15:17 Aryknama / goşgular toplumy | |
ARYKNAMA
Goşgular
■ DÜÝŞDE Çap-çal dünýä, çala sudur görünýär: Birinji planda Arygyñ jary, Añyrda Kanaly ýakalap otyr - Dogduk mekan, bu ömüriñ bahary. Anha jara inip gelýäe Alabaý, Çeññekli oglanyñ öñüne düşüp. Ylgaýar oglankyk gamyşa sary, Gyzgyn çägä ýalañ aýagy bişip. Şol barmana tiken çümýär aýagna, Oñ yzasy meniñ ýüregme ýetýär; Edil şu pursatda tanadym ony, Ol bolsa gamyşyñ içinde ýitýär. Ýene jary syryp barýar Alabaý, Käwagt bir üýrüp, meni çagyryp. Men welin gitdikçe daşlaşyp barýan, Hem-ä ýognap, hemem saçym agaryp. ■ NIREDE? HAÇAN? Näçe jan etsemem düşenok ýada Nirede? Haçan?! Oglanlyga tarap barýan şa ýoda Arany açan? Geñ galamda-ilki gezek-kebelek bolup uçanda gurçuk. Ýa ýitirdim gözlänimde kömelek, Eteginde Çilburçuñ? Ýa çekirtge bilen kekene doly Gawun joýada ýitdi? Ýa-da tolkunlary jadyly ýaly Şol Gatakar äkitdi? Näçe jan etsemem düşenok ýada Nirede? Haçan?! Oglanlyga tarap barýan şa ýoda Arany açan? ■ GÖRÜP-GAÇDY Gözlegine çykdym bu gün Oglanlygmyñ. Görüp gaçdy. Ylgawyny ýazdyrmany Syrkynlykdan böküp geçdi Gatakaryñ güzerine Baryp gördüm, tapdyrmady. "Gukmy-pañk?" oýnaly diýdim, Enma şykgy ýapdyrmady. Ot ýygmaga gitdimikä? Tapmadym-la atyzdan men. Hatda jaryñ ýakasynam Yzarladym Halyla çen. Eýgermedim oñ yzyna; Gözlemekden ardym basym. Diýdiler - Ol Çilburç gala Sürüp gitdi arabasyn. ■ MIRAS Essalawmaleýkim, dogduk diýarym! Sag-aman otyrmyñ, oñatmy halyñ! Menem gaýdyp geldim, hut Ýeseniniñ Telim ýyl azaşyp gezişi ýaly. Özgeripsiñ juda, ulalypsyñ hasn Alañlar ýitipdir, karta töwerek. Gara asfalt güne gerşin ýylmaýar, Gadymly tozanly köçäñe derek. Gadym kepbelerñi, pagsa jaýlarñy Bile äkidipdir oglanlyk çagy, Indiki kölgeleñ has goýry ýöne Biraz çolarypdyr Beg agañ bagy. Zähmet pälwanlary bolup gidipdir Bir mahalky bile çilik oýnalar. Ýakalap otyrsyñ ägirt desgany, Garagum kanaly - mele gaýmañ bar. Utanç bolsa bolsun, alýaryn boýun, Tanamadym köp öñümden çykany. Edil şonuñ ýalam tanalmadym men, Bu bolsa baý ýokuş deger ekeni. Ýöne ýere sakgalyna sadaga, Ýüzleri nurana gojalañ biri: - Sen Rejep Pälwanyñ agtyg-a dälsiñ?! - diýdi. Boldum şol gojanyñ ýesiri. Hem uly hakykat lowurdap gitdi, Gizläp nämedeýin, netijäm ine: Öz ýanymdan şahyrdyryn öýdýärdim, Ýöne atam bilen tanaldym ýene! 1985. Gurban REJEBOW. | |
|
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Gowy görülen goşgy / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Ýar ýüzümi görüp derdi-gamymy bilse gerek... / Goşgular - 03.08.2024 |
√ Gyş rubagylary / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Eneme / Goşgular - 04.12.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Rep goşgular / Goşgular - 06.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |