09:08 Bir soragyñ ýigrimi ýyllyk sütemi: Awtoryñ döwür hakda oýlanmasy | |
AWTORYÑ DÖWÜR HAKDA OÝLANMASY
Taryhy makalalar
Şo wagtlar «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaktory şahyr Oraz Täçnazarow «halk duşmany» hökmünde basylandan soň döredijilik işgärleriniň hem bir toparynyň daşyna geçip ugraýarlar. Ata Nyýazow, Şaly Kekilow, Hojapepes Çaryýew, Allaberdi Geldiýew, Anna Muhadow... Bu spisogy ýene-de uzatsa bolardy. Elbetde, döwür galagopludy. Her kim birek-birege müňkürlik duýgusy bilen garamaga başlapdy. Men şo döwrüň «Sowet Türkmenistany» gazetiniň sahypalaryny agdaryp otyrkam «Halkyň duşmanlaryny ahyryna çenli paş etmeli» diýen ýazgyda gözüm saklandy. Bu ýazgy şo döwrüň ýüzüni hiç bir düşündirişsiz mälim edýär: «...Şeýle duşmanlardan ýene biriniň Täçnazarowyň ýakyn dosty we onuň pikirdeşi çüýrük liberal Şaly Kekilo- wyň hem üstüni açdy. Şaly Kekilow, Täçnazarowyň bütin antisowet işleri bilen tanyş bolsa-da, onuň bütin hyýanatçylyklaryny bilse-de, ony öz wagtynda paş etmändir we bu-da onuň Täçnazarow bilen pikirdeş bolandygyny tassyk edýär. Şaly Kekilow üsti açylan troskist Ata Nyýazow we Çaryýewler bilen dyngysyz arak içip, pýan bolup we her hili ýaramazçylyklar edipdir. Ol haramzadalar bilen birigip, biziň ýoldaşlarymyz hakynda hapa sözler aýdyp gelipdirler. Köçeden geçip barýan ýaragly gyzyl esgerleri görkezip, Şaly Kekilow özüniňýanynda bolan bir adama «şuýaraglary görýärmiň, bu ýaraglar adam öldürmek üçin öndürilýärler»... diýip, antisowet gürrüň aýdypdyr. Sowet Soýuzynda ýarag goranmak maksady üçin ýasalýar. Biz adam öldürmek maksady bilen ýarag ýasamaýarys diýip gaýtawul berilse hem ol ýene-de bu pikiriniň üstünde durupdyr... Biz mundan buýana hüşgär bolmak bilen, her bir ýere burnuny sokup, girip galan duşmanlary we olaryň lagerine geçip, biziň watanymyza hyýanatçylyk edýän haramzadalary ahyryna çenli paş etmelidiris»... Şeýle paş etmeler sowet halkyna ýeňil düşmedi. Millionlarça günäsiz adamlar türmelerde çüýredi, olaryň kö püsiniň mazary hem belli bolman galdy. * * * — Şalyň tutulan güni ýadyňyzdamy? — Hojanepesi tutup äkitdiler. Şondan bäş gün dagy geçensoň Şaly işden gelip «Çaý içeli» diýdi. Işleýän otagynda tok çäýnegi bardy. Şony oturtdy. Çaý içdik. Şol wagtlar ol täzeje kostýum tikdiripdi. Çaý içip bolduk weli, ol maňa «Şuny geýip, Lenin bagyna aýlanyp geleýin. Çagalary äkitmäýin, ýöne özüm aýlanyp geleýin» diýdi. Pikir edýär-de. Gitdi. Şaly gitdem weli, Ata Gowşut geldi. «Hä, sag-aman otyrmysyň?» diýdi. «Hany, Şaly?» diýdi. «Şaly şu taýlaryk bir gezelenç edip geljek diýdi» diýdim. «Aý, göräýjekdim. Ata geldi diýde aýdaý» diýdi. Ol gaty aladaly görünýärdi. Geldi weli, «Ata geldi». diýdim. «Kim Ata?» diýdi. «Dostuň-da, Ata Gowşut» diýdim. «Bä, o nähili geläýdikä?» diýdi, görgüli. Elbet, ýüregi syzýandyr-da, birnäçe wagt geçensoň «Meni gelip äkidäýseler, çagalary oýarmagyn. Görmesinler» diýdi. Sagadam näçedigini bilemok, o tamda ýatdam weli, gapymyz kakyldy. Näm bar? Stoluny çekdiler. Öýümizde hiç zat ýok. Öý bilen işleri ýok olaň. Şeýtdiler-de, ýazanja zatlaryny alyp, aldylar-da ötäýitdiler. — Türmeden boşap gelensoň öz başdan geçirenleri hakda näme gürrüň berýärdi? — Gören görgüleri hakda hiç gürrüň etmezdi. Ýöne bir gezek şeý diýdi. Fronta gitjek uçurlarydy. Baba Baýramow diýip goňşymyz hem otyrdy (soň ol ministrem boldy) şon da «Endamymdan toguň awusy gitmäkä, gitmeli boldum» diýdi. Hawwa. Amanam otyr. Ýene kim bardy, gyz. Aman şonda: «Şaly, hiç yzyňy gaýgy etme. Meň çagalam näme iýse, olaram şony iýer, meň çagalam näme geýse, geýerler» diýdi. «Meň janym sag bolsa, pikir etme» diýdi... Şalam: «Aý, Aman, şol oturana bor näme bolsa» diýip maňa ümledi. Meň horlanjagymy bilýä-de ol. Amanam «sag-aman gel dogan. Nädeli. Uruş-da. Belki, menem ertir giderin» diýdi. Her hatynda «Aman bamy? Gara bamy? Şolar saglyk- my?» diýip ýazardy. Berdi Kerbaba-da, ony frontda görüpdir-ä. Ol «Türkmen oglanlaryndan kim bar?» diýip sorapdyr. «Şaly Kekil bar» diýipdirler. Görşüpdirler. Şonda Şaly meni sorapdyr. Berdi aga-da «Alada etme yzyňy, hemmesi mes-gurgun» diýipdir. Soň Berdi aga gülen bolup, muny maňa-da gürrüň berdi. «Soldat eşigem baý gowy gelişýän eken» diýdi. — Frontdan iberen hatlary barmy? — «Gulagymyň ýeňsesinden birazajyk ýaraly boldum weli, gospitala salmadylar» diýip, bir haty geldi. Onsoňam «Toýa ugraýas» diýipdir. Şo toýa ugraýşy boldy. Şo hatlar ýok mende. Men o hatlary ýer titremesinde ýitirdim. Ýer yrananda biziň jaýymyzy gazmadylaram. Tapjagam bolmadylar. Özümiz çykdyk. Goňşymyz Baýramowyň ähli çagasy ýeriň aşagynda galdy. Ýekeje emdirýänje çagasy bilen galdy. Baýramowyň özi kurortdady. Aýalam Mara gidipdi. Artelde işleýärdim. Başlygymyz «Artelimiz harby gospitalyň ýanyna göçjek. Arteliň zatlaryny ýerden gazyp almasaňyz, hiç kimi hiç ýere goýberjek däl» diýdi. Menem aljyrap, gyzlary yzyma tirkäp, obadaşymyz Annaguly Mämmetgulyýewiň howlusyna göçüp barýan. Şo ýerden gatnap işledim. Uly oglum ýaraly boldy. Daşkentde ýatyp geldi. Şondan soň ýykylan jaýymyzy görmek üçin bardym weli, ermeni goňşularym käýäp «Nämüçin beýtdiň, obadan dagy gelip, bir zatjagaz edip beräýseler. Ömür goňşy bolduk. Bile ýaşaly» diýip başladylar. Onsoň oglanlaryň ýanyna baryp: «Tagta kän, maňa-da bir zat ediberiň» diýdim. Tä Kalinin köçesine göçürýänçäler, Engelsde ýaşadyk. Berdi aga-da «Göçmeli boljak. Bu taýyny dileýärler» diýdi. Görülmedik gün ýokdur, jigi. Meň başymdan geçeni, her bir musulmana salmasyn. Dogry, Aman hor etmedi. Seretdi. Gowam gördi. Ýöne türme bir başga boldy-da. —Şaly basylansoň, elbetde, size ýeňil düşendäldir. Olaram iýdirmeli, geýdirmeli. «Halk duşmanynyň» maşgalasyna işe ýerleşmegem ýeňil bolan däl bolsa gerek. — Şaly basylansoň, eýdip-beýdip fabrige işe ýerleşdim. Işdeş ýoldaşlarymam kileň alili aýallar. Olar «Gyzym, sen bir ýaş gelin. Saňa näm boldy? Bu taýyk işe girdiň?» diýip soraýarlar, «Aý, adamym prowodnik. Aýlygymyz ýetmän giräýdim» diýip gülerdim-dä. Işläp ýörün. Hiç kime «Men Şaly Kekiliň aýalam» diýemok. Zarýadnik bolup otuz alty maşyny işledýän. Direktorymyza Muhy Mämmedow diýerdiler. Nohurly. Men bir ýyl şotaýda işledim weli, bir gün ol meni ýanyna çagyrdy. Bilenok kimiň aýalydygymy. — Size gorodokdan jaý berjek — diýdi. Oňa-da Sapar muhammedowa diýip orunbasarymyz bardy, şol aýdypdyr. — Ýok, men göçjek däl. Birtopar türkmeniň arasynda otyryn. Şo taýda oturaýjak — diýdim. — Onda özüňiz biliň — diýdi. Soň ol Şaly türmeden çykyp gelensoň oňa «Wah, men seň aýalyňdygyny soň bildim» diýipdir. Şalam «Ol aýtmaz» diýipdir. Şeýdip gülşüpdirler. — Şaly Kekil kimlere aýratyn sarpa goýýardy. Dost-ýarlary kimlerdi? — Muň ýaly dostlaryny gowy göregen ýokdy. Ol Oraz Täçnazar bilen gaty gowy dostdy. Ol öýmüze ýygy-ýygydan gelerdi. Öýmüzde gowy bufedimiz bardy. Oraz her gelende «Bufediňi maňa sataý» diýip, degişerdi. Kemal işan maňa gaty köp kömek edendir-ä. Ýüregi awady-da maňa, neressäň. Ýazyjylar soýuzynyň başlygy bolubam işledi. Beki Seýtäkow gyzyl ýaly adamdy. Maňa dagy «Köplüge barma. Ýazyjylaň jaýyna höwes etme. Ikimize şuň ýalak çola ýer gowudyr. Şalyň howlusyny giderme» diýip, kän aýdandyr. «Men dostlugymdan aýdýan muny» diýerdi, pahyr. Ýöne, Şaly tutulmanka bir ýazyjyň üstünde Beki bilen gaharlaşdam... Bekä käýäpdir. Men Şala şonda «muny oňarmansyň» diýip, aýtdym. Ýer titränden soň Aman Çärjewde işledi. Soň ol Aşgabada gelensoň: «Gelneje, işlän bolaňda näme aljak?! Çagalaryň arasynda otur. Kömek ederin» diýdi. Kömegem etdi. Oň daşyndanam Şaly bilen çagalara 120 manat alýardym. Çagalar okuwdan çykansoň o pulam kesdiler-de, Kyrk manat berip başladylar. Şol kyrk manady aldym ýördüm, aldym ýördüm. Şalyny tanaýan pensionerler «Näme üçin sen SK ýüz tutaňok» diýýärler. «SK-da näme işim bar» diýýän. Ahyry ministr Kekilowanyň pensiýasyny 60 manat bir etjek bolalyň» diýipdir. Indem bir ýyldan bäri 60 manat pensiýa alýan. Günüme elli köpükden düşýä. Goňşulam «Bibi eje, günüňe bir manat bilen ýaşap bilýäňmi?» diýip soraýarlar. 60 manadam näme şu ýaşikden alýan, o ýaşikde-de töläp gaýdýan. Işläýin diýsemem, gurbum ýok. Golaýda urşa gidip gelmedikleň yzynda galan dul gelinleri ýygnadylar. Adymy tutan bolmady. — Bibi eje, gaýrat ediň-dä! Kynçylygy şu gün görmeli däl-ä siz. — Ýok, jigi, günümden nalamok. Açlygynam gördük, ýalaňaçlygynam. Baş alyp çykdyk. Bir dilegim, ýurt abatlygy bolsun. Uruş-jenjel bolmasyn. Biz gördük, bizden soňkular welin görmesin indi bu zatlary. Dekabr, 1989. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |