■ LOÝAN
Hytaý Halk Respublikasynyň Henan welaýatynda ýerleşýän gadymy Loýan şäheri Beýik ýüpek ýolunyň gözbaş alyp gaýdan ýeri hasap edilýär. Bu şäher hytaý siwilizasiýasynyň sallançagy hökmünde giň meşhurlyga eýedir. Loýan 3 müň ýyldan hem gowrak wagtlap Hytaýyň 15 sany irki neşilşalyklarynyň paýtagty bolmak bilen, VII asyra çenli Beýik ýüpek ýolunyň başlangyç nokady hökmünde tanalypdyr. Dört müň ýyldan gowrak taryhy bolan Loýan şäherinde dürli asyrlaryň dowamynda jemi 96 sany imperator hökum sürüpdir. Loýan şäheriniň ýerleşýän ýerleri baryp iňňän gadymy zamanlarda adamlar tarapyndan özleşdirilipdir.
Şäheriň “Loýan” adynyň “Loşuý derýasynyň boýundaky güneşli şäher” diýen manysy bardyr. Bu şäher baradaky ilkinji maglumat b.e. öňki 2070-nji ýyla degişlidir. Şol ýyl Sýa döwletiniň (b.e. öňki 2070-1600-nji ýyllar) hökümdary Taý Kan öz paýtagtyny Lohe derýasynyň Ihe derýasyna baryp goşulýan ýerine göçürýär. Ol öz täze paýtagtyny Çžensýun diýip atlandyrýar. Loýan birneme giçkiräk döwürde Çžensýunyň ýerinde dörän şäherdir.
B.e. öňki XV asyrda Şan döwletiniň hökümdary Tan garşydaşy Sýa döwletinden üstün çykyp, öňki paýtagtyň töwereklerinde özüniň Sihao atly paýtagtyny esaslandyrýar.
Günbatar Çžou döwletiniň döwründe (b.e. öňki 1054-771-nji ýyllar) Loýan şäheri iki dogan Çžou-Gun bilen Şao Şi-Gunuň arasynda özara bäsleşigiň döremegine sebäp bolýar. Sebäbi doganlaryň birinjisi, ýagny “U-wan” ady bilen tanalan Çžou Gun Şan döwletini ýykyp, Çžou nesilşalygyny esaslandyrandan soň, ol hem Lohe derýasynyň demirgazyk kenaryndaky Loi diýen ýerde özüniň gündogar paýtagtyny – Çençžou, ýagny Loýan şäherini esaslandyrmagy maksat edinýär. Munuň özi Loýanyň 3 müň ýyldan hem köp taryhynyň bardygyna şaýatlyk edýär.
B.e. öňki 770-nji ýylda çžou hökümdary Pin-wan bu ýere öz paýtagtyny göçürip getirýär. Netijede bu ýerlerde Gündogar Çžou döwletiniň (b.e. öňki 771-221-nji ýyllar) zamanasy başlaýar we Loýan onuň resmi paýtagtyna öwrülýär. Şol döwürler Loýan şäheri Wançen diýlip atlandyrylypdyr. B.e. öňki 510-njy ýylda şäher özara uruşlarda bütinleý diýen ýaly weýran edilýär, ýöne bir ýyldan soň ol ýene-de gaýtadan dikeldilýär.
Hytaýyň ýerleri bitewi Sin imperiýasyna birleşdirilenden soň, Sançuan etraby döredilip, ýurduň syýasy merkezi hem gürrüňi edilýän ýerlerde ýerleşipdir. Haçan-da Lýu Ban Han imperiýasyny esaslandyrandan soň, Sançuanyň merkezini paýtagt şäher Loýana öwürýär. Emma tiz wagtdan Lýu Ban paýtagty Çanana göçürýär, Sançuanyň adyny bolsa Henan diýip üýtgedýär. Han imperiýasynda häkimiýeti Wan Man basyp alandan soň, Loýanyň ady Iýan diýlip üýtgedilýär. Emma Wan Manyň häkimiýeti agdarylandan soň, b.e. 25-nji ýylynda şäheriň Iýan ady ýatyrylyp, ýene-de Loýan ady dikeldililýär. Şeýlelikde Loýan Giçki Han nesilşalygynyň (25-220-nji ýyllar) paýtagty bolýar. 57-nji ýylda imperator Min-di şäherde ajaýyp köşkleri gurdurýar. Loýan baý hem-de gülläp ösýän şähere öwrülýär. Bu ýere günbatar ýurtlaryndan köp sanly täjirler söwda işlerini alyp barmak üçin gelipdirler. 68-nji ýylda şäherde Hytaýda ilkinji budda ybadathanasy bolan “Ak At ybadathanasy” hem gurulýar. Buddaçylyk dinini Loýana An Şigao atly monah getiripdir.
184-nji ýylda “Sary daňylylaryň” gozgalaňy gidýän wagty Loýany gozgalaňçylar eýeläpdirler. Bu bolsa şäheriň ösüşine ýaramaz täsir edipdir.
Loýan şäheri Han imperiýasy synandan soň hem paýtagt şäher bolup galmagyny dowam etdirýär. Ol Weý hem-de Szin döwletleriniň döwründe-de (265-420) paýtagt şäher bolupdyr. Haçan-da Sao Peý Han nesilşalygyny ýatyryp, Weý patyşalygyny döredenden soň, ol Loýany paýtagt hökmünde saýlap alýar. Weý döwletini ýykyp, özüniň Szin imperiýasyny esaslandyran Syma Ýan hem Loýan şäherini ýurduň paýtagty diýip yglan edýär.
Szin nesilşalygynyň häkimiýeti demirgazykly çarwalaryň hüjümleri netijesinde synýar, paýtagt şäher Loýan bolsa bütinleý diýen ýaly weýran edilýär. Şol sebäpden hem paýtagt Nankine göçürilýär. Şundan soň Loýanda az-kem dikeldiş işleri geçirilýär we onuň ady Çžunszin (Orta paýtagt) diýlip üýtgedilýär.
V asyrdan başlap Loýan giň meşhurlyga eýe bolup başlaýar. Bu döwürde şäherde giň köçeler, olaryň boýunda ajaýyp binalar gurulýar. 424-nji ýylda Loýan Demirgazyk Weý döwletiniň (386-535-nji ýyllar) golastyna geçýär. Bu ýyllar ol gülläp ösýän söwda şäherine öwrülýär. Şäherde Merkezi Aziýadan we dünýäniň beýleki sebitlerinden gelen täjirleriň öz mähelleleri bolupdyr. Demirgazyk Weý döwletiniň döwründe 436-njy ýyldan başlap, Loýan şäheri Loçžou welaýatynyň dolandyryş merkezine öwrülýär, ýöne 494-nji ýylda paýtagt ýene-de Loýana göçürilip getirilýär. Soňra giň meşhurlyga eýe bolan Lunmen gowaklary hem edil şol wagtlar gurulýar. Bu gowaklaryň sany 2 müňden hem köpdür. Olarda 100 münden hem köp gowak suratlary hem-de heýkelleri ýerleşýär. Lunmen gowaklarynda Buddanyň 30-müňden gowrak heýkelleri gurlupdyr. IX asyrda Hytaýda buddaçylygyň yzarlanyp başlandygyna, soňraky asyrlarda bolsa Lunmen gowaklarynda talaňçylyklaryň bolandygyna garamazdan, bu ýerde entekler hem synlamak üçin juda köp gymmatlyklar saklanyp galypdyr.
Demirgazyk Weý döwleti ýykylandan soň, onuň ýerleri Demirgazyk Si döwletiniň golastyna geçýär. Soňra bu ýerler Demirgazyk Çžou döwleti tarapyndan eýelenilýär. Demirgazyk Çžou döwletiniň hökümdarlary Loýanyň adyny Dunszin (Gündogar paýtagt) diýip üýtgedýärler.
581-nji ýylda dagynyk Hytaý Suý nesilşalygy tarapyndan bir bitewi döwlete birikdirilýär. Bu nesilşalygyň ikinji imperatory Ýan-di gurujy hökümdarlaryň biri bolupdyr. Ol Loýany ösdürmegiň täze meýilnamasyny işläp düzýär. Ol Beýik Derýanyň gurluşygyny tamamlapdyr, Beýik Hytaý diwarynda dikeldiş-rejeleýiş işlerini geçiripdir. 605-606-njy ýyllarda alnyp barlan işleriň netijesinde Loýan düýpli özgerdilipdir we ol Ýan-di tarapyndan gurlan Çanandan soň Hytaýda ikinji şähere öwrülýär.
618-nji ýylda Hytaýda kuwwatly Tan imperiýasy esaslandyrylandan soň hem Loýan paýtagt bolup galmagyny dowam etdirýär, ýöne onuň ady Dundu (Gündogar paýtagt) diýlip üýtgedilýär. Bu döwürde şäheriň ilat sany bir milliona ýetýär. Ol ululygy boýunça diňe Günbatar paýtagt bolan Çanandan yza galypdyr. 684-nji ýylda hökümdar aýal U Szetýan Loýanyň bu adyny aýryp, ony Şendu (Mukaddes şäher) diýip üýtgedýär. 740-njy ýylda şäher ýene-de Dunszin diýlip atlandyrylyp başlaýar. Netijede VII asyra çenli Loýan şäheri Hytaýyň paýtagty, onuň dolandyryş hem-de medeni merkezi bolmakdan ötri, ol meşhur söwda-senertçilik şaheri hökmünde hem giňden tanalypdyr. Şäherden alys ýurtlara ýüpek we senetçilik önümleriniň onlarça görnüşleri ugradylypdyr. Ýöne bu ýoluň esasy harydy ýüpek hem-de ýüpek matalar bolupdyr. VII asyrdan soň Beýik ýüpek ýolunyň başlanýan şäheri hökmünde Sian (Çanan) şäheri giň meşhurlyga eýe bolup başlaýar, ýöne Loýan hem öz täsirini ýitirmändir.
Tan imperiýasy ýykylandan soň Hytaýda “Bäş nesilşalygyň we on patyşalygyň döwri” diýlip atlandyrylan zamana başlaýar. Bu döwürde-de Loýan öz ähmiýetini ýitirmändir we şol bäş nesilşalygyň üçüsiniň esasy paýtagty, ikisiniň bolsa kömekçi paýtagty bolup hyzmat edipdir. Bu döwürde Loýan Hytaýyň syýasy, ykdysady we medeni merkezi hökmünde saklanyp galypdyr.
Hytaýda Sun imperiýasy esaslandyrylandan soň, Loýan ýurduň Günbatar paýtagty diýlip yglan edilýär we ol şol bir wagtyň özünde Henan welaýatynyň hem dolandyryş merkezine öwrülýär. Ýurduň demirgazygy çarwa çžurçženler (mançžurlaryň ata-babalary) tarapyndan basylyp alnyp, Szin imperiýasy esaslandyrylandan soň, Loýan Orta paýtagt diýlip yglan edilýär.
Mongol basybalyşlaryndan soň Loýan özüniň paýtagt hukugyny hemişelik ýitirýär. Ol indi diňe Henan welaýatynyň dolandyryş merkezi bolup galýar.
Gadymdan galan gürrüňlere görä, Loýanyň meşhurlygy zenan-hökümdar U Szetýanyň ady bilen baglanyşykly bolupdyr. Bir gezek ol özüniň söýgüli güli piona ýylyň bütin dowamynda güllemegi hokum edýär. Emma güller gyşda güllemändirler. Gazaba münen patyşa aýal boýunegmezek gülleri ýok etmegi buýurýar. Bagbanlaryň owadan gülleri ýok edesleri gelmändir, ýöne olar patyşanyň gazabyndan hem gorkupdyrlar. Ahyrsoňy bagbanlar dilleşip, gülleri gizlinlik bilen Loýana göçürip getiripdirler. Şeýlelik bilen piýon gülleri Loýanyň bezegine öwrülipdirler. Şondan soň hytaýlylar Loýany “pion gülleriniň şäheri” diýip atlandyryp başlapdyrlar. Şäheriň ilaty pion güllerini keramatlaşdyrypdyrlar we oňa häzirki döwürde-de uly söýgi bilen sežde edýärler. Häzirki döwürde Loýanda pion gülleriniň 700-den gowrak görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Aýratyn hem Loýan bahar aýlary gözel görke eýe bolýar. Sebäbi pionyň bark urýan ajaýyp ysy bu gadymy şäheriň ähli ýerlerini gurşap alýar.
Häzirki döwürde HHR-yň hökümeti Beýik ýüpek ýolunyň gözbaş alyp gaýdan gadymy Loýan şäherini ösdürmek, ony ýurduň meşhur syýahatçylyk merkezleriniň birine öwürmek bilen baglanyşyk giň gerimli çäreleri amala aşyrýar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde, internet ulgamynda Loýan şäheriniň taryhy mirasy, syýahatçylyk mümkinçilikleri barada baý maglumatlar berilýär.
Şäheriň köne mähellerinde ýerleşýän gadymy hem-de orta asyr taryhy ýadygärliklerinde, şäheriň golaýyndaky Lunmen gowaklarynda dikeldiş-rejeleýiş işleri geçilýär. Şu maksatlar bilen häzirki döwürde Hytaýyň hökümeti tarapyndan bu gadymy şäheriň taryhy keşbini dikeltmek üçin 3,3 mlrd ýuan (ABŞ-nyň 429 million dollary) möçberinde maliýe serişdeleri goýberildi.
Häzirki döwürde Loýan Hytaý Halk Respublikasynyň durmuş-ykdysady we medeni taýdan çalt depginler bilen ösýän iri şäherleriniň biridir. Onda bir milliondan gowrak ilat ýaşaýar.
Gurtnyýaz HANMYRADOW.
Taryhy ýerler