15:44 Bertels Faraby hakynda | |
BERTELS FARABY HAKYNDA
Edebi makalalar
Ý.E.Bertels “Horasanda edebiýatlaryň ösüşi” atly işinde Orta Aziýa we Eýran halklarynyň şol döwürdäki edebiýatlarynyň we ylmynyň ösüşine çuňňurlyk bilen baha beripdir. Awisenna, Faraby al-Buhari ýaly alymlaryň işleri, olaryň ömür ýoluna degişli gymmatly maglymatlary ylmy dolanyşyga girizipdir. Farabynyň doly adynyň Abu Hasr Muhammet ibn Muhammet ibn Uzlag ibn Tarhan al-Farabydygyny, kakasynyň yslamy kabul edendigini, atasynyň hem musulman bolandygyny belläp geçýär. Alym bu çaklamasyny arap geograflarynyň öz işlerinde getiren maglumatlaryna esaslanyp, şeýle netije çykarýar. Çünki ol alymlaryň birnäçesi 839-840-njy ýyllarda Farabynyň doglan ýerleri bolan Wasij şäherinde entäk yslam dininiň ýola goýulmandygyny belläp geçipdirler. Harby türk maşgalasynda dünýä inen Farabynyň biograflary onuň bütin ömrüne türk egin-eşiklerini geýendigini belläpdirler. Rowaýata öwrülen alymyň terjimehalynda onuň emiriň ýanyna gelmegi hakda gürrüň berýän özboluşly anekdot şekilli bir rowaýat hem ýörgünli. Bir gezek Faraby emiriň huzuryna baranda, hökümdar oňa oturmaga ýer görkezipdir. Şonda alym “Öz derejäme görämi ýa-da Siziň görkezişiňiz ýaly oturmalymy?” diýip soraýar. Emir “öz pikir edişiňiz ýaly oturaýyň” diýýär. Şonda Faraby duran ähli emeldarlary, hatda hökümdary hem gysyp, tagta geçipdir. Sauf ag-Daula bolsa öz gulamalarybilen hiç kime düşnükli däl dilde gürleşen bolup, olara şeýle diýipdir: “Bu şyh ähli kada-kanunlary bozdy. Men häzir onuň akylyny barlap göreýin, eger ol meniň talabymy ödäp bilmese, onda men ony jezalandyrmaga yşarat ederin. Siz onuň mazalyja hakyny beriň” diýýär. Hökümdar ähli ugurlar boýunça alyma sorag baryny ýagdyrypdyr. Alym hem onuň soraglaryna aňry ýany bilen jogap beripdir. Şondan soň hiç kim Faraba sorag bermäge milt edip bilmändirler. Hökümdaryň alyma bolan hormat-sylagy artypdyr. Ol onuň üçin köşkde ähli gowy şertleri döredipdir. Ýöne Faraby ol şertler üçin aýnap oturmandyr. Faraby hökümdaryň günde berýän dört dirhemi bilen kanagat edipdir. Onuň esasy iýmiti bolsa öküziň gany bilen şerap garylan reýhany bolupdyr. Ömrüniň ahyrynda ol Damaskda ýaşapdyr. Ylmy işleri bilen meşgul bolupdyr. 950-nji ýylda-da ol şu şäherde ýogalypdyr. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |