11:04 Beýik Ýüpek ýoly -20: Hemedan | |
HEMEDAN
Taryhy ýerler
Döwründe üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry geçen Hemedan dünýäniň iň gadymy şäherleriniň biridir. Ol baryp b.e. öňki I müňýyllygyň birinji ýarymynda gadymy Midiýa döwletiniň paýtagty we Eýranyň ilkinji paýtagty, birnäçe nesilşalyklaryň merkezi bolupdyr. Häzirki döwürde Hemedan Eýran Yslam Respublikasynyň adybir welaýatynyň dolandyryş merkezidir. Şäher Elwent daglarynyň eteginde, deňiz derejesinden tas 2 müň metr diýen ýaly belentlikde, ýurduň paýtagty Tährandan bolsa 400 km günorta-günbatarda ýerleşýär. Häzirki döwürde şäherde 500 müňden gowrak ilat ýaşaýar. Hemedanyň ýaşaýjylary şäheriň daşyna aýlanyp, gök öwsüp oturan Elwent daglaryny Nuhuň gämisi bilen baglanyşdyrýarlar. Şäherlileriň ynanjyna görä, hamana Nuh pygamber uzaga çeken deňiz ýüzüşlerinden soň, öz halky bilen hut Elwent daglarynyň uçut gaýalarynda kenara düşenmiş. Hemedan midiýalylar tarapyndan esaslandyrypylypdyr. Arheolog-alymlaryň hasaplamalaryna görä, şäher 3 müň ýyl mundan ozal gurlup başlanypdyr. Emma Assiriýa patyşasy Tiglatpalasar I-niň (takmynan b.e. öňki XII asyr) ýazgylarynda gadymy Hemedan şäheri barada aýdylýar. Şundan çen tutulsa, onda şäheriň taryhy 3 müň ýyldan-da köp bolýar. Şol döwürler şäher Amadana ady bilen tanalypdyr. Ahemenileriň döwründe Hemedan birnäçe gezek döwletiň paýtagty bolupdyr we “Hagmatana” diýlip atlandyrylypdyr. Bu barada ahemeni patyşalarynyň meşhur şine şekilli ýazgylarynda aýdylýar. Taryhyň atasy Geradotyň işlerinde Hemedan Ekbatana ýa-da Ekbatany diýlip atlandyrylypdyr. Şu at bilen hem şäher gadymy döwürde dünýa meşhurlygyny gazanypdyr. Emma Geradotyň aýtmagyna görä, şäheri Midiýa patyşasy Dioges (b.e. öňki VI asyr) esaslandyrypdyr. Sebäbi Dioges özüniň şähsy goragyny döredýändigi, täze şäheriň we köşgün gurluşygyna başlaýandygy barada ýörite perman kabul edýär. Şuňa esaslanyp käbir alymlar Hemdanyň 2500 ýyl mundan öň gurlandygy baradaky pikiri öňe sürýärler. Käbir bilermenler Hemedanyň Ekbatany däldigini belleýärler, ýöne alymlaryň aglabasy bu pikiri goldamaýarlar we Hemedanyň hem-de Ekbatanynyň ikisiniň hem şol bir şäherdigini ykrar edýärler. Midiýa patyşalygynyň döwründe Ekbatany biri-biriniň içinde ýerleşýän gatbar-gatbar ýedi galadan ybarat bolupdyr. Galalaryň her biri dürli reňkler bilen reňklenipdir. Daşky galanyň reňki ak, ikinji gatynyňky – gara, üçünjiňki – goýy gyzyl, dördünjiňki – açyk mawy, bäşinjiňki – açyk gyzyl, altynjyňky – çalymtyl, ýedinjiňki bolsa altynsow-sary reňkde bolupdyr. Patyşanyň köşgi we hazynasy merkezi, ýagny ýedinji galada ýerleşipdir. Ekbatanynyň zynata beslenen ajaýyp köşgüni gadymy taryhçylaryň biri bolan Polibiý hem beýan edipdir. Onuň bellemegine görä, köşgi bezemek üçin hökümdaryň özi tarapyndan hazynadan ummasyz köp mukdarda maliýe serişdeleri bölünip berlipdir. Kösgüň diwarlarynyň, onuň gymmat baha agaçdan edilen potologynyň hem-de sütünleriniň ýüzi tutuşlygyna altyn we kümüş bilen örtülipdir. B.e. öňki 550-nji ýylda Ekbatany Eýranda ilkinji merkezleşdirilen döwleti döreden, ahemeniler nesilşalygyny esaslandyran Kir tarapyndan basylyp alynýar. Ol paýtagty Ekabatanydan Persepola göçürýär, ýurduň öňki merkezi bolsa indi pars patyşalarynyň tomusky paýtagtyna öwrülýär. Dariý I-niň döwründe Elwendiň dag gaýalarynyň ýüzünde şine şekilli ahemeni hatlary bilen patyşanyň ýeňişleri şöhratlandyrylypdyr. Hemedanyň ýaşaýjylary tarapyndan “Gençnama” diýlip atlandyrylýan bu ýazgylar şäheriň 10 km günortasynda sapaly dag jülgesiniň içinde ýerleşýär. Mälim bolşy ýaly, Dariý I öz ýeňişlerini şöhratlandyrmak üçin şeýle ýazgylary galdyrmagy gowy görýär eken. Muňa Dariniň meşhur Behistun ýazgylary hem mysal bolup biler. B.e. öňki 330-njy ýylda Ekbatany Isgender Zülkerneýniň grek-makedon goşunlary tarapyndan basylyp alynýar. Isgender şäheriň ýedi gat diwarlarynyň merkezinde basylyp alnan ýurtlardan talanylyp alnan baýlyklaryny gizläp goýupdyr. Antik döwrüň awtorlary Ekbatany eýelenenden soň, Isgenderiň buýrugy bilen köşgüň diwarlarynyň we sütünleriniň ýüzüne örtülen ähli altyn-kümüsler goparylyp alnypdyr. Bu ýerde keýp çekip meýlis gurap, Isgender şäherden çykyp gidýär. Isgenderiň esgerleri şäheri talapdyrlar, soňam ony oda berýärler. Beýik Parfiýa patyşalygynyň döwründe paýtagt şäher Ktesifon bolupdyr, Hemedan bolsa parfiýa patyşalarynyň tomusky paýtagty bolup hyzmat edipdir. Edil şonuň ýaly-da, Hemedanda sasany patyşalarynyň tomusky köşkleri ýerleşipdir. 633-nji ýylda şäher araplar tarapyndan basylyp alynýar. 825-898-nji ýyllarda Hemedanda musulman nesilşalygy bolan Dulafiler häkimlik edipdirler. Bu nesilşalygy esaslandyryjy Abu Dulaf (825-840) abbasy halyfy al-Mamunyň Hemedandaky dikmesiniň wezipesini ýetiripdir. Abbasy halyflygynda buidleriň (buweýhiler) hökümdarlyk eden ýyllarynda Hemedana uly zeper ýetirilipdir. Emma Beýik Seljuklaryň döwründe paýtagt Bagdatdan Hemedana göçürilipdir. Hemedan 1194-nji ýyla çenli Yrakdaky Seljuk döwletiniň paýtagty bolupdyr. Sejuklaryň döwründe Hemedan sebitiň iň bir gülläp ösen şäherine öwrülipdir, onuň baý senetçilik mähelleleri we bazarlary bolupdyr. Üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunyň geçip gitmegi Hemedanyň söwda-senetçilik şäheri hökmündäki abraýyny artdyrypdyr. Häli-şindi uruşlaryň hem-de weýrançylyklaryň bolýandygyna garamazdan, Beýik Ýüpek ýoly şäheri tiz aýaga galdyrypdyr we ýene-de öňküleri ýaly möhüm merkeze öwrüpdir. XI-XII asyrlarda Hemdanda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen täjirler söwda işlerini alyp barypdyrlar. XII asyryň ahyrlarynda Yrakdaky Seljuk döwleti ýykylandan soň, Hemedanyň syýasy, ykdysady we medeni merkez hökmündäki täsiri ep-esli peselýär. Mongollaryň we Teýmirileriň döwürlerinde Hemedan şäheri uly tozgunçylyklara sezewar edilýär. Hemedan Sefewileriň döwründe-de iri merkez bolup bilmändir. XVIII asyryň başlarynda Hemedan Osmanly döwleti tarapyndan eýelenýär, emma soňra Nedir şa şäheri gaýtaryp almagy başarýar. Hemedan meşhur alymlaryň we söz ussatlarynyň hem watany bolupdyr. Bu ýerde Lukman Hekim ibn Sina aradan çykypdyr, tanymal şahyr Baba Tahyr Orýan ýaşapdyr, meşhur ulama Hoja Ýusup Hemedany we görnükli alym Bedi al-Zan al-Hemedany dünýä inipdirler, abraýly alym Ýohanna ibn Ýusup işläpdir. Eýranyň gadymy syýasy, ykdysady we medeni merkezleriniň biri bolan Hemedanyň özi hem-de degre-daşy taryhy ýerlere we ýadygärliklere juda baýdyr. Elwent daglaryndaky garda tyýpylýan dynç alyş merkezi, bu ýerdäki şine şekilli ýazgylar, Myratbeg we Abbasabat jülgeleri, Aly Sadr gowaklary, külallaryň Laleýn obasy, Selewkileriň döwrüniň we Anahitanyň ybadathanalarynyň harabalyklary, Ekbatanynyň harabalyklary, Gurbanyň Burçy, Ibn Sinanyň, Baba Tahyryň we Alawylaryň aramgähleri, Parfiýa döwrüniň daşdan edilen ýolbarsy, Esfiriň we Mardoheýiň ybadathanasy hem-de aramgähi, şäheriň golaýyndaky şaglawuk we başgalar şäherlileriň hem-de jahankeşdeleriň iň köp gelýän ýerleridir. Hemedanda Ibn Sinanyň muzeýi, Tebigat bilimleri muzeýi, Hemedan muzeýi ýaly birnäçe muzeýler hereket edýär. Häzirki döwürde Hemedan Eýran Yslam Respublikasynyň söwda we senagat merkezleriniň biri bolup durýar. Şäherde köp sanly dokma, azyk we agajy gaýtadan işleýän kärhanalar hereket edýär. Hemedan özüniň gönden edilen, mawy reňkli külalçylyk önümleri, ýüpek matalary bilen şöhratlanýar. Bulardan başga-da Hemedanyň ajaýyp halylary özüniň hili hem-de nepisligi bilen görenleri haýran galdyrýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |