11:12 Beýik Ýüpek ýoly -24: Aleksandriýa | |
ALEKSANDRIÝA
Taryhy ýerler
Beýik Ýüpek ýolunyň Demirgazyk Afrikanyň çäginde tamamlanýan iň soňky nokady bolan Aleksandriýa şäheriniň ýigrimi üç asyrlyk taryhy bardyr. Şäher 332-nji ýylda Isgender Zülkernaýn tarapyndan esaslandyrylandygy üçin, “Aleksandriýa” (araplar “Iskenderiýa” diýip atlandyrýarlar) adyny göterip gelýär. Şol wagtlar ol Müsüriň paýtagty, onuň söwda-ykdysady hem-de medeni merkezi, ellin dünýäsiniň ruhy durmuşynyň ojagy bolupdyr. Şäheri esaslandyran Isgenderiň we owadanlygy bilen rim imperatorlary Sezary hem-de Mark Antonini özüne bendi eden Ptolomeýler nesilşalygynyň iň soňky zenan hökümdary Kleopatranyň atlary şähere dünýä meşhurlygyny getiripdir. Elbetde, Aleksandriýa diýlende onuň ajaýyp kitaphasy hem göz öňunde janlanýar. Kitaphanada milliona basalyk kitaplar saklanylyp, olar tutuş adamzadyň asyrlarboýy toplan akyl-paýhasyny özünde jemläpdirler. Bu şäherde XIV asyrda güýçli ýer titreme zerarly ýumrulan dünýäniň “ýedi täsinliginiň” biri bolan “Faros maýagy” ýerleşipdir. B.e. I asyrynda bu ýerden Müsüriň hristianlaşmagy başlaýar. Aleksandriýa özüniň köp asyrlyk taryhynda görülmedik meşhurlygy, betbagtçylyklary hem-de tozgunçylygy köp görüpdir, ýöne ýene-de gülläp ösüpdir. B.e. öňki 332-nji ýylda Isgender Zülkernaýn, ýerli ruhanylaryň goldawuna daýanyp, eýranly ahemenileriň Müsür satraplygyny söweşsiz eýeleýär. Makedon hökümdary Nil derýasynyň şahalarynyň günbatarynda täze şäheriň – Müsür Alksandriýasynyň düýbüni tutýar. Bu ýerde baryp b.e. öňki VIII asyrda göçüp gelen grek ilaty tarapyndan esaslandyrylan birnäçe obalar bar eken. Isgender ölenden soň, onuň serkerdeleriniň biri Ptolomeý I Soter Müsürde dolandyryşy öz eline alýar we soňra ony mirasdüşer patyşalyga öwürýär. Ol öz häkimiýetini has-da berkitmek üçin, Isgenderiň jesedini Siriýadan Aleksandriýa getirip ýörite guburda jaýlaýar. Aleksandriýa şäheri iki sany grek binagäri – Rodosly Dinokratyň we Knidaly Sostratyň işläp düzen meýilnamasy esasynda gurulýar. Şäher bäş sany mähellä bölünip, iki sany giň hem-de göni köçeler arkaly bölünipdir. Köprüler, seýilgähler, teatrlar, çapyşyk meýdanlary, ýerasty suw ulgamlary we köçeleriň yşyklandyrylyşy – bularyň bary Aleksandriýanyň baý hem-de gülläp ösen ellin şäheri bolandygyndan habar berýär. Aýratyn hem şäheriň üçden bir bölegini eýelän hökümdarlaryň ýaşan bölegi özüniň ajaýyp binagärçiligi bilen tapawutlanypdyr. Aleksandriýanyň ptolomeýler ýaşaýan bölegindäki gür baglara bürenip oturan seýilgähleri, üýtgeşik jandarlary bolan haýwanat baglary, baý bezelen teatrlary we hammamlary görenleri aňk edipdir. Bu ýerde patyşa guburhanalary hem ýerleşip, Isgenderiň özi hem hut şu ýerde jaýlanypdyr. Şäheriň hökümdarlar ýaşan böleginde meşhur Aleksandriýa kitaphanasy we Aleksandriýa muzeýi ýerleşipdir. Müsürli patyşalar ylma, bilime we medeniýete howandarlyk edipdirler, şol sebäpden hem Ptolomeýleriň dolandyran ähli döwürlerinde Aleksandriýa muzeýi (Museýon) b.e. öňki 297-nji ýylda Afinynyň öňki häkimi, beýik filosof Demetriý Falerski tarapyndan esaslandyrylyp, ol ylmyň hem-de sungatyň merkezine öwrülipdir. Muzeýiň düzüminde kitaphanadan başga-da, älemşynaslyk minarasy, botanika we haýwanat baglary hem bolupdyr. Netijede Ptolomeýleriň döwründe bu muzeý häzirki zaman ylymlar akademiýasyny, rimlileriň döwründe bolsa uniwersiteti ýada salypdyr. Aleksandriýa Orta ýer deňziniň gündogar böleginiň we tutuş ellin dünýäsiniň möhüm ykdysady hem-de medeni merkezine öwrülipdir. Şäheriň üsti bilen Orta ýer deňziniň boýlaryndaky bazarlara däne, zygyr matalary, aýna, papyrus, ýag, duz we gullary äkidipdirler. Arabystandan Ptolomeýler her hili hoşboý ysly zatlary, altyn we gymmat baha daşlary, Hindistandan – şirmaýy, merjen, gymmat baha daşlary, nah matalary, boýaglary we tüwi, Hytaýdan – ýüpek matalary getiripdirler. Hytaý bazaryndan gelýän ýüpek şu ýerden Ýewropa tarap ýaýradylypdyr. B.e. öňki II asyryň ahyrlarynda – III asyryň başlarynda Müsür gowşap başlaýar we özüniň ellin dünýäsindäki öňdebaryjylygyny ýitirýär. Ptolomeýleriň gowşaklygyndan ilki Makedoniýa we Siriýa, soň bolsa Rim peýdalanýar. B.e. öňki 30-njy ýylda Müsür rimliler tarapyndan eýelenilýär. Şeýlikde, dünýäniň iň baý ýurtlarynyň biri bolan Müsür Rimiň golastyna geçýär. B.e. I asyrynyň ortalarynda Müsüre hristiançylyk dini ýaýrap ugraýar we Aleksandriýa täze diniň merkezleriniň birine öwrülýär. II asyrda Aleksandriýada dünýäde birinji hristiançylyk ýokary okuw mekdebi açylýar. Feodosiý I ölenden soň, 395-nji ýylda Rim imperiýasy onuň ogullarynyň arasynda gutarnykly ikä bölünýär. Bölünişik boýunça Müsür Gündogar Rim imperiýasynyň – Wizantiýanyň paýyna düşýär. VI asyrda Ýustianian I-niň döwründe Müsür Wizantiýanyň ösen welaýatlarynyň birine öwrülýär. VII asyryň başlarynda Aleksandriýa sasany patyşasy Hysrow II Parwiz tarapyndan basylyp alynýar. Çeşmeleriň şaýatlyk etmegine görä, Hysrow Parwiz ummasyz köp olja alypdyr. 629-njy ýylda wizantiýalylar Aleksandriýany sasanylaryň elinden gaýtaryp almagy başarýarlar, ýöne 641-nji ýylda şäher musulmanlar tarapyndan eýelenilýär. Şundan soň Aleksandriýanyň mundan beýläkki taryhy musulman dünýäsiniň taryhy bilen aýrylmaz baglanyşykly boldy. 868-nji ýylda Müsürde oguzlardan bolan Tulunylar nesilşalygynyň häkimiýeti berkarar edilýär. 905-nji ýylda abbasy halyfy Müsüri öz tabynlygyna geçirse-de, 935-nji ýylda beýleki bir oguz nesilşalygy bolan ihşitler Müsürde häkimiýeti öz ellerine alýarlar. 969-njy ýylda Müsürde häkimiýet asly Demirgazyk Afrikadan bolan fatimiler nesilşalygynyň eline geçýär. Fatimileriň häkimiýeti tä 1171-nji ýyla çenli dowam edýär. Şol ýyl Müsürde häkimiýet zeňňi türkmenleriniň serkerdesi Salaheddin Eýýubiniň eline geçýär. Eýýubileriň döwründe Saheddin türkmenlerden düzülen goşunlara daýanyp haç göterijilere garşy yzygider uruşlary alyp barýar. Bu döwürde Aleksandriýa söwda-senetçilik şäheri bolup galmagyny dowam etdirýär. 1250-nji ýylda Müsürdäki häkimiýet türki gulamlardan bolan mamlýuklaryň eline geçýär. 1347-nji ýylyň garahassalyk keseli Müsüriň ykdysadyýetine örän uly zyýan ýetirýär. 1365-nji ýylda kiprli haç göterijiler Aleksandriýany eýeläp, şäheri aýylganç talaňçylyga sezewar edýärler. XIV asyrda araplar Aleksandiýa maýagyny az-kem dikeldýärler, emma XV asyrda mamlýuk hökümdary Kaýt beg onuň ýerinde gala gurdurýar. 1517-nji ýylda Müsüri osmanly soltany Ýowuz Selim eýeleýär. Şundan soň bu yurt tä XX asyryň başlaryna çenli diýen ýaly Osman imperiýasynyň bir bölegi bolup galyberýär. 1798-nji ýylda Aleksandiýany Napoleon Bonapartyň baştutanlygyndaky fransuz goşunlary eýeleýär. Emma fransuzlaryň Müsürdäki agalygy uzaga çekmeýär. Iňlis-türk goşunlary fransuzlary Müsürden kowup çykarýarlar. 1922-nji ýylda Müsür garaşsyzlygyny gazanýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda Aleksandriýa şäheri ýurduň ykdysady we medeni durmuşynda uly orna eýe bolmagyny dowam etdirýär. Häzirki döwürde Aleksandriýa Müsüriň Kairden soň ikinji iri şäheridir. Şäheri gürrüňsiz ýurduň medeni paýtagty diýip atlandyryp boljak, özi hem bu ýerde gündogara mahsuz zatlardan, Ortaýer deňzi sebiti üçin häsiýetli aýratynlyklar has agdyklyk edýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |