11:07 Beýik Ýüpek ýoly -22: Damask | |
DAMASK
Taryhy ýerler
Arheologlar Damasky Ýer ýüzüniň iň gadymy şäherleriniň sanawuna goşýarlar. Söwda kerwenleri üçin Damaskyň ýerleşýän ýeri juda amatly bolupdyr. Sebäbi Orta ýer deňzine ýa-da daglara barýan ýolda Siriýa çölünden çykan kerwenler üçin bu ýerde oňaýly düşelgeler bolupdyr. Orta asyr arap taryhçysy ibn Asahiriň (XII asyr) ýazmagyna görä, Nuhuň tupanyndan soň ilkinji galdyrylan gala Damaskyň diwarlary bolupdyr. Taryhçylaryň bir toparynyň çaklamalaryna görä, şäheriň gadymy ady bolan “Şam” hem Nuhuň ogly Simiň ady bilen baglanyşykly bolupdyr. Taryhçylaryň başga bir topary şäheriň taryhyny Adam ata bilen baglanyşdyrýarlar. Olaryň tassyklamagyna görä, hamana Adam ata Howa ene bilen Damaskyň töwereginde yurt tutunanmyşlar. Hatda häzir hem Kasyot dagynda ol ikisiniň ogullary Abyl bilen Käbiliň göreşine şaýatlyk edýän ýeriň ady (Maharet ad-dam – “Ganly gowak”) saklanyp galypdyr. Mukaddes kitap Injilde, gadymy arameý we ýahudy ýazgylarynda şäheriň ady “Darmaýek”, “Dumask”, “Dumasak” görnüşlerinde gabat gelýär. “Damask” – “içi suwly öý” diýmekdir. Ibn Asahir şäheriň b.e. öňki IV müňýyllykda düýbüniň tutulandygyny bellese-de, Damaskyň taryhyna degişli ilkinji maglumatlar b.e. öňki XV asyra degişlidir. Şol wagtlar Damask müsürli faraonlaryň golastynda bolupdyr, şonuň üçin hem bu barada müsür ýazgylarynda maglumatlar saklanyp galypdyr. 4500 ýyl mundan öň bu söwda merkezi şäher derejesine eýe bolýar, b.e. öňki 1480-nji ýylda bolsa Müsüriň faraony Tutmos III Damasky öz imperiýasynyň şäherleriniň sanawuna goşmagy hokum edýär. Damask gadymy Assiriýanyň, Täze Wawilon, Ysraýyl we Pars patyşalyklarynyň, Isgender Zülkernaýnyň imperiýasynyň, şeýle hem Selewkiler döwletiniň düzümine-de giripdir. B.e. öňki 85-nji ýylda Damasky nabateýalylar basyp alypdyrlar, b.e. öňki 64-nji ýylda bolsa rimli serkerde Gneý Pompeý, şäheri Rim imperiýasynyň düzümine goşýar. Damaskda parslar bilen söweşleri alyp baran rim legionlarynyň ordasy ýerleşipdir. Şäher grek taryhçysy we filosofy Nikolaý Damaskiniň watany bolupdyr. B. e. I asyrynda bu ýerlere apostal Pawel gelip gidenden soň, ilkinji hristianlar hem peýda bolup başaýarlar. 395-nji ýylda Damask Wizantiýa imperiýasynyň düzümine goşulýar, 635-nji ýylda bplsa Damasky araplar eýärler. 661-750-nji ýyllarda Damask Hint derýasyndan Pireneý ýarym adasyna çenli aralykda ýaýylyp ýatan Omeýýalar halyflygynyň paýtagty bolupdyr. Birneme giçkiräk döwürde şäher müsürdäki nesilşalyklaryň tabynlygynda boldy. 1076-njy ýylda Damask Beýik Seljuklaryň döwletiniň düzümine goşuldy. 1125-nji, 1129-njy, 1148-nji ýyllarda haçgöterijiler Damasky basyp almaga netijesiz synanyşyklary etdiler. 1154-nji ýylda Damask türkmen hökümdary Nureddin Zeňňiniň, ol ölenden soň bolsa serkerdesi Salahaddin Eýýubiniň eline geçdi. 1260-njy ýylda Damasky müsürli mamlýuklar eýelediler. Mamlýuklaryň döwründe şäherde senetçilik-söwda önümçiligi we sungat gülläp ösüpdir. Damask Ýewropa ýurtlaryna özüniň ‘”damask polady” we “damask aýnasy” diýlip atlandyrylan meşhur önümlerini eksport edipdir. 1300-nji ýylda Damasky mongollar aýylganç talaňçylyga sezewar edýärler, edil şeýle ýagdaý 1400-nji ýylda-da gaýtalanýar. Şol ýyl Teýmirleň Damasky bütinleý diýen ýaly ýumurýar. Şäheriň iň ezber senetçilerini we binagärlerini ol öz paýtagty Samarkanda gul edip äkidýär. Damask haýallyk bilen dikelipdir. Haçan-da, 1516-njy ýylda osmanly soltany Ýowuz Selim Damasky eýelände, onuň ýary heniz hem weýran bolup ýatan eken. Damaskda geçmişden miras galan ýadygärlikler näçe diýseň bar. Şäheriň iň ajaýyp ýadygärlikleriniň biri Omeýýalaryň metjidir. Ol VIII asyrda Ioann Çokundyryjynyň (musulmanlar ony “Ýahýa pygamber” diýip atlandyrýarlar) ybadathanasynyň ýerinde gurlupdyr. Bu ybadathananyň özi hem bir wagtlar köphudaýlyk döwrüniň Ýupiter ybadathanasynyň üstünde gurlupdyr. Yslamyň ilkinji ýyllarynda bu ýerde musulmanlar we hristianlar ybadat işlerini bilelikde amala aşyrypdyrlar. Omeýyalaryň metjidinde Ýahýa pygamberiň aramgähi ýerleşýär. Mälim bolşy ýaly, Iisus Hristosa (Isa pygamber), Moiseýe (Musa pygamber) we Ioann Çokundyryja (Ýahýa pygamber) musulmanlar aýratyn uly sarpa goýýarlar. Häzirki döwürde 2 milliona golaý ilat ýaşaýan Damaskda 2 müňden gowrak metjit bardyr. Şolaryň ajaýyp binalarynyň biri-de derwüşleriň “Tekýe Süleýmaniýe” metjidir. Bu metjit osmanly hökümdary Süleýman Kanunynyň hökmi bilen 1554-nji ýylda meşhur osmanly binagäri Gaja Sinan tarapyndan gurlupdyr. Metjit örän kaşan bina bolandygy üçin, onuň minaralary we gupbalary şäheriň islendik ýerinden görünýär. Damaskda we onuň töwereklerinde köp sanly hristian ybadathanalary hem saklanyp galypdyr. Damask şäherinde siriýalylaryň we bütin dünýäniň musulmanlarynyň aýratyn uly sarpa goýýan şähsyýeti – soltan Salaheddiniň aramgähi we onuň hatyrasyna gurlan ýadygärlik ýerleşýär. Mälim bolşy ýaly, Salaheddin Eýýuby haçgöterijilere garşy gahrymanlarça göreşen, olaryň goşunlaryny ençeme ýola derbi-dagyn eden serkerde hökümdardyr. Salaheddin hatda iňlis koroly Riçard Şirýürek bilen fransuz koroly Filip II Awgusty hem agyr ýeňlişe sezewar edýär. Salaheddiniň aramgähi 1193-nji ýylda Omeýýalaryň metjidiniň golaýynda gurlupdyr. Şäheriň gala diwarynyň girelgesiniň öňünde soltan Salaheddiniň atyň üstünde oturan ajaýyp heýkeli hem oturdulypdyr. Şäheriň üsti ýapyk bazary bolan Suk Hamidiýe şäherlileriň we myhmanlaryň köp gelýän ýerleriniň biridir. Ýapyk bazar Omeýýalaryň metjidiniň golaýynda ýerleşip, onuň gurlanyna müň ýyl geçipdir. Bazaryň üsti ýapyk hüjrelerinde 3 müňden hem köp dükanlar ýerleşýär. Şäherde häzirki zaman harytlary bilen bir hatarda, zergärleriň, külallaryň, misgärleriň we dokmaçylaryň öndürýän adaty harytlary hem köpçülikleýin satylýar. Damask şäheri ýurduň ylmy hem-de medeniýet merkezidir. Olardan Arap ylymlary akademiýasyny, Siriýanyň Milli kitaphanasyny, Damask uniwersitetini, Gündogar sazynyň institutyny we başgalary görkezmek bolar. Damaskyň muzeýleri dünýäniň dürli ýurtlaryndan bolan jahankeşdeleriň iň gelim-gidimli ýerleriniň biridir. Damaskyň Milli muzeýi Günbatar Aziýanyň iň baý muzeýleriniň hataryndadyr. Muzeýde Siriýanyň ýerinde ýaşap geçen gadymy siwilizasiýalaryň döreden baý mirasy saklanýar. Bu ýerde Assiriýa, Wawilona, Gadymy Gresiýa, Rime, Wizantiýa we Arap halyflygyna degişli dürli görnüşdäki zatlar görnükli ýerde goýlupdyr. Damaskyň al-Azem köşgünde Siriýanyň halk sungatynyň we däpleriniň muzeýi ýerleşýär. Köşgüň otaglary sergi zallarynyň wezipesini ýerine ýetirip, olarda Siriýanyň XVIII-XIX asyrlar döwrüniň etnografiýasy, halk däp-dessurlary we edim-gylymlary barada gürrüň berýärler. Edil şular ýaly täsin eksponatlar şäheriň Ýarag muzeýinde-de saklanýar. Muzeýde dürli asyrlarda ulanylan tuwalgalaryň, gylyçlaryň, galkanlaryň, gamalaryň her hili görnüşdäki nusgalaryny görmek bolýar. Bu ýerde serkerdelere degişli resminamalar we olaryň ýatlamalary hem saklanýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||