyň azatlygy, erkinligi elinden alnan pursady hiç bir adam men azat, erkin diýip bilmez. Diýse-de onuň mazamlajak erkinligi halkyna eden dönükligi üçin tölenen bahadyr. Adam garaşly, baknalyk ýagdaýda ýaşap biler, emma erkin pikirli şahsyýet derejesine göterlip bilmez. Eger göterläýen halatynda eýýäm ol garaşly däldir. Halk garaşly, baknalyk ýagdaýda ýaşap biler, şol ýagdaýdaka ol millet hökmünde öz ösüş ýolundan gidip bilmez. Döwlet hem garaşly, baknalyk ýagdaýda ýaşap biler, emma mili döwlet diýen düşünjä eýermekden ejiz geler. Baknalyk milli döwletiň tebigatyna ters gelýär. Ýençeme asyryň dowamynda türkmeniň milli döwleti bolmady diýýäris, şonda-da halk ýaşapdyr, milli döwlete ymtylyp ýaşapdyr. Belki, şol umyt onuň halk hökmünde ýok bolup gitmezligine tekge berendir? Magtymguly: «Berkarar döwlet istärin» diýýär. Milli döwlet milli garaşsyzlygyň esasy alamatydyr, esasy zerurlykdyr. ********* On sekizinji asyrda ýaşap geçen şahyr Şeýdaýy şeýle diýipdir: Ýandakdan pes, dagdan belent, Boldy türkmeniň ahwaly. Aýak astynda oba-kent, Öldi türkmeniň düýp ýoly. Kyrk şäherden hyraç aldy, Oguz ili äleme doldy, Çoh döwran geldi, sowuldy, Kany onuň däbi ýoly! Tozdurlan, weýran edilen ýurtda derdini ýüregine sygdyryp bilmän uwlap oturan adamy göz öňüne getiriň. Ol aç-açan uwlap bilýär, onuň uwlamaga hakynyň bolandygyna gözümiz gidýärdi. Wah, sesimiz halka ýeter ýaly derejede uwlamaga maý bersediler! diýip, arzuw edýärdik, hawa-hawa, töwerege duýdurmaga gorksak hem öz ýanymyzdan arzuw ederdik. On ýedinji ýylda türkmene miýesser bolan bagtyň ýalkymyny parlak güneşe deňäp, täze bir edebiýaty döredip ýörkäk, ýekeje günem bolsa, garaz, uwlasymyz gelýärdi-dä! Biz indi Türkmenistany garaşsyz döwlet diýip jar etdik. Garaşsyz döwletiň raýatlary-da garaşsyz bolmaly dälmidir?! Olaryň gülmäge-de, çapak urmaga-da, uwlamaga-da haky bolmaly. Jarnamanyň dabaraly pursatynda kalbymyza dolan joşguny beýan etmekden ötri, türkmeniň taryhy ýolundaky dagdan belent bolan ahwallaryny sanap-sanap geçdik. Aslymyzyň oguzlardandygyny, beýik Parfiýa döwletini, Seljuk imperiýasyny döredendigimiz bilen magtandyk. Islendik baýramyň soňy adaty günler bilen çalyşýar. Dabarada aýdylan käbir badyhowa pikiri delillendirmek üçin adaty günleriň ümsümligi zerur. Ümsümlik başlanýar hem welin, uwlasymyz gelýär. Garaşsyz döwletde uwlamak gadagan diýýärler. Ol nähili gadaganmyş, biz demokratiýa düzgünini jar eden täze döwletde ýaşaýarys, «gadagan» diýen söz demokratiýanyň tebigatyna ters gelýär-ä! Öňki ýaralarymyzyň agyrysy heläk edýär, çydamaýarys, biz uwlajak! Uwlaň bakaly... «Izwestiýa» gazeti, 30-njy aprel, 1992-nji ýyl. «Aşgabatda žurnalyň redaktory tussag edildi. 28-nji aprelde Aşgabadyň aýeroportynda Türkmenistanda ilkinji garaşsyz «Daýanç» žurnalynyň döredijisi hem redaktory Muhammetmyrat Salamatow hiç hili aýyp ýöňkelmezden milisiýa tarapyndan tussag edildi. Sebäbini düşündirmezden milisiýa işgärleri žurnalyň 2000 ekzemplýaryny ýygnadylar. Respublikadaky erkin pikirli žurnalistleriň aýtmaklaryna görä, žurnalyň gola salynmagynyň esasy sebäbi žurnalda respublikanyň ýolbaşçylarynyň, şol sanda prezident Saparmyrat Nyýazowyň hem-de KGB-niň sistemasynda işlän içeri işler ministri Serdar Çaryýarowyň adresine tankydyň bolmagydyr. ANI». Gördüňizmi, garaşsyz ýurtda uwlajak bolsaňyz nädilýän ekeni! Şeýdaýy döwletsiz ýurtda ýaşapdyr, siz ondan görelde aljak bolmaň, biz bu gün garaşsyz döwletiň raýatlary, siz borjuňyza düşüniň. Ýurt tozgun bolanda uwlanýandyr. Biz öň hem pajarlap ösüp geldik, indi has-da beter pajarlaýarys. Gülüň, şatlanyň, buýsanyň, guwanyň, magtanyň!.. Bu sözler zanny kommunist, ýüze çeken perdesi «demokrat» baş senzor Kakabaý Ataýewiň aýtjak sözleri. ********* Magtanmak guwanmak däldir. Öz halkyňa, milletiňe guwanmak gapdalyňdaky milleti kemsitmegi aňlatmaly däldir. Biz dünýä belli halylarymyzy, atlarymyzy, şaý-seplerimizi wasp edýäris. Asyrlaryň dowamynda halkyň zehini bilen taplanan nusgalara guwanmazlyk mümkin däl. Emma medeniýet derejesi, düşünjesi ýabygorly adamlar magtanyp oturyşlaryna halkyň milli guwanjyny onuň beýleki halklardan artykmaçlygyny subut edýän alamat hökmünde görkezmäge ýüz urýarlar. Puşkini Magtymguly bilen deňeşdirip, Magtymguly ondan ýüz esse zor şahyr diýip oturanlara-da gabat gelmek bolýar. Şunuň ýaly örän çäkli, birtaraply pikirlerden milletçilik döreýär. Hakykatda, Puşkine düşünýän adamlar hiç mahal beýle samsyk gürlemezler. Hakyky manysynda Magtymgula düşünýän hem beýle pikirden daşda durar. Rus halky üçin Puşkiniň belentligi türkmene Magtymgulynyň belentligi ýalydyr. Beýleki bir halkyň edebiýatyna, sungatyna baha bermek isleýän bolsak, bir akyldaryň aýdyşy ýaly, öňürti özümizi şol halkyň raýatynyň ornunda goýmaga çalyşmalydyrys. Her halkyň öz milli guwanjy bar. Olara şol guwanjy döreden halkyň gözi bilen garap baha bermeli. Olaryň jeminden adamzadyň ruhy baýlygy emele gelýär. Magtymgulynyň, Puşkiniň belentligi – olar tutuş adamzadyň guwanjyna öwrüldiler. Ine, olaryň ölçeg derejesi, mertebesi, birligi! Biz ýetmiş ýyllap kommunistik imperiýanyň mahabatlandyrylan obrazyny adamzat gymmatlyklaryndan belentde tutup ýaşadyk, şol endik entekler biziň dünýä garaýyşymyza, psihologiýamyza ýaramaz täsirini ýetirse gerek. Akylly-paýhasly jedel etmäge, pikirleriň dürlüligini tebigi ýagdaý hökmünde kabul etmäge ymtylyş, zerurlyk demokratiýanyň ornamagy bilen kem-kemden gazanylar. Häzir welin, milli duýguny gyjyklamakdan ötri, aýdýan sözüňe hasabat bermezden il gözüne watançy bolup görünmek, öz halkyňy beýleki halklardan artykmaçdyr öýtmek ýaly ötegeçmelere ýüz urulýar. Dürli pikirleri deňeşdirip, öz garaýyşyňa kybapdaşyny saýlap almaga, beýlekilere-de sarpa goýmaga, birinjiden-ä, gözetimiň giňligi gerek, ikinjiden hem, jemgyýet şonuň zerurlygyny adamlaryň duýmagy üçin şertler döretmeli. Şonuň üçin-de, häzir pikirleniş geriminiň juda çäkli mahaly adamlara pikir aýtmazdan öňinçä, olaryň kabul ediş mümkinçilikleri barada-da oýlanylsa kem bolmazdy. Pikir aýdaňda seni diňleýänleriň ara tapawudyna üns bermelimikä diýjek bolýan. Arada täze bir çeper filmiň gürrüňi gidip durka, filosofiýanyň esasy sütünleri: haýyr bilen şeriň obraz arkaly teswir edilişiniň tärleri hakynda söz açyldy-da, mysal hökmünde «Şükür bagşy» filmi agzaldy. Men: bu filmiň awtorlary haýyr bilen şeriň dawasyny bir adamyň ykbal çözgüdine baglap görkezmegi başarypdyrlar diýdim. Özüni juda türkmen görkezjek bolýan bir kişi öz ynanjyny öňe sürdi. Onuň pikiriçe, «Şükür bagşa» türkmen filmi hökmünde baha bermek nädogry, ol türkmen filosofiýasy esasynda döredilmändir. Bu pikir meni howatyrlandyrdy. Eýse, umumy adamzat filosofiýasyny, onda-da haýyr bilen şeriň dawasyny milletleriň, halklaryň, regionlaryň çägine görä bölüşdirip bolarmy?! Filmde: «Dünýäde näçe adam ýaşaýan bolsa, şonça-da filosofiýa bar» diýilýär, ýöne bu pikir haýyr bilen şer baradaky umumy adamzat garaýyşynyň birligine garşy goýulmaýar. Film şol birligi milli häsiýetli obarzlaryň üsti bilen tomaşaça ýetirýär. Ol türkmene-de, beýleki halklara-da düşnükli, ýogsa filmiň beýan ediş dili esasan türkmeniň dutarda çalynýan milli sazynyň akymynda gidýär. Oňa düşünmek beýleki halklaryň wekillerine kyn ýaly görünse-de, anyk adam ykbalynyň töwereginde dowam edýän haýyr bilen şeriň dawasyna şol sazyň iňňän utgaşdyrylmagy kynçylygy aradan aýyrýar. Filosofiýanyň kategoriýalary bilen bagly ylmy jedele büs-bütin ukypsyz tomaşaçy hem Şükür bagşynyň eýranly sazanda Gulamy ýeňip, hanyň şertine görä, ýesirlikde oturan doganyny boşadan pursady haýyr işiň ýeňendigine düşünýär. Sazandalaryň ýaryşyny iki halkyň çaknyşygyna sebäp hökmünde ulanmagy maksat edinen hanyň bet pygylynyň başa barmandygy, tomaşaçyny: «türkmenler, sazandaňyz ýeňdi, buýsanyň!» diýen ýaly dar gerimdäki pikiriň, buýsanjyň gurbany edip goýanok-da, ony umumy ynsan ykbaly bilen bagly giň garaýyşa iterýär. Ýeri, ýokarda agzan opponentimiziň ýörelgesine görä, biz şol sada tomaşaça näme diýmeli? «Gardaş, seniň bu düşünjek bolşuň ýewropaça bolýar, sen türkmen, türkmen boljak bolsaň, başgaça düşün!» diýmelimi? Gülkä öwrüläýmeris-dä?! Ýetmiş ýyllap sowet imperiýasynyň artykmaçlygyny ündän ideologiýa bolan tabynlygymyz indi milli artykmaçlyk hakyndaky dar düşünjä tabynlyk bilen ornuny çalyşaýarmyka? 2 Halkyň taryha bolan teşneligini gandyrmakçy bolýan adamlar hakykata gezek gelende taryhyň özi ýaly üýtgewsiz bolmalydyrlar. Milli bähbide görä gelejegi üýtgedip gurnap bolar, emma taryhy ol bähbide tabyn edip bolmaz. Bähbitdir öýdüp şu gün taryhy ýoýup görkezsek, biziň bu gabahat işimiz ertirki neslimiziň gerdenine agyr ýük bolup düşer. Soňky ýetmiş ýylyň dowamynda bu gabahatlyga düşünerçe bolduk. Taryh ylmy sabyrlylygy talap edýär, ol fakt bilen iş salyşýar, çaklama, toslama, ýarym hakykat ýolberilmesiz zatdyr. Her bir halk, şol sanda türkmen halky-da, ykbalynyň dagdan belent bolan pursatlaryna guwanmaga hakly, ýöne şol guwanjy bu gün haýsydyr bir artykmaçlyga hukuk berýän fakt hökmünde görkezjek bolmaga synanyşygyň özi, halk paýhasyna gelişjek häsiýet däldir. Parfiýa ýa-da seljuk imperiýalaryna biziň gadymy kowumlarymyzyň nähilidir bir dahylynyň bolandygyny inkär etmekçi däl. Meni biynjalyk edýän mesele başga. Taryhdan bihabar adamlar kimdir birinden eşiden sözlerini üýtgewsiz hakykat hökmünde kabul edip, beýik döwletleri bina edipdir diýilýän türkmeniň şu günki pes ýagdaýy üçin günäkär gözemek pozisiýasyna geçmekçi bolýarlar. Taryh bilen dahylly pikir öňe sürüljek bolnanda, şol pikiri delillendirýän taryhy faktlar ylmy derejedäki derňewden geçen bolmaly. Gynansak hem, biziň taryh ylmymyz şu günki türkmen adyny göterýän halkyň şol imperiýalara nähili derejede dahylly bolandygyny öňli-soňly derňäp, kanagatlanarly ylmy jemlemeler etmäge ýetişenok. Obektiw sebäplere görä, halkyň türkmen taryhyndan sowatlylygy çydamsyz pes ýagdaýda galdy. Öňe sürülýän faktlary deňeşdirip seljermäge ukyp az. Şu ýagdaýda il arasynda aýdylyp gelinýän rowaýatlary taryhy fakt hökmünde ulanjak bolmak hatarlydyr. Umuman, imperiýalara dahylly bolmak höwesi bilen aşa gyzyklanmaly dälmikä diýýärin. Adam rowaç gününde oýlanmaga werin bolmaýar, kyn gününde paýhasy durlanýar, kyn günüň sapagy has äşgärdir. Belki, döwlet garaşsyzlygynyň binýady tutulýan günlerde gadymy imperiýalaryň belentligine badyhowa garaman, pesdäki zatlary seljermekden başlamalydyr? Näme üçin şahyr Şeýdaýy ahwalymyzyň ýandakdan pes bolandygyny aýdypdyr? Eger şunuň sebäbini akylly-başly seljerip bilsek, bu bize milli döwleti döretmekde, ösdürmekde neneňsi çäreleriň derwaýysdygyny aýdyňlaşdyrmaga kömek ederdi. ********* Biziň Göroglymyz halkyň zehininden dörän gahryman. Ony taryhy şahslar bilen baglajak bolup edebiýaty öwreniş ylmynda synanyşyklar edilýär. Men meşhur eposymyzyň gahrymanyny göz öňünde tutýaryn. Ol gyzylbaşlaryň, Hüňkaryň garşysyna söweşen adam hökmünde görkezilýär. Gyzylbaşlaryň oňurgasyny düzenler Rumystandan gaýdan türkmen taýpalary. Olar türk soltanlaryna hüňkar diýýän ekeniler. Osmanly türkleriň hem bir ýany türkmenler. Hüňkarlar gyzylbaşlaryňam, Göroglyňam ganym duşmany. Gyzylbaş Görogla-da duşman. Garaz, üç türkmeniň biri-birine duşman däli ýok-da! Gyzylbaşlaryň taryhy bilen sähelçe tanyş adam «Görogly» eposynyň esasan on altynjy – on ýedinji asyrlaryň wakalarynyň esasynda döredilendigine güwä geçse gerek. Ony şu baglanyşykda öwrenilse, türkmen taryhyna degişli gyzykly sahypalar ýazsa bolardy. Türkmen häsiýeti Göroglyda jemlenen. Eposda Görogly tekeli türkmenleriň begi diýip görkezilýär. Ol döwlet baştutany däl. Ol batyr, ugurtapyjy, şahandaz, emma döwlet möçberinde pikir edýän adama meňzemeýär. Şu günlügiňi tapsaň, ertirligiňi gaýgy etme, iý, iç, meýlis gur, wagtyňy hoş geçir, erkin ýaşa. Ine, onuň ýörelgesi! Bu ýörelge döwlet syýasatyna bap gelmeýär. Çarwadarlyk bilen meşgul bolup, göçüp-gonup ýören türkmen taýpalarynyň durmuş akabasy seljuklar zamanynda-da döwlet gurnawynyň berk kanunlaryna arka bermedik bolarly. Seljuk soltany Mäligiň häkimlik möwrütiniň ahyrlarynda türkmenler döwleti dolandyryş edaralaryndan aglaba çetleşdirilýär. Munuň sebäbini seljuk imperiýasyny ökdelik bilen edara eden beýik wezir Nyzam al-Mülküň «Syýasatnama» atly kitabyny okanyňda-da aňsa bolýar. Milleti pars bolan bu wezir döwleti berkarar etmegiň başky pursatlarynda türkmenleriň hyzmatynyň bolandygyny nygtamak bilen, soňra şeýle ýazýar: «Olaryň ogullaryndan müň adamy atma-at saýlap, köşk hyzmatçysy hökmünde ulanmaly. Ýeterlik möhletden soň ok-ýaragyň tilsimlerini, gullugyň tärlerini öwrenerler, adamlara goşulşyp giderler, raýata öwrülerler, gulamlar ýaly hyzmat ederler, olaryň tebigatyndaky wagşyýana häsiýetler kem-kemden ýiter gider». ********* Dört ýarym asyrdan soňky taryha geçeliň. On altynjy asyryň ortasynda sefewileriň, ýagny gyzylbaşlaryň döwletiniň garşysyna sekiz ýyllap irginsiz göreş alyp baran Aba serdar taryhy şahs. Duşman tarapyň taryhçylary-da onuň batyrlygyny boýun almaga mejbur bolupdyrlar. Aba serdar ahyry Astrabady dyza çökerenden soň aýalynyň gurnamagynda haýynlyk bilen öldürilýär. Pikir edip otursaň, bu ölümde hiç hili tötänlik ýok. Sährada önüp-ösen, öz taýpasynyň däbine ygrarly, gözüm ýok batyr, namysjaň ýigit asyrlaryň dowamynda döwletiň düzgünini süňňüne siňdiren Astrabat şäherine syganok. Olar başga-başga toprakdan ýasalan. Döwlete ram eden şäherliler sähraýy türkmene düşünip biljek däller, olaryň häsiýeti biri-birine çapraz. Eýse, Aba serdar türkmeniň döwletini bina etmegiň aladasyny etmedimikä? Taryhy materiallarda bu sowala jogap ýok. Elbetde, ol döwlet gurmak hakynda arzuw edendir. Döwlet diýen zadyň alamatyny, güýjüni sefewileriň, ürgenç özbekleriniň edara edýän döwletleriniň mysalynda görüp ýören, iş salşyp ýören adam. Döwleti kim bilen döretmeli? Gyzylbaş taýpalary iştimagy boýunça türkmen hem bolsalar, olaryň dini mezhebi başga, olar şaýylar. Sünni mezhebine eýerýän gökleň, ýomut bilen bir döwlete gulluk etmäge, onda-da sünnülerden häkim tutunmaga olar kes-kelläm garşy. Onsoňam, gyzylbaşlaryň güýçli döwleti bar, olar sünni döwletiniň döremezligi üçin golda baryny etjekler. Aba serdar sekiz ýylyň dowamynda Ürgenjiň häkimi Aly soltandan hemaýat, harby kömek alyp geldi. Bu göreşde özbek soltanynyň öz bähbidi bar, gara gaýgysy türkmenleriň erkinligi däl, türkmen döwletiniň bolmagyny-da asla islänok, bolaýan halatynda-da oňa garşy göreşmäge, hatda gyzylbaş bilen dil birikdirmäge-de taýyn. Oňa türkmeniň baknalygy lazym, olary gyzylbaşlaryň garşysyna küşgürip bilse, başga armany ýok. Iki arada galan Aba serdaryň ahwalatyny göz öňüne getirip görüň! «Iki at depişer, arasynda eşek öler». Türkmeniň okly taýpasyndan çykan Aba serdara türkmen taýpalaryndan hem haraý ýok. Olaryň agzy birigenok. Biri beýlekisiniň sözüni artykmaç görýär. Her kim özüne han, özüne soltan. Olaryň arasyndaky syýasy-ykdysady gatnaşyklaryň juda gowşaklygy ysnyşmaga bolan umytlary puja çykarýardy. Şu ýagdaýda Görogly bege häsiýetli bolan etmişe, ynanja eýermekden başga alaç galanok. Her kim ýekelikde başyny aman saklajak bolup urnup ýör, ýeke günki dynçlygy, ýeke günki toý-şagalaňy ykbalyň peşgeşi hökmünde kabul edip, ertirki günden oňňulyga garaşman soň, onuň pikirini etmäge-de çekinipdir. Bu ýagdaý soňy asyrlara-da häsiýetli. Taýpalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň gowşaklygy döwletiň zerurlygy hakyndaky pikiriň bişişmegine päsgel beren bolsa, goňşy döwletler şol päsgelçiligiň dowam etmeginiň hatyrasyna islendik çärä baş urupdyrlar. Aslyny yzarlap otursaň Nedir şa-da türkmen, awşarardan. Awşar ýyldyz hanyň ogly, Oguz hanyň agtygy. Awşarlar gyzylbaşlaryň döwletiniň bolmagynda sefewileriň ilkinji şasy Üsmaýyl Hataýa goldaw beren, soňra sülsüläniň häkimliginiň berkemegine gala bolup hyzmat eden köpsanly türkmen taýpalarynyň biri. Emma Nediriň türkmenliginden teke-ýomudyň, gökleňiň agyr ýüki ýeňlemändi, gaýta agralypdy. Bu türkmen taýpalarynyň erkinlige bolan meýlini Nedir akmaklyp saýypdyr. Ol ýaragyň işlemedik ýerinde hilä ýüz urýar, taýpalary biri-birine küşgürýär. Türkmen taýpalarynyň agzalalygynyň esasy sebäpleriniň biri hökmünde goňşy döwletleriň alyp baran syýasatlaryny göz öňünde tutmaly. Olar bu syýasaty üstünlik bilen başarypdyrlar, sebäbi syýasat döwlet möçberinde alnyp barylýardy. Islendik syýasaty bir ugura gönükdirip, ony ägirt güýje öwürmek üçin döwlet gerek. On dokuzynjy asyryň ortalarynda şu zerurlyga düşünmek meýli güýçlenýär. Garrygalada, maryda Eýranyň leşgerinden, Saragtda Hywa hanyndan üstün çykylmagy ynamy artdyrypdy. Gynançly ýeri, bu ynam teke iliniň çäginden daşary ýaýrap gidibermedi, sebäbi, öňki aýdyşymyz ýaly, taýpalaryň arasyndaky syýasy hem ykdysady gatnaşyklar pesliginde galýardy. Ärsarylar Buhara emiriniň, demirgazyk türkmenler Hywa hanynyň, Türkmensähra Eýranyň gol astyndady. Günbatar ýomutlaryň arasyna ruslar aralaşypdy. Ortada ýalňyz galan tekeleri boýun egdirmek Russiýa ýaly kuwwatly imperiýa kyn däldi. Gaýduwsyz garşylyga garamazdan Gökdepe galasy syndy. Ahal tekeleriniň başyndan inen heläkçilik ähli türkmeniň heläkçiligi hökmünde kabul edilmedi, şol mahalky ýagdaýy seljerip otursaň, bu ýerde geň görer ýaly zat ýokdy. Türkmenler Rossiýanyň gol astyna geçdi, özbaşdak döwlet hakyndaky umydyň soňuna sogan dograldy. ********* Döwleti bolmadyk halkyň gününe it aglasyn! Döwleti bolmadyk halkyň ahwaly hemişe ýandakdan pesdir. Berkarar döwletli halkyň milli psihologiýasy kem-kemden döwletiň wezipesine, ykdysady derejesine laýyk üýtgeşmä sezewar bolýar. Meselem, ýaponlaryň häzirki psihologiýasynyň, täzeçe aýtsak, mentalitetiniň kemala gelmeginde milli döwletiň asyrlar dowamynda alyp baran syýasaty bilen berk baglanyşyk bar. Günbataryň demokratik döwletleriniň gurulyşy raýatlaryň dünýä garaýyşlaryny, durmuş ýörelgesini şol ugura gönükdirýär. Olar häkimiýet organlaryna, döwlet ýolbaşçylaryna demokratik kanunlara näderejede wepalydyklaryna garap baha berýärler. Döwleti zorluga, ýarag güýjüne daýanyp edara edýän totalitar režimler kanuny äsgermeýärler, olaryň esasy tutarygy gorky. Häkimleriň öňündäki gorky soňra adamlaryň ganyna ornap gidýär. Baknalyk endige öwrülýär. Türkmenleriň arasynda «han gören halk» diýen söz bar. Ony döwletiň zorlugyny görüp ýaşan halkda galan endiklere garap aýdýarys. Özüňden sähel ýokary wezipede oturan adamyň aýdan sözüni buýtar-suýtarsyz berjaý etmek, sabyrlylyk, ätiýaçlyk hem ş. m. Şu endikleriň özümizde häsiýete öwürlp gitmändigine buýsanman hem duramzok. Emma döwlet häkimligine imrigen adamlar utýarlarmy, ýa-da öz tiresiniň, hojalygynyň erkinligini gaýry bähbitlerden ýokary goýýanlar utýarlarmy, bu ýerde oýlanmaga esas bar. Meniň pikirimçe, totalitar düzgüne duçar bolunaýan ýagdaýynda-da, döwletli bolmak döwletsizlikden bir ädim öňe gitmek. Döwlet milletiň gaýymlygyny berjaý edýär, onuň güýjüni, başarnygyny islese bir ugura gönükdirip bilýär. Esasan hem adamlara döwlet derejesinde pikir öwürmäge endik berýär. Türkmenler asyrlaryň dowamynda döwlet derejesinde pikir öwürmekden mahrum boldular. 3 Dagynyk halkdan Magtymguly kimin beýik şahyryň döränine geň galaýmaly, ýöne ony esaslandyrmaga delil bar. Kakasy Döwletmämmet Azadyny göz öňüne getiriň. Döwletmämmetsiz şol öýden Magtymguly ýaly şahyr çykmazdy. Öňde-soňda Magtymguly ýaly döwlet ölçegine laýyk giň hem çuň pikir öwrüp bilen milli şahyr türkmende bolmandy. Munuň açary Azadyda. Azady döwletiň nusgasy hakynda traktat ýazan alym adam. Gündogardaky döwletleriň içki gurulyşyny, syýasatyny, kanunlaryny çuňňur öwrenmezden, traktat ýazmaga girişmejegi belli. Ol adalata gol ýapýan döwlet isläpdir. Azady adyl häkimligi gös-göni Allanyň merhemedi bilen baglaýar. Onuň taglymatyna görä, hakyň nury adalatdyr. Din üçin janyny tükeniksiz jepalara goýan Muhammet Mustapa hakyň nurundan şöhle alandyr, adyldyr. Ol barça musulmana adyllyk buýrandyr. Jahanda häkim bolanlar adyl bolsa, olar ýer ýüzüne bezeg berer. Adyl patyşa taňrynyň saýasydyr, onuň ýurdundan mazlumlar myrat tapar. Onuň mähri-de hak tagallanyň mähridir, gahary-da hak tagallanyň gazabydyr. Adalatly patyşa din öýüniň sakçysydyr. Ol halkynyň emrini tutar. Adalatly patyşanyň emrini bejaý kylmak onuň raýatlaryna buýrulandyr. Azadynyň bu pikirleri dana Nowaýydan gözbaş alyp gaýdýar. Nowaýynyň pähimi: «Eý, patyşa, sen häkimlik möhletiniň juda gysgadygyny unutma! Pygamberiň sargydyny unutma. Ol saňa adamlary bagtyýar etmegi buýrandyr. Seniň bagyň-da, bossanyň-da seniň halkyňdyr, sen onuň ökde bagbany bol. Seniň süriň seniň halkyňdyr, sen onuň ygtybarly çopany bol. Çopan bimahal ymyzgansa, sürä gurt darar, sürä gan çaýkalar. Bagy-bossan taşlansa, agaçlar gurar. Eger zora ýanap, gedaýdan iňňe alsaň, şonuň pyçak bolup bagryňa sünjüljegini unutma! Gedaýdan bir sapak alsaň, şojagaz sapagyň dar agajynyň bagyna öwrülip, boýnuňdan iljegni unutma. Al şerapdan serhoş bolup, uzak gijäni bigäneler bilen şady-horramlykda geçirýän, haram keýp üçin naçarlaryň namysyny basgylaýan, il-gününi talap, köşgi-eýwanyny lagly-merjenden bezän häkim pygamberiň sargydyny unudandyr, dinini, ynsabyny, imanyny ýuwdandyr. Ol hudaýyň ygtyýary birle häkim bolsa-da, halkyň ondan göreni horluk, zorluk, talaňçylyk boldy. Eý, häkim, hakyň ýoluna dolan, ahyretiňi ýatla, galan ömrüň ökünçde geçmesin!» Döwletmämmet Azady bet işe baş goşan häkimiň adalatsyzlygynyň garşysyna hakyň gudratyny goýmak bilen, ony mysallar arkaly berçinleýär. Bähram şa baglara salgyt salmagy ýüregine düwende narlaryň suwy, Kubat şa sygyr üçin salgyt salmakçy bolanda sygyrlaryň süýdi çekilipdir. Adalatly häkim ýurdy edara eden mahaly raýatlaryň kalbynda haýyr-sahabata meýil artýar. Allanyň bendesi haýyr işiň keramatyna düşünip, ony minnetsiz berjaý eden halatynda rowaçlyga ak ýol açylar. Öňi bilen adamyň ýüreginde rehim-şepagat bolsun. Omar Haýýam: «Bir göwne taý gelmez ýüz palçyk Käbe» diýen bolsa, Azady: Käbe weýran etmekden müň mertebe, Bir köňül tapmak ýagşydyr, eý dede – diýýär. Magtymguly ynsanperwerligiň bu nusgasyny alyp göterýär: Gutular sen hak ýolunda jan berseň, Hülle bolar bir garyba don berseň, Saýa bolar bir mätäje nan berseň, Bir ajy doýurmak hajdyr, ýaranlar! Adalatly döwlet, onuň häkimi hemişe adamzadyň toplan gumanistik garaýyşlaryna, taglymatlaryna daýanmaly. Azady zehinli ogly Magtymgulyny şu islege görä terbiýeleýär, urukdyrýar. Onsuz adamzada muwapyk paýhas belentliginden haýyr bilen şeri parhlandyrmak başartmazdy. Şeýlelikde, milli döwletli bolmadyk halk döwlet derejesine laýyk pikir öwrüp bilýän milli şahyra ee bolýar. ********* Biz mahal-mahal zeýrenip otyrkak: entek Magtymgulynyň eserleriniň manysyna-da ýetip bilemzok diýýäris. Dogry. Biz entek döwlet çygrynda pikir öwürmäge ukypsyz, adamzadyň taryh boýy toplan pikir baýlygyny özleşdirmäge ýetişemzok, onsoň neneň edip Magtymgula düşünersiň! Iň bärkije mysal. Magtymguly sufizmiň ýörelgesine gol ýapan şahyr. Ol haka aşyk bolup, onuň obrazyny real dünýäden gözleýär. Hakyň gözlegi şahyr üçin hakykatyň gözlegi. Ol hakyň, şol bir mahalda-da hakykatyň ýesiri. Biz bolsa, onuň haka aşyk bolup ýazan şygyrlaryny henize çenli söýgi lirikasy diýip okadyp gelýäris. Şeýdilmegi kommunistik ideologiýanyň ezber ýaragy bolan söweşjeň ateizmiň hilesimi ýa-da ejizligimi? Ikisi-de bar. Ol hilä gidip bilmedik ýerinde özüniň belli usulyna ýüz urýar, gadagançylyk girizýär. Şahyryň «kyýamat» ady bilen belli eserleriniň täleýi ýaman boldy, olary çap etmeg-ä beýlede dursun, sazyň gapdaly bilen aýdan bagşylaryň dilini sogurmaga taýýardyk. Magtymgulynyň «kyýamaty» türkmenler üçin Gurhan boldy diýsem öte geçerin öýdemok. Üns berip okasaňyz, ol goşgular terkidünýälige, umytsyzlyga iterýän däldir, durmuşyň, ýaşaýyşyň manysy hakynda oýlanmaga, ömür ýoluňa ser salmaga mejbur edýändir. Üşügi, sähel ynsaby bolan adam olardaky manyny diňläp, arassalanan ýaly bolýar. Şahyryň çyn ynsanlyga mahsus ýürek açmasy, boýun almasy (ispowed) her bir diňleýjiniň şahsy ýürek açmasyna, boýun almasyna öwrülýär. Gurhanyň sahypasyndan çykan ýagşyzadalar beýik ussadyň dilinde çeper obraza öwrülip, täsin milli öwüşgine, häsiýete ee bolýarlar. Türkmen olary özüne juda ýakyn, ganybir tutunýar. Magtymguly hudaýyň bendesini haýyr bilen şeriň, jennet bilen dowzahyň aralygynda goýýar, oňa durmuşyň ýowuzlygy ýaly gönümellik bilen ynsan ömrüniň manysyny düşündirýär. Mahal-mahal hakykaty gudratyň derejesine ýetirip aýdýan akyldaryň özi ynsana bir degişlimäkä diýen pikir kelläňe gelýär. Ol hakykatdan hem ynsan durmuşyna mahsus şerden, günäden ýokary saýlanýar, oňa hudaý diýesiň gelýär! ********* Edep, namys, ynsap hakynda gürrüň gidende biz pikirimizi berçinlemek üçin Magtymgulynyň setirlerine ýüzlenýäris. Seniň pikiriňe garşylyk görkezip oturan adam Magtymgulynyň sözlerini eşidende kürtdürýär duruberýär. Şahyr halkynyň, pikir, namys ölçegine öwrüldi. Il-günüň ejir çeken ýerinde mollasyna-da, baýyna-da, han-begine-de çekinmän diýjegini diýipdir. Onuň pikir öwrüminde halkyň ýaýrawyna, paýhasyna kybapdaş gelýän giňlik, umumylyk bar. Bu häsiýet oňa şahsyň çygryndan çykmaga, bir şahsyň derejesinden belende göterilmäge ýardam edipdir. Üns berip otursaň, şahyryň hut öz durmuşyna degişli şahsy dramasy-da tutuş il-günüň başyna düşen ahwalat görnüşde kalbyňa ornaýandyr. Magtymgulyny anyk adam hökmünde göz öňüne getirmek juda çetin. Öň bellenimiş ýaly, halkyň düşünjesinde-de ol pygambere, hudaýa mahsus belentlige ee bolupdyr. Şahsyýete häsiýetli ýalňyş pikiri, säwligi onuň döredijiliginde duýup bolanok. Beýle diýleni bilen, onuň eserlerinde pikir gapma-garşylygy, hakykatyň ýolundaky şübheler, gözlegler bolmandyr diýip düşünmek düýbünden nädogry bolar. Onuň gözlegleri ýaşaýyşyň gündelik aladalarynyň mysalynda bolman, esasan hakyň ýoly bilen ynsan durmuşynyň arasynda döreýän çaprazlyklara gönügdirlendir. Ol şol çaprazlygyň tebigatyna düşünmäge çalyşýar. Magtymgula düşünmegiň açary, ine, şu ýerde! Onuň şahsy dramasyna-da şu meseleden üzňelikde seretmek bolmaz. Biz üzňelikde seretjek bolduk. Şonuň üçin hem edebiýatda, sungatda onuň çeper obrazyny döretmäge edilen synanyşyklar şowsuz gutardy, şeýle-de bolaýmalydy, sebäbi, biz gündelik durmuşyň maýda garşylyklaryna gümra bolup ýören adamlardyk. Şahsy dramamyzyň sarsgyny ýetäýse oba sowetiniň gapysyna ýetýärdi, aňry geçmäge gurawaty ýokdy. Bujagaz dar ölçeg Magtymgulynyň älemiň giňligini owşaýan pikir öwrümine düşünmäge, ony görkezmäge asla mümkinçilik berenokdy. Mahabatlandyrlan jemgyýetimiziň dert-azara galyp bize beren synpy terbiýesi bizi daraldylan dünýä dykany üçin öz oturan gözenegimizden seredenimizde häzirki döwür-ä beýlede dursun, geçmişiň hem diňe bir tarapyny görüp bilýärdik, ony-da özümize ýarajak derejede görmäge çalyşýardyk. Beýle dire-daralyga Magtymguly syganokdy, biz welin, ony öz derejämize çenli kiçeldip sygdyrjak bolýardyk, onuň bizden «pes bolandygyny» ýaş nesle düşündirjek bolup arrygymyzy gynaýardyk. Ýaşan döwürlerinde bize meňzemändirler diýip, klassik şahyrlarymyza, ozaly bilen-de Magtymgula igenýärdik. Syýasy düşünjeleriniň dar bolandygy zerarly durmuşa partiýalaýyn nukdaýnazardan çemeleşmändirler, kommunizmiň dabaralanjagyny bilmändirler, bu olaryň düşünje taýdan çäkli bolandyklarynyň alamaty. Beýiklige dalaş edýän adam Lenin ýaly öňdengörüji bolmaly ahyry! Ýeri, feodalizde ýaşap geçenleriň düşünje taýdan dar bolandyklaryna neneň nebsiň-janyň agyrmasyn! Olar bu günki galamdaşlarynyň syýasy taýdan ötgür akylyny göräýen bolsadylar, walla, Magtymgulynyň hem gözi giderdi! Ine, biziň samramalarymyzyň gysgaça beýany. Magtymguly synpy şahyr däl, Magtymguly milli şahyr, halkyň hakyky şahyry. Biz ony synpy galypa saljak bolduk. Synpylyk halkyň bir bölegini beýleki bölegine duşman edip, milleti bölýär. Biz ýigriminji asyrda halkymyzy bölenimiz bilen oňman, onuň ruhy mirasyny-da böldük. Synpy garaýyşyň milli medeniýeti döretmeşi ýaly, milli döwleti döretmäge-de ukypsyzdyr. 1924-nji ýylda Moskwanyň emri bilen döredilen Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasy milli döwlet däldi, synpy döwletdi. Hökümetiň ilkinji başlygy Gaýgysyz Atabaýew öz halkynyň hem öz döwrüniň ogly hökmünde birgiden peýdaly işleri amala aşyrmaga ýetişýär. Türkmen milletiniň ösmegini, beýleki halklaryň arasynda mynasyp orun almagyny isläpdir, hatda synpy syýasatyň zorlugy esasynda basmaçylyk hereketini bahanalap, düşünjeli gatlagyň kastyna çykylýandygyna, bigünäleriň gyrgyna berilýändigine, şeýle çylşyrymly döwürde düşünjek bolupdyr, milleti bölýän syýasatyň gödekliklerine ünsi çekipdir. Gynançly ýeri, onuň özi-de synpy ýörelgä jany-teni bilen gulluk eden adam. Ahyr soňda-da gulluk eden ýolunyň pidasy bolýar. Synpy syýasat şübhäni götermeýär, oňa harby düzgüniň ýörelgesi gerek. Magtymguly ruhy ölçeg, matala çalymdaş täsinlik, akyl hazynasynyň açary. Eger milli döwleti Azadynyň islegine görä, adyllyk ýörelgesine eýerip gurup bilsek, ony dolandyrmakdan ötri, dünýäniň ösen ýurtlaryna mahsus demokratiýa, ynsanperwer kanunlara daýansak, halallygy jemgyýetiň zerurlygyna öwrüp bilsek, şonda Magtymgulynyň sözleri kalbymyza ornar, onuň açaryny taparys. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |