10:57 Beýik Ýüpek ýoly -17: Reý | |
REÝ
Taryhy ýerler
Taryhy Reý şäheri Eýran Yslam Respublikasynyň paýtagty Tähranyň eteginde ýerleşýär. Ol ýurduň gadymy şäherleriniň biridir. Gadymy zamanlarda ol “Raga” diýlip atlandyrylypdyr. Şäher barada “Awestada” aýdylýar, ahemeni patyşasy Dariý bolsa özüniň Behistun ýazgylarynda agzap geçýär. Reý gadymy Midiýa döwletiniň, soňra bolsa Ahemenileriň, Selewkileriň, Beýik Parfiýanyň we Sasanylaryň möhüm syýasy merkezleriniň biri bolupdyr. Şol wagtlar Eýranyň häzirki paýtagty Tähran (Dehran) Reýiň gapdalyndaky kiçijik oba bolupdyr. Beýik Parfiýa patyşalygynyň döwründe Reý Arsakiýa diýlip atlandyrylyp, ol skif taýpasy bolan “ak saklar” diýen manyny aňladypdyr. Arsakiýa – parfiýa patyşalarynyň ýazky paýtagty bolup hyzmat edipdir. Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugrunda ýerleşendigi üçin, şäher öz döwründe Eýranyň iň iri söwda-senetçilik merkezi hökmünde meşhurlyk gazanypdyr. Selewkileriň zamanynda bolup geçen güýçli ýer titremäniň netijesinde Reý bütinleý weýran bolupdyr. Şäher Selewk Nikator tarapyndan dikeldilipdir we “Ýewrop” diýlip atlandyrylypdyr. Parfiýalylar bilen selewkileriň arasyndaky uruşlarda Reý weýrançylyklara sezewar edilýär. Şol sebäpden hem uruşlar tamamlanyp, Beýik Parfiýa döwleti döränden soň, Reý şäherini dikeltmek işi bilen Ärsak patyşanyň hut özi meşgullanypdyr. Araplaryň sasanylara garşy guran ýörişleriniň we arap halyflygynyň döwründe-de Reý özüniň ähmiýetini ýitirmändir. IX-XIII asyrlarda Reý Eýranyň gülläp ösen şäherleriniň birine öwrülýär. Şol asyrlar şäher özüniň çeper külalçylyk önümleri bilen şöhratlanypdyr. Reýde senetçilik we söwda giň gerim bilen ösýär. Beýik Seljuklaryň döwletiniň döwründe Reý Eýranyň demirgazygyndaky ykdysady taýdan iň ösen şäherleriň birine öwrülýär. Onuň üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň esasy ugry geçip gidipdir. Bu bolsa şäherde söwda-senetçilik we gurluşyk işleriniň giňden ýaýbaňlanmagyna getiripdir. Reý Seljuklar döwletiniň Nişapur, Yspyhan, Kerman, Hemedan ýaly syýasy merkezleriniň biriniň wezipesini hem ýerine ýetiripdir. Şol sebäpden hem bu ýerde seljukly döwletini esaslandyryjy Muhammet Togrul beg jaýlanypdyr. Häzirki döwürde Togrul begiň XII asyrda tegelek ülňüde, dilkaw-dilkaw edilip gurlan aramgähi (“Borj-e Togrul”) Reýiň iň gadymy ýadygärlikleriniň biri bolup durýar. Bu aramgähiň depesinde konus şekilli owadan üçegi hem bar eken. Emma 1884-nji ýylyň ýer titremesinde boýy 20 metrden geçýän aramgähiň üçegi, şeýle hem aramgähe salnan bezegleriň birnäçesi weýran bolupdyr. Şäherde Şah Abdyl Azymyň metjidi, Şähri Banunyň aramgähi ýaly başga-da birnäçe ajaýyp ýadygärlikler bardyr. Bulardan has täsirlisi Şah Abdyl Azymyň aramgähler toplumydyr. Şah Abdyl Azym ikinji ymam Hasanyň (Hezreti Alynyň ogly) neslinden bolupdyr. Bu toplumda ymam Rzanyň dogany ymamzada Hemzäniň, dördünji ymam Aly al-Esgeriň ogly ymamzada Tahyryň we Nasyreddin şa Gajaryň guburlary hem ýerleşýär. Bu aramgähler toplumy gupbasyna altyn çaýylan, iki minaraly eýwanly metjitdir. Nasyreddin şanyň aramgähine eltýan ýüzüne owadan nagyşlar çekilen gapylaryň biri XV asyryň ortalarynda, Teýmirleňiň nesilleriniň döwründe edilipdir. Beýleki demirden edilen iki sany gapy hem baý bezelipdir we olar 1538-nji ýyl bilen senelendirilipdir. Hakykat ýüzünde bu gapylar seljuklar döwründe ýasalypdyr diýlip çak edilýär. Ymamzada Hemzäniň aramgähiniň eýwany we bassyrmasy XVI asyryň ortalarynda, Tahmasp patyşanyň döwründe gurlupdyr. Ymamzadanyň kümüş galyba salnan gubury Fataly şa Gajar tarapyndan edilipdir we onuň ýüzündäki her hili şekiller we nagyşlar XIX asyryň bütin dowamynda salnypdyr. Reýiň golaýynda, Ashan daglarynyň gaýalarynyň biriniň ýüzünde Fataly şanyň (1796-1834) daşyň ýüzüne çekilen suraty bardyr. Öň onuň suratynyň ýerinde sasany patyşalarynyň şekilleri bar eken. Emma Fataly şa olary süpürip aýyrmagy, ýerine bolsa öz suratyny çekmegi hokum edipdir. Gajar hökümdary bir döwürde Reýi öz maşgalasynyň dynç alýan, onuň töwregindäki daglary bolsa garda tyýpylýan ýere öwrüpdir. Reýiň ýadygärlikleriniň arasynda ady rowaýata öwrülen şa aýaly Şähri Banunyň aramgähi bar. Aýtmyşlaryna görä, Şähri Banu iň soňky sasany patyşasy Ýezdigerd III-niň gyzy bolupdyr. Araplar tarapyndan paýtagt şäher Medain basylyp alnyp, Eýran eýelenilenden soň, Şähri Banu Medinä alnyp gidilipdir. Medinede ol üçünji ymam Hüseýne (Hezreti Alynyň ikinji ogly) durmuşa çykarylýar. Şaýylaryň ynanjyna görä, Şähri Banu dördünji ymam Zeýnelabidiniň (Hezreti Alynyň agtygy) ejesi bolupdyr. Reýiň gadymy ýadygärlikleriniň hatarynda otparazlaryň Gebri (Ümsümlik) minarasyny görkezmek bolar. Çüýräp barýan maslyk otparazlaryň ynanjyna görä ody, suwy we ýeri harama çykarýar diýip düşünipdirler. Şonuň üçin hem olar it-guşlar iýer ýaly, ölülerini beýik binalaryň ýa-da daglaryň üstüne çykaryp goýupdyrlar. Soň süňkleri çöpläp, ýere gömüpdirler. Gebri minarasy b.e. öňki I müňýyllyga degişli otparazçylyk dini bilen baglanyşykly gadymy ýadygärlikdir. Gynançly ýeri, mongol basybalyşlary döwründe Reý weýran edilipdir we şondan soň weýrançylyklardan hiç haçan hem doly aýňalyp bilmändir. 1227-nji ýylda Horezmşa Jelaleddin Reýiň eteginde mongollary derbi-dagyn edýär. Şonuň üçin hem bir ýyldan soň şäher mongollar tarapyndan aýylganç talaňçylyga sezewar edilýär. Ilatyň aman galan bölegi şäheriň etegindäki Tähran obasyna gaçypdyrlar. Şol döwürler Tähranyň ýaşaýjylarynyň öýlerinde ýerzeminler bolupdyr. Olar öz ýerzeminlerinde azyk harytlaryny hem saklapdyrlar. Şäheriň üstüne howp abananda şäherliler ýerzeminlerde gizlenipdirler we uzak gabawlara döz gelip bilipdirler. Mongol basybalyşlarynda halys tozdurylandygy zerarly, XIII asyryň ikinji ýarymynda Eýranyň syýasy hem-de ykdysady merkezi Reýden has demirgazyk-günbatara – Töwriz we Soltaniýe taraplara ep-esli süýşüpdir. Reýiň syýasy, ykdysady we medeni taýdan ähmiýeti peselenden soň, onuň şäher etegi bolan Tähranyň abraýy ýokary göterilip başlaýar. 1404-nji ýylda ispan syýahatçysy Rui Gonsales de Klawiho Tähranda bolup, ol ony teýmirileriň tabynlygyndaky uly şäher hökmünde häsiýetlendiripdir. Dürli döwürleriň taryhçylary we geografiýaçylary Reýiň şäher etegi bolan Tährany Horasana, Kuma, Mazendarana, Kazwine, Gilýana we Sawe gidýän ýoluň ugrunda ýerleşýän syýasy, ykdysady, dolandyryş, dini we söwda merkezi hökmünde häsiýetlendiripdirler. Tähran has hem sefewileriň döwründe ösüpdir. XVI asyrda Tahmasp patyşa Tähranyň daşyna gala diwarlaryny aýlapdyr. XVIII asyryň başlarynda Tähranyň düzümine şäher etekleri bolan Şemiran, Reý we başga ýerler goşulypdyr. Kerim Han Zend şäherde köşk we döwlet edaralarynyň jaýlaryny gurdurypdyr. 1789-njy ýylda asly oguzlardan bolan gajar taýpasynyň serdarlary Tährany Eýranyň paýtagtyna öwürýärler. Şol wagtlar şäherde 15 müň ilat ýaşapdyr. Nasyreddin şanyň döwründe şäheriň daşyna täze diwarlar we gorag minaralary gurulýar. 1796-njy ýylda Tähran resmi taýdan gajarlaryň paýtagty bolýar we şondan bäri şäher şol wezipäni biregne ýerine ýetirip gelýär. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||