Konstantinopol (Stambul)
Beýik Ýüpek ýolunyň iň ahyrky nokady bolan Konstantinopol–Stambul şäheriniň gadymy ady Wizantiý bolupdyr. Grek taryhy çeşmeleriniň berýän maglumatlaryna görä b. e. öňki VII asyryň başlarynda Bosfor bogazynyň töwereklerine ilatyn göçüp gelýändigi hakynda köp maglumatlar berilýär. Bu barada Gekateý Miletliniň, Gerodotyn, Gellanigiň, Polibiniň, Strabonyň, Ýewsewiniň we beýlekileriň işlerinde gyzykly gürrüňler berilýär. Dionisiý Wizantiýaly özüniň «Bosfor boýunça ýüzüş» atly eserinde gadymy Stambul (Wizantiý) barada has anyk taryhy maglumatlary berýär.
Ady agzalan awtorlar Wizantiniň ýerleşýän ýeriniň oňaýlydygyny, suwlarynyň balyklara baýdygyny, şäher töwerekleriniň awçylyk üçin örän amatlydygyny belläpdirler. Dionisiniň baýlykda «toprak bilen deňiz ýaryşýar» diýmegi aýdylanlary doly tassyk edýär.
Taryhy ýazgylaryň şaýatlyk etmegine görä, Wizantiý şäheri b.e. öňki 660-njy ýylda Gresiýadan göçüp gelen bir bölek ilatyň serdary, awçy hem esger ýigit Wizant tarapyndan esaslandyrylypdyr we ençeme asyrlap şäher onuň adyny göteripdir, ýagny ol «Wizantiý» diýlip atlandyrylýar. Soňra «Wizantiýa» diýlip atlandyrylan ägirt uly imperiýanyň ady hem Wizantiý şäheriniň adyndan gelip çykypdyr. Aslyýetinde Wizantiýa imperiýasynyň ýaşan asyrlarynda bu döwlet «Wizantiýa» diýlip atlandyrylmandyr. Döwletiň hakyky resmi ady «Romaniýa» («Romeýleriň (rumlylaryn) ýurdy») bolupdyr. Türkmenleriň bu ýurdy «Rumystan» diýip atlandyrmagy hem şol «Romaniýa» diýen at bilen baglanşyklydyr. Wizantiýa ýykylandan soň, Ýewropada bu döwletiň taryhyny öwrenmäge gyzyklanma artypdyr. XVI asyrdan başlap ýewropaly taryhçylar bu ýurdy, gadymy döwürde döwletiň paýtagty bolan Wizantiý şäheriniň ady bilen baglanyşdyryp, «Wizantiýa» diýip atlandyryp ugrapdyrlar.
Mälim bolşy ýaly, Wizantiý–Konstantinopol–Stambul Aziýany we Ýewropany bölýän Dardanell hem-de Bosfor bogazlarynyň aralygynda Mermer deňziniň demirgazyk kenarynda, suwuň gury ýere süsňäp, sygryň şahynyň şekilini emele getirýän (şonuň üçin hem ol ýer «Altyn Şah» diýlip atlandyrylýar) ýerinde, Mermer we Gara deňizlerini birleşdirýän Bosfor bogazynyň (grekçe «bosfor» – «sygyr güzeri») Ýewropa kenarynda ýerleşýär.
Wizantiý şäheri asyrlaryň dowamynda Ahemenileriň döwletiniň, Afiny deňiz bileleşiginiň, Spartanyň, Isgender Zülkernaýnyň we Selewkileriň döwletleriniň düzüminde bolmak bilen kä ösüşli, kä tozgunçylykly günleri başdan geçiripdir.
B.e. öňki III-II asyrlarda Puni uruşlarynyň netijesinde sebitde ýene-de bir kuwwatly imperiýa Rim imperiýasy kemala gelipdir. Wizantiý Rimiň hökümdarlary bilen ylalaşykly ýaşaşypdyr, şonuň üçin hem Rim hökümdarlary hem Wizantiý şäherine köp ýeňillikleri beripdirler. Wizantiniň garaşsyzlygy we erkin-döwlet derejesi rimliler tarapyndan ykrar edilipdir, oňa Rimiň ýarany hökmünde garapdyrlar. Emma II asyryň ahyrlarynda Wizantiý uly heläkçilige sezewar bolýar. 196-199-njy ýyllarda gözel şäher Wizantiý häkimiýet ugrunda göreşlerde rim serkerdesi Septimi Sewer tarapyndan weýran edilipdir. Ýöne soň şeýle ajaýyp şäheri ýumranyňa ökünip, Septimiý şäheri gaýtadan dikeltmäge girişipdir. Septiminiň ogly imperator Karakalle döwründe (211-217) Wizantide köp dikeldiş işleri amala aşyrylypdyr, täze-täze köşkler we ybadathanalar gurlupdyr. Imperator Galmeniň (253-268) döwründe şäher gaýtadan weýran edilipdir. Ýöne birnäçe onýyllyklar geçen soň, Wizantiý diňe bir gaýtadan dikelmek bilen çäklenmän, hut imperiýanyň paýtagty Rimiň ornuny eýelemegem başarypdyr. Wizantiýanyň taryhynyndaky öwrülişik belli rim imperatory Beýik Konstantiniň (306-337) ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ol rimiň taryhynda hristiançylygy ykrar eden, ony döwlet dinine öwren şahsdyr. Ýöne ol esasan taryhda Wizantini Gündogar Rim imperiýasynyň paýtagtyna öwren şahs hökmünde tanalýar.
Konstantini Rimiň begzadalary biynjylyk edipdirler. Şonuň üçin hem ol imperiýanyň paýtagtyny başga ýere geçirmek isläpdir. Onuň nazary Wizantide eglenipdir. 324-nji ýylda Konstantiniň buýrugy bilen Wizantide uly gurluşyk işleri ýaýbanlanypdyr. Şäheriň daşyna Konstantin ägirt uly gum seňňerini-goranyş desgasyny galdyrýar, soňra ol daş diwarlar bilen çalşyrylýar. Täze paýtagt şäheriniň açylyş dabarasy 330-njy ýylyň 11-nji maýynda bolup geçýär. Şol gün imperatoryň permany bilen şäher «Täze Rim» diýlip atlandyrylýar we Konstantin Wizantini dünýäniň merkezine öwürmäge çalşypdyr. Emma bu at ornamandyr. Şäheri halk Konstantinopol - «Konstantiniň şäheri» diýip atlandyrypdyr. Konstantiniň dolandyran ýyllary şäherde 30-a golaý köşkler we ybadathanalar, 4 müňden gowrak uly ymaratlar, sirk, 2 teatr we aýlaw, 150-den gowrak hammam, şonçarak çörek bişirilýän tamdyrlar gurlupdyr we 8 sany suw ulgamlary çekilipdir. Şeýlelikde, şäher ulalypdyr we V asyrda şäher ilatynyň sany 700 müňe çenli aralygynda uýtgäp durupdyr.
Konstantiniň döwründe şäheriň ilaty artyp, eýýäm galanyň daşynda hem ýaşaýyş başlapdyr, üstesine-de 412-nji ýylyň ýer titremesinde Konstaniniň guran galasynyň diwarlary zaýalanypdyr. Şonuň üçin hem Feodosiý II-niň (408-450) dolandyran ýyllarynda «Feodosiniň galasy» atly diwar gurlupdyr.
V asyrda Konstantinopolyň gala diwarlarynyň umumy uzynlygy 16 km ýetipdir we onda 400 sany berk diňler bolupdyr. Gury ýerden şäheri «Feodosiniň galasy» gorap, onuň uzynlygy 5,5 km barabar bolupdyr. Bu gala 3 hatardan ybarat ekeni. Galanyň birinji hatary 5 metr belentlikde bolup, onuň oňünde giňligi 20 metr bolan garym ýerleşipdir. Ondan soň galanyň ikinji hatary başlap, onuň galynlygy 2-3 metr, beýikligem 10 metr bolupdyr. Galanyň ahyrky, üçünji hatary ikinji hatardan 25-30 metr aralykda başlap, onuň diwarlarynyň galynlygy 6-7 metre, belentligem 20-30 metre barabar bolupdyr. Aşagyny köwüp girmezler ýaly, galanyň diwarlary ýeriň derejesinden 10-12 metr aşakdan başlanypdyr. Imperator Irakliniň döwründe (610-741) Feodosiniň galasy dowam etdirilip, şäheriň gorag diwarlarynyň gurluşygy doly tamamlanypdyr. Irakliniň gurduran gorag diwarlarynda 20 sany beýik goranyş diňleri bolupdyr.
Şäheriň Feodosiniň galasyndan çärýek asyr soň gurlan deňiz diwarlarynyň hem diňleri bolup, ol bir hatar edilip gurlupdyr. VI asyryň başlarynda imperator Anastasiý (491-518) Konstantinopolyň günbatarynda 50 km diwar gurdurypdyr.
Konstantinopoly eýelemegi ýüregine düwen her bir serkerde şäheriň şeýle berk goralan diwarlary bilen iş salyşmaly bolupdyr. Şol sebäpden hem asyrlar boýy Konstantinopolyň üstine ýöriş eden serkerdeler, şäheri netijesiz gabap, soň şöhratsyz yzyna dolanmaly bolýardylar. Netijede gala diwarlary Konstantinopoly ýenilmezek şähere öwrüpdirler.
395-nji ýylda imperator Feodosiý I (379-375) aradan çykýar. Ol 394-nji ýylda imperiýany iki oglunyň arasynda paýlaýar. Şeýlelikde, ägirt uly Rim imperiýasy Günbatar we Gündogar böleklerine bölünýär. 476-njy ýylda Günbatar Rim imperiýasy ýykylyp, onuň Gündogar bölegi Konstantinopolyň paýtagtlygynda dünýäde iň kuwwatly döwlet bolup galyberýär.
Wizantiýanyň imperatorlarynyň her biri öz atlaryny ebedilişdirmäge jan edipdirler. Kim ybadathana, kim köşk gurupdyr. Imperator Ýustinýanyň (527-565) gurduran keramatly Sofiýa ybadathanasy ýaly ajaýyp binany hiç kim gurduryp bilmändir. Çünki Iýerusalimdeki Suleýman pygamber tarapyndan gurlan ybadathanadan başga ýekehudaýlygyň hormatyna gurlan bir ybadathana hem ýok eken. Şonuň üçin hem Ýustinýan 537-nji ýylyň 27-nji dekabrynda ybadathananyň açylyş dabarasyna barýarka: «Eý, Hudaý! Şu beýik işi amal etmek üçin meni saýlanyňa minnetdardyryň! Men senden özdurdym Suleýman!» diýip gygyrypdyr.
626-njy ýylyň iýýul-awgust aýlarynda Konstantinopoly Awar hany Baýan gabapdyr. Emma şäheri alyp bilmän gidýär. 674-nji ýyldan başlap Konstantinopola araplar çozup ugraýarlar. 678-nji ýylda araplar Konstantinopoly gabaýarlar, ýöne 30 müňden gowrak urşujysyny ýitirip, bu ýerleri taşlap gidýärler.
XI asyryň ikinji ýarymyndan başlap Wizantiýanyň araçäklerinde türkmenler peýda bolup ugraýarlar. Bu bolsa Wizantiýa bilen Beýik seljuk türkmen döwletiniň arasynda urşa getirýär. Türkmenler Konstantinopoly eýelemäge ençeme ýola synanyşyk edipdirler. Emma olaryň ählisi diýen şowsuz tamamlanypdyr. Dünýäniň iň kuwwatly hem-de synmaz galasy bolan Konstantinopol 1453-nji ýylyň 29-njy maýynda osmanly hökümdary Muhammet II Fatyh tarapyndan eýelenýär we şäheriň ady Stambul diýlip üýtgedilýär. Şondan tä 1923-nji ýyla çenli Stambul Osman imperiýasynyň paýtagty bolup geldi.
Konstantinipol-Stambul dünýäniň taryhy-medeni ýadygärliklere iň baý şäherleriniň biridir. Şäherde köp sanly metjitler, medreseler, hanakalar, ýokary okuw mekdepleri, teatrlar, muzeýler, bazarlar we gaýry ylym-bilim hem-de taryhy-medeni ýadygärlikler bardyr.
● Netije
Gündogar bilen Günbataryň aralygynda ýerleşýän giňişlerde Beýik ýüpek ýolunyň açylmagy, Ýer ýüzüniň dürli yklymlarynyň we sebitleriniň arasynda söwda-ykdysady, syýasy hem-de medeni gatnaşyklaryň ýüze çykmagyna, kemala gelmegine we çalt depginler bilen ösmegine ägirt uly itergi beripdir. Esasy harydy hytaý ýüpegi bolan bu halkara söwda ýoly boýunça harytlaryň başga-da onlarça görnüşleri gatnadylypdyr. Şeýle harytlaryň hatarynda tohum atlary, nepis halylar, gönden we demirden edilen zatlary, atyr önümlerini, melhemleriň her hili görnüşlerini, gymmatbaha daşlary, iňňän nepis zergärçilik we senetçilik önümlerini görkezmek bolar.
Beýik ýüpek ýoly Gündogardan Günbatara tarap uzalyp giden ýöne bir ýol bolmandyr. Bu ýol bilen Hytaýyň özüne-de käbir zatlar, hususan-da, gowaça, gök we bakja ekinleriniň käbir görnüşlerini, sitrus önümlerini ösdürip ýetişdirmegiň tejribesini, şeýle-de pisse we şirmaýy ýaly harytlar getirilipdir. Bineme giçkiräk döwür bu ýol ideýalary we medeni alyş-çalyşlary amala aşyrmak üçin özara baglanyşdyryjy köpri bolup hem hyzmat edipdir. Şol köprüden bolsa Günbatar ýurtlaryna hytaýlylaryň möhüm açyşy bolan kagyz bilen däri alnyp gidilipdir. Bu ýol bilen Gündogara tarap syýahata ugran Marko Pola köp ýyllardan soň ýewropalylara syrly Hytaý barada gyzykly gürrüňleri beripdir.
Gadymy döwürde we orta asyrlarda Beýik ýüpek ýoly diňe bir halkara söwda ýolunyň wezipesini ýerine ýetirmän, eýsem ol buddaçylyk taglymatyny ýaýradan monahlaryň we zyýaratçylaryň ýoluna hem öwrülipdir. Şol ýol bilen buddaçylyk Hindistandan Merkezi Aziýa, Hytaýa we has alyslara ýaýrapdyr. Beýik ýüpek ýoly bilen Atilla, Çingiz han we Teýmirleň öz goşunlaryny günbatara tarap sürüpdirler. Bu ýol bilen halklaryň gazanan tejribesi, ylym-bilim we medeni gymmatlyklar bütin dünýä ýaýrapdyr.
Häzirki döwürde Beýik ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek bilen baglanyşykly köp sanly taslamalar işlenilip düzüldi. Bu ýoluň käbir ugurlary boýunça eýýäm syýahatçylyk ýollary hem hereket edýär. UNESKO-nyň teklibi hem-de goldawy bilen orta asyrlarda hereket eden kerwensaraýlaryň käbirlerinde dikeldiş-rejeleýiş we timarlaýyş işleri geçirilýär. Häzirki döwürde Türkmenistanyň üstünden Beýik ýüpek ýoly geçen gadymy we orta asyr şäherleriniň taryhy ýadygärliklerinde şeýle işleriň ep-esli mözçberleri amala aşyryldy. Merkezi Aziýa we Orta Gündogar ýurtlarynyň köpüsinde gadymy kerwen ýollary boýunça oňaýly hem-de howpsuz syýahat etmek üçin zerur bolan ähli şertler döredilýär. Biziň günlerimizde özüniň söwda-ykdysady ähmiýetini ýitirendigine garamazdan, Beýik ýüpek ýoly edil müň ýyl mundan ozalkysy ýaly, Ýewraziýanyň köp halklaryny birleşdirýän köprüniň wezipesini henizem ýitirmän saklap gelýär.
Soñy.
Gurtnyýaz HANMYRADOW.
Taryhy ýerler