01:00 Ölçeg | |
ÖLÇEG
Goşgular
Dünýäde köp zadyñ öz ölçegi bar, San, metr, kilogram, gers, kilowat, Bir düşnüksiz zat - Söýgi-mähir üçin ähli ölçeg dar?! Dünýäde köp zadyñ öz ölçegi bar. Prosent, gradus, sentner, gektar... Bir zatda gep bar - Nämüçin ýigrenji ölçäp bolmaýar?! Ýa-da ölçäñ ýetim galan oglanyñ, Bu durmuşda görän kemsinmesini. Ymsynmasyny... Dogulanda gara mañlaý doglanyñ. Hany bir synanyñ ölçejek bolup, Gije ýa-da gündiz edilen günäñ. Eý, Tañrym, bu nä - Dogana satýarlar, dogandan alyp. Dünýäde ölçegsiz zatlar ýok ýaly, Atom, molekula, wagt, ekwiwalent... Bar zatdan belent - Ölçegsiz galypdyr Enäñ ykbaly. Dünýäde bar zadyñ öz ölçegi bar, Diñe bir zat hiç akyla sygmaýar - Neçün ölçegsizkä duýgy, namys, ar?! 1989. * * * Durmuşda gör näçe geñsi tymsal bar, Hersinden gerekli bir many açyñ. Barha saç agyna kaýyl bolunýar, Daraklar sypalap düşürýär saçyñ; 1985. * * * Ýamanlyk - özüñe gazan garymyñ; Ýagşylyk - Ezraýyl bilen söweşýär; Ýamanlary başardykça unudýas, Ýagşylar her daýym ýadyña düşýär. 1985. * * * Lebiz bir gudratdyr. Baýlykdyr çäksiz. Lebiz bela, ýykar tagtyny şalañ. Messepsiz Izorañ näzleri dälmi, Wepadar Bertranyñ ganyna galan. 1985. * * * Meger hökümdarlyk şerti şeýledir, Hökümdarlar zabun, gazaply juda; Hat-da küşt oýnunda öz jany üçin, Şalar özgeleri edýärler pida. 1985. * * * Gitdigiçe artýar derdiñ, aladañ, Artar ýüküñ dünýägaraýşyña deñ. Uzak ýaşadykça köp zat tapynýañ, Ýöne has köpelip barýar ýitgileñ. 1985. * * * Ak geýdirler dünýä inen mahalyñ, Gidende ýene-de dolarlr aga, Eý, Ynsan, erkiñi, durkuñy sarp et, Iki aralygy ak ýaşamaga. 1981. * * * Gyş tap berer bahara Gijä döner gündizler; Ýol dowamy ýodalañ, Süýnüp gider ýyldyzlar... 1981. * * * Bir-ä Zemin bürenende ak gara, Birem göze ilse çigildem, tüsse. Birem durnalaryñ göçenin görsem, Döreýär kalbymda bir hili gussa. 1982. * * * Uzak gije arzuw edip ýetýäris Säher Günüñ doglaryna, alñasap. Bikemal ser habarsyz her şapagyñ Kemýäninden bu ömürden bir hasap. 1986. * * * "Ursa enem eli ursun" diýilen, Ägä bolgun şarpygyndan durmuşyñ. Ysnat getirmesin adyña perzent, Özge höwürtgede gonmasyn guşuñ. Çünki bu ezýetli, eşretlu dünýä, Ýeke gezek, ýeke gezek gelinýä. 1980. * * * Men saña ýaraşmadym, Senem özgä ýaraşdyñ. Ýok, sen gijä galmadyñ, Men saña köp garaşdym. 1985. * * * Bir maska ýylgyrýar, biri aglaýar. Biri jepa, biri şypa añla ýar! Haýsyny eçilseñ eçil. Ýöne bil - Her kime öz niýetinden tapma bar 1985. * * * Bu durmuşyn ezýetini-eşretin Öz gözlerim bilen görüp bileýin, Başarsam binýatda ýokarky däl-de Aşak hatardaky kerpiç bolaýyn, Gerdenimde götereýin diwary, Durmuşda ornuny tapan ybaly. 1979. ■ NUTUK Sakasy saglykdyr, Ynjamasyn jan. Bol bolsun saçakda Bereketli nan. Baky hemra bolsun Asuda asman. Tapsyn niýetinden Pälinden Ynsan. 1982. ■ OÝLAN Duýgular kör bolýar, aldyrma erkiñ, Sabyrly bol dury paýhasy diñle. Geçen yzyn gözýaşyna boýaýar, Görejiñe sapak dürtülen iññe. 1979. ■ AHMALLYK Baharda ýaşlygym joşdy, gaýnady, Tomus gyzlar bilen gülüp-oýnady: Şagalañly ýaşlyk başagaý bolup, Parasatly güýz gelennem duýmady. 1978. ■ SOWGAT "Iñ gymmatly sowgat - gerekli zadyñ" Ine dana sözi baýak dilgiriñ. Dostlar, maña sowgat etjek bolsañyz - Ýylgyryñ. 1979. Gurban REJEBOW. | |
|
√ "Söýüň gül roý ajap enelerimizi" / Goşgular - 19.07.2024 |
√ Kemaly-husn beripdir şeraby-nap saňa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Gutarylmadyk goşgy / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Durmuş / Goşgular - 29.08.2024 |
√ Eý, ademden älemi mowjud eden... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Baýrak / Goşgular - 16.08.2024 |
√ Eý, aşyklar bahary, haýyr hamyla senden... / Goşgular - 22.10.2024 |
√ Oýnam setirler / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |