16:01 Bir soragyñ ýigrimi ýyllyk sütemi: Karamýans | |
KARAMÝANS
Taryhy makalalar
Men Kerki okružkomynyň sekretarykam Karamýans okrugda GPU-nyň başlygydy. Aýalam okružkomda maşinistka bolup işleýärdi. Garaz, Karamýans bilen aramyz gowudy. Ol gapydan girenden: — Galmagalyňyz näme? — diýdi. Ol gürrüňimizi ozal eşidip oturan ekeni. — Men Baýramowa belet. Aslam garyp. Kerki okružkomynyň sekretary bolup işledi. Bile işledik. Onuň aras salygyna kepil geçýän. Onuň üstünden ýazylan material töhmet. Töhmet ýazanlaryň özlerini tutmaly. Baýramowa muň üçin azar bermäňi goý — diýip, gaharly gürledi. Bolşakowam elindäki ruçkasyny stoluň üstüne urdy-da: — Onda işi özüňiz alyp baryň — diýdi. Karamýansam: — Bolýa. Sen häzir git. Ertirden başlap şu taýda işlemersiň. Sen meň kimligimi bilýänsiň — diýip jogap berdi. — Bilýän — diýip, Bolşakow çykyp gitdi. Ýanymda Karamýansyň özi galdy. Şonda ol: —Bäşim, elimdengelenkömegietjekborun. Seň familiýaň atylmaly adamlaryň spisogynda. Ýöne spisogy täzeden peçat edip, familiýaňy aýraryn. Atyljak adam kän — diýdi. Hakyt şeý diýdi. — Häzir men seni türmä ibereýin. Şu ýerde seni gaýdyp adam çagyrmaz. Arkaýyn bol. Ýöne garaş. Atuwdan galdyrsam-da, on ýyl bererler — diýdi. Ol şonda maňa ýene bir zat aýtdy. — Menem tutarlar, başlygam tutarlar. Şumat ýokardan gelýän buýruklar gaty aýylganç. Ýagdaý şeýle. Türmede dört aý ýatdym. Soragam ýok, zadam. Türmede Marydan bir kolhoz başlygy bilen bile bolduk. Daýaw adamdy. Kerkide prokuror bolup işlän Ysmaýylow bardy. Köşüli Hajymuhammet Işan bardy. Pahyr ol şo ýerde agyr derde uçrady. Gäwersli bir ýigidiň özüniň nähili tutulyşy hakda beren gürrüňi ýadymda. Staliniň «Üstünlikden baş aýlanmak» diýen işi çap edilýär. Şonda ol Staliniň portretine seredip: «Öz başyň aýlanan bolaýmasa» diýen ýaly gürrüň edipdir. «Ýanymda hiç kim ýokdy şony aýdamda. Ýöne yzyma dusýän ekenler» diýip aýtdy. Ýaňky Marydan tutulan kolhoz başlygynyň gürrüňi hem ýadymda. — Aýtakow kolhoza gelip ýygnak geçirdi, ýygnakdan soňam meniň öýüme baryp, bir çaý içdi. Mahlasy, kolhoz başlygyny ýygnanlarynda «Aýtakow siziňkä baranda saňa bir kagyz beripdir. Şony Türkiýä gowşurmagy saňa tabşyrypdyr. Şony boýnuňa al» diýipdirler oňa. «Düýbünden boýun almadym» diýdi. Elini görkezdi. Barmaklary ýolunypdyr. «Bir zada sokýalar-da: «Aljakmy boýnuňa ýa-da ýok. Gol çek» diýýärler»diýdi. Bir gezek ony 25 dagy adam bilen atuwa äkidipdirler. Bekrewäň ilersinde çukur gazylan bora çemeli. Hatara durzup «Näme islegiňiz bolsa ýazyp gol çekiň» diýip aýdypdyrlar. Olam «Men-ä atuw isleýän» diýip jogap berýä. Pahyr atuwa razy gelipdir-dä. «Atmaly» diýip buýruk berýäler. Adamlar «Waý, waý» diýip çukura gaçyp ugraýar. Olam özünden gidip ýykylypdyr. Görüp otursa, ony şeýdip gorkuzyp gol çekdirjek bolupdyrlar. Soň ony yzyna getirýärler. Ýerzeminde Atabaýewiň orunbasary Gurban Sähedowa duşýar. «Sähedowy gije atuwa äkitdiler, soň gaýdyp görmedim» diýip ol aýtdy. Kolhoz başlygyny ýerzeminden türmä geçirýärler. Şo ýerde-de biz onuň bilen bile bolduk. Şu ýerde men saňa bir zat aýdaýyn. Basha-baslyk otuz ýedinjide başlandy diýýäler. Ýok, ol has ir başlandy. Adamy sähel gürrüň bilen yzarlamak, ony düýp-teýkary bilen ýok etmekir döwürden başlandy. Menmuny öz mysalymdanam bilýän. Günäm ýok ýerinden iki ýana çekelendim. Häzir men şo wakany gürrüň bereýin, günäm bamy ýa-da ýok, özüňe aýdyň bor... Gökdepe raýispolkomynyň başlygy — Meni otuzynjy ýylda Gökdepe raýispolkomynyň başlygy edip saýladylar. Menden öňki raýispolkomyň başlygy daýaw aýaldy. Oňa on ýyl iş berlen eken. Ýaňy işe başlan döwrüm raýkomyň karary bilen meni, ýene-de iki adamy guma iberdiler. Maňa-ha sapança berdiler. Ikisine-de tüpeň berdiler. Az ýöräp, köp ýöräp, Mämmetýar guýusyna bardyk. Adam gara ýok. Göçülen ýurt ýaly. Ahyry biz köne donly, şypyrma telpekli, aýagam çokaýly oturan birine gabat geldik. Üç-dört sanam goýny ýanynda. — Kim borsuň-ow? — diýsem. — Men-ä çopan — diýdi. Hä, Bäşim aga tanamadyň-ow — diýdi. — Tanamok. — Men zawmag(1) — diýdi. — Bäşim aga bäri gaty howatyrly. Ýaňam birküç atly gelip gitdi. «Raýispolkom geldimi?» diýip soradylar. Menem «Geldi» diýdim. «Nirede olar?», «Geçip gitdiler Ýerbende garşy» diýdim. — Dessine ugraň — diýdi. Yzyňa gaýtmaly. Gelseňem hezil berilmejegini bilip durun. Maý aýy. Ýanymdakylaram «Yzymyza gaýdalyň» diýip goýanoklar meni. «Gideliň. Ýagdaýy aýdarys» diýip, belli netijä geldik. Ikindinara raýona geldik. Garaşyp duran ýaly. Raýkoma ilki meni çagyrdylar. Soň beýleki ýoldaşlarymy. Raýkomda NKWD(1), partkontrol, raýkomyň täze sekretary otyrlar. — Gaçyp gelipsiň. Basmaçy ýok ýerinden basmaçy bar diýip ýalan sözleýäň — diýdiler. — Basmaçy baryny-ýoguny özüňiz gowy bilýänsiňiz. Öýüňizden çykyp bilmän ýatyň şu taýda — diýdim. Soň görüp otursam, meniň yzymdan 25 atly iberipdirler. Bularam ho taýda bir zat görýäler-de, yzlaryna gaçyp gelýärler. Menden soň. Men gelmäkäm eýýäm, raýispolkomyň sekretaryny tutup äkidipdirler. Atypdyrlar. Galanlaryna-da 10 ýyl — 10 ýyl iş beripdirler. Raýkomyň býurosynda meni partiýadan çykarmaly etdiler. Tutjaklar indi. Özümem TSSR MIK-niň(3) çleni. «Şolaň karary bolmasa, meni çykarmaga hakyňyz ýok» diýdim. Şeý diýip çykyp gaýtdm. Näme etmeli? Töhmetiň pidasy bolaýmalymy? Kelläme bir pikir geldi. Wokzalyň naçalnigi bilen aramyz gowudy. Ýanyna bardym. — Ilkinji ugraýan otly bilen meni Aşgabada aşyrmaga kömek et — diýdim. Olam: — Häzir teplowoz gelýä. Men seni maşinistiň ýanyna mündüreýin — diýdi. Agşam sagat onbirlerde Aşgabada geldim. Nirä gitmeli? Faktorowiçiňkä barmaly diýen karara geldim. Men oň bilen ozal «Türkmendöwletneşirde» bile işläpdim. Ol-a direktordy, menem oň orunbasary bolup işläpdim. Baryp gapysyny kakdym ýüz-gözümden aňandyr-da: — Bä, Bäşim, näme, eýgilikmi? — diýip sorady. (Gürrüň şu ýere ýetende Bäşim aganyň aýaly «Men-ä onda işime git- jek. Özüň bir zatlar edersiň-dä» diýýär. Bäşim aga-da «Bor, ötäýit. Ýöne entäk göläni goýberme» diýýär. Gürrüňimizi dowam etdirýäs.) — Faktorowiçe-de saňa gürrüň berşim ýaly, baryny aýtdym. Faktorowiç Merkezi Kontrol Komissiýasynda sekretary bolup işleýärdi. Soň MKK-da(4) maslahat boldy. Raýkomyň býurosynyň hem ähli çlenleri maslahata çagyryldy. Şo maslahatda MKK-nyň işgäri Sary Işmekow çykyş edip: «Bäşimiň günäkär ýeri ýok» diýdi. Onam ters oturtdylar. Ahyry «Raýkomyň kararyny tassyk etmeli» diýdiler. Işimi prokurora geçirdiler. Öýüme-de baryp bilemok. Bir gezek barsam, goňşym «Yzyňdan gije geldiler. Tapman gitdiler» diýdi. Nirä arz etmeli? Ozal Kerkide prokuror bolup işleýän Ysmaýylow diýip tanşym bardy. Şoňka bardym. Başymdan geçen wakalary gürrüň beremden soň ol «Bäşim, Daşkende, Sähetmyradowa telegramma ibereli» diýdi. Telegrammany gowy edip ýazdyk. Ertesem Ysmaýylowyň adresine jogap geldi. Telegrammany alyp, Faktorowiçiň ýanyna ylgadym. Habarly eken. «Görjek adamlaňňy gör, tizräk Daşkende ugraly. Biledi özüm alaryn» diýdi. Daşkende gitdik. Faktorowiç-ä öz myhman ýersine, menem Halmyrat Sähetmyradowyň öýüne bardym. Özem, aýalam öýünde eken. — Telegrammany aldyňmy? — diýdi. — Aldym — diýdim. Şonda ol: — Bu zatlar Atabaýew bilen Aýtakowyň biligi bilen edilýändir. Kararda näme ýazylypdyr? — diýdi. — «Basmaçy bar diýip dowul turuzdy» diýilýär. Birtopar adam atyldy, tutuldy. Meňem işimi prokurora geçirdiler — diýdim. — Orta Aziýa býuroň başlygy bilen gepleşerin — diýdi. Ertesi Komissiýa bardyk. Üç adam bolup otyrlar. Oturanlaň biri: — On dokuzynjy ýyldan bäri partiýa çleni. Gaçmasaň bolmadymy? — diýdi. Men düşündirdim. Soň Faktorowiçe söz berdiler. Olam: — Baýramowyň işine seredip, karar çykaramyzsoň, çet raýonlaryň GPU-synyň başlygyndan basmaçylaryň hereket edýänligi hakda maglumat gelip gowuşdy. Şonda Baýramowyň günäkär däldigi ýüze çykdy. Giç boldy. Ýalňyşlyk goýberdik. Muňa-da «Basmaçy bar» diýse ynanmadylar. «Basmaçy düýbünden ýok» diýdiler. — Basmaçyň barlygy hakda ýanyňda maglumat barmy? — diýip, Faktorowiçden soradylar. Olam: — Bar — diýdi. — Hany, onda oka! — Tejen raýonynda iňlis ýaraglary bilen ýaraglanan pylança basmaçy, Gökdepede munça, Gazanjykda pylança - diýip, Faktorowiçem sanap başlady. — Umuman sany näçeräk? —Bir müňüç ýüz töweregi basmaçy Garagumda hereket edýär — diýip, Faktorowiç jogap berdi. Komissiýanyň başlygy, megerem Manžara bolsa gerek: — Eger şeýle bolýan bolsa, Baýramow hakdaky raýkomyň kararyny ýatyrmaly — diýdi. Maňa-da öňki işimde işlemelidigimi aýtdy. Men oňa indi ol işde işläp bilmejekdigimi aýtsam: «Onda Merkezi Komitete bar. Şo ýerde iş meseläňi çözerler» diýdi. — Men elim dokumentsiz Merkezi Komitete görnüp biljek däl. Sebäbi häzir meni gözläp ýörler o taýda — diýsem, ol: — Dokumentiň ýerine Faktorowiç bar. Entek biziň kararymyzy Moskwa tassyklansoň, saňa dokument bereris — diýdi. Faktorowiçe-de men hakda berk tabşyrdy. Aşgabada geldik. MKK-da otyrys. Edil şo wagtam prokuror jaň edip, meni sorady. Faktorowiçem oňa ýagdaýy bolşy ýaly aýtdy. Şondan soň meni TSSR sosial-üpjünçilik halk komissarlygyna işe iberdiler. Respublikanyň inwalidler kooperasiýasy soýuzynyň başlygy wezipesinde üç ýyl töweregi işledim. Indi gel, ýene otuz ýedinji ýyla dolanaly. Ýaňky gürrüňimiň bir ýerinde Sähetmyradowyň Atabaýew bilen Aýtakow hakda aýdan zadyny gürrüň berdim. Sähetmyradow bilen Atabaýewiň aralarynyň gowy däldigi hakda biz bilýärdik. Ikimiz hem köşüli bolamyzsoň, Sähetmyradowyň belli bir derejede maňa goltgy berendigini olar gowy bilýädi. Sä- hetmyradow Daşkende işe gidensoň meň başymdan ýaňky waka bolup geçdi. Megerem, Halmyrat munda Aýtakow dagynyň eli bar diýip düşünen bolmagam ähtimal. Hawa, indi otuz ýedinji ýyl. Türme. O ýerde-de sudsuz-zatsyz üçlügiň çykaran karary bilen meni on ýyl azatlykdan mahrum etdiler. Bizi ilki «Melek» sowhozyna etap etdiler. Özbekistanda bir ýyl töweregi sowhozda işledik. Soň birnäçe adam bilen Daşkende äkitdiler. O ýerdenem Gazagystana, Aktýubinskä etap etdiler... 1937-nji ýylyň 28-nji noýabrynda türmä salnan Bäşim Baýramow şo ýylyň 2-nji dekabrynda 10 ýyl azatlykdan mahrum edilýär. 1947-nji ýylyň 28-nji noýabrynda hem boşap Aşgabada gelýär. Gelse, aýaly ýer titremesinde wepat bolupdyr. Çagalarynyň hersini bir ýerden ýygnapdyr. Işe ýerleşipdir. Öýlenipdir. Ýaňy ody sönen ojagynyň oduny ýakyp, ýaňy onuň gyzgynyna çoýunyp ugranda ýene ony ojak mährinden mahrum edýärler. 1949-njy ýylda stalinçilik tutha-tutlugynyň ikinji döwri başlanýar. Bu gezek ol Sibire ömürlik sürgün edilýär. Sibir sürgünliginde — Aşgabat türmesinde dört aýlap sakladylar. Şo ýerdenem göni Sibire garşy iberdiler. Nowosibirskide bolduk. Üç etažly gaty berk türmesi bar eken. Onda adam öldüren jenaýatçylar saklanýan eken. Bir ýola uruşda ýesir düşen türkmenistanly esgerlere gabat geldik. «Gabawa düşdük. Ýöne gabawdan her edip-hesip edip gaçyp çykdyk. Ýöne herimize 25 ýyl — 25 ýyl iş berdiler. Özümizem indi Irkutskä iberilýäs» diýdiler. Ertesi bizi — bir topar adamy gämä mündürip, bir obaň çetine dökduler. Soňam teležkaň bir çetine mündürip bir ýerlerik äkitdiler. Ol ýerde-de «onýyllykçylar gelýä» diýip, aýallar öňümizden çykdy. Bizi bu taýda-da goýman Pyhtowka obasyna getirdiler. Meni bolsa Kolsowka obasyna ugratdylar. O ýerde-de işçi atlaryny ýetişdirdik. Bugdaý, süle ekilýä. Jebir barysyny gördük. Hormat hat berdiler. Az-kem aýlyk beren boldular. Bir gezek obkompartiýadan bir wekil geldi. Doklad etdi. Çykyşynda «onýyllykçylar bilen aragatnaşyk etmäň. Çagalary goýbermäň» diýdi. Menem oturybilmedim-de: — Bizem-ä okružkomyň sekretary bolupdyk. Beýle gorkar ýaly iş-ä etmändik. Biz nähak düşdük — diýdim. Ol «Sem bol-da, otur» diýip, maňa gödek jogap berdi. Şondan bir aý geçmänkä «Stalin öldi» habaryny eşitdik. Birnäçe wagt geçenden soň ýene şol adam geldi. «Şu adamlaň günäsi ýok. Bulary goýbermeli» diýdi. Menem: — Düýn dälmi bizi garalap duranyň, iki günüň içinde aklanaýdykmy? — diýdim. — Syýasat üýtgeýä. Nähak işler kän edilipdir — diýip, jogap beren boldy. Ýene bir gezek şo taýynyň NKWD-siniň naçalnigi geldi. Gelip «Baýramow senmi?» diýdi. Haty elime berip «Oka» diýdi. NKWD-niň karary bar eken. Aşagynda-da Beriýanyň goly bar. Hatda «Ozal üçlügiň tussag eden adamlary tussaglykdan boşap, ikinji gezek sürgünlikde ýörenler şo ýerde ömürlik galýarlar» diýip ýazylypdyr. «Düzgüni bozan adamyny aýagy gandally işletmeli» diýilýär. Şu ýerde bir zat aýdaýyn. Gaty awunamsoň yzyma gaýtmajagam boldum. Aýalym Baýramdursun yzymdan gelip: — Seň bilen gidenleň köpüsi geldi. Seni nämüçin goýberenoklar? — diýdi. Bäş-on gün boldy. Ony ugratdym. Işlerimi düzedişdiribem Aşgabada gaýtdym. ____________________________ 1. Завмаг – заведующий магазином. 2. НКВД – Народный комиссариат внутренних дел. 3. MIK – Merkezi ispolnitel komiteti. 4. MKK – Merkezi kontrol komissiýasy | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |