22:53 Gyzlaryñ albomyna / goşgular toplumy | |
GYZLARYÑ ALBOMYNA
Goşgular
■ WAH, GÖZEL GYZ... Wah, gözel gyz, wah, näzenin, gozgama Saçyma ak salan derdimi meniñ. Ulaşarsyñ senem gaýgydyr-gama, Oña döz gelermi näzik bedeniñ. Onda yşkdan ýeten hasrat, gussa kän, Humaý gözleñ nemlenerinden gorkýan, Ençe gyşyñ gary basyryp ýatan, Geçmişimden birjik lezzet tapylmaz. Gowgaly başyma ykbaldan ýeten Nesibäni hiç kim ýüzüne sylmaz. Şonuñ üçin gozgama meñ derdimi, Bir özüm çekeýin yşkyñ gerdini. * * * Näçe şahyr, dünýä döräli bäri, Bir kerpiçden ördi yşky minara Menem bagrym oýkap yşkyñ syhyna, Kerpiç alyp barýan Beýik diwara. * * * Eçilipdir maña, sahylyk bilen, Tebigat joşgunly, ylhamy, yşgy. Her ýaşyma bir gözeli söýdüm men, Her gözele ýazdym on sany goşgy. * * * Aýyp görmäñ, günälemäñ, ýazgarmañ, Gursakda ýüregim sil ýaly joşýa, Çydap bormy paýlap gyzlara bermän, Diñe söýüp, söýlüp men goşgy goşýan. * * * Señ yşkyñdan ýeten tygyñ derdinden, Meniñ teşne kalbym galdy ganjaryp, Neneñ edip unudarkam men seni, Eý, meñ iki ýüzli eziz "hanjarym". * * * Seni tanap-yşka düşdüm, örtendim, Hoşlaşamda - gyýdy kalbymy gyýçak, Hoşlaşanma gynanybam duramok, Ýöne tananyma gynanýan biçak. * * * Sen ýokkañ - gözledim. Tapdym - ýitirdim, Ejir çekdim, gama batyp oturdym. Unutjakdym... başarmadym, ýene-de Señ keşbiñi göz öñüne getirdim. * * * Çyn yhlasa jogap edip gaýtaran Ezýetleñ-jepalañ durmady çakda. Ýöne ýüregimi gyýyp gitseñem, Meniñ goşgularym ýene sen hakda. * * * Çigilden ne gözel ýöne ýok ysy, Datly bormy tagam, kem bolsa duzy, Çigildemiñ bu naýynjar nusgasy, Ýatladýar namysyn aldyran gyzy. * * * Sen-ä mensiz ýalñyz, men sensiz ýalñyz, Arzuw-hyýallarma soltan bolan gyz, Şonda-da biz ilgezek däl didara, Undulan bolarly sataşdyran yz. * * * Gara saçyñ jylaw bolsa ylhama, Ýyly mähriñ ganat bolup baglanýar, Özüñde jemläpsiñ ähli gudraty, Dünýäniñ nazary sende eglenýär. Aý dogupdyr señ nurana ýüzüñde, Meñki bu ummanyñ şemsi-kamary, Owsun atýan gara saçyñ her tary, Bu gursakda urýar ýürek-damary. Garaýyşyñ nemdir teşne köñüle, Ýylgyryşyñ lezzetiñem-lezzeti, Señ näziñ eşretdir, jennetdir-goýnuñ, Meñki bu dünýäniñ ähli eşreti. Gözüñ agy gündiz, garasy-gije, Asyl bu älemiñ bary meniñki; Täk maña düşüpdir bu bagtly bije, Deregne bu teşne ýürek seniñki. * * * Garamyk gözüñe gonan garlawaç, Näzenin görküñe ýene görk goşýar. Seni gören wagtym alabaharyñ, Ilkinji gunçasy ýadyma düşýär. Süýde ýugrulanmy aýdyñ jemalyñ, Ýa-da şuglasyna nurana Aýyñ, Ykbal seni ýaman gözden gorasyn, Mynasyp bolsun-da bagtdan paýyñ. ■ YŞGYÑ ÝELGINI Bir marala kaklyşanda nazarym, Nazaryndan melul boldum, nädeýin, Örtäp gitdi, gezedi-de jemalyn, Ýeri, indi gözläp nirä gideýin. Bir bakyşda bendi eden şol maral, Bökjekledi aşyk kalbym düzünde, Aý diýseñ aý, şapak diýseñ şapak bar, Mejnun eden şol maralyñ ýüzünde. Pisse dodaklary çala ýylgyryp, Garaja gözleri balkyldap bakdy. Gaşlary ýaý, kirpikleri ok bolup, Bir bakyşda hem ýalkady, hem ýakdy. Haýsy düzüñ maralydy ol maral, Adyna bagş etsem dünýämde baryn. Jemalyny geząp, inip şirwandan, Ýañlandyryp gitdi yşkyñ dutaryn. ■ GÖZLERIÑE DÖNEÝIN Sakar dowzah bolup, oduña ýakdyñ, Jennet bolup nuruñ üstüme dökdüñ, Ýeri onsoñ nädip senden däneýin, Seniñ humaý gözleriñe döneýin. Ganat berdiñ arzuwlarma, uçurdyñ, Mahal-mahal umydymy öçürdiñ, Müñ öwüsýäñ näzleriñden ganaýyn, Seniñ humaý gözleriñe döneýin. Gyşymy ýaz etdiñ, ýazym gyş etdiñ, Müñ gargadyñ, ýene müñ alkyş etdiñ, Aýt - baky parlaýyn, ýa-da süýneýin, Seniñ humaý gözleriñe döneýin. Ýa-ha ýalka, ýa-da gama rowa gör, Ýa gara çek, ýa sowulmaz bagt ber, Besdir indi azabyñdan dynaýyn, Janym alan gözleriñe döneýin. ■ SENI BAGŞ EDEN YKBALA ŞÜKÜR Seniñ üçin oýun, señ üçin gülki, Ýöne ömür seji gözläp gezdim men. Asman ýaly gözleñ pidasy boldum, Şol gözlere şu şygyry düzdüm men. Zülpüñi beripdir suwlar perisi, Sen näzenin, ähli gyzlar seresi, Şol gudratly gözler bir em etmese, Asyl bitmez ýüregimiñ ýarasy. Haýsy ussat çekipdir señ suratyñ? Tebigat joşupdyr gözellik saña, Ähli miweleriñ terligi sende, Roýuñ çalym edýär agarýan daña. Ysyna bäs edip bilmez güllerem, Dadyña bäs edip bilmez ballaram, Ýeke men däl seniñ husnuña maýyl, Öpsem diýýär saba ösýän ýellerem. Naýza ýaly gezelende kirpikleñ, Ýürek heder eder saljak tygyñdan. Seret, gije ýalkym salýan Kamaram, Reñk alypdyr señ alkymyñ agyndan. Ýeke gün görmesem böker ýüregim, Bir görsem göresim gelip dur ýene? Seni bagş eden ykbala şükür, Alkyş bolsun seni doguran enä! ■ GARAŞARYN Düýn garaşdym, bu gün ýene garaşýan, Ertir ýene garaşaryn, gelmeseñ. Garaşaryn bir aý, bir ýyl, on ýyllap Hatda ýüz ýyl garaşaryn ölmesem. Garaşaryn, çünki dolanarsyñ sen, Diñe baka giden gaýdyp gelmeýär. Çyn söýgi bir aý däl, bir ýyl, on ýyl däl, Hatda ýüz ýyldanam, asyl ölmeýär. Ynjalar ýüregim, rahatlyk tapar, Intizar gözlerim diñe geleñsoñ. Ýöne bir saý bilen eglenäýseñ sen, Garaşaryn saña gatda ölemsoñ! ■ ÝARYÑ YŞGYNA Daglaryñ başynda gar bar, Saýasynda injir-nar bar. Ykbalymdan müñ bir razy, Göwnümi göterýän ýar bar. "Aşygy men bahar-ýazyñ, Aşygy men hoş owazyñ". Müñ arzuw bar gursagymda, Baryndan zyýada özüñ. Sensiñ hyýalym soltany, Bu älemiñ genji-käni, Özüñsiñ buza dönderip Hem oda salýan bu jany. Azaryñdan dynaýyn, gel, Señ mähriñden ganaýyn, gel, Rowa görme hijrana sen, Gözleriñe döneýin, gel! ■ BIBIJAN Saýat sährasynyñ sümbülimi sen, Barýañ ýere basman ýüzüp, Bibijan. Çemenli bossanyñ çyn gülümi sen, Barýañ ýüregimi ezip, Bibijan. Başyñ aşak egen ejap, edamy, Syzañokmy gursakdaky sedany, Öz ýoluña dikip goşa didäni, Barýañ neneñ-niçik dözüp, Bibijan. Hanjar ýaly gezelip dur kirpikleñ, Baksañ ömür, bakmasañ ölüme deñ, Göýäki säherde ýañlanan bir heñ, Barýañ humaý gözüñ süzüp, Bibijan. Señ kaddyña höwes edýär deregem, "Bi-bi", "Bi-bi" - diýip, urýar ýüregim, Görse galkynardy Çañly megerem, Ýañadan waspyñy ýazyp, Bibijan. Galam gaşlañ çytylmasyn, ýazylsyn, Señ şanyna set müñ aýdym düzülsin, Inkär etmän, kabul etseñ ozal sen, Ýüregmi bereýin üzüp, Bibijan. Diýenler döwlete ýetir ýagşy net, Yşkyñ bolsun joşan ylhama medet Gurbamyñkydygñy hemmä aýan et, Ýaglyk bilen büräp ýüzüñ, Bibijan. ■ ROZA Sen bägüliñ iñ näzijek ýapragy, Göýä çigildeme düşen gyraw sen, Sen dury asmanyñ älemgoşary, Simaba meñzeýär bu näzik beden. Señ gözleriñ misli mähir ojagy, Gaşlaryñ el bilen çyzylan ýaly. Meger tawusyñam görki sençe ýok, Durkuñ näziklikden dörän mysaly. Adaja goýañda gadamlaryñy, Hiç dözer ýaly däl tozana-toza Armanym ýok, siñsem şol näziklige, Eý, meñ daşy ýaran bagtym, Roza! ■ JEMILE Sen Nepesuñ waspyn eden Bossany, Ýa Hatyjasy däl beýik Seýdiniñ, Sen sadaja bir gyz, ýönekeýje gyz, Sen merjen gaşysyñ meniñ beýdimiñ. Señ ýüzüñ aýam däl, saçyñam gije, Ýöne gözleriñde ýok mekir-hile. Çüwerdi meñ bagtym düşäýse bije, Eý sadaja gözel, juwan Jemile. ■ SONAM Senmi asmanyñ aýy, Senmi bagtymyñ paýy, Senmi Patmanyñ taýy, Söwdügim, serwim Sonam. Jadymydy gözleriñ, Şerbetmidi sözleriñ, Jennetmidi ýüzleriñ, Söwdügim, serwim Sonam. Gamgyn köñlüñ aramy, Ýa sen mahy-paramy, Zülpleriñ sitaramy, Söwdügim, serwim Sonam. Ýyldyzymy asmanyñ Dermany men hassanyñ, Sen sebäbi gussamyñ, Söwdügim, serwim Sonam. ■ ÝOLÖTENIÑ MARALY Gördüm seni Ýolöteniñ düzünde, Keminäniñ "ap-ak ýüzli" Maraly. Señ jemalyñ ýokdur aýyñ ýüzünde, Şol jemaldan galdy kalbym ýaraly, Öwürme ýüzüñi birje göreli, Ýolöteniñ ap-ak ýüzli Maraly. Seni gören höwes edip eseder, Señ yşgyñdan bilbil nalap, ses eder. Meger hindi gyzy saña bäs eder, Ýeke pursat golaýyñda duraly, Ýa-da ejaza ber, bile ýöreli, Ýolöteniñ ala gözli Maraly. Aslyñ hüýrdenmidi ýa melekdenmi, Tarypyñy sözlän bir ýeke menmi, Tapmazlar Magrupdan-Maşryga çenli, Señ ýalyny gözläp gündiz çyraly, Bir özüñe müñ älemi bereli, Ýolöteniñ alaw közli Maraly. Göz astyndan bakyşyñ bir jadymy, Gözleriñde gördüm yşkyñ oduny. Ýüregime ýazyp seniñ adyñy, Öýñüze ýüzük alyp baraly, Ýylgyrşyñy razylyga ýoraly, Maña bagtdan ýeten paý bol, ber eli, Ýolöteniñ humaý gözli Maraly! ■ SAÝRA DUTAR Saýra dutar, düzüp goşa taryñy, Men goşaýyn tarypyña gazaly. Wasp edeli bile meniñ ýarymy, Bahar gyzy bahar Dünýägözeli. Saýra dutar, ýañlandyryp kirşiñi, Wasp et ýaryñ assa basyp barşyny, Yhlasymyz yşgymyzyñ erşini, Ykbal argajyna çatsyn ozaly. Saýra dutar, towla kirşiñ gulagyn, Ýatladýar ýar boz maralyñ owlagyn. Yşk atly ummanyñ gaýnan bulagyn, Ylham alan ýürek bilen süzeli. Saýra dutar, şelpe kakyp saýra sen, Ýaryñ waspy dumly-duşa ýaýrasyn. Didelem gözlemez gyzlañ gaýrysyn, Şol gözeliñ hasratyna dözeli. ■ ARZYLY HAT Sergeý Ýeseniniñ äheñinde Salam ýaşlygymyñ arzyly güli, Bimaza edýärin ýene men seni. Hat ýazýaryn saña iñ soñky gezek, Biraz ynjydaýsam bagyşla meni. Daglar goýdy ýüreklerde aýralyk, Tapmadym bagtymy senden aýrylyp. Şine alyp ýüreklerde söýgimiz, Ter gunçalar düwüp açypdy güller. Yşgymyza joşup aýdym aýdardyk, Ýatlama öwrüldi arzyly günler. Gunçalar gül açdy ýene görsene, Maña şol aýdymy aýdyp bersene! Ýatlama öwrüldi arzyly günler - Bagtymyñ gol bulap çagyran güni. Düzülen kirişler gitdi azaşyp, Arzyly mukamym ýitirdim seni. Şol şirin mukamy küýseýär ýürek, Bu teşne ýüregi gandyrmak gerek. Özgä göwün berdim "unutmak" üçin, Gursagymda täze yşgy otladym. Şat günlerim düşmeseñ-de ýadyma, Gamly günüm ýene seni ýatladym. Senem her wagtlar ýatlap dursana, Ýene şol aýdymy aýdyp bersene! Bagtly bol, arzylym, küýseme meni, Maña bolan duýgyñ gaýdyp dömmesin. Hatda señ yşgyñda şehit bolsamam, Meñ üstüme ýeke damjañ dammasyn. Sen hakdaky ýatlamada bir ajap, Bagtly bol arzylym, Gurban Rejep. 1979. | |
|
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Damak belasy... / Goşgular - 22.05.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýaşlyk döwrüň ýatlamasy / Goşgular - 03.06.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Hoş örütdüň / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |