13:41 Özüni söýdüren gyza | |
ÖZÜNI SÖÝDÜREN GYZA
Goşgular
![]() Bizar bol ukudan, unut dünýäni, Söýgi saña hupbat ýamanny bersin. Ýeri saña başga näme diýeýin, Duçar eden derdiñ alnyña barsyn. 1982. * * * Geçdi ýyllar, ahmyr bilen, gam bilen, Yşkym hupbat berdi hem berdi jepa, Şu çaka çen ganyp bilmän mähriñden, Ötürdim ömrümi zar bolup wepa. 1982. * * * Şu wagta çen gyzlañ ýüzüne garap, Owadan gözlere bolardym bendi. Näçe jübüt gözleñ oduna ýanyp, Görküñ kalpdadygna düşündim indi. 1982. * * * Müñ kösendim, müñ örtendim, müñ ýandym, Ykbalymdan nadyl boldum müñ sapar, Meger indi müñ bir sapak öwrenen, Bu serim agyry gözlegin tapar. 1982. * * * Tolkun atyp akyp gitdi aý-günler, Herimizi bir kenarda galdyryp, Gapyllykda jyda düşürdi ykbal, Ýa-ha maña, ýa-da saña al berip. Eñip barýan syryp derýa boýuny, Akymyñ ümzügi şonça-da öñe. Eýsem goşa kenar tapyşmazmyka, Eý, arzyly pidam, ýetmenmi saña?! 1982. * * * Çaga deý begenýän günüñ doganna, Guwanýan ilkinji saralan zamça, Ýüregim gyýylýar susan ýaplara, Üzüm çybygyndan syrygan damja. Älemgoşar görsem, bökýär ýüregim, Edähet bolupdyr göze synçylyk, Uçup barýan durnalary göremde, Döreýär bir ünji, gaçýar ynjalyk. 1982. ■ NIREDE SEN Ömrümiñ ýaryny atardym arka Saña duşandyryn öýdüpdim telim. Ýöne şindi sataşmandyr ýodalar, Nirede sen, meñ arzyly gözlegim? Ýigitlik çagymdan gözledim seni, Saçymyñ agyndan gözledim seni. Eger şu wagta çen duşmadyk bolsam, Megerem salgymdan gözledim seni. Belki birçak ötendirin duşuñdan, Maña gujagyñy gerensiñ telim; Arkada galdymy ýa geljegimmiñ, Nirede sen, nireden sen Gözlegim?! 1980. ■ AŞYGYÑ GYMMATY Diýýärler: - Bir aşyk onuñ gymmaty, Ýa diýýärler: - Aşyk agramyna zar. Meñ üçin-ä aşyk iñ gymmatly zat - Çagalykdan galan ýalñyz ýadygär! 1982. Gurban REJEBOW. | |
|
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |