10:55 Beýik Ýüpek ýoly -16: Nişapur | |
NIŞAPUR
Taryhçy alymlaryň şaýatlyk etmeklerine görä, Eýranyň meşhur orta asyr şäherleriniň biri bolan Nişapur sasany patyşasy Şapur I tarapyndan düýbi tutulypdyr, IV asyrda bolsa beýleki bir hökümdar Şapur II-niň amala aşyran işleriniň netijesinde üýtgedilip gurlupdyr. Başda şäher we onuň daş-töwregindäki welaýat Abarşehr (arap çeşmelerinde – Abraşehr) diýlip atlandyrylypdyr. Şäheriň häzirki döwürde ulanylýan ady pars diliniň “new-şapur”, ýagny “Şapuryň gowy [şäheri]” diýen sözden dörändir diýlip çak edilýär. X asyrda Nişapur Eýranyň nestoriançylyk hristian buthanasynyň baştutanynyň (ýepiskop) oturýan ýeri bolupdyr. Nişapur otparazlar üçin hem örän ähmiýetli şäher hasap edilipdir, sebäbi şäheriň golaýyndaky daglarda “Adur-Burzen-Mihr” diýlip atlandyrylan keramatly ot ybadathanalarynyň biri ýerleşipdir. 651-nji ýylda Nişapuryň marzbany 700 müň dirhem we 400 eşek ýüki zagpyrany salgyt hökmünde töläp, Horasana çozup giren arap goşunlaryna tabynlyk bildiripdir. Omeýýalaryň döwründe bolşy ýaly, Abbasy halyflygynyň döwründe-de, Nişapur Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky wajyp ykdysady hem-de medeni merkez hökmünde uly ähmiýete eýe bolupdyr. Nişapurda şäher önümçiliginiň we söwdanyň ýokary derejede bolandygyna şaýatlyk edýän köp mukdardaky maglumatlar şaklanyp galypdyr. Mysal üçin, Apbasy halyflygy döwründe hazyna Merwden – 6 mln 200 müň, Samarkantdan – 2 mln 200 müň dirhem salgyt gelen bolsa, onda Nişapurdan – 1 mln, Abywertden – 400 müň, Nusaýdan – 300 müň, Buharadan – 210 müň, Merwerutdan – 60 müň dirhem salgyt gelipdir. Bu sanlar Nişapuryň Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründe ortaça ululykdaky şäher bolandygyny aňladýar. Abbasy halyflygynyň döwründe Nişapurda we onuň töwereklerinde möhüm harby-syýasy wakalar bolup geçipdir. 748-nji ýylda Abu Muslim Horasanda Abbasylaryň häkimiýetini berkarar edýär. 755-nji ýylda Abu Muslim halyf tarapyndan öldürilenden soň, Nişapurda we Reýde Smbatyň baştutanlygynda halk gozgalaňy bolup geçýär. Ilkinji arap halyflarynyň döwründe Horasanyň baş şäheri Merw bolupdyr, emma tahyrylar döwletiniň hökümdary Abdallah ibn Tahyr (830-844) öz paýtagtyny bu ýere geçirenden soň, Nişapur hem sebitde ähmiýetli merkeze öwrülýär. Nişapur özüniň bu ýagdaýyny tä mongollaryň ýörişlerine çenli saklap galmagy başarypdyr. 873-nji ýylda tahyrylar agdarylandan soň, häkimiýet başyna gelen saffarylar Nişapury öz paýtagtlaryna öwürýärler. Samanylaryň döwründe paýtagt hökmünde Buhara saýlanylyp alnypdyr, emma Nişapur Horasandaky raýat (amid) we harby (sipehsalar) dikmeleriň oturýan ýeri bolup hyzmat edipdir. X asyrda Nişapur Eýranyň iň iri hem-de ykdysady taýdan ösen şäherleriniň biri hasap edilipdir. Şäheriň tutýan umumy meýdany 40 km² barabar bolupdyr. Makdisiniň bellemegine görä, şäherde 44 sany mähelle bolup, olaryň käbirleri Şirazyň meýdanynyň ýaryna deň eken. Nişapur Bagdat bilen deňeşdirilende has gür ilatly bolup, onda birnäçe ýüz müň ilat ýaşapdyr. Ol Gürgenden, Kermandan, Reýden, Sintden, Parsdan we Horezm taraplardan gelýän harytlaryň satylýan bazary we olaryň saklanylýan ammary bolup hyzmat edipdir. Nişapur Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşendigi üçin onda birnäçe bazarlar bolupdyr. Iri söwda geleşikleri Juma metjidinden gündogarda ýerleşýän Uly bazarda (Murabbat al-Kabira) we ondan günbatarda ýerleşýän Kiçi bazarda (Murabbat as-sagira) amala aşyrylypdyr. Edil Merwde bolşy ýaly, Nişapur hem özüniň ýüpek we nah matalary bilen şöhratlanyp, olar kähalatlarda Yslam dünýäsiniň çäginden hem daşary çykarylypdyr. Şäheriň söwda-senetçilik edaralaryndan iň täsirlileri telpekçileriň, ýüpçileriň, çig ýüpek satýanlaryň we ýüpek mata satýanlaryň guramalary bolupdyr. Emma Makdisiniň bellemegine görä, şäheriň „köçeleri hapa, kerwensaraýlary tertipsiz, hammamlary kirli, dükanlary ýaramaz...“ bolupdyr. Onuň aýtmagyna görä, şäherde iýmäge gök önümler bolmandyr, ýakmaga odun az bolupdyr, gazanç etmek kyn we gymmatçylyk höküm sürüpdir. 999-njy ýylda Samanylaryň döwletiniň ýykylmagy bilen, Horasany Amyderýadan günortadaky ýerler bilen bilelikde Mahmyt Gaznaly basyp alýar. 1038-nji ýylda soltan Masut Togrul beg bilen Çagry begden ýeňlenden soň, Nişapury seljuklar eýeleýär. 1040-njy ýylda Dandanakan söweşinde Masudy agyr ýeňlişe sezewar etmek bilen, Togrul beg Nişapurda hökümdarlyga göterilýär. Nişapurda az salym Alp Arslan hem hökümdarlyk edipdir. 1153-nji ýylda Nişapur Soltan Sanjara garşy gozgalaň turzan çarwa oguzlar tarapyndan ýumrulypdyr. Şol sebäpden hem täze şäher Nişapurdan birneme günbatarrakda gurulýar. Sanjaryň serkerdeleriniň biri Muaýýid Aý Aba täze gurlan Nişapury giňeldipdir hem-de berkidipdir. Aý Abanyň Nişapurda oturmagy oňa tä ölýänçä bütin Horasan sebitlerine gözegçilik etmäge mümkinçilik beripdir. Amatly ýerde ýerleşendigi üçin, Nişapur eýýäm şol ýüzýyllykda özüniň öňki meşhurlygyny gazanmagy başarýar. 1187-nji ýylda Nişapury Horezmşa Tekeş eýeleýär. 1216-njy ýylda şäherde meşhur syýahatçy Ýakut bolupdyr. Ol Nişapuryň gündogardan gelýän kerwenleriň ählisi üçin geçelge bolup hyzmat edýändigini belläpdir. 1209-njy ýylda şäher bütin Horasany gurşap alan güýçli ýer titremäniň netijesinde weýran bolýar. 1220-nji ýylda şäheriň eteginde mongol noýonlary Jebäniň we Subedeýiň goşunlary peýda bolýar. Nişapuryň ilaty mongollara boýun egmek islemändirler. Şonuň üçin hem bu ýere Çingiz hanyň giýewisi giýewisi Togaçar 10 müň goşun bilen gelýär. Şäher ilaty Togaçara berk gaýtawul berýärler, şonda mongol serkerdesiiniň özi hem öldürilýär. Şonuň üçin hem bu ýere Çingiz hanyň körpe ogly Toly han uly goşun bilen gelýär. Birnäçe wagta çeken gabawdan soň, mongollar şäheri zabt edip alýarlar. Şäheriň ilaty mongollar tarapyndan uçdantutma diýen ýaly gyrylýar, diňe 400 sany ýesir edilip äkidilen senetçi diri galypdyr. Bu wakalardan ep-esli wagt geçenden soň Nişapur gaýtadan dikeldilipdir, ýöne 1270-nji ýylda bolan ýer titreme şäheri ýene-de weýran edýär. Şäher täze ýerde gaýtadan dikeldilýär. 1332-nji ýylda ibn Battuta Nişapury Horasanyň dört sany merkeziniň biri diýip atlandyrypdyr. Nişapur sebitleri mongollara garşy serbedarlar tarapyndan alnyp barlan azat edijilik hereketiniň hem bolan ýerleridir. 1405-nji ýylda nobatdaky ýer titreme Nişapury ýene-de ýumurýar. Şäher indi öňküsinden birneme demirgazyk-günbatarda, ýagny häzirki ýerinde dikeldilýär. Teýmirileriň döwründe Hyrat, sefewileriň döwründe bolsa Maşat, Horasan sebitinde uly ähmiýete eýe bolupdyrlar. Emma bu döwürde Nişapur hem öz ähmiýetini ýitirmän, tä XVIII asyra çenli uly şäher bolup galypdyr. 1751-nji ýylda Nişapur Ahmet şa Dürrany tarpyndan ýumrulypdyr. Ahmet şa şäheri Abbasguly han atly gullukçylarynyň birine berýär. Ol şäherde dikeldiş işlerini alyp barypdyr. XVIII asyryň ahyrlaryndan bäri Nişapur Eýranyň düzüminde ýerleşýär. Şäheriň taryhy ýadygärlikleriniň hatarynda 1494-nji ýylda gurlan Juma metjidini, Muhammet pygamberiň neslinden bolan Ymamzada Mahrugyň, şeýle hem Ferideddin Attaryň, Omar Haýýamyň aramgählerini, XII asyrda gurlan kerwensaraýy we başgalary görkezmek bolar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |