19:48 Beýik bilen pes | |
BEÝIK BILEN PES
Goşgular
![]() Boý alan daragt ygyşagynda, Gögeripdir görebilmez bir gyzgan. Gara net ot alyp oñ gursagynda Kemterlik edipdir ýerdäki yzgar. Gözi gidip goñşusynyñ boýuna, Şeýle hyýal getiripdir küýüne: - Boýy gurmuş, kesilsedi kökleriñ, Görsedim şahalañ gurap galanyn, Menem beýdip oturmazdym bökdenip, Deñiñden öterdim seniñ ýalagyñ. Çapyp oda ýaksadylar "jesediñ", Menem hezil edip baksam keseden... - Wagt ötüp daragtyñ egilip başy, Sogruldy kökleri. Bu niçik ahwal?! Daragtyñ astynda serilip "läşi" Ýatyr hälki gyzgan. Gör niçik ykbal! Haýyr rüstem geler elmydam şere, Beýikleñ "Jesedem" ýükdür peslere. ■ GIJIGEN YLHAM Şeýle boldy. Orta ýaşly birisi, Bir ajap sungata edende höwes. Geçdiler daşyna, bolşuny geñläp: - Kyrk ýaşdan soñ dutar öwrenmek hebes. - Boljak oglan başdan belli bolýandyr, - Bu ýaşdan soñ gurjak niçiksi binýat? ...Älaýt, walla, onda altmyş ýaşdan soñ Niçik ussat boldy Rabindranat?! 1979. * * * Bu gün ähli zada çekýäs atanak. "Täze döwre täzeçillik ýaraşar" Şeýle gep bar geçmişini atan ok, Gelejekden beterrägne garaşar. Bir aýakdan sürmelimi hemmäni, "Düýn biri şeýlemi - barysy gende". Oýlanalyñ, syndyrýasmy kelläni, Hat-da dört-bäş ýara bolanda tende. Aýanlym, Adalat - müdimi isleg, Ynsaba, Wyždana hem Paýhasa - täç. Ýöne özün "täzeçillige" besläp, Şerraýlyk edýänden ediñ ätiýaç. 1987. Gurban REJEBOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |