11:02 Beýik Ýüpek ýoly -19: Töwriz | |
TÖWRIZ
Taryhy ýerler
Gadymdan galan rowaýata görä, Günorta Azerbaýjanyň merkezi Töwriz şäheriniň ýerinde Mukaddes Injil kitabynda gürrüňi edilýän Erem Bagy ýerleşipdir. Şonuň üçin hem Töwrizi görmäge höwes bildirýänleriň we oňa gelýän jahankeşdeleriň sany ýylyň ýylyna artýar. Şäher EYR-nyň demirgazyk-gündogarynda, Ajyçaý derýasynyň jülgesinde ýerleşýär. Töwriziň töwereklerinde ýyly suwly çeşmeler diýseň köp. Şol sebäpden hem şäheriň ady hem ýyly suwly çeşmeler bilen baglanyşyklydyr. Pars dilinde aýdylýan “tapriz” sözi “ýylylyk paýlaýan” diýen manyny aňladýar. Şäher ilkinji gezek “Tauri” ýa-da “Tarmkis” ady bilen b.e. öňki II asyryň ýyl ýazgysynda agzalyp geçilýär. Ýyl ýazgysynda berilýän maglumatlar Töwriziň Midiýa Atropatenasynyň paýtagty bolandygyndan habar berýärler. Isgender Zülkernaýnyň Gündogara ýörişleri döwründe Atropatena Ahemeniler döwletiniň bir satraplygy bolupdyr. Satraplygy Aturpat dolandyrypdyr. Isgender ölenden soň, ol özüni Midiýanyň demirgazygynyň hökümdary diýip yglan edýär we Kiçi Midiýa döwletini ýa-da Atropatenany (giçki döwürde “Azerbaýjan” – “otlar ýurdy”) esaslandyrýar. Biziň eýýamymyza geçilýän döwürlerde Atropatena Beýik Parfiýa döwletiniň düzümine girizilýär. B.e. III-VII asyrlarynda, ýagny sasanylaryň döwründe Töwriz aýratyn marzbanlyk bolan Azerbaýjan ýurdunyň ykdysady we medeni merkezi hökmünde giňden tanalypdyr. Sasanylaryň döwründe Atropatenanyň patyşalygyna adatça tagtyň mirasdary bellenilipdir. Azerbaýjan ýerleri Arap halyflygynyň düzümine girenden soň hem Töwriz öz ähmiýetini ýitirmändir. 889-njy ýylda Azerbaýjanyň çäginde Sajylaryň (türki diliniň “saç” sözüniň arapçada ýoýulmasy) döwleti esaslandyrýar, onuň paýtagy bolsa Töwriz şäheri bolupdyr. XI asyryň ortalarynda Azerbaýjanyň çäginde günbatara göç edýän oguz-türkmen taýpalary peýda bolýarlar. 1070-nji ýylda Azerbaýjanyň çägi dolulygyna Beýik Seljuklaryň döwletiniň düzümine goşulýar. XII asyryň başlarynda bu ýerde Yrakdaky Seljuk döwleti ýüze çykýar. Yrakdaky Seljuk döwletiniň döwründe Töwriz has hem giň meşhurlyga eýe bolupdyr. Cebäbi şäherde yrakly seljuklaryň atabegleri höküm sürüpdirler. Atabegler Azerbaýjanyň ýerinde soňra Ildeňizler atabegligini esaslanyrýarlar. Yrakly seljuklaryň we ildeňizleriň döwründe üstünden Beýik Ýüpek ýoly geçen Töwrüz şäheri gülläp ösüpdir. Bu ýerde söwda-senetçilik işleri görlüp-eşidilmedik derejelerde ösüpdir. Şäherde köp sanly bazarlar, dükanlar we kerwensaraýlar gurlupdyr. Netijede Töwriz Demirgazyk-Günbatar Eýranyň, hususan-da Azerbaýjan ülkesiniň iň uly syýasy-ykdysady we medeni merkezine öwrülýär. Geçmişde Töwriz gülläp ösüşler bilen bir hatarda, ajy günleriň, ýowuz ýyllaryň hem şaýady bolupdyr. Şäher ençeme ýola basybalyjylykly uruşlaryň pidasy bolupdyr, 858-nji, 1041-nji we 1721-nji ýyllaryň tebigy betbagtçylygy bolan aýylganç ýer titremelere hem sezewar bolupdyr. XIII asyryň mongol basybalyşlary hem Töwrizden sowa geçmändir. 1220-1222-nji ýyllarda musulman Gündogarynyň köp sanly şäherleri bilen bir hatarda, Töwriz hem ýowuz talaňçylyklara we weýrançylyklara sezewar edilýär. Üç ýyla golaý wagtyň dowamynda şähere mongollar üç gezek hüjüm edýärler. Bu ýerde Jelaleddin Meňburun mongol gounlary bilen ýowuz uruşlary alyp barypdyr. Hulagy hanyň günbatara ýörişleriniň netijesinde Azerbaýjan topraklary mongollaryň Eýranda guran Ilhanlaryň döwletiniň düzümine goşulýar, Töwriz bolsa bu döwletiň iki paýtagtynyň biri bolýar. Bagdat ilhanlaryň “gyşlag paýtagty”, Töwriz bolsa “ýaýlag (ýazlag) paýtagty” bolup hyzmat edipdir. XV asyryň ortalarynda Hulagularyň döwletiniň ýykylmagy bilen, Azerbaýjanyň ýerleri, mongollaryň Jelaýyrlar döwletiniň düzümine goşulýar. Jelaýyrlar hem paýtagt hökmünde Töwrizi saýlap alýarlar. Emma Orta Aziýanyň hökümdary Teýmirleň Jelaýyrlary Azerbaýjandan kowýar. Teýmirleň ölensoň Azerbaýjan onuň ogly Miranşanyň eline geçýär. Miranşadan soň Azerbaýjandaky häkimiýet garagoýunly türkmenleriň eline geçýär. Garagoýunly hökümdary Gara Ýusup Azerbaýjanda öz döwletini esaslandyrýar, paýtagt bolsa Töwriz bolýar. Gargoýunly döwleti ýykylandan soň, onuň ýerinde türkmenleriň Akgoýunly döwleti esaslandyrylýar. Töwriz aýratyn hem akgoýunly hökümdary Uzyn Hasanyň döwründe has-da ösüpdir. Töwrize Günbatar we Gündogar Ýewropa ýurtlaryndan, Moskowiýadan (geljekki Rus döwleti), Kiçi Aziýadaky Trapezund döwletinden ilçiler gelipdir. Öz gezeginde Töwrizden ady agzalan ýurtlara türkmen ilçileri ugradylypdyr. Töwriz dürli dinleriň ylalaşykly ýaşaýan ýeri bolupdyr. Bu ýerde musulman metjitleri bilen bir hatarda, hristianlaryň Keramatly Tadeuşyň, Keramatly Stefanyň, Keramatly Mariýanyň (Mukaddes Merýemiň kilisesi), Keramatly Sarkisiň, Garakelise ybadathanalary hem öňki döwürlerdäki ýaly päsgelçiiksiz hereket edýärler. 1502-nji ýylda şa Ysmaýyl Hataýy Sefewileriň döwletini esaslandyrýar. Döwletiň paýtagty hökmünde Töwriz saýlanylyp alynýar. Şa Ysmaýylyň we onuň mirasdüşeri şa Tahmaspyň döwründe Sefewiler döwleti, onuň paýtagty Töwriz uly ösüşlere eýe bolupdyr. Emma Töwriz Osman imperiýasynyň serhetlerine golaý ýerde ýerleşipdir. Mälim bolşy ýaly Sefewiler hem-de Osmanly döwletleri häli-şindi özara uruşlary alyp barypdyrlar. Bu uruşlarda Sefewiler ejizläpdirler. Şol sebäbden hem 1848-nji ýylda şa Tahmasp Sefewiler döwletiniň paýtagtyny Töwrizden Kazwine geçirýär. Netijede asyrlar boýy paýtagt bolup gelen Töwriz bir bada öz ähmiýetini ýitiripdir. Emma möhüm söwda ýollarynyň çatrygynda ýerleşendigi üçin, Töwriz hiç haçan hem dolandyryjylaryň ünsünden düşüp galmandyr. Köp asyrlap paýtagt bolan Töwriz şäherinde köp sanly taryhy-medeni ýadgärlikler saklanyp galypdyr. Olardan Töwriz galasyny, Töwriziň köne bazarynyň jaýyny, Juma Metjidini, Ostar Şakir metjidini (dördüsi hem XIV asyrda gurlan), Gök metjidi (XVI asyr) mysal hökmünde görkezmek bolar. Bu ýadygärliklerden iň nepisi hem-de ähmiýetlisi Gök metjitdir. Bu desga 1465-nji ýylda Garagoýunly türkmen patyşasy Şa Jahan tarapyndan gurdurylypdyr. Soňra bu ýerde hökümdaryň özi hem depin edilipdir. Käbir maglumatlara görä, bu desga kakasynyň ýeňişlerini şöhratlandyrmak üçin, Şa Jahanyň gyzy Salyha Hanym tarapyndan bina edilipdir. Şäher “Töwriz mekdebi” diýip at alan suratkeşlik sungatynyň merkezi hem bolupdyr, Bu mekdepde Behzad, Soltan Muhamet, Muzaffar Aly, Mürze Aly, Mir Seýit Aly ýaly sungat ussatlary ajaýyp surat eserlerini döredipdirler. Töwrizde şäher ilatynyň we şäheriň myhamanlarynyň gelim-gidimli ýerleriniň birnäçesi bar. Olardan Şährdan meýdanyny, El Goli milli seýilgähini, Gülistan bagyny, Şahyrlaryň aramgähini, Hatdatlyk we Kuran muzeýini, Töwriz muzeýini, Arheologiýa we Antropologiýa muzeýini, Gündogar Azerbaýjanyň taryh muzeýini, Gajarlaryň muzeýini, Ussat Şähriýaryň muzeýini we başgalary görkezmek bolar. Bulardan has täsirlisi Şahyrlaryň aramgähidir. Bu ýerde Hakany Şirwany, Asady Tusy, Katran Töwrizi ýaly söz ussatlarynyň 50-ä golaýy jaýlanypdyr. Töwrizde 20-ä gowrak ýokary okuw mekdepleri işleýär. Olardan has meşhurlary Töwriz uniwersiteti, Töwriziň lukmançylyk ylymlary uniwersiteti, Çeperçilik uniwersiteti, Mugallymçylyk uniwersiteti bolup, olarda ýurduň dürli künjeklerinden okamaga gelýän ýaşlar bilim hem-de hünär alýarlar. Häzirki döwürde Töwriz ilat sany boýunça EYR-nyň dördünji şäheri bolup, onda 1,5 milliona golaý ilat ýaşaýar. Töwriz senagat önümçiliginiň derejesi boýunça Tährandan soň ikinji şäherdir. Şäherde senagat önümçiliginiň dürli ugurlary boýunça ýöriteleşen köp sanly zawodlar we fabrikler bardyr. Töwriziň traktorlary öndürýän “Tebriz Mohsen” kompaniýasynyň ýurduň iri şäherlerinde we daşary ýurtlarda şahamçalary hereket edýär. Bu ýerde nebiti gaýtadan işleýän, sement we himiýa zawodlary ýaly iri kärhanalar işleýär. Töwriziň ösen ýeňil we dokma senagtlary, meşhur haly fabrikleri bardyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 5 | ||||||
| ||||||