18:49 Beýik Ýüpek ýoly -3: Sian | |
SIAN
Taryhy ýerler
Sian şäheri hem Hytaý Halk Respublikasynyň gadymy şäherleriniň biridir. Ol indi 3100 ýyldan bäri ýurduň taryhynda ähmiýetli orna eýe bolup gelýär. Taryhyň aýry-aýryi döwürlerinde Sian dünýäniň iň iri şäherleriniň biri bolupdy. Bu şäher Hytaýyň Şensi welaýatynda ýerleşip, häzir ol bu welaýatyň dolandyryş merkeziniň wezipesini ýerine ýetirýär. Sian (Günbatar dünýäsi) – geçmişde Hytaýyň iň meşhur taryhy hem-de medeni merkezleriniň biri bolmak bilen, 1100 ýylyň dowamynda ýurtda hökum süren 13 nesilşalygyň, hususan-da Çžou, Sin, Han, Suý we Tan imperiýalary ýaly iri döwletleriň paýtagty bolup hyzmat etdi. Şäheriň gadymy ady Çanan bolup, ol türkmençä terjime edilende “uzak parahatçylyk” diýen manyny aňladýar. Sian (Çanan) haçan-da VII asyrdan soň Loýanyň ähmiýeti belli bir derejede pese gaçandan soň, Beýik Ýüpek ýolunyň başlanýan nokadyna öwrüldi. Sebäbi bu döwürde Sian şäheri gülläp ösüşlere eýe boldy we Hytaýyň iň iri syýasy, söwda-ykdysady we medeni merkezine öwrüldi. Bu döwürde şäheriň ilat sany milliondan geçdi. Şäherde Merkezi Aziýadan we Gündogaryň dürli sebitlerinden gelen köp mukdardaky täjirler ýörite mähellelerde hemişelik esasda ýaşapdyrlar. Siana dünýä meşhurlygyny getiren aýratynlyklaryň biri-de, şäheriň golaýynda Hytaýy birleşdiriji we Sin imperiýasyny esaslandyryjy Sin Şihuandiniň dabarasy dag aşan guburhanasy ýerleşýär. Guburhanada birmeňzeş ölçegde ýöne biri-birine meňzemeýän bişirilen toýundan edilen müňlerçe esgerler hem-de atlar ýerleşdirilipdir. Sian şäheri baryp b.e. öňki XI asyrda, ýagny Çžou döwletiniň esaslandyrylan döwründe senetçiligiň, söwdanyň we medeniýetiň merkezi bolup hyzmat edipdir. Şol döwürler häzirki Sianyň töwereklerinde Fen hem-de Hao şäherleri ýerleşipdir. B.e. öňki 687-nji ýylda sin patyşalary tarapyndan Hytaýyň taryhynda ilkinji ýerli dolandyryş birligi bolan Dusýan etraby döredilýär. Şundan soň onuň töwreklerinde ýene-de birnäçe etraplar esaslandyrylýar. B.e. öňki III asyrda Sin Şihuandi tarapyndan merkezleşdirilen döwlet döredilenden soň, bu dolandyryş ulgamy Hytaýyň ähli ýerlerine ýaýradylýar. Häzirki Sian şäheriniň demirgazyk-günbatar künjeginde ýerleşen Sýanýan şäheri bu meşhur hökümdaryň döreden imperiýasynyň paýtagtyna öwrülýär. Häzirki Sianyň şäher eteginde Sin Şihuandi özüne guburhana we bişen toýundan edilen goşun döredýär. B.e. öňki 202-nji ýylda Han imperiýasyny esaslandyran Lýu Ban täze paýtagt hökmünde Çanan şäheriniň düýbüni tutýar. Onuň “Baky Bagt köşgi” diýip at alan ilkinji köşgi Sin Şihuandiniň derýanyň aňyrsyndaky weýran edilen paýtagtynyň galyndylaryndan gurlupdyr. Iki ýyl geçenden soň häzirki şäheriň demirgazygragynda Lýu Ban Weýýan köşgüni gurdurýar. Çananyň gala diwarlarynyň gurluşygy b.e. öňki 194-nji ýylda başlaýar. Gurluşyk işleri dört ýyldan soň tamamlanýar. Şäher diwarlarynyň uzynlygy 25 kilometrden gowrak, galyňlygy bolsa düýbünde 12-16 metre barabar bolupdyr. Diwarlar jemi 36 kм² meýdanyň daşyna aýlanypdyr. Munuň özi Rimiň imperiýa döwründäki meýdanyndan 1,5 esse köpdügini aňladýar. Wan Manyň döwründe “Çanan” ady ulanylmandyr, ýöne Giçki Han nesilşalygy esaslandyrylandan soň şäheriň ady gaýtadan dikeldilýär. B.e. 24-nji ýylynda şäher halk gozgalaňyň netijesinde weýran edilýär. 190-njy ýylda, ýagny Han imperiýasynyň ýykylmazynyň öňisyrasy general Dun Çžo özi ýaly Hytaýda häkimiýet ugrunda göreşýän serkerdeleriň öz garşysyna birleşmeklerinden gorkup, paýtagty Loýandan Çanana göçürip getirýär. Han imperiýasy ýykylandan soň, bu ýerler Szinçžao etrabynyň düzümine goşulýar. Demirgazyk Çžou nesilşalygynyň höküm süren döwründe 558-nji ýylda Çanan dolandyryş taýdan ikä bölünýär we degişlilikde Wanýan we Çanan etraplary diýlip atlandyrylýar. VI asyryň ahyrlarynda dagynyk Hytaý ýene-de bitewi Suý döwletine birleşdirilýär. Imperator han döwrüniň paýtagtynyň günorta-gündogarynda täze paýtagty gurmagy höküm edýär. Şäher Dasin (Beýik buýsanç) adyna eýe bolýar. Şäher üç etraba bölünipdir: Sian köşgi, Imperiýa şäheri we ilat ýaşaýan şäher. Bu döwürde şäheriň iň uly köçesi bolan Çžusýueniň giňligi 155 metre barabar bolupdyr, şäheriň özi bolsa 84 kм² (şol döwürdäki Rimiň alty essesi) meýdany eýeläpdir. Şol wagtlar ol dünýäniň iň uly şäheri bolup, onda bir milliona barabar ilat ýaşapdyr. Hytaýda häkimiýet başyna Tan nesilşalygy gelenden soň, şäheriň Çanan ady gaýtadan dikeldilýär. Tan nesilşalygynyň dolandyran ýyllarynda Hytaýda medeniýet gülläp ösüpdir, orta asyr gatnaşyklary öňküsinden has kämilleşipdir. Ýurduň paýtagty Çananyň patyşa köşkleriniň, ybadathanalarynyň, seýilgähleriniň, gülhanalarynyň we serhowuzlarynyň ertekilerdäki ýaly ajaýyplygy we baýlygy bütin Gündogarda şöhratlanypdyr. Ýaponiýa, Koreýa, Wýetnam we beýleki goňşy döwletler şäher gurluşyk tilsimlerini Tanlardan öwrenipdirler. Hytaýyň Hançžou, Kaýfyn, Ýançžou, Çendu, Çançžou, Suçžou ýaly häzirki döwürde-de meşhur merkezler hasap edilýän uly şäherleri hem hut Tan hökümdarlygy döwründe peýda bolupdyrlar. Tan nesilşalygynyň dolandyran döwründe Çananda Li Bo (699-762), Du Fu (712-770), Wan Weý (701-761), Bo Szýuý-I (778-846) ýaly ajaýyp şahyrlar ösüp ýetişipdirler. Söwdanyň, senetçiligiň we medeniýetiň merkezi bolşy ýaly, Çanan Hytaýyň dini merkezine hem öwrülipdir. VII asyrda budda monahy Sýuanszan Çananda ýerleşmek bilen, budda edebiýatyna degişli eserleri hindiýewropa dilleriniň düýbi hasap edilýän sanskritden hytaý diline terjime etmegi ýola goýýar. 652-nji ýylda “Ýabany Guwlaryň diňi” atly beýikligi 64 metre barabar bolan täsin bina gurulýar. Bu bina Sýunszanyň Hindistandan getiren buddaçylyga degişli kitaplarynyň saklanylýan ýeri bolmalydy. 707-nji ýylda beýikligi 45 metre ýetýän “Ýabany Guwlaryň kiçi diňi” hem gurulýar. Bu diňe 1556-njy ýylyň ýer titremesinde ep-esli zeper ýetýär. Çananda hristiançylygyň nestoriançylyk ugruna uýýanlary hem ýaşapdyrlar. Çananly hristianlar 781-nji ýylda şäherde daşdan sütün we birneme soňrak Dasin diňini galdyrypdyrlar. Köp sanly alymlaryň bellemeklerine görä, VII-IX asyrlarda Çanan dünýäniň iň uly megapolisine öwrülipdir. Emma Tan nesilşalygynyň häkimiýeti synandan soň, Çanan şäheriniň syýasy, ykdysady we medeni täsiri gutarnykly peselýär. Dünýäniň iň uly megapolisi bolmak abraýy bolsa Abbasylar halyflygynyň paýtagty Bagdada geçýär. Tan imperiýasy ýaşamagyny bes edenden soň ýurduň paýtagty ýene-de Loýan şäherine geçirilýär, onuň tutýan meýdany hem üzül-kesil kiçelýär. Mongollar Hytaýy basyp alanlaryndan soň, Hubilaý han 1272-nji ýylda Çanany we onuň töwereklerini üçünji ogly Mangalanyň ygtyýaryna berýär. 1279-njy ýylda bu ýerler “Ansi”, 1312-nji ýylda bolsa Fenýuan diýlip atlandyrylýar. Hytaýdan mongollar kowlup, Min nesilşalygy esaslandyrylandan soň, gürrüňi edilýän sebit Sian etraby diýlip atlandyrylyp başlaýar. Şäheriň daşyna galyň diwar aýlanýar. Onuň diwarynyň uzynlygy 12 kilometre, beýikligi 12 metre, düýbündäki ini bolsa 15-18 metre barabardyr. Sianyň diwarlary gowy saklanan görnüşinde biziň günlerimize gelip ýetipdir we ol dünýäde gowy saklanan berkitme gala diwarlarynyň sanawuna girýär. 1369-njy ýylda şäheriň Sian ady dikeldilýär. 1370-nji ýylda Min nesilşgyny esaslandyryjy Çžu Ýuançžan özüniň ikinji ogluna “Sin wan” derejesini berýär. Sin wanyň oturýan ýeri hökmünde bolsa Sian saýlanyp alynýar. 1391-nji ýylda Çžu Ýuançžanyň uly ogly Çžu Býao ýurda aýlanyp ýörkä Siana gelýär we ýurduň paýtagtyny bu ýere göçürmegi ýüregine düwýär. Emma ol minleriň paýtagty Nankine dolanyp gelenden soň näsaglaýar we tiz wagtdan aradan çykýar. Netijede Sianyň paýtagt bolmak mümkinçiligi aradan aýrylýar. 1643-nji ýylda Sian Li Szyçeniň baştutanlygyndaky hytaýly gozgalaňçy daýhanlar tarapyndan eýelenilýär. Gozgalaňçylar şähere gadymy “Çanan” adyny gaýtaryp berýärler. Birnäçe wagt geçenden soň, şähere ýene-de özüniň Sian ady dakylýar we bu ýagdaý 1928-nji ýyla çenli dowam edýär. Şol ýyl şähere Sijin ady dakylýar, ýöne 1943-nji ýylda şäheriň Sian ady gaýtadan dikeldilýär. Häzirki döwürde Sian HHR-nyň ykdysady hem-de medeni durmuşynda uly ähmiýete eýedir. 1992-nji ýylda Siana ýurduň hökümeti tarapyndan açyk şäher derejesi berildi. Häzir şäherde etekleri bilen bilelikde 7 million töweregi ilat ýaşaýar. Eger-de Pekine Hytaýyň paýtagty, Şanhaýa, Guançžoua, Sýangana (Gonkong) daşarky dünýä üçin açylan derweze diýlip düşünilýän bolsa, onda Sian geçmişe tarap bakdyrylyp goýlan taryhy şäher hasap edilýär. VII asyrda Çanandan Beýik Ýüpek ýoly gaýtadan gözbaş alyp gaýdan bolsa, bu ýerden buddaçylyk dini hem Hytaýa ýaýrap başlapdy. Sian özüniň ajaýyp taryhy ýadygärlikleri bilen meşhurdyr. Şäheriň golaýynda Sin Şihuandiniň “dünýäniň sekizinji gudraty” diýlip yglan edilen meşhur guburhanasy ýerleşýär. Bu guburhana arheologlar tarapyndan geçen asyryň 70-nji ýyllarynda açyldy. Guburhanada esgerleriň 6 müňüsiniň we atlaryň hakyky ölçegdäki heýkelleri ýerleşýär. Sin Şihuandiniň guburhanasy häzir HHR-a gelip-gidýän daşary ýurtly syýahatçylaryň iň gelim-gidimli ýeri hasap edilýär. Umuman alnanda, Beýik Ýüpek ýolunyň başlanan ýerleriniň biri bolan gadymy Sian şäheri geçmişde-de, häzirki döwürde-de giň meşhurlyga eýedir. Gurtnyýaz HANMYRADOW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |