08:54 Bir sopynyñ kerwensaraýdaky hyzmatkäre öz eşegine seretmegi tabşyryşy hakynda hekaýat | |
Bir sopynyñ kerwensaraýdaky hyzmatkäre öz eşegine seretmegi tabşyryşy hakynda hekaýat
Goşgular
Alys ýoldan ýadap, gijigip gelen Sopy bir saraýda düşlärmen bolan. Ol bir hyzmatkäriñ ýanyna baryp, Öz garry eşegni oña tabşyryp, Ýolagçylañ arasyna goşulýar, Bu ýere gelenne köp hoşal bolýar. Alys-ýakyn ýerden bu taýa gelen Saraý dolumyşyn ýolagçy bilen. Beýlekiler ýaly, töwerek-daşyn Olam içgin-içgin synlaýarmyşyn. Düýpsiz hazynadyr kitap diýilýän Ýöne bir däbem bar ozaldan gelýän. Yslamyñ diregi bolan kitaby Ýokdur sopularyñ okamak däbi. Olar paý-pyýada örteýip jany, Syñsaryşyp, keşt ederler dünýäni. Ýarandyr olara ejir, howp-hatar, Şol zatlar kitabyñ deregin tutar. Olaryñ arzuwlan pursady geldi - Sopulara çaýdyr nahar çekildi. Palaw iýip başlaýmaly bolanda, Eşegini ýada saldy o bende. Hyzmatkäri tapyp, diýdi ol şeýle: "Eşegme arpany köpüräk emle". "Olara seretmek biziñ kärimiz, Şonuñ bilen meşgul köpden bäri biz". "Eşegim garrydyr, bilip goý şuny, Owradyp hem ezip bergin iýmini. Agyr ýükden ýadawdyr ol görgüli, Ot-çöp bilen sypaşdyrgyn böwrüni". "Kän ýyl boldy munda işläp ýörenim, Şu ýer meniñ gözüm açyp, görenim. Myhmana, malyna hyzmat etmegi Bilýän adam ýokdur bizlerden gowy". "Ýene-de bir berjek pendimi tutgun - Oña berjek suwñy az-kem ýylatgyn". "Hiç alada galmañ, haýyşym sizden, Nägile bolan ýok hyzmatymyzdan". "Ýatjak ýerniñ daşyn aýyryp gowy, Unutma deregne çäge sepmegi". "Maña zat öwretme, sesiñi kes-de, Senden gowy bilýän özüm kän esse..." "Aýrawergin içirgisin, gaññasyn, Endamy çalyksyn, süññi ýeñlesin". "Seniñ bu diýenñem edäýmek kyn däl, Walla, eýt-beýdiñden sypmak mümkin däl". "Gijäñ sowugyna üşäýmez ýaly, Üstüne ol-bi zat atgyn mazaly". "How, gadyrdan, üstüm gömüp sargytdan, Göwnüme bolmasa, aşýarsyñ hetden. Köp zatdan habardar alymam bolsañ, Meñem öz işime zordugmy bil sen. Indi köp ýyl bäri işim-aladam - Eşeklere hyzmat edýärin mydam. Señ tabşyryklarñy berjaý edere, Gowsy, maña rugsat ber gidere". Sypaýy baş atyp, ondan daşlaşdy, Sopynyñ birhili mazasy gaçdy. Hyzmatkär dynan dek agyz azapdan, Işini bada-bat çykaryp ýatdan, Öz-özi hoş bolup misli bir çaga, Şol sopyñ bolşuny gürrüñ bermäge Ugrady ýolunda kim gabat gelse, Sargyt baryn eden sopymyz bolsa Almak üçin gözleriniñ awusyn, Düşegni ýazynyp, uklady basym. Rahadam ýatyp bilmedi bende, Oraşan zatlary gördi düýşünde. Eşegniñ üstüne topulýar möjek, Özi-de aç borly - zat goýman iýjek. Janawer agzaklap, yza tesende, Howpurgap, oýandy ol ýatan bende. Ukusy şobada boldy zym-zyýat, Doga okap başlady ol bada-bat: "Eý, Allam, bendäñi beladan gutar, Kyn günde kim meniñ dadyma ýeter? Näçe sargyt etdim hyzmatkäre men, Aýdanym bolmady, tüýs biçäre men. Oñ meni ýigrenýän bolmagy mümkin, Ýöne sebäp ýog-a beýtmegi üçin. Adam hiç sebäpsiz bir iş tutmaýar, Hatda melguna-da zyýan etmeýär. Diñe iki jandar - ýylandyr içýan Başarsalar, özgä ýetirer zyýan. Möjek diýilýänem edil şoñ ýaly - Malyñy parçalap gitmek hyýaly. Adam tapawutly bolup olardan Zyýan etmeli däl sebäpsiz ýerden. Hyzmatkäre şübhäm ýok däl meniñ-de, Bu - geçilmez hatam Allañ öñünde". Onuñ bu şübhesi esassyz däldi, Eşegi şol wagt gözgyny halda Torba asaýmaly bolup süñkünden, Gidipdi janawer halys eñkinden. Garny hepbik ýaly, gözi çylpyklap. Olam öz ýanyndan gepledýär için: "Ýer ala-ýurt ala" diýilýäni çyn. Eger-de hyzmatkär bolmasa gyrpa, Tapylardy maña bir gysym arpa. Ejir üçin dörän jandar men, açyk, Gutulma ýok borly kysmatdan gaçyp". Arpa nire? Hatda agyzdan galan Hoş boljakdy tapsa bede ýa saman. Ahyr muşakgatly gije-de ýetdi, Älemi ýagtyldyp, nurly dañ atdy. Ir bilen haýdaşlap gelen hyzmatkär Seretse, eşekde ýok ysgyn-mydar. Eplenip ýatyrdy göýä küçen dek, Özi-hä turarly däl onuñ entek. Ýatan janaweri goýman ugruna, Hyzmatkär bat bilen depdi böwrüne. Ony eýdip-beýdip turuzdy basym, Düzetdi garnyna süýşen gaññasyn. Eşek biçäräniñ dili, agzy ýok, Derdini hiç kime sözläp bilen. Sopam il ugruna ir bilen turup, Eşegini goýan ýerine baryp, Barja goş-kötelni üstüne ýükläp, Ýola düşdi oñ böwrüne hürsekläp. Zordan ýöräp barýan ysgynsyz eşek Çökdi birden aýagyndan alnan dek. Adamlar biçäräñ daşyn gallaşyp, Dikeltdiler ýerli-ýerden goldaşyp. Öz ýanyndan dürli çak urup her kim, Anyklajak boldy eşegiñ derdin. Biri "Toýnakdaky daşdandyr" diýdi, Biri "Gulakdaky başdandyr" diýdi. Ýene biri sopa dikip tiñkesin, Barmagny çommaldyp, gataltdy sesin: "Sen dälmi düýn gijäñ bir wagtyna çen, Eşegini magtap, ýürege düşen?" Sopy diýdi: "Maña igenmäñ nedir? Günäniñ ählisi hyzmatkärdedir. Janaweri uzak gije ot bermän, Nä hala salanny özüñem görýäñ". ...Berilýän boş söz kän. Bolsañ sen dana, Tapjak bolgun saman içinden däne. Gözleriñe garap, hatda arwaham "Alla beýik" diýse, ahmal bolma sen. Ol diñe göze çöp atmaga ökde, Niýeti - uguñy ýekelemekde. Ýigrenji neşeden keýpini köklän Dostsyrap, süýkense, ýüzüne bakmañ. Bar kişä deñ gadyr goýmajak boluñ, Ýagşyny, ýamany saýlajak boluñ. Kim ýaýaplap, epilse señ öñüñde, Bilip goý, pyçagy bardyr ýeñinde. Dostdur duşmanyny saýgarmaýanlar Ahyry çykgynsyz kyn güne galar. Ýada salyp bolşun şol hyzmatkäriñ, Gözle sen özüñi goramañ tärin. Düýbi çüýrük sütünlere daýanma, Özgeleriñ hasratyna begenme. | |
|
√ Görüp göçmeli dünýedir / Goşgular - 29.05.2024 |
√ Saña barýan ýol / Goşgular - 18.08.2024 |
√ Soñudagy / Goşgular - 06.07.2024 |
√ Ikatýok bilen horaz / basnýa / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ «Ýene seni ýada salyp erikler...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Ýene göz öýünde mä’wa kylyp sen... / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Kim aýtdy ýara / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Serhetçi jigime / Goşgular - 29.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |