01:03 Durmuş | |
DURMUŞ
Goşgular
![]() Dostum Agabaý Çaryýewe - Hoş gal, balam, ýagşy niýet ýar bolsun, Razy... diýip, ýetişmedi soñuna... Jan berdi ejesi ogluñ elinde, Gör ajal nirede saldy çemine. Gör ykbal gurady niçiksi oýun, Perzendiñ elinde jan berdi ene. Otyr ogly balkyldadyp gözlerin, Hamana jan girjek sowaşan tene. Naýynjar garaýar, isleýär haraý, Ah, emma çäre ýok, äkitdi ajal. Ysgynsyz dodaklar çala gymyldap, Zordan pyşyrdady - "Nädäýdiñ, eje!" Ynha indi öz perzendiñ elleri, Oña bakan gözleriñi ýapmaly. Eýsem bu hasrata, syndyrman başyn, Dözer ýaly güýji nirden tapmaly. Wah, sen çarhy betpäl, ne güne goýduñ Garabagyr gara ýeri öpmeli... Gaýta hemmeden öñ, enäñ üstüne, Ogul ilki gysym gumy sepmeli! 1982. Gurban REJEBOW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||