11:06 Beýik Ýüpek ýoly -21: Bagdat | |
BAGDAT
Taryhy ýerler
Gündogaryň gadymy şäherleriniň köpüsinden tapawutlylykda, üstünden Beýik Ýüpek Ýoly geçen Bagdat orta asyrlarda gurlan şäherdir. Ol soňra Abbasy halyflygynyň paýtagty bolýar. Arap halyflygynyň paýtagty öň Kufa şäheri bolupdyr. Emma ägirt uly musulman döwletiniň kemala gelmegi, onuň serhetleriniň has gündogara tarap süýşmegi bilen amatly paýtagty gurmagyň zerurlygy ýüze çykýar. Şonuň üçin hem Mesopotamiýada, häzirki Orta Yrakda, Tigr bilen Ýewfrat derýalarynyň biri-birine has golaý gelýän ýerinde täze paýtagt gurmaklyk karar edilýär. Täze paýtagtyň düýbi 762-nji ýylda halyf al-Mansur tarapyndan tutulyp, onuň adynyň gelip çykyşyny gadymy Bagdat obajygynyň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Şäheri halyf «Madinat as-Salam» («Abadançylyk şäheri») diýip atlandyrypdyr. Emma halk arasynda barybir, «Bagdat» («Hudaý beren») ady ýörgünli bolup galypdyr. Şäheriň Horasan, Kufa, Basra we Damask diýlip atlandyrylan dört sany derwezesi bolupdyr. Bagdat şäheri aýratyn hem al-Mansuryň agtygy Harun ar-Reşidiň (786-809) döwründe gülläp ösüpdir. Bu döwürde Bagdat dünýäniň iň owadan hem-de baý şäherleriniň birine öwrülip, halyf hem-de onuň wezir-wekilleri zynat içinde ýaşapdyrlar. Merwi wagtlaýynça abbasy halyflygynyň paýtagtyna öwren halyf Mamunyň oguz begzadasy Boran weziriň gyzy bilen guran durmuş toyy, halyf Mütewekgiliň (847-861) guran şowhunly meýlisi Bagdatyň ilatynyň ýadyndan onlarça ýyllap çykmandyr. Altyndan edilip, göwher daşlary we merjen däneleri bilen bezelen halynyň üstünde oturan Mamun bilen gelniniň üstüne altyn mejimelerden müňlerçe ululy-kiçili merjen dänelerini seçipdirler. Halyfyň köp sanly wezir-wekilleri bolsa, togalak müsküň daşyna çatynjalara niýetlän sowgatlarynyň atlaryny ýazyp, köşgüň ortasynda belent supada altyn halynyň üstünde oturan çatynjalara tarap togalap goýberipdirler. 917-nji ýylda oguz gyzy Garypdan bolan halyf al-Muktadir (908-932) Wizantiýanyň patyşasy Konstantin VII-niň ilçilerini kabul edýär. Halyf öz kuwwatyny görkezmek üçin oguzlardan bolan serkerdeler tarapyndan baştutanlyk edilýän 160 müň adamly goşunyny, 7 müň hyzmatkärini we 700 sany köşk adamlaryny, 100 sany eldekileşdirilen ýolbarslaryny ilçileriň öňünden nyzam bilen geçiripdir. Köşgüň penjirelerine 38 müň tuty gerlip, onuň içine 22 müň sany haly düşelipdir we diwarlaryndan asylyp goýlupdyr. Ilçileri aýratyn hem «Daragt köşgi» haýran galdyrypdyr. Köşgiň içindäki tegelek serhowzuň ortasynda altyndan we kümüşden edilen emeli daragt dikilip, onuň şahalarynda ýörite enjamlaryň kömegi bilen her dürli hereketleri edýän altyndan edilen emeli guşlar oturdylypdyr. Köşgiň içinde naýzasy bilen aw awlap duran 30 sany atly esgeriň altyndan edilen heýkeli ýerleşdirilipdir. Gürrüňi edilen zynatlar al-Muktadiriň 23 sany köşgüniň diňe birindäki zatlar bolupdyr. Harun ar-Reşidiň hökümdarlyk eden ýyllarynda Bagdatda köp sanly köşkler, kitaphanalar, ylym öýleri, keselhanalar, metjit-medreseler gurlupdyr. Şu döwürde halyflaryň serkerdeleri, sakçylary hem-de halyf goşunlarynyň esasy zarba urujy güýçleri hökmünde Bagdatda oguz türkmenleri peýda bolup ugraýar. Harun ar-Reşit aradan çykandan soň, Amin bilen Mamunyň arasyndaky häkimýet ugrundaky göreşlerde Bagdat uly zyýan çekipdir. Emma 834-nji ýylda häkimiýete al-Mutasimiň (833-843) gelmegi bilen Bagdat gaýtadan ösüp başlapdyr. Harun ar-Reşidiň aýallaryndan üç sany ogly bar eken. Olardan al-Amin arap aýaly Zübeýda Soltandan, al-Mamun horasanly Marajaldan, al-Mutasim bolsa ýesir edilip getirilen oguz gyzy Meride Hatyndan bolupdyr. Ilki Amin, soň Mamun halyf bolýar. Halyf bolanyndan soň Mamun al-Mutasimi döwletiň baş serkerdeligine belleýär. Emma Mamun özünden soň, halyflygy ogly Musa miras galdyrmak isläpdir, ýöne Musa kakasy Mamun aradan çykandan soň abbasylar nesilşalygynyň ýaşulusy hökmünde Mutasimiň peýdasyna tagtdan el çekýär. Netijede mundan beýläk tä Abbasy halyflygy ýykylýança (1258) hökümdarlyk eden halyflaryň ählisi Harun ar-Reşidiň oguz aýalyndan bolan Mutasimden örňän nesiller bolupdyr. Al-Mutasim töweregine Amyderýanyň we Syrderýanyň boýlanlaryndan getirilen oguzlardan düzülen dört müňden gowrak köşk goragçylaryny jemläpdir, halyf goşunlaryna-da esasan, oguzlardan bolan serkerdeleri belläpdir. Bu barada gündogarşynaslar O. Kowtunowiç bilen S. Hojaş: «Harun ar-Reşidiň üçünji ogly, sekizinji abbasy halyfy al-Mutasim (833-842) türki ýesir gyzyndan doglupdyr. Tagta geçen dessine, ol Orta Aziýadan getirilip, türkilerden düzülen dört müňlük şahsy goşunlary öz töweregine ýygnapdyr» diýip ýazypdyrlar. Bu döwürde oguzlar Bagdadyň «al-Harbiýa» we «al-Balhiýa» mähellelerinde ýaşaýardylar. Şonuň üçin hem halyf paýtagty Bagdatdan göçürmegi we täze paýtagt gurmagy karar edýär. Şeýlelikde, 836-njy ýylda Bagdatdan 120 km daşlykda, Tigr derýasynyň sag kenarynda ýerleşýän Samarra obajygynyň ýerinde täze paýtagt gurlup başlaýar. Araplara düşnüksiz bolan assiriýalalylaryň «Samarra» adyny al-Mutasim arapça «Surra men raa» («[Ony] gören şat bolar») diýip üýtgedipdir. Halyflygyň paýtagty hökmünde «Surra men raa» ady teňňeleriň ýüzünde, resmi döwlet iş dolandyryş kagyzlarynda giňişleýin ulanylypdyr, ýöne halk arasynda şäheriň Samarra ady barybir ýörgünli bolup galypdyr. Bagdatdan tapawutlylykda Samarra göni köçeli şäher bolup, onuň baş köçesiniň giňligi 100 metre uzynlygy bolsa 15 km barabar bolupdyr. Şu köçe bilen günde diýen ýaly halyfyň türkilerden düzülen goragçylary we goşunlary dabaraly nyzam bilen geçýär ekenler. Şähere köp sanly metjitler, halyfyň we onuň türki serkerdeleriniň köşkleri aýratyn bezeg beripdir. Aýratyn hem al-Mutasimiň «Jausak al-Hakani» («Han galasy») diýlip atlandyrylan köşgi owadan bolupdyr. Köşkleriň depesindäki howalanyp duran owadan gupbalar binalara aýratyn gelşik beripdir. Köşgüň öňünde meýdany 127 inedördül metre barabar bolan ajaýyp serhowuz hem bar eken. Tigr derýasyndan gelýän ýaplar arkaly bag-bakjanyň ölemen aşygy al-Mutasimiň seýilgählerine suw getirilipdir. Samarranyň günortasynda halyf 53 inedördül kilometer barabar bolan daşky haýatly täsin haýwanat bagyny gurdurypdyr. Onda iki müňden hem gowrak görnüşli haýwanlar saklanypdyr. Haýwanat bagynyň meýdany şeýle uly bolansoň, al-Mutasim onda aram-aram aw hem edýär eken. Halyf al-Mutamit (871-892) döwletiň merkezini 56 ýyllap Abbasy halyflygynyň paýtagty bolup hyzmat eden Samarra şäherinden ýene-de Bagdada göçürip getirýär. Şundan soň ýene-de birnäçe asyrlap Bagdat Abbasy halyflygynyň paýtagty bolup hyzmat edipdir. Emma 1258-nji ýylda dünýäniň iň uly megapolisi Bagdat mongollar tarapyndan weýran edilipdir. Şeýlelikde, Bagdat soň hiç haçan hem edil XI-XIII asyrlaryň ortalaryndaky derejesine ýetip bilmändir. Häzirki döwürde Bagdat Yrak döwletiniň paýtagtynyň wezipesini ýerine ýetirýär. Şäherde Bagdadyň dünýä meşhur döwrüniň käbir ýadygärlikleri saklanyp galypdir. Halyf an-Nasyryň döwründe (1180-1225) Bagdat berkidilipdir, onuň daşyna kuwwatly gala diwarlary aýlanylypdyr, al-Mustansiriň (1226-1242) döwründe bolsa, ajaýyp «al-Mustansariýa» medresesi gurlupdyr. Bu medrese döwründe bütin musulman dünýäsinde şöhratlanan belli okuw mekdebine öwrülipdir. Alymlara, şahyrlara, suratkeşlere howandarlyk eden Mustansir medresesä şeýle bir köp kitaplary sowgat beripdir welin, olary köşkden medresä eltmek üçin 160 sany hammal gerek bolupdyr. Mustansariýa medresesinden birneme aňyrrakda halyf al-Mustadiniň aýaly, halyf an-Nasyryň bolsa ejesi Zümerret Hatynyň çykaran harajatynyň hasabyna we onuň ak patasy bilen gurdurylan al-Haffafin metjidi gurlupdyr. Zümerret Hatynyň metjidinden onuň harabalyklary hem-de Bagdatda iň gadymy hasap edilýän minarasy saklanyp galypdyr. 1202-nji ýylda aradan çykan Zümerret Hatynyň aramgähi ogly halyf an-Nasyr tarapyndan gurlup, ol Tigr derýasynyň günbatar kenaryndaky köne öwlüýäde ýerleşýär. Öwlüýäde ýerleşýän beýleki aramgählerden Zümerret Hatynyň aramgähi keşbi boýunça-da, göwrümi boýunça-da düýpli tapawut edýär. Aslyýetinde, bu ajaýyp bina meňzeş aramgähi musulman binagärçiliginden tapaýmak aňsat däl. Aramgäh sekiz burçly görnüşde gurlup, onuň üstüne süýnmek edilip galdyrylan üýtgeşik gupba bina edilipdir. Osmanly we Sefewi döwletleriniň tabynlygynda bolan Bagdatda dürli asyrlarda köp sanly köşkler, galalar, aramgähler, metjit-medreseler we başga-da köp sanly gurluşyk desgalary bina edilipdir, köne binalaryň ençemesi gaýtadan dikeldip, rejä salnypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||