12:54 Arzylym | |
ARZYLYM
Goşgular
Birnäçe ýyllaryñ dowamynda men Gurban Rejebow bilen ýaşlaryñ döredijilik birleşmelerinde köp duşuşdym. Ýañy-ýakynda bolsa biziñ Ýazyjylar soýuzymyzda onuñ goşgular ýygyndysy ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahata gatnaşanlar ýaş şahyryñ şygyr sungatyna yhlasyny, oniñ durmuşyñ köp taraplary barada aýdan şahyrana seslenmäge çalyşýandygyny belläp, şowly çykan goşgularyny aýratyn kitap edip çykarmagy karar etdi. Umuman hem G.Rejebowyñ goşgularynda özboluşlylyk, öz pikiri, öz duýgusy, öz şirinligi bar. Onuñ döredijiligine mahsus: ...Bolçulykda ýat bolýarys illere, Gytçylykda deñ paýlaşyp hesretin; ...Geçen yzyn gözýaşyna boýaýar, Görejime sapak dürtülen iññe; ...Dostlar, maña sowgat etjek bolsañyz - Ýylgyryñ; ýaly setirleriñ köp bolmagyny isläp, Gurbana poeziýanyñ ümmülmez äleminde öz ýodasynu tapmagyny arzuw edýäris, Mämmet SEÝIDOW. 1983. * * * Men özüme dözmezçilik etmedim, Durmuşyñ gadryny bilmekçi bolup, Suwdan alyp özüm oda okladym, Hem suwa okladym otlardan alyp. Dodaklarym teşnesiräp ýaryldy, Epgekden eýmenmän terk etdim yzy. Aýagyma batýan tikenden gaçyp, Sowulmadym ýoldan, epmedim dyzy. Asuda akymda akmadym hergiz, Ýalpakladym ýa-da sil bolup joşdum. Süýtde agzy bişen suwy üflärmiş, Men welin müñ gowga başymy goşdum. 1983. * * * Meñ ýaralam basym bitýän ýara däl, Bagtymam dag-daşy ýaryp baranok, Bar daýanjym ýagşy niýet, oñat päl, Göreşsiz durmuşda asyl bagt ýok. Durmuş basýar ejizleriñ gerşinden, Durmuş diñe güýçlüleri halaýar, Gazanylan ýeñiş çäksiz bagta deñ, Her göreşde arzylanýan ýeñiş bar. Durmuş diñe güýçlüleri halaýar, Oñ derdini götär mertleñ gerdeni, Ýöne käwagt çyn ärlerem aglaýar, Wagt bolar hemme ýarañ melhemi. 1982. * * * "Ot-bela, suw-bela, hem töhmet-bela" Hak aýdan ekenler ata-babalar; "Mes günüñ "wag" berer töwerek-daşyñ, Ýowuz günde töweregiñ sabalar". Başyma ýowuz iş düşen mahaly, Bu söze has-da çuñ gözüm ýetirdim. Ýok. Başyma iş düşeni üçin däl, Başga zada ahmyr edip oturdym. Göz-görtele ýalan töhmet sataşdy, Derkar boldy dosty-ýaryñ penasy... Töhmedem-ä bela ekeni welin, Ýaman eken dostsuzlygyñ belasy. 1983. ■ OÝLANYP OTURSAM... Serim tutup jahyllygyñ ýelgini, Ýyllar kerwenini ötürdim duşdan. Keýpi-sapa boldy ähli aladam, Şeýdip ötüpdirin otuz bir ýaşdan. Ynha indi oýlanyplar otursam, Ömrümiñ iñ gözel, joşgunly döwri. Bitiren işim ýok, arçalan ýodam, Bu ajy hakykat sanjyp dur böwri. Edilmeli işleñ bolsa çägi ýok, Oñ tersine ömür çäkli. Aýdyñ zat, Şoñ üçinem şu günküñi bir bitir, Hem dol düýnüñ öwezini, Adamzat! 1979. | |
|
√ Saýhally hem sada / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Oba. Ýaz gijesi / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Unudan bolsañ... / Goşgular - 26.06.2024 |
√ «Ta» harpy / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Gije hem gündiz / Goşgular - 07.02.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Heýkeltaraş Saragt Babaýewe / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Gitseň / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Durmuş toýunda okalan goşgy / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Ogurlyk goşgular ýa-da goşgy bolup ýetişmedik setirler / Goşgular - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |