18:28 Oglanlykda diñlän aýdymlarymyz | |
OGLANLYKDA DIÑLÄN AÝDYMLARYMYZ
Goşgular
Aýratyn mähirli hemem ýakymly, Oglanlykda diñlän aýdymlarymyz. Hüwdi ýaly şirin hemem akgynly, Oglanlykda diñlän aýdymlarymyz. Sahy bagşyñ mesge ýaly owazy Ömür-ha gidermi gulagyñdan heý. "Bijjek dana" diýip, şol çagyryp dur, Hindiler Mangeşkar Lata, Manna Deý. Bir ýerden hor bilen çagyryp durlar, "Eý ýoldaş, eý ýoldaş, bäri gel, bäri" Ýelpeselendirýär ýene bir ýerde, Galanyñ düýbünde ekenler nary. Bir ýerde "doñ ýürek" bir "garabagyr", Näzenin golundan bilezik alan. Ýene-de bir ýerden gelip dur owaz, - Sen "eý gözel oglan, bäriñe dolan". "Palawa" çagyrýar Ýolaman Humma, Hojaw aga "Dnepre" çagyrýar. Maýa Kulyýewañ bilbil owazy "Şanly geljegmize äkidip barýar" Şindizem diñlesek şol aýdymlary Oglanlyk döwrümiz gaýtaryp berýär. 1983. ■ WADALY ÝERDE Günem dag gerşinde ýaşdy-da gitdi, Gör eýýäm garañkam düşdi-de gitdi, Señ wadaly ýerde gelmeýänligiñ Hyýallañ gapysyn açdy-da gitdi. Goñşyñyza myhman boldumy Sahy, Daş işikden bakyp durmy ol doýman, Ýa-da ýakasyndan bir bedre suwy Guýup durmy Kerim, erkiñe goýman? Ýa-da gözleriñden gitmejek bolup, Gurbannazar açyp durmy ýüregni? Ýa-da bahar bilen duşurmak üçin Äkitdimi Mämmet Seýit, geregmi? Ýa Gara Seýitlu lirasy bilen Señ magşuk kalbyna howsala salýar... Ine, ahyr aram berip ýürege, Weliden ýañlanan "Söýgülim gelýär!" 1978. ■ AGARMA SAÇYM! Ýaşlyk bilen hoşlaşma-da, Gözellerden daşlaşma-da, Jahyllygymyñ şaýady, Gije ýaly gara saçym, Salma göwne ýara saçym, Agarma saçym, agarma! Näme beýle agarýañ tiz, Ýa-da ýyllar goýdumy yz, Ýa nyşanmyñ kämillikden, Ýa göwnüme meñzän bolsañ, (Bagyşlawer geñlän bolsam). Agar saçym, agaryber! 1978. ■ LOTOREÝA OÝNY A.Gurbannepesowa öýkünme Bir gezek Lotoreý oýnadym menem, "Nesibäni özüñ gel çek" - diýdiler. Utarn öýdüp asla etmändim çenem, "Señ paýyña düşdi telpek" diýdiler. Ýaýdana-ýaýdana ony diledim, Hezil edip gülüp "peltek" diýdiler. Aljyrap, gaçyryp guma buladym, "Häý, bagty getiren tentek" - diýdiler. 1986. Gurban REJEBOW. | |
|
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |