20:09 Bir soragyñ ýigrimi ýyllyk sütemi: "Daş daşa degdi" | |
BIR SORAGYÑ ÝIGRIMI ÝYLLYK SÜTEMI
Taryhy makalalar
Kakam Çüri Çary oglunyň ýagty ýadygärligine Allaýar Çüriýew sowet döwründe şahsyýet kulty ýyllarynda nähak pida bolan ykballaryň ýüzlerçesi hakynda ýazylan kitaplaryň birnäçesiniň awtorydyr. Kitapda öň okyjylara az mälim bolan wakalar barada söhbet açylýar. Ozal, sowet döwründe seýrek, şeýle hem subýektiw ýazylan, tas unudylyp ugralan wakalar dogrusynda, türkmeniň gerçek ogullary, türkmen halkynyň aýaga galmagy üçin köp iş bitiren, soň hem jemgyýetiň pidasy bolanlaryň, şeýle hem ýigrimi ýyla golaý öz ömrüni sowuk ülkelerde sürgünlikde geçirmäge mejbur bolan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Hydyr Derýaýewiň we beýleki onlarça adamlaryň ömürleriniň «ak tegmilleri» hakda anyk taryhy dokumentlere salgylanyp gürrüň edilýär. Kitap giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenendir. ▶ "DAŞ-DAŞA DEGDI'' Şahyr Şaly Kekilowa otuz ýedinji ýylda nähak töhmet atylýar. Ol «halk duşmany» hökmünde türmä basylýar. Onuň şo wagt bary-ýogy 31 ýaşy bardy. Şahyryň ömrüniň şo döw- ri hakda Türkmen sowet ensiklopediýasynda şeýle setirler ýazylypdyr:... «1936-njy ýyldan tä Beýik Watançylyk urşunyň başlanan gününe çenli «Sowet edebiýaty» žurnalynyň we «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaksiýalarynda jogapkär wezipelerde işledi»... Gynansak-da, bu jümle onuň ömür ýoly hakda okyjylara anyk we doly düşünje berip bilenok. Şonuň üçinem biz şahyryň aýaly, 77 ýaşly Bibi Kekilowa bilen duşuşmagy, onuň bilen söhbetdeş bolmagy makul bildik. Bibi eje biziň bilen söhbetdeş bolmaga göwünjeňlik bilen razylyk berdi. * * * — Bibi eje, gürrüňi başdan başlaýalyň. Şaly Kekil bilen haçan, näwagt durmuş gurduňyz? — Başdan başlasak, onda şeýle jigim. Kakamyz Seýitli, oňa obadaşlary Serdar hem diýerdiler, raýispolkomyň baş- lygy bolup işledi. Şalam şo döwürde Arçmanda mugallym bolup işleýän eken. Kakam ejeme zada-da geňeşmän meni ol oglana durmuşa çykardy goýberdi. Kakam «Gyzym şon- dan rahat tapar. Şol oglan bihal oglan bolmaz» diýdi. Ejem kän gynandy şoňa. 29-njy ýylda Şaly meni Köşä getirdi. Obadan ýerem bir aldy. Aman, Çary, Gara tehnikumdady şo wagt. Okaýardylar. — Kim olar? — Aman Kekil, Çary Aşyr, Gara Seýitli. Gara meniň süýtdeş doganym. Ol menden iki ýaş kiçidi. — Şeýdip ýaşap ýörüs, 37-nji ýylam ýetip geldi. Tutha-tutluk başlandy. Oraz Täçnazar gitdi. Yzyndan Hojanepes Çaryny äkitdiler. 37-nji ýylyň haýsy günüdigi ýadyma düşenok, ýöne Hojanepes tutulandan bäş gün geçensoň, onam äkitdiler. Üç gün möhlet berdiler. «Çykmasaň, özümiz çykararys» diýdiler. Ýalňyşmasam, şo wagt Ýazyjylar soýuzynyň başlygyna Mätjanow diýýärdiler. Soň o-da tutulypdyr. Soň Kemal Işan boldy. Tä Şaly çykyp gelinçä soýuza başlyk boldy. Ol maňa kän hossar bolandyr. Baý, gelneje diýip gowy görerdi. Olar teke bazary töwereginde, bizem orus bazary töwereginde ýaşaýardyk. Gatnaşýardym. Gelniniň adamkärçiligi gowudy. Ýekeje gyzjagazy gujagynda, ýer titrände wepat boldular. Meni gören ýerinde durup «Çagalar nähili?» diýip, ýekän-ýekän soraşdyrýardy. Ýöne başga adamlaň hemmesi bu köçedengelýänbolsa, o köçä sowulyp geçýärdiler. Şalyň kakasynyň doganyna Işan aga diýýärdiler. Şol maňa ilki Köşüde ýaşamaga ýer berdi. Sygyr ýatagy. Daş-daşa degdi. Eltim brigadire baryp şeý diýipdir: «Men şo gelni getirjek weli, nädip getirjegimi bilemok» diýse, brigadir «gelneje, şo gelne dört sany pyrgun bererin» diýipdir. «Al-da gaýdyber» diýipdir. Göçüp geldik. Sygyr ýatagynyň ortasyndan peçjagaz gurduk. Ölen gyzym Suraý ýadyma düşýä şu wagt. Şu ikijigi oturandyr, o ýanda biri, bu ýanda biri. Gije Şalyň agasy gelip «Nähilek gelin, Şala peredaçy berip bildiňmi?» diýip giderdi. Raýondan peredaçy bermek aňsadrakdy. Men zol Ata Nyýazyň aýaly Maýsaň yzyna düşüp giderdim. Bir gezek on bäş gün ýatdyk gaýraky türmäň gapysynda. Bir saparam görkezmediler. Diňe sudda görkezdiler. — Sudy nirede etdiler?! — Lenin bagynyň içinde sud bardy. Şonda sud etdiler. On bäş-ä soldat, on bäş sanam it, sud edilenlerem Musa Ysmaýyl, Ýakup Nasyrly, Ruhy Aly, Şaly, Ata Nyýaz. Hemmesine şo taýda sud etdiler. Şala on ýyl-a tussag, bäş ýylam hukuksyz bolmaly diýip, ýyl kesdiler. Itlerine-de biziň atan zatlarymyzy berdirenokdylar. Sud on bäş gün dagy dowam etdi. Ýyl kesjek bolanlarynda «hany, aýallary gelsin, görüşsinler» diýip maşgalalaryny goýberdiler şo taýyk, şonda meň gyzym bilen Maradyň (Ata Nyýazyň ogly) aglap «papam», «atam» diýip gygyryşlary ýadymda. Olary türmä çenli ugratdyk. — Esasy ýöňkelýän günä näme? — Tersçil diýip sudda aýtdylar. Şaly iki ýyldan soň boşap geldi. Sibirden birje gezek hatyny aldyk. «Posylka iber» diýip ýazypdyr. «Içine suhary hemem sarymsak sal» diýipdir. Iberdim. Başga hat gelenokdy. Iki ýyl dagy geçensoň ilki Musa Ysmaýyl geldi. Soň Ruhy Aly, Ýakup Nasyrly, Ata Nyýaz, Şaly çykdy. Şaly tutulmanka Engels köçesinde oturardyk. NKWD-äň jaýyna golaý ýerde. Soň Şaly «Çagalammyň hem sesi çykanok, olaram ýok edendirler» diýip pikir etdim» diýerdi. Hojanepes Çary bilenem bir kamerada oturypdyr. Bileje bir çilim çekip. Biz oň bilen ýöne-möne goňşy bolan däldiris. Alty Garly, Aman Gulmämmet, ýazyjylar, terjimeçiler, hemmesi öýümizde bir goýun iýip giderdiler. Şaly tutulandan soň hemmesem ýüz sowdy: «Nähilisiň?» diýen adam bolmady. Döwür şeýle boldy-da! | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |