11:00 Beýik Ýúpek ýoly -18: Kazwin | |
KAZWIN
Taryhy ýerler
Eýran Yslam Respublikasynyň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Kazwin gadymy şäherleriň biridir. Bu ýerler ýurduň gadymy halklarynyň hem watanydyr. Bu ýerde saklanyp galan gadymy ýadygärlikler taryhyň müňýyllyklaryndan habar berýärler. Kazwiniň töwregindäki Sagizabat, Buin Zahra we Takestan depelerinde arheologlar tarapyndan geçirilen gazuw-agtaryş işleri, bu ýerlerde ekerançylyk medeniýetiniň öz gözbaşlaryny baryp b.e. öňki VIII müňýyllykdan alyp gaýdýandygyny subut etdi. Ýazuw çeşmeleri Kazwiniň döreýşini Midiýa döwleti bilen baglanyşdyrýarlar. Emma alymlaryň köpüsi şäheriň Sasanylar döwletini esaslandyran Ardaşir Papakanyň ogly Şapur I tarapyndan esaslandyrylandygyny tassyk edýärler. Kazwiniň Eýrandan Kawkaz ülkesine, Kiçi Aziýa, Yraga we Siriýa gidýän möhüm ýollaryň çatrygynda ýerleşendigi üçin, onda senetçilik önümçiligi, şäher gurluşygy we söwda işleri ýaly pudaklar giň gerim bilen ösüpdir. Abbasy halyflygynyň döwründe Kazwin köp asyrlap serhet galasynyň wezipesini ýerine ýetiripdir. Sebäbi Kazwin daglyk ýurt Deýlemistana we kenarýaka Gilýana golaý ýerleşipdir. Mälim bolşy ýaly, araplar Deýlemistany we Gilýanyň daglyk ýerlerini köp wagtlap basyp alyp bilmändirler. Bu sebitde Deýlemistanyň 50-ä golaý golaý galasynyň bolandygy we olardan Alamutyň we Meýmundiziň ysmailitleriň merkezi bolandygy anyklanyldy. Şol döwürler Kazwin Eýranyň günorta-gündogar ýerlerini deýlemileriň çozuşlaryndan gorapdyr. Musulmançylygyň Kawkaz ýerlerine we Kiçi Aziýa köpçülikleýin ýaýramagy bilen Kazwin Eýranyň dini merkezleriniň birine-de öwrülýär. Bu ýeriniň ilaty XV asyrda-da sünni mezhebine uýupdyr. Deýlemistanly ysmailitleriň merkeziniň we olaryň kuwwatly galalarynyň Kazwiniň golaýynda ýerleşindigine garamazdan, Eýranyň demirgazyk-günbatar sebitleriniň ilaty ysmailitlere tabyn bolmandyrlar. Ysmailitleriň galalarynyň mongollar tarapyndan basylyp alynýan döwürde, mongollar Reýden 150 km günbatarda ýerleşýän Kazwini hem zabt edip alypdyrlar. Şol döwür degişli ýyl ýazgylarynyň birinde aýdylyşy ýaly, “şäherliler köçelerde söweşýärdiler we öz pyçaklary bilen köp sanly mongollary ýok etdiler. Emma erjellik bilen garşylyk görkezmekleri, kazwinlileriň 40 müňüsini gyrylmak belasyndan gorap bilmedi.” Eýrany ilhanlaryň dolandyran ýyllarynda paýtagt Soltaniýe (häzirki Zenjan şäheri) şäheri bolupdyr. Bu şäher Kazwiniň golaýynda ýerleşipdir. Paýtagtyň golaýda ýerleşmegi Kazwiniň söwda-ykdysady taýdan ösüşine gowy täsir edipdir. Şäher türkmenleriň Garagoýunly we Akgoýunly döwletleriniň, şeýle hem Sefewileriň döwründe-de özüniň ähmiýetini ýitirmändir. XVI asyryň başlarynda Eýranyň çäginde Sefewileriň döwletiniň döremegi Kazwiniň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösüşine uly täsir etdi. Bu döwürler Orta Gündogaryň Sefewi hem-de Osmanly döwletleriniň özara bäsleşiginiň iň ýitileşen döwri bolupdyr. Sefewileriň paýtagty Töwrüziň Osmanly döwletiniň serhetlerine golaý ýerleşmegi we onuň garşydaş tarapyň eline birnäçe gezek geçmegi şa Tahmaspy ynjalykdan gaçyrypdyr. Şonuň üçin hem ol 1548-nji ýylda döwletiň paýtagtyny Kazwin şäherine göçürýär. Şäher özüniň paýtagtlyk derejesini ýarym asyrlap elde saklamagy başarýar. 1598-nji ýylda şa Abbas paýtagty has howpsyz ýere, Eýranyň jümmüşindäki Yspyhan şäherine geçiripdir. Emma paýtgt derejesinden mahrum edilse-de, Kazwin XVII-XVIII asyrlarda-da öz ähmiýetini ýitirmän, özüniň ululygy boýunça ýurduň hiç bir şäherinden pesde galmandyr. Kazwin şäheri özüniň Kazwini Razy (XII asyryň alymy), Mir Ymad Kazwini (meşhur hatdat), Aly Ekber Dehoda (belli dilçi) ýaly tanymal ýaşaýjylary bilen giňden tanalypdyr. XIV asyryň meşhur taryhçysy, geografy we şahyry Hamdallah Mostoufi Kazwini, XVI asyryň taryhçysy Pudak Kazwini şu şäherde dünýä inipdirler. Hamdallah Kazwini “Nuzhat al-kulub” (Ýürekleriň ynjalygy), Pudak Kazwini bolsa «Jawahir ul-ahbar» («Göwher [ýaly gymmat] habarlar») eserleri bilen şohrat gazanypdyrlar. XVI asyrda Kazwin özüniň suratkeşlik (miniatýura) mekdebi bilen hem giňden şöhratlandy. Şol döwürler bu mekdebiň suratkeşleriniň ýakyndan ýardam etmekleri netijesinde Hindistanda ýerli miniatýura mekdebi kemala geldi. Köp asyrlaryň dowamynda Kazwinde tanymal ulamalar, hadysçy-alymlar okap bilim alyp, bu ýerde ýaşlara öz ugurlaryndan ylym-bilim beripdirler. Olardan Aslama Deýlemi Kazwininiň, Tahyr Hatam Kazwininiň, Ymam Mätiniň ilçileriniň biri Aly Hemedany Kazwininiň ogly Abu al-Faraj Muzaffaryň, Abdal Jalil Kazwininiň we başgalaryň atlaryny görkezmek bolar. Sefewileriň döwründe Kazwinde Muhakkak Sani Nureddin Aly Karaky tarapyndan medrese esaslandyrylýar. Şol medresede we şäheriň “Hauza” diýlip atlandyrylan ylmy merkezinde Seýit Hüseýin Kazwini, Mir Şeref Jahan, Kazy Ahmet Kazwini, Seýit Mir Muhammet Masum Kazwini, Molla Halyl Kazwini dagylar talyplara sapak beripdirler. Kazwinde köp sanly taryhy-medeni ýadygärlikler hem saklanyp galypdyr. Olardan XII asyra gurlan metjidi, Kebiriň Juma metjidini, sefewileriň Kyrk sütün (“Çihil Şütün”) köşgüni we başgalary görkezmek bolar. Häzirki döwürde olar ilatyň iň gelim-gidimli ýerleriniň biri. Häzirki döwürde Kazwin şäheri EYR-nyň adybir welaýatynyň dolandyryş merkezi bolmak bilen, onda 350 müňe golaý ilat ýaşaýar. Şäher Eýranyň dokma senagatynyň merkezidir. Kazwin welaýaty pagtanyň, ýüpegiň we gönüň köp öndürilýän ýeridir. Şäher has hem özüniň haly dokmaçylygy bilen giň meşhurlyga eýedir. Kazwiniň eteginde ýurtda iň uly elektrik stansiýalaryň biri ýerleşýär. Bu ýerleriň üsti bilen Eýran demir ýolunyň Tähran-Töwriz şahasy hem geçip gidýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||