16:34 Bir soragyñ ýigrimi ýyllyk sütemi: Partiýa hatarynda | |
PARTIÝA HATARYNDA
Taryhy makalalar
Aşgabada gelip, TKP MK-nyň birinji sekretary Suhan Babaýewiň ýanyna bardym. Başdan geçirenlerimi jikme-jik gürrüň berdim. — Bä, ýaman günler görüpsiň-ow — diýdi. — Ýoldaşlarymyň köpüsi şo ýerde galdy — diýdim. Meň meseläme TKP MK-nyň býurosynda garadylar. Ça- gyrylan güni býuro bardym. Kabulhanada otyryn. Ýanymda on ýyl oturyp gelen başga-da bir rus adamsy bar. Ilki ony çagyrdylar. Ýarym sagat-bir sagat bolup aglap çykdy. — Nämüçin aglaýaň? — diýdim. — Partiýalylygymy dikeltmediler — diýdi. Bu gitdem weli meni çagyrdylar. Sowal berdiler. Jogap berdim. «Çyk» diýdiler. Ikinji etaždan aşak düşdüm weli, yzymdan partkomissiýa wekili: — Bäşim aga, dursana — diýdi-de, elini berdi. — Seniň partiýalylygyňy dikeltdiler. Karar ertir Şäherkoma barar. Partbilediňi şo ýerde gowşurarlar — diýdi. Begenip gaýtdym. Soň meniň bilen TKP MK-nyň sekretary Çaryýew gürrüňdeş boldy. Oba hojalygyny alyp barýan eken. — Bäşim aga, seni basanlaryndan soň biz aýalym ikimiz seň jaýyňda kireýine ýaşadyk. Oba hojalyk institutynda aýalym ikimiz okaýardyk. Birküç ýyl siziňkide ýaşadyk. Aýalyň ilki bilen bizi naharlardy. Duz-çöregiňi kän iýdik. Elmydam şu gapy seň üçin açyk — diýdi. — Maňa hiç zat gerek däl. Ýöne men häzir işsiz. Iş gerek — diýdim. — Seni atçylyk zawodyna ibereýin. Ertir ministriň ýanyna bar — diýdi. Atçylyk zawodyna geldim. Bu ýerde maňa doňuzlara seretmegi tabşyrdylar. Aýalym ikimiz bir topar wagtlap doňuzlara seretdik. Soň iri şahly mallary tabşyrdylar. Soň ferma müdiri boldum. 1972-nji ýylda pensiýa çykdym. Şo wagtdan bärem işlämok. Soýuz ähmiýetli pensiýa alýan... Gadyrly okyjy! Türkmenistanda ilkinji komsomollaryň biri, 1919-njy ýyldan bäri partiýa çleni Bäşim Baýramow hakdaky söhbetimizi şu ýerde-de tamamlasak bolardy. Ýöne gojanyň oglanlyk ýyllary hakdaky ýatlamasyna ýüzlenmesek göwnüme bolmasa, onuň öňünde özümi bergidar duýýan ýaly bolup durun. On dördünji ýylda onuň kakasy altmyş dört ýaşynda bokurdagyndan zat geçmän ýogalýar. Garry ejesi bilen galýar. Iliň pagtasyny ýygyp gün görýärler. «Patyşa ýykyldy» diýip, myş habar eşidilýär. Birtopar wagt geçensoňam bolşewik gelýär. Aklar bilen gyzyllaň söweşi başlanýar. Oraz serdaryň wokzaldaky ştaby gojanyň ýadynda. Ol öz deň-duşlary bilen ştabyň töweregine barýan ekenler. Soň ştab dagaýar. Kim-kime, baş-başa bolup gaçylýar. Aşgabada tatar polky gelýär, top gurulýar. Köşiň üstünden birküç gezek top atylypdyr. Top okunyň sarsgynyna ýykylan jaýlaram bolýar. Köşi şo wagt ilerde eken. Türkmen obkomynyň sekretary Garry Kulyýew, Döwlet Mämmedi, Annaguly Artygy, Bäşim Baýramowy, Gurban Sähedowy ýanyna çagyrýar. — Bizde bilimli adam ýok. Sizem Komsomol. Sizi Moskwa okuwa iberjek. O ýerde ähli milletden okaýar. Bu sowat bilen milleti özüňe dartmak kyn — diýdi. Olaram razylaş- ýar. Daşkentde olara birtopar özbek goşulýar. Moskwada olary garşy alýarlar. — Baran ýerimizde kän milletiň wekili bar eken. iňlislerdenem bar. Özem açlyk. Iňlisleriň iýmit ýagdaýy gowy. Bize berilýän iýmitiň ugry ýok. Bir ýyl geçdi. Sowugam alyp barýar. Şinel berdiler. Birinji kursy gutaramyzsoň bizi Daşkende iberdiler. Hemmämiz şo ýerde rabfaga girdik. 100 manadam stipendiýa berýärler. Bol ýetýä. Milli-döwlet bölünişigi bolanda Döwlet Mämmedow Özbegistanyň Ýustisiýa halk komissary boldy. Menem Aşgabada gelip üç aýlyk kursda okadym. Berdi Kerbabaýew, Hudaýguly Hanow, Ata Gowşudow dagy okatdy. Sähetmyradow leksiýa berdi. Kursy gutaramyzsoň birtopar oglany Jüneýit hanyň garşysyna söweşmäge ugratdylar. Meni bolsa Aşgabatda alyp galdylar. Bary-ýogy ýigrimi dört ýaşly ýigidi Kerki okružkomynyň jogapkär sekretary edip işe iberýärler. —Kerki okrugyna alty raýongirýärdi. Bile işleşen adamlaryň köpüsi otuz ýedide gitdi. Sadu Ungalbaýew okruž- komda işleýärdi. Çuli Haýydow «Goşçular» soýuzynyň başlygydy. Fomkin meň orunbasarymdy. — Fomkin pahyr boldy! — Fomkin ýogaldymy? Men bar diýip ýördüm. Köp wagtdan bäri Annaguly Artygy görüp bilemok. Gözüň bol- masa kyn-da! Ýagdaýy nähilikä? Ejem pahyr «Artyk Baýramyň ogly senden bir ýaş uludyr» diýýärdi. Men Bäşim aga bilen Hoşlaşyp gaýdamda, Pyragynyň şu setirleri gulagymda ýaňlandy durdy, ýaňlandy durdy: Köp ýigitler gelip geçdi jahandan, Niýetine görä ykbal bolmady. Gerdişi keç gahba pelek elinden, Ertiri şat bolan — öýlän gülmedi... Maý, 1990. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |