11:09 Bir soragyñ ýigrimi ýyllyk sütemi: Ömür derýasy / dowamy | |
ÖMÜR DERÝASY
Taryhy makalalar
Gündiziň güni ýaly. Men özümem şo taýyk bardym. Sagat bir bolup, ikiden bäş minut işlände, maşynly şähere gaýtdym. Bir ýerde suw joşaýsa, habar eder ýaly, her ýüz metrden adam goýupdyk. O ýerik telefonam çekdiripdik. Men o wagt stansiýada wagonda ýaşaýardym. Ýaşaýan wagonyma gelenimem şody weli telefon jyňňyrdady. Milisioner jaň edip, «Suwuň böwsen ýeri bar» diýdi. Al, saňa gerek bolsa, «Nireden böwsüpdir» diýip soradym. Kanalyň gündogar tarapynda Woroşilow adyndaky kolhoz bardy. Başda men suw şo tarapdan böwsendir diýip pikir edipdim. Gaçyň agzynda alakamy, syçanmy, ozal üç-dört metr çukur gazan eken. Suwuň böwsenini ýaşuly adam görüpdir. Ol şonda gaçyň günbatarsynda ýaşaýan sekiz-dokuz hojalyga baryp kömek soraýar. Şo hojalyklar hiç ýerde işlänokdylar. Söwda-satyg bilen meşgul bolup ýören adamlardy. Hawa, ýaşuly «Heý, bolmanda iki sany kepbe beriň, men suwy özüm ýapaýyn» diýse-de, olar kömek etmändir. Men gelýänçäm, eýýäm suw üç-dört metr ýeri ýykyp, Tejen şäherine akyp barýan eken. 1939-njy ýylda-da Tejeni suw basypdy. Şonda şäheri wes-weýran edip, oňa kän zaýaçylyk getiripdi. Geldim, ýagdaýy gördüm. Şo ýerden suw howdan gurluşygynyň naçalnigi Romanýuga jaň etdim. «60 maşyn ýylgyn, bäş maşynam prowolka sagat altyda şu ýerde bolsun» diýdim. Men oňa gije sagat iki töwerekleri jaň etdim. Aramyz hem segsen kilometr. Şofýorlary, işçileri turuzmaly. Bir ýere ýygnamaly. «Özüňem ilkinji maşyn bilen gelmeli» diýdim. Buýruk berip, raýkoma geldim. Raýkomyň sekretary ýok. Bölüm müdirleriniň öýlerine jaň edip, «Derrew raýkoma ýygnanmaly» diýdim. Radisti çagyrtdym. Eline rusça we türkmençe tekst ýazyp berip, halka habar berer ýaly etdim. «Özüňem gaýtalap otur» diýdim. Raýkomyň işgärleri geldi. «150 adam tapyň» diýdim. «Her kimiň elinde lomlary, ýer gazýan pil, eýleki-beýleki bolsun» diýdim. Tejen suw howdanynyň şahasy bar. «Hemmäňiz şo Aşgabat ýoluna ýygnanmaly. Näçe gazsaňyz gazyň, ýöne relslere degmäň» diýibem tabşyrdym. Stansiýa geldim. Suw demir ýoly basjak. Şo şahany açmasaň, jaýlaram ýykyljak, demir ýoluňam syryp-süpürjek. Üç günläp şäheriň içinde suw akdy ýatdy. Diňe bazaryň, gapdalyndaky haýat ýykyldy diýmeseň, hiç zat bolmady. Soň seredip görsem, raýkomyň sekretary aýalyny, itini, gerekli goş-golamlaryny maşyna ýükläp, demir ýoldan gaýrak çykypdyr. Çaga-çugasy-ha ýokdy. Wagtynda gelmedi. Bu hakda şo döwürde «Izwestiýa» gazetinde-de ýazyldy. Indi bize halta ýetenok. «Galla taýýarlaýyş punktunda bar» diýdiler. Oňam başlygy Annamyrat potranyň dogany. Öýüne jaň edýän, ýok. Mende başga alaç galmady. Ýanyma iki sany milisioneri hemem iki sany ýük maşynyny-da aldym. Skladam şäheriň çetinde. Garawulam ýaragly. «Eger ýalbarsak, zat etsek, etmejek bolsa, ony ýaragsyzlandyryň. Özüm jogap bererin» diýdim. Garawul türkmen adamsy. Özümi tanatdym. Ol şonda-da bizi sklada goýberenok. Gaýtam, «Tanaýan, tanamda näme» diýýä. Ýaragyny elinden aldylar. Zatworyny alyp, milisionerleriň biri jübüsine saldy. Tüpeňini maşyna atdyk. Bolsa-da sklady açdyrdyk. 2500 haltany garawulyň özüne sanadyp, maşyna ýükletdirdim. Haltany getirdik. Bir sagatdanam Romanýugyň maşynlary gelen eken. Şondan soň, TK(b)P MK-nyň ikinji sekretary Sennikowa ýagdaýy düşündirip, «Kömege garaşýan» diýdim. Bular bolsa nädipdirler! Guşgyň garnizonyna «Eşelon bilen daş çekmeli» diýip tabşyrýarlar. Olaram dördünji gün diýlende Tejene geldiler. Indi o daşlaň haýry näme diýsene! Dördünji gün diýlende Aşgabatdan TSSR Ýokary Sowetinin Prezidiumynyň başlygy A. Saryýew, KGB-niň(8) başlygy we ýene-de birki sany adam geldi. Meni tanar ýaly däl. Özümem itiň ajy. Diňe çaý içýän. Ýöne işçileri weli iýmitden horlatmadym. Akmämmet Saryýew meniň ýagdaýymy görüp, «Bar git ýat. Seni oýatjak adam bolmaz. Meniň wagonymda ýataý» diýdi. Şo döwürde «Gyzyletrekde-de suw köpeldi» diýen howsalaly habar gelipdi. O ýerik men Aman Gulmämmediň inisi Hamat Gulmämmedowy iberipdim. Ol oblispolkomyň başlygynyň orunbasary bolup işleýärdi. Sebäbi diýeňde kyrk ýedinji ýylda Krasnowodsk oblasty ýapylyp, Aşgabada birleşipdi. Soň ol TSSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň, TSSR Ylymlar akademiýasynyň iş dolandyryş uprawleniýelerinde işledi. Ýogaldy ol pahyr. Men şu ýerde ýene-de bir wakany ýatlasymgelýär. Olam kyrk sekizinji ýylda boldy. 25-nji maýda Gökdepe raýonyna doly ýagdy. Doly raýonyň demirýoldan gaýraky kolhozlarynyň işini gördi. Özem arpa, bugdaý oragynyň öň ýany. «Bolşewik», «NKWD», Lenin adyndaky kolhoz... — jemi dört hojalyk. Bu hojalyklarda doly hiç zat goýmady. Maňa bu hakda daňdan jaň etdiler. Irden maşynly ugradym. Gökdepeden raýkomyň sekretaryny, raýispolkomyň başlygyny alyp, şo hojalyklara aýlanmaga gitdik. Gökdepäniň gaýrasy gumlugrak ýer. Çäge. Meýdanam durşuna buz. Maşynymyzyň tigirleri taýyp barýar. Ilkinji «Bolşewige» bardyk. Şo ýerde ýoluň ugrunda çöküp oturan köşekli düýä gabat geldik. Dynç alyp ýatandyr öýtdük. Kolhoza baramyzda olary «ýyldyrym kakypdyr» diýdiler. Başda ynanmadyk. Soň ýörite gelip gördük, edil diri ýaly. Elleseň weli kül tozap ýatyr. Ýagan doly üzüm agaçlaryny ýere ýelmäp goýupdyr. Erik we beýleki agaçlarynyň diňe çybygy galypdyr. Agaçlaryň aşagynda öli serçe dolup ýatyr. Ýeriň ýüzündäki ýylanlaram öli ýatyr. Indiki mesele näme etmeli? Ýetirilen zyýany gözümiz bilen gördük. Başga bir gezege goýmaly däl-de, meseläni şo ýerde çözmeli. Şonuň üçinem biz ýaňky kolhozlarda prawleniýe maslahatlaryny çagyrdyk. Şo kolhozlar önüm öndürmekden, salgytdan üç ýyllap boşadyldy. Olara maslahatberdik: «Daşhowzaadamlaryňyzy iberiň. Gijräk ekseň-de gögerýän gök önümleriň tohumyny getirdiň»diýdik. Çüňki buýerde Daşhowuzdaekilýän önümleriň tohumy ýokdy... Şo ýylyň güýzem Aşgabatda ýer titredi. Şäheriň özün- den başga-da Aşgabat raýony, Gökdepe raýony uly zyýan çekdi. Ýer titrän güni men komandirowkadan gelipdim. Birnäçe günläp Tejen, Kirow, Saragt raýonlaryna aýlanypdym. Agşamara öýe geldim. Iş günüdi. Şo wagtam biziň jaýymyz remont edilip gutarylan eken. Goş-golamlar howlyň içinde. Gelip görsem reňk-zat gurapdyr, ysy ýok, howa-da sowugrak «öýe girip ýatalyň» diýdim. Biz Kalinin bilen Swoboda köçeleriniň sepleşýän ýerinde ýaşaýardyk. Şo ýerde birwagt Eýranyň konsuly ýaşaýar eken. Onuň iki sany jaýy bolup, biri howlyň içinde, beýle- kisem köçe tarapa çykýardy. Köçä çykýan jaýda respublikanyň harby komissary Dones maşgalasy bilen ýaşaýardy. Ol agsak adamdy. Bizem howlyň içindäki jaýda ýaşaýardyk. Biziňkiň Swoboda tarapyndan derwezesi bardy. Olar Kalininden girip çykýardy. Men aýdamsoň howludaky zatlary jaýyn içine salypdyrlar. Çagalaň hersem bir otagda diýen ýaly. Komandirowkadan gelen dessime partiýanyň şäher komitetine jaň etdim. Sebäp şo gün o ýerde býuro geçirilmelidi. Şäherkomyň ikinji sekretary Tužikowa jaň edip: «Meniň-ä komandirowkadan gelip durşum. Býuroň gün tertibi öňküsi ýalymy ýa-da üýtgäp-goýan zatlar bamy?» diýip soradym. Olam: «Ýok. Şol öňküligi ýaly» diýdi. «Onda býurony mensiz geçiriberiň. Häzir men hammama gitjek. Soňam birazajyk dem-dynç aljak. Eger üýtgeşik zat ýüze çyksa, öýe jaň edersiň» diýdim. Býuronyň gün tertibiniň bir meselesi halk komissarlarynyň orunbasarlarynyň ikisiniň personal işleridi. Has takygy, Awtomobil transporty we ýol gurluşygy halk ko- missarynyň orunbasary Janjaredze bilen Tokaý hojalygy halk komissarynyň orunbasarynyň işlerine seredilmelidi. Nämüçindir Merkezi Komitet olaň işlerine garamagy şä- her komitetine tabşyrypdyr. Tužikow menden «Bularyň işine nähili garamaly?» diýip sorady. «Eger işiň gidişinde öňküden başga üýtgeşik zat bolmasa, onda olaryň hersine kartoçkasyna ýazmak bilen käýinç yglan etmek bolar. Elbetde, duýduryş berseňem boljak, ýöne MK-nyň muňa nähili garajagy belli däl. Çüňki olar bulaň işini ýörite bize iberipdirler» diýdim. Tužikowam «bolýa» diýip trubkapy goýdy. Men hammamdan gelip, öz kabinetimde gyşaryp ýatyr- dym. Sagadam bir bolup, ikiden işleýärdi. Şo wagt Tužikow maňa jaň etdi. «Meseläni ara alyp maslahatlaşdyk. Entek hiç zat yglan edemzok. Ýöne käýinç yglan etmeli diýen pikire geldik» diýdi. «Bolýa, men siziň kararyňyz bilen ylalaşýan» diýip, trubkany goýdum. Bir turaňsoň, gözüňe uky gelýärmi? Bir käse çaý içdim. Ikinji käsänem içmek üçin çaý guýundym. Şo mahalam ýer birdenkä ýakymsyz ses bilen ýokary galdy. Soňam elenip başlady. Çagalar başga jaýda bolansoň oturan ýerimden turup ylgap çykmakçy boldum. Ýöne birinji gapa barybam saklandym. Şol wagtam meniň ýüz-gözüm kerpiçden doldy. Gygyrdym, çagalardan ses ýok. Gymyldabam bilemok. Gapyň söýesi weli dur. Emma beýleki gapylaň hemmesi ýykylypdyr. Men öz içimden «Be, bulaň hemmesi kesegiň aşagynda galypdyr?» diýip pikir etdim. Tozan, ýel ýatyşansoň, gapyň ugry bilen ýöräp başladym. Şondan soň töwerekden bir goh-galmagal başlandy. Diri adamlar aýak üstüne galdy. Men çagalaryň gapysynyň öňüne baryp gygyrdym. Aýa- lym şo ýerde ýatyrdy. Ol «Men bar» diýip jogap berdi. «Bar bolsaň o ýerde ýatma. Çyk» diýdim. Garny bilen süýşüp çykdy. Golaýa gelende, elinden çekip çykardym ony. Ýöne beýlekileriň birindenem ses çykanok. Bizde şo wagt bäş çaga ýatyrdy. Kiçijik gyzym meniň bilen bir käse çaý içip, derrew otagyna ýatmak üçin gidipdi. Ejesi ony diwanyň ortasynda ýatyran eken. Üç ýaşly gyzjagaz. Ol soň süýşüp, diwanyň gyrasyna baryp, ellerini aşak sallap, ýüzünligine ýatypdyr. Ortasynda ýatsa, hiç zat boljak däl eken. Ajal-da. Şo gün biziňkä Pöwrizedäki daçada garawulçylyk edýän aýalyň gyzam gelen eken. Ýöne ondan meniň habarym ýokdy. Ol biziňkilere görä ulurakdy. Kesegiň üstünde gezip ýörüs. Birden çagaň aglan sesi eşidildi. «Bular diri» diýdim. Kerpiçleri aýyrmaly. Oňa çenli goňşy aýal iki gyzy bilen geldi. Olar daşarda ýatan ekenler. «Näme kömek» diýse, men «şu kerpiçleri aýyrmaly» diýdim. Ep-esli kerpiji aýyrdyk. Lom gözledim. Tapmadym. Bir bölek demir tapdym. Şo- ny getirip, balkonyň aşagyna sokdum. Ýokaryk galdyrdym. Olaram iki çagany çekip çykardylar. Oglum bilen gyzymy. Durşuna öl-myžžyk olar. Ýegençäm bardy altynjy klasda okaýan, olam, beýleki garawulyň gyzy hem ýeriň aşagynda galdy. Menem içki geýimde. Krym köçesinde TK(b)P MK-nyň ikinji sekretary Sennikow ýaşaýardy. Aramyz golaý. Oň jaýy daşyndan seredeniňde bişen kerpiçden salnan ýalydy. O jaý ýykylan däldir öýtdüm. Sennikowyň özi şo wagt Aşgabatda ýokdy. Ýüzümiň ugruna sowlup, şolardan geýner ýaly köýnek-balak alaýyn diýdim. Aýakgap bolmagy mümkin. Barsam, olaňam jaýlary ýykylypdyr. Aýalyny çykarypdyrlar. Özem maşynyň içinde, endam-jany saralgy ýatyr. Bir ogly bardy, ol kesegiň aşagynda galypdyr. Ýöne bir çemedany kesegiň aşagyndan çykaranekenler. Sorasam, «şo çemedany aç, şonda näme bolsa al» diýdi. Çemedany açsam, ondan maňa bolar ýaly ýekeje balak çykdy. Sen- nikow daýaw, uzyn adam bolansoň, balak menden uzyn. Bolsa-da geýmeli boldum, aşagyny çermedim. Aýakýalaňaç obkoma bardym. Ol Gogol köçesinde öňki Batyr köçesiniň başlanýan ýerinde ýerleşýärdi. Häzirki Suw hojalygy Ministrliginiň jaýynyň ýerleşýän ýerindedi. Köçeler adamdan doly. Zordan geldim. Milisionerler dur. Obkomyň ins- truktorlarynyň biri gelipdi. Men instruktora «Obkomyň işgärlerini ýygna» diýip tabşyrdym. Maşynam howluda dur. Ýöne göterip çykaraýmasaň çykarar ýaly däl. Ýuwaş-ýuwaşdan işgärler üýşüp başlady. «Maşyny çykaryp bilseňiz çykaryň» diýip tabşyrdym-da, şäherkomyň jaýyna tarap ugradym. Şäherkom akademiýanyň häzirki territoriýasynda ýerleşýärdi. Öňki komwuzuň jaýlarynyň birinde. Olam obkomyňky ýaly iki gat jaýdy. Özem howlyň içindedi. Şäherkoma barýanlygymyň sebäbi, ýer titrän wagty o ýerde býuro mejlisi gidýärdi. Ýer titrände mejlis gutarman dy. Gelsem, hiç kim ýok. Obkomyň birinji sekretarynyň kabul edýän kabineti ýykylypdyr. Býuro-da şo ýerde geçýärdi. Howlyň içine aýlanyp görsem, şäher ispolkomynyň başlygy Nagdow Muhammedow ýatyr. Şofýory maşynyň yzky oturgyjyny çykarypdyr. Şoň üstünde arkan ýatyr. Özi weli diri. Ýöne «Suw, suw beriň» diýip gygyrýar. Suw berenoklar. Şofýory onuň dodagyny suw bilen ölleýär. Ýöne bärik gelmäkäm men onuň bütin maşgalasynyň kesegiň aşagynda galandygyny eşidipdim. Bu ýerde waka şeýle bolýar. Býuro çlenleri, oňa çagyrylanlar jemi otuz üç adam eken. Ýer titrände zala girilýän ýer aşak çöküpdir. Çykara ýer ýok. Diňe äpişgeden çykmaly. Ýer titränden bulaň hemmesi äpişgäň öňüne barypdyrlar. Nagdow hem iň öňünde eken. Tužikow şonda oňa «Näme dursuň bök aşak» diýipdir. Ol äpişgeden özüni aşak okla- ýaram weli, birinji gatam ýykylýar. Ýykylandanam bäş-alty kerpiç edil onuň bil oňurgasynyň üstünden gaçýar. Soň yzyndan Tužikow aşak bökýär. Kerpiç onuň kellesini syryp gidýär. Galanlarynyň hiç birine-de zat bolmaýar. Hemmesi abat çykýarlar. Men Nagdowa: «Seni bu ýagdaýda bärde goýup bolmaz. Şäherde bejerer ýaly mümkinçilik ýok. Seni Mara samolýot bilen ugradarys» diýdim. Öýüni soraýar. «Öýüň abat. Hemmesi gowy» diýdim. «Onda nämüçin olar menden habar tutanoklar» diýdi. «Zatlaryny çykarýarlar. Ile kömek edýärler» diýip, ynandyrjak bolýan. Şo wagt bir zat diýseň, gutardygy. Jan berjek. Men obkoma gelip «Şäher ispolko mynyň sekretary Olimpiada Dmitriýewnany tapyň. Sanitar samolýot bilen Muhammedowy derrew Mara ugratmaly» diýip, tabşyryk berişdirdim. Sagat ýedi töweregi bolupdy. Köçede gürleşip durus. Meniň iş kabinetim abat bolansoň, jaýa girjek boldum. «Jaýa girmek bolmaz» diýip garşy çyk- dylar. Ýeriň bolsa şol yranyp durşy. Şeýdip durduk welin, ýer birden ikinji gezek güýçli titredi. Çat açan, ýa abadrak duran jaýlary ýer bilen ýegsan etdi. Hemmesi gitdi. Soň men TK(b)P MK gitdim. MK-da-da şo gün maslahat bolýardy. Ondan habarym bardy. Maslahaty Şaja Batyrowyň özi alyp barýardy. Ýöne MK-nyň jaýy ýykylmandyr-da, çat açan ýerleri bar. Suwagynyň gaçan ýerleri bar. Maslahat gidip durka ýer titreýär. Şonda olaryň hemmesi daşary çykýarlar. Hiç kime hiç zat bolmandyr. Gelsem, howlyň içinde ähli býuro çlenleri — Batyrow, Ýegorow, Alyýew, Horew... şo ýerde gürleşip duran ekenler. Instruktorlaryň biri maňa köýnek bilen tapoçka tapyp getirip beripdi. Aýagymda şol. Howa sowuk däl. Şo-da gowy. Batyrowa ýagdaýlary aýt- dym. «Ýöne Nagdowyň ýagdaýy agyr» diýdim. «Men häzir raýonlara gitjek. Başga gitjek adam ýok» diýdim. Şu ýerde ýene bir zat aýdaýyn. Aşgabatda ýykylman, abat galan jaýlardan bir-ä Döwlet bankynyň pul saklanylýan otagy hemem dokma fabriginiň täze sehiniň jaýy galdy. Şo wagtlaram şo sehi guran gurluşygyň baş inženerini «Puly köp sowupsyň»diýip türmä basypdylar. Gaýtam oňguran jaýy abat galdy. Baş inžener Orsyýediň bir ýerinde türme- de eken. Sehiň ýykylman galanlygy üçin ony türmeden boşatmaly boldy. Ýer titrän güni raýonlara aýlanmaga gitdim. Bu ýerde men adamlaryň örän guramaçylykly işleýändiklerine göz ýetirdim. Olaryň hemmesi aýak üstünde. Bir-birine kömek edýärler. Ýer titremesi bu ýerlere-de uly zyýan ýetiripdir. Ýekeje-de abat jaý galmandyr. Kolhozma-kolhoz aýlandym. «Haýal etmän, işe girişiň» diýdim. Ölüm-ýitim weli gaty kän. Gen galmaly zat, iki gat jaýlarda ýaşaýan adamlar kän bir zyýan çekmändir. Şäherde-de şeýle boldy. MK-nyň garşysynda ýolbaşçy işgärler üçin iki gat jaý gurupdylar. Birnäçe, Foniniň, Popogyň öňki ýaşaýan jaýyna çenli. Şo jaýlarda halk komissarlary, olaryň orunbasarlary, MK-nyň işgärleri ýaşadylar. Aşgabada öwrülip geldim. Kolhozlaryň ýagdaýyny Ş. Batyrowa habar berdim. Näçe adam ölendigini şo wagt aýtmak gadagan edildi. Ýöne «birnäçe müň adam öldi» diýip, gürrüň edilmeli edildi. Ýöne, Aşgabat şäherinde, raýonlarda ölen adamlaryň sany ýüz on müňe ýetýärdi. Şu ýerde men Nurgeldi Meredowyň adyny hormat bilen tutasym gelýär. Ol ýer titrände, aljyraman-zat etmän, elektrik toguny öçürmäge ýetişýär. Eger ol ýetişmedik bolsa, onda nähili zyýançylygyň boljakdygyny göz öňüne getirmek kyn. Elektrik togy 8-nji oktýabrda diňe Swoboda köçesinde ýandy. Bir hepdeden soň bolsa, dizel oturdyldy. Bir näçe wagt geçensoň hem bize üç sany elektropoezd berildi. Şäherde elektrik togy şondan soň birneme gowulandy. Ostrowskiý köçesinde çagalar internaty bardy. Iki gat. Ýerzemini bardy. Demir gözenekli. 60-dan gowrak çaga okaýardy. Ýangyn dörände çagalaryň hemmesi ölüpdir. Adam başa agyr ýagdaý düşende tanadýan eken. Men şo günler başga-da bir zada göz ýetirdim. Şonda iki sany ýolbaşçy işgäriň bolşuna haýran galdym. Häzir ikisem ýok. Biri Şajaň dosty bolmasa-da, beýlekisi gaty ýakyn dostudy. Onuň öýüne işe getirjek bolup barýalar weli, sapançaly çykýa diýýä. Ol dört-bäş günläp işe görünmedi. Öýünde näme bar, näme ýok, bilemok, pahyr öz öýüni gorap geçdi. Beýleki bolsa meniň sekretarlarymyň biri. Soň ol ministr bolubam işledi. Dört günläp işe çykmady. Işe getirip bilemzok. O wagt bir adam bir adam-a. Bize-de işlemäge adam gerek ahyryn. TK(b)P MK-nyň býurosynyň karary bilen, sowet edaralarynda, kärhanalarda, administratiw organlarynda ilkinji partiýa guramalarynyň işini dikeldip, olary ýola goýmak maňa tabşyryldy. Biziň işgärlerimiziň bolsa işe hemmesi çykanoklar. Tužikowam işe gowy gat- naşanok. Bahanasam kellesi saralgydy. 6-njy oktýabrda şäher ilatyny azyk bilen mugt üpjün etmek hakda Halk Komissarlar Sowetiniň karary çykdy. Mary, Çärjew, Bäherden pekarnýalarynda çörek bişirilip, otly bilen Aşgabada getirildi. Et bilen üpjünçilik hem gowy boldy. Mara gidende, kimdir biri Nagdowa maşgalasynyň ýagdaýyny aýdypdyr. Onuň muňa ýüregi çydamandyr... Olim- piada Dmitriýewnadan «Muny özüň aýdaýan bolaýma?» diýip soradym. Ol aýtmandyr. Ýöne başga kimdir biri aýdypdyr. Ol gowy işgärdi. Adamkärçiligem gowudy. Ýaňy raýonlara ugramakam «MK barypdym» diýip aýdypdym. Men şonda «Haýwanat bagyndaky ýyrtyjylary nätmeli?» diýen meseläni orta atdym. Bu, şu wagt, gürrüň edilmegine-de degmeýän zat bolup görünmegi mümkin. Ýöne, şo wagt o haýwanlar şäher ilatynda belli bir derejede howp döredipdi. Sebäp diýeňde, ýer titrände ähli ýyrtyjy haýwanlar boşanyp köçä çykypdyr. Olaň arasynda gaplaňam bar, ýolbarsam, möjegem bar. Garaz, adyny tutan haýwanyň bar-da. Birinji maý köçesinde adamlar şo haý- wanlara gabat gelipdirler. Ýöne, olar hiç kime degmän, gapdallaryndan geçip gidipdirler. Daň atan wagtam ählisi haýwanat bagyna üýşüpdirler. Dagap gidibermändirler. Ýöne, olary idedýän adam ýok. Hemmesi kesegiň astynda galypdyr. Şowagtam biz Daşkentden okrug komanduýuşisi, general Petrowa garaşýas. Ol gelmänkäşozatlaň gürrüňini edişdik. Şonuň üçinem ýyrtyjy haýwanlary atmaly diýen karara geldiler. Idedýän adam bolmasa nätjek? Başga adamlary hem kabul edenoklar. Haýwanlaň hemmesi atyldy. Petrow geldi. Adýutanty hem öz ogly, polkownik Petrow, hökümet komissiýasynyň üçlügine ýolbaşçylyk edýärdi. Üçlügiň hatarynda SSSR içeri işler halk komissary Kruglow, hemem goşun generaly Hrulýow bar. Ol uruş döwründe tyl işleri bilen meşgul bolan eken. Başga-da ähli soýuz halk komissarlyklaryndan orunbasarlary geldi. Hersi öz ugrundan iş alyp barmalydy. Rus ýazyjylarynyň biri ýer titrände Petrowyň oglunyň öldürilişi hakda ýazypdyr. Men ony okadym. Ýöne ol bu wakany nädogry beýan edýär. Hakykatynda weli waka şeýle boldy. Ýazyjynyň ýazyşy ýaly, Gagarin köçesinde altyn magazini ýok. Altyn magazin Birinji maý köçesinde ýerleşýärdi. Häzirki «Gülüstan» restoranynyň ýerindedi. Ol Aşgabatda ýeke-täk altyn magazinidi. Şo gün irden Şaja Batyrow, Petrow, Kruglow we beýleki býuro çlenleri üç maşyna münüp, jaň etmek üçin Akde- pä ugradylar. Menem öz maşynym bilen olaryň yzyndan barýan. Men soň öz işim bilen Köşä, Bagyra sowuljakdym. Meniň yzymdan bolsa Petrowyň ogly polkownik ýigrimi sany esger bilen ýük maşynly gelýärdi. Maşynlar gidip bar- ýar. Şo wagt ýykyk-ýumruk bolan altyn magazininden bir milisioner çykýar. Özem rus adamsy. Goltugynda-da hal- ta. Ýaňkyny Petrowyň ogly görýär. Maşyny saklap, ýere düşýär. Ýaňky milisioneri ýanyna çagyrýar. Olam bäş metr ýanyna gelýär. Polkownik «Haltada näme alyp barýaň?» diýip soraýar. Milisioner jogap bermegiň deregine sapançasy bilen polkownigi atýar. Şo mahal esgerleriň hemmesi maşyndan böküp düşüp, milisioneri basýarlar. Gidip barýakak, köçäň gyrasynda duran adamlar «Saklanyň!» diýip gygyrýarlar. Olar biri-biriniň üstünden habar berýärler. Bizem yzdan öňümizdäkilere signal berip başladyk. Yzymyza öwrülip geldik. Gelsek, polkownik öli ýatyr. Milisioneri saklap otyrlar. Haltasynda-da gyzyldan şaýlar. Aýal-gyzlaryň şaý-bezegleri bar. Ýarym haltadan gowrak. Petrow gözýaş dökmedi. «Nu i çto je, eto wtoroý moý syn» diýdi. Bir ogly ozal frontda wepat bolupdyr. Olam polkownik eken. Ikisinden başga ogly ýok. Öz adamlaryna buýruk berdi: «Daşkende äkidiň, şo ýerde jaýlaň» diýdi. Özi bolsa Aşgabatda galdy. Ýöne o ýazyja kim nädogry maglumat beripdir, bilemok. Biziň öňümizde birtopar edilmeli işler ýatyrdy. Ilkinji partiýa guramalarynyň hemmesinitäzedendikeldip, olaryň işlerini ýola salmaly. Ýygnak geçirmeli, saýlaw geçirmeli. Partiýa guramalarynyň sekretarlarynyň, býuro çlenleriniň köpüsi bolsa ýeriň aşagynda galypdy. Ilkinji nobatda biz şu zatlar bilen meşgul bolmalydyk. Soňam raýonlarda oba hojalyk önümleriniň öndürilişi bilen gyzyklanmaly. Gurçuktutmaküçin ýörite jaý gurmalydiýen karara geldik. Indi gurçugy kolhozçylar köpçülikleýin tut- maly etdik. Bir hojalyk tutanok indi. «Jaýy nähili gurmaly?» diýip, bu iki raýonyň hem kolhoz başlyklaryny Büzmeýine, häzirki «TSSR-iň 40 ýyllygy» kolhozyna ýygnadym. Ol şo döwürde «RKKA-nyň 12 ýyllygy» diýip atlandyrylýardy. Onuň garşysynda-da Stalin adyndaky kolhoz bardy. Soň ol iki kolhoz birikdirildi. Şo maslahatda her kolhozdan bir brigadany häziriň özünde Tejene ibermeli etdik. Ýylgyn taýýarlamak üçin. Sebäbi jaýy şondan salaýmasaň boljak däl. Ýylgynam taýýar edildi. Indi jaý gurmaly. Tutly gurçugyň guty sanyna görä, kime göni, kime «G» harpy, kime-de «P» harpy görnüşinde jaý gurmaly edildi. «RKKA» uly hojalyk bolansoň dört burçly «O» harpy görnüşinde jaý salyndy. Meniň özüm baryp jaý ýeriniň gazyklaryny kakyp berdim. Bu ýerde arhitektor gözläp ýörmeli däldi. «RKKA-nyň başlygy Magtym Gaýyp, beýlekiň başlygy Eýeberdi Burunowdy. Ikisem So- sialistik Zähmetiň Gahrymanydy. Beýleki kolhozlardanam öwrenmek üçin agaç ussalaryny getiripdirler. Olara-da haýdan-haý işe girişiň diýdik. Bu zatlaryň hemmesini özüm baryp ýola saldym. 1948-nji ýylda Gumdagda nebit ýataklary açyldy. Buraw edýän sekiz skwažinanyň biri nebit berdi. Bir gije-gündizde ol iki ýüz ýigrimi tonna nebit berýär. Biz bu hakda Moskwa habar berdik. Baýbakow şo wagt SSSR Gündogar raýonlarynyň nebit we himiýa senagaty baradaky halk komissarydy. «Türkmenistana barjak» diýipdir. Tomusda geldi. Wago- ny bilen Bakuwa gelipdir. Ýanynda aýaly, baş spesialisti, kadrlar boýunça orunbasary Wezirow bar. Wezirow soň bize gelip, azajyk «Türkmennebitiň» naçalnigi bolup iş- ledi. Bizden soň ol Azerbaýjanda ministr bolubam işledi. Baýbakowyň ýanynda başga-da üç-dört adam bar. Garaz, buhgalterine çeňli ýanynda. Bakuwdan bärik uçup geldiler. Nebitdaga gelip, Gumdaga gitdik. Ýol-ýoda ýok. Zordan bardyk. Nebit çykýan wyşkany tapdyk. Baş spesialist nebitiň düzümini barlap görüp, «Gaty gowy. Bize gerek nebit» diýdi. Ýöne biz şo taýda Şaja Batyrow bilen maslahat edip Baýbakowdan pulam aldyk. Nebitdagda nebit tehnikumy- nyň jaýyny gurmak üçin bir million iki ýüz müň manat aldyk. Şo ýerde buýruk berip, dokumente gol çekdi. «Gele nime görä hemme ýeri görjek»diýensoň, ony Wyşka äkitdik. Oňa maşynam gatnaýar, kiçijik otly-da. Ýoly erbet däl. O ýerde bolup, Nebitdaga geldik. Nebitdagdanam sanitar samolýotda Çelekene uçduk. Güni bilen Çelekende bolduk. Aýlandyk, gördük. Uzakly gün bir ýerde bir döwüm çöregem iýdirmedi, suwam içdirtmedi. Ýogsam ýanymyz bilen garbak-gurbak taýynlapdygam. Soň agşamara Nebitdaga geldik. Gelsek, birleşmede agşamlyk taýýar edip goýan ekenler. Ýöne Çelekende düzüm-düzüm edip guradylan balyk bar eken. «Kim isleýän bolsa ýany bilen birden-ikiden alsyn, samolýotda ýüregiňiz bulanmaz» diýip, Baýbakow aýtdy. Güni bilen aç bolansoň Nebitdaga ýetmän, balyklary iýip gutardyk. Ýogsam Nebitdag bilen Çelekeniň arasy otuz minutlyk ýol. Nebitdagdan soň Krasnowodskä bar- dyk. TES-e baryp gördük. Krasnowodskide birki ýyldan bäri nebitçileriň köşgi gurulýardy. Oňa-da pul ýetenok. Muň üçinem eýdip-beýdip bir million manat aldyk. Nebitdagyň köp jaýlaryny ýesir alnan benderowçylar, wlasowçylar gurdular. Ýaponlaram gatnaşdylar. Ýöne olar uzak işlemediler. Esasan wlasowçylar bilan benderowçylar gurdular. Özlerem ýarym ýerzeminde ýaşadylar. Krasnowodskiniň medeniýet köşgüni weli öz işçilerimiz gurupdy. Baýbakowy ugradamyzsoň Batyrow Aşgabada jaň edip, «Wagon Bama gelsin» diýip tabşyrdy. Maňa-da «Aý, Bamyda bir gün ýatyp, soň Aşgabada gideris» diýdi. Bama gelip, ilki Deşte gitdik. Deşt Şajaň dogduk obasy. Ýatmaly bolanda Börmede ýatdyk. Deşte gitmegimiziň bir sebäbi, kolhoz başlygy Muhammet Baýramow «Bize bir bent gurup beriň. Sil suwy gelende şony saklar ýaly» diýip, obkom- dan haýyş edýärdi. Gelip gördük. Ýöne Şaja «Bent gurmaň. Soň joşaýsa, hemme zady ýok eder» diýdi. Otly meýdan bilen ýöräp barýarkak Şajaň öňünde uly bir ýylan kellesini galdyryp dur. Eger Şaja ýene bir ädim ädäýse, onuň çakmagy mümkindi. Oglanlar derrew daşlap, ony öldürdi- ler. Ölçäp gördüler weli, metr ýarym-da. Ozal ol ýylan bir aty, göläni, eşegi çakan ekeni. Şajaň Börmede agasy bardy. Özem Kolhoz başlygydy. Şoň öýünde-de ýatdyk. Aşgaba- da gaýdamyzda wagony yzyna gaýtaryp, Şajaň maşynynda gaýtdyk. Men partiýanyň Aşgabat obkomynyň we şäherkomynyň birinji sekretary wezipesinde 1949-njy ýyla çenli işledim. 1947-nji ýylda BK(b)P MK-nyň ýanynda Jemgyýetçilik alymlary akademiýasy açylan badyna men şo ýerde okamaga meýil bildirip, arza ýazypdym. Şonda Şaja «Sen entek işlemeli. Okuw hakda gürrüňem etme» diýip, arzamy alyp galypdy. Kyrkdokuzynjy ýylda okuwa ibermek hakda gürrüň gozgalanda Şaja meniň arzam hakda ýatlapdyr. BK(b)P MK- -nyň bölüminde muňa ynanmandyrlar. Bir gün meniň ýanyma BK(b)P MK-nyň inspektory Harlamow gelip «Siz okuwa gitmek isleýäňizmi?» diýip sorady. Men bolsa ýazan arzam bir wagt ýadymdan çykypdy. «Ýok» diýip jogap berdim. «Menem şeýle pikirde» diýip, ol aýtdy. Şaja Batyrow soň meni ýanyna çagyryp, «Sen okuwa gitjek diýip, arza ýa zypdyň, şo arzany men saklapdym. Indem okuwa gitmek mümkinçiligi döredi. Niçik görýäň?» diýip sorady. Bu aw- gustyň ýigrimi bäşleridi. Oblastyň görkezijileri hem oňat. Barlag gelende-de hiç zat tapanokdylar. Planlaram dolup ýörüs. Men hem «Hawa, hawa, arza ýazypdym. Ýöne ondan bäri birnäçe wagt geçipdi» diýdim. Harlamow bolsa maňa ýüzlenip: «Siz entek ýaş. Işlemeli wagtyňyz. Okuwa howlukmakdan irräk» diýip, Şajaň ýanynda aýtdy. «Howluk-howlukma, ýöne okamagam gerek» diýemsoň, olam meň tarapyma geçdi. BK(b)P MK-dakylaryň birazajyk betgüman bolanlarynyň sebäbi, men okuwa gitsem, ýerime kimi goýmaly diýen mesele ýüze çykanda Ş. Batyrow Se- ýitnazar Mätiýewi görkezipdir. Olam Şajaň obadaşy diýen ýaly. Munam apparatyň işgärleri gowy bilýär. Şoňa azajyk betgüman bolnup meň ýanyma gelnen eken. Moskwa okuwa gitdim. Ýerime-de Mätiýewi saýladylar. Moskwada men iki ýyl dört aý okadym. Elli birinji ýylyň noýabryna çenli. Temamy hem alyp, onuň üstünde işläp başladym. Okuwy gutarmagyma sekiz aý galanda meni Türkmenistana işe çagyrdylar. TK(b)P MK-nyň birinji sekretary Suhan Babaýew bir ýyl dagy işe gel diýip, öz günüme goýmady. Ol her gezek Moskwa gelende MK-nyň üsti bilenem maňa täsir etjek bolýardy. Ahyr onuň bilen razylaşmaly boldum. Aşgabada işe gaýtdym. Meni TK(b)P MK-nyň sekretary edip saýladylar. 1952-nji ýylda Türkmenistan Kommunistik partiýasy nyň nobatdaky gurultaýy geçmelidi. Şonuň guramaçylyk taraplaryny maňa tabşyrdylar. Menem o wagt syrkaw. Gurultaýyň öňüsyrasykurorda gidip geleýindiýip, Soça gitdim. Wraçlar şo ýerini salgy berdiler. Gaýtam o ýerde gün-gün- den horlanyp başladym. Men soň görüp otursam, Soça däl-de, Kislowodskä gitmeli ekenim. Şo wagt Soçide Berdi Kerbabaýew hem dynç alýan ekeni. Ol Stalin adyndaky sanatoride bolýardy. Gaýdamyzda Berdi aga ikimiz Gruziýanyň üsti bilen gaýtdyk. Batuma çenli gämä mündük. Batumide obkomdan maşyn alyp Gorä geldik. Şäherkomyň sekretary bizi öz maşyny bilen Tbilisä äkitdi. Tbilisä barýan ugrumyzda Msehetä hem sowlup gördük. Berdi aga gaty zor adamdy. TK(b)P MK-nyň sekretary bo- lan döwrümde oňa azaram berjek boldular. Elli ikinji ýylda Londonyň gazetleriniň birinde Berdi Kerbabaýew hakynda habar çap edilýär. Habar türkmen ýazyjysynyň ozal iňlislere satylandygy hakda ýazylypdyr. Bu habary Müsüriň bir gazeti hem göçürip çap edýär. Şo gazetler bize gelip gowuşdy. Moskwadanam «Eger respublika üçin gerekli hasaplasaňyz, onda oňa degmäň» diýip ýazypdyrlar. Biz seredip gördük, maslahat etdik. Kerbabaýewiň Türkmenistan üçin bitiren işiniň agramy gaty uly. Aslynda-da bu prowokasiýa üçin edilen zat. Munuň ýazylmagynyň başga bir sebäbi hem bar. Eger meselä ýeňil seretseň, onda ol dogrudanam şeýledir diýdirýär. Berdi aga Eziz hanyň mürzesi bolan, ele düşenlerinde-de ikisi bile düşýärler. «Dünýäň ýagdaýy bulaşyk, sen bir gelip gitseň, maslahat etsek» diýip, iňlisler Güljemal hanyň adyndan Eziz hana hat ýazýarlar. «Oň ýaly bolsa, gidip gelsek gowy» diýip, Tejenden wagon alyp, Eziz han bilen Berdi Kerbabaýew, dokuz sany goragçyly şoňa münüp, ýola düşýärler. Başga adam ýok ýanlarynda. Agşam sagat on birlerde wagonlary otlyň yzyna dakýarlar. Takyrda bir kiçijik stansiýa bar, şoňa ýetmänkä Eziziň münüp barýan wagonlary otludan aýrylýar. Şo stansiýa çenli öz badyň bilen gidibermeli onsoň. Adamlaram ýatyr. Stansiýa baransoňlar iňlislerdir ak gwardiýaçylar Eziz hanyň goragçylaryny ýaragsyzlandyryp, kowup goýberýärler. Soň Eziz hanyň küpesine girip, ýaraglaryny alýarlar-da «Turuň, geljek ýeriňize gelip ýetdiňiz» diýýäler. Olary başga otla tirkäp, Aşgabada getirýärler. Aşgabatda-da bir aý türmede ýatyrýarlar. Soň Eziz hany Baku tarapyna äkidýärler. Berdi Kerbabany bolsa hossarlary gelip, türmeçilerden satyn alýarlar. «Ele düşmez ýaly, gumuň içi bilen git» diýibem tabşyrýarlar. Berdi aga şolaň diýenini edip gumuň içi bilen gidýär. Ýöne şu zatlar hakynda Berdi aga partiýa girende öz terjimehalynda görkezmän ekeni. Men şuny Berdi aganyň öz dilinden eşitdim. Berli Kerbabaýewli meseläni biz şo sapar dört gezek ara alyp maslahatladyk. Bolsa-da Berdi agany uly howpdan alyp galmak başartdy. Men Moskwada okaýarkam, Baý- muhammet Garryýewiň, Mäti Kösäýewiň, Orazmämmet Abdalowyň, Bagşy Jürmenegiň basylandygyny eşidipdim. Olaryň nämüçin basylandygyny bolsa, ozal aýdypdym. Ýöne Abdalowa başga-da günä ýöňkelipdir. Muny maňa Oraz mämmet türmeden boşap gelensoň gürrüň berdi. Uruş döwründe ol gündelik ýöredenmişin. Mysal üçin, biziňkiler bir şäheri äpberýärler. Aýdaly, Smolensk şäherini. Onda ol öz gündeliginde «Nämüçin Moskwa däl» diýip, bellik edýärmişin. Bärik geldigiçe, berilmedik şäherleň atlaryny ýazyp, ýaňky ýaly bellik edýärmişin. Bu organlaň berýän maglumaty. Ýöne muny biri ýörite gurnan bolmaly. Gündelik diýilýänem, beýleki diýilýänem düýbünden ýalan. Ilki ol rus gyzyna öýlendi. Onuň bilen aýrylyşandan soň, Ýazgül Şamyradowa öýlendi. Türmede Baýmuhammet doktorlyk edipdir. Orazmämmedem kän horlanmandyr. Ýeňil işlerde işläpdir... Sözsoňy Ýusup Öwezow TK(b)P MK-nyň sekretary wezipesinde 1952-nji ýylyň noýabryna çenli işledi. Soňra 1954-nji ýylyň iýunyna çenlem Aşgabat şäher ispolkomynyň başlygy bolup işleýär. Emma saglyk ýagdaýy barha ýaramazlaşýar. Şonuň üçinem heniz men diýen wagty kyrk bir ýaşly Ýusup Öwezow başga işe geçmegi ýüregine düwýär. TKP MK-nyň respublikan partiýa mekdebinde sowet ykdysadyýetinden sapak berýär. TSSR YA-nyň(9) ykdysadyýet institutynda sektora müdirlik edýär. Ahyry hem inwalidligi zerarly pensiýa çykmaga mejbur bolýar. Ýusup Öwezow birnäçe gezek TKP MK-nyň çlenligine, TSSR Ýokary Sowetiniň 2-nji, 3-nji, 4-nji çagyrylyşlarynyň deputatlygyna saýlanylýar. 2-nji we 3-nji çagyrylyşlarda TSSR Ýokary So- wetiniň başlygy bolýar. Ol Lenin, Zähmet Gyzyl Baýdak, «Hormat nyşany» ordenleri hem-de medallaryň bäşisi bilen sylaglanyldy. Häzir ol Aşgabat şäheriniň Magtymguly prospektinde ýaşaýar. Ömür derýasyny gulaçlap ýüzen, bu parasatly ýaşulynyň mahal-mahal ýanyna baryp, onuň söhbetlerini diňläp gaýdýan. Her baby indi taryha öwrülen şol söhbetleriň meň üçin-ä gadyr-gymmaty diýseň uly. Bu günki gün taryh kitabyndan okap bilmejek, okajagymyz hem gümana şol söhbetleri gylyny gymyldatman okyjylara ýetirmegi öz borjum hasap etdim. Iýul, 1990. _________________________________ 1. Батрачком - батраческий комитет. 2. ШКМ – школа колхозной молодёжи. 3. ЛКСМТ - Ленинский коммунистический союз молодёжи Турк- мении. 4. Комвуз – коммунистическое высшее учебное заведение. 5. Обком - областной комитет. 6. ВЛКСМ – Всесоюзный Ленинский коммунистический союз молодёжи. 7. BK(b)P MK – Bütinsoýuz kommunistik (bolşewikler) partiýasynyň merkezi komiteti. 8. КГБ – Комитет государственной безопасности. 9. YA – ylymlar akademiýasy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |