21:22 Mukaddes Gala | |
MUKADDES GALA
Goşgular
Asman indi, hem Gün, hem Aý tutuldy, Ýok Adamzat, tutuş bir añ tutuldy, Şindi görülmedik bir apat turan, Erninden ganyny sarkdyryp duran, Tüýs haramy, gandan doýmadyk jellat, Put-put däri, ýene müñ-müñläp soldat, Her topy müñ ajal - aýylganç bela, Türkmeniñ kastyna döküldi - Gala. Lebzi, süññi halal, hem zanny halal, Wah biçäre Gala, biçäre Gala. Diñe halal süýdi emdiren Türkmen, Galpagyn bu ýere gömdüren Türkmen, Her ogly deñelen taýsyz inere, Gerek bolsa başyn goýmazmy ýere, Neneñ onsoñ duşman diletsin aman, Ömründe bilmedik ürkini-dowly, Syçrap-syçrap turdy Türkmeniñ ogly. Arman juda çökder leşgerli bela, Wah, armanym Gala, armanym Gala. Arman nire, gaýta buýsanjym Gala, Näçe çökder zalym bolsa-da bela, Jan gutarmak üçin tesmedi yza, Hem ejizlemedi, çökmedi dyza, Çökmedi, çökmedi, çökmedi dyza! Döz gelip müñ ogul, ýene müñ gyza. Ýöne Halallygyn saklady Gala! Birem Türkmenligin haklady Gala! Bir-ä Türkmen üçin mizemez binýat, Birem zalymlara ullakan ysnat! Synnyny, keseri edindi ýarag, Hyjuwy, heseri edindi ýarag, Gulagy, garagy edindi ýarag, Synany, ýüregi edindi ýarag, Ýaragy bolupdy garañky gije, Wah, Arman ters geldi täleý hem bije: Mert durup döwüşmäñ deregne haýyn, Bajysyn öñüne tutmaga taýyn. Rüstem ýaragyna arka diredi, Topy-tophanasy ony gorady. Duşmanyñ azgyndy pygylam-pälem, Beýle hakykaty görmändi älem: Bu niçik zalymlyk, bu niçik pişe?! Gundagly bäbekler düzüldi çişe... Göýä atasynyñ köýen deý ary, Aýal-ebtat diýmän, kerçeldi bary, Galanyny etdirip bilmänsoñ boýun, Ojagyny ýykdy, talady öýün. Ýok, şindem az gördi, enegar zalym, Erkin alym bilmän, talady malyn. Şonda başga hakykat has parlady: Bu ahwala hatda Asman derledi; Synyp-synmaz bolup bolar ekeni, Ölmez bolup ölüp bolar ekeni. Ähli ýürekleri baglaýyp bire, Gala Halallygyn äkitdi göre, Bir günem galmaýan namysa-ara, Gala öwrülipdi äpet mazara. Topragtnyñ her bir batmany Halal! Eý mukaddes Gala, mukaddes Gala! Türkmeniñ gözüniñ garasy Gala! Synasynyñ bitmez ýarasy Gala! Bedewleriñ synmaz boýusyñ Gala! Mertlik-merdanalyk öýüsiñ Gala! Gelinleriñ çeken keşdesi Gala! Ylham joşgunynyñ çeşmesi Gala! Türkmeniñ iñ meşhur halysy Gala! Hemem miras galan namysy Gala! Halal saña, Halal! Ýene-de Halal! Eý, mukaddes Gala! Mukaddes Gala! Gurban REJEBOW. "WATAN" gazeti, 1995 ý. | |
|
√ Göreniň galar / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Aşgabat / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Atilla! / Goşgular - 30.08.2024 |
√ Ýigrimi ýyldan soñ / Goşgular - 12.07.2024 |
√ "Bir gije düýşüme girdi Pyragy..." / Goşgular - 11.07.2024 |
√ Eý, ady gözel Ýusup, üçekde ýöräp gidýän... / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Naýynsap / Goşgular - 01.11.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 18.06.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Arzuwlar / Goşgular - 07.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |