10:25 Bir soragyñ ýigrimi ýyllyk sütemi: Ýaşuly žurnalist | |
ÝAŞULY ŽURNALIST
Taryhy makalalar
82 ýaşly Gazak Geldiýew Baýramaly şäherinde ýaşaýar. Ol otuzynjy ýylda «Şuralar Türkmenistany» gazetinde işläpdir. Şo ýyllar bu gazetiň redaksiýasynda işlänlerden indi ýek-tük galypdyr. Gazak aga bilen men 1990-njy ýylyň aprelinde söhbetdeş bolupdym. — Gazak aga, siz türkmen sowet metbugatynyň ýaşuly wekilleriniň biri. Gazete işe gelşiňiz hakda birki agyz gürrüň beräýseňiz? — Onda men gürrüňi başdan Aşgabatda sowet-partiýa mekdebinde okan döwrümizden başlaýyn. Men bu dört ýyllyk mekdebi ýigrimi ýedinji ýylda gutardym. Meni «Goşçular» soýuzynyň garamagyna iberdiler. Oň başlygyna-da Saparja Amanekow diýerdiler. Olam meni Baýramaly raýon «Goşçular» soýuzyna işe iberdi. Oň başlygyna-da Garakese Mergen diýerdiler. Birwagtlar TKP MK-nyň(1) birinji sekretary bolup işlän Jumadurdy Garaýewiň kakasy. Mende onuň goly çekilen dokument hem bar. O ýerde-de bir ýyl işlämsoň daýhanlar öýüniň müdiri bolup işläp başladym. Soň mekdeplerde mugallym ýetmänsoň, mugallym bol maly diýdiler. Mekdepde-de bir ýyl işledim. Şo ýerde-de gazete habar ýazyp başladym. Habarçylygam gyzykly bolar eken. Gazetde ýygy-ýygydan çykyş edip başladym. Otuzynjy ýylda redaksiýadakylaryň hem gözlerine ilendirin-dä, meni «Şuralar Türkmenistany» gazetine işe aldylar. Şo dö- würde gazetde Berdi Kerbabaýew, Garaja Burunow, Şaly Kekilow, Aşyr Annabaýew, Aşyr Keşik dagy işleýän eken. Gazet arap elipbisinde çykýardy. «J. Ý. Halmyradow ýa-da Gurtmyradow» diýlip gazete gol çekilýärdi. Ol TK(b)P(2) MK-nyň1 hem-de Türkmenistan Sosialistik Şuralar Jem- huriýetiniň Merkezi Ijraýyl Komitetiniň organydy. Işläp ýörün. Öwüt-nesihat ýok. Konsultantam ýok. Birsalym bir bölümde saklap, biriniň-ikisiniň ýanynda goýýa, bir aýdan soň başga ýerik geçirýä. Eline papka berip, komandirowka ugradýandyr. Çärjewe, Kerkä, Mara, Daşhowza kän ibere- nokdylar. Ol ýerler howpludy. Janyňa kast edilýän halatlary az bolanokdy. Komandirowka baramyzda, raýkoma girmezdik. Öňi bilen GPU-a(3) barardyk. Redaksiýada komandirowka gitmeziň öňünçäsi «Şoň işiginden garagyn. Şahadatnamaňy görkezgin» diýýärdiler. Ol ýere baraňsoň, bellik ederdiler- -de, «Dolanyp geleňde ýene gel» diýip tabşyrýardylar. Dogrusyny aýtsaň, şo wagtlar redaksiýada ýolbaşçylyk gowşakdy. Tejribesizlikden makala ýazaňda şo itinip duransyň. Bir gezek men Türkmengala komandirowka gitdim. Hojalyklara aýlanyp, işlerimi bitiripdim. Şonda maňa bir Işanyň ýetişen üç gyzynam durmuşa çykarman saklaýandygyny gürrüň berdiler. Biri ýigrimi, biri ýigrimi alty, birem otuz ýaşynda. Aşgabada gelemde men muny gürrüň berdim: «Hany ber maňa» diýdi, Agahan Durdy-ha däldi. Ýadymda däl. Ýazdy. Nähili ýazypdyr: Bir gün giçläp öý eýesi gelýär. Aýallar ýatyr. Çykarynyp girdi welin iki gyzyň arasy eken. «Aý, kaka, mendirin» diýýä gyzy. «Tokmakda» bardyr şol. Şuňa meňzeş wejera zatlaram ýazyldy. Häzir saklanylýa. Dürtmeräk ýagdaýda işledik. — Gazetde işlemegiňize sowet-partiýa mekdebini tamamlamagyňyzyň hem kömegi degendir-le? — Gürruňi näme? Ýöne mekdepde okamyzda ýekeje-de türkmen mugallymy ýokdy. Köpüsi azerbaýjandy. Atabaýew, Aýtakow, Sähetmyradow dagam aýda bir gezek gelip, leksiýa berýärdiler. Atabaýewiň elinde kişmiş ýa-da hozdur. Döwýänje zadam bardyr. «Hä, oglanlar, şü tamlary, şü tamlary, köçeleri görýäňizmi» diýýädi. «Biz oglankagam şu zatlar bardy. Bularyň gitjek ýeri bolmaz» diýýädi. «Häzir okuwyňyz bilen boluň. Okanyňyz okanyňyzdyr. Bular gaçyp gitmez» diýýä. Ýene-de bir gezek Atabaýew şeý diýdi: «Biziň türkmenimiz birhili ýagdaýda. Nesihat berýäň, töwella edýäň. Alanok. Indi oňa näme etmek bolýa. Gatyňy görkezmeli bolýa. Şu taýda wokzalyň ýeňse tarapyndan türkmen obasy bar. Şemiller diýip, iki-üç dogan bar weli, işleri adam öldürme. «Bu kärlerini goýsunlar» diýip, telim adam iberdim. Etmediler. Ahyry ýygnamaly boldy. Indi günälerini boýunlaryna goýup, özlerinem öldürmeli boljak» diýip aýdany ýadymda. — «Şuralar Türkmenistanynda» köp wagtlap işlediňizmi? — «Daşhowuzda täze gazet açylýa» diýip eşitdik. Esen Soltannyýazam Merkezi Komitetde metbugat bölüminde işleýä. Bir gün meni tutdy. «Men-ä gitjekdäl»diýdim. «Gitmeseň gaty erbet bolar» diýdi. Özümem komsomol(4) çleni, 26-27 ýaşlarymda. Gitmeli boldum. Şeýdip o gazetem ýola saldyk. Wagtynda-da çykaryp bilmedik. «Bolşewik» ady bilen çykdy. Daşhowuz raýonynyň MTS-niň syýasy bölüminiň naçalnigine Oraz diýerdiler. Ýeňil maşyny bar. Bi barýa-da meýdanda işläp ýören aýallara barmagyny görkezip «Gel» diýýär. Hiç kimden çekinenok. Kisesinde sapançasy bar. Olam gelýä. «Maşyna mün, seni gezdirmäge äkideýin» diýýär. Äkidýär. Agşam getirýämi ýa öýüne äkidýämi, alla bilsin. Ertesi ýene bir başga kolhoza gidýä. Şeýdip ýör bi. Şo wagtlar Merkezi komitetiň görkezmesi bardy: syýasy bölümiň naçalniginiň adresine tankydy zat ýazmaly däl. Men ondan habarlydym. Bu ýakasy gaýyşly naçalnigiň eden-etdiligi hakda gazetiň bir sahypasyny dolduryp tankydy makala ýazdym. Ähli pyssy-pyjurlygyny görkezdim. Ol şikaýat edip, ilki okružkoma ýüz tutupdyr. Okružkomda-da maňa «indikile gaýtalama» diýip, käýäp goýberdiler. Naçalnik muň bilenem kanagat etmän, Merkezi Komitete hat ýazypdyr. Ýokar- danam hat gelipdir: Meni wezipeden boşatmaly. Daşho- wuz okružkomynyň sekretary Han Atamyşew maňa käýedi. Aýyrmagam kyn görýär. Kadr ýok. — Sen syýasy bölümiň naçalnigini tankyt etmeli däldi- gini bilmeýädiňmi? — diýip sorady. Menem: — Bilýädim — diýdim. — Onda näme beýdýäň? — diýdi. — Edýän zady çydar ýaly däl — diýdim. — Seň işiň däl. Haramzada — diýip sögündi. Şo gürrüňçilikde tankyt edilen adamam, GPU-nyň naçalnigem otyr. Karar kabul etdiler: işden boşatmaly gürrüň gutardy. Okrispolkomyň başlygy Begjanow ertesi meni ýa- nyna çagyryp: — Seni okrispolkoma(5) işe aljak. Instruktor bolup işlärsiň — diýdi. Işe başladym. birnäçe wagtdan soň yzymdan habar geldi «öýerjek» diýip, Baýramala «Täze ýol» gazetine işe geldim. Işläberdim. 1943-nji ýyla çenli şo, gazetde işledim. Kolhozlara pyýada giderdik. Azyndan on bäş-ýigrimi kilometr ýol ýörärdik. Hemme zat hakda ýazýardyk. Ýöne edýän işimize ýürekden uýýardyk. — Otuz ýedinji ýylda işdeş ýoldaşlaryňyzdan tutulany boldumy? — Men şo wagt «Täze ýol» raýon gazetinde işleýärdim. Redaksiýamyzda bir sakgally ýaşuly adam işleýärdi. Hoja gazaklaryndan. Özem Aýtakowyň tiresinden eken. Menem jogapkär sekretar. Başga-da redaksiýada 4-5 adam bardy. Aýtakowyňam tutulan wagtlary. Şo ýaşuly «Aýtakow nähak tutuldy» diýip gürrüň edýärdi. Pahyry bir gün tutup äkitdiler. Şo gürrüňleri üçin ýygnalypdyr diýip eşitdik. Soň ol öwrülip gelmedi. — Ýene-de mekdep ýyllaryňyza dolanaýalyň. Her niçigem bolsa oglanlyk ýyllarynyň ýatlamalary adamy şo ýyllara dolan ýaly edýär. — Elbetde, adam garrasa-da, göwni garramazmyş. Nyzama durup, marş aýdymlaryny aýdardyk. Sahatowdyr partiýanyň başlygy, Işçi-daýhanlaryň göwün hoşlugy, Merkezmiziň Aşgabatdan daşlygy Indi Aşgabada geçdi diýdiler. Ine, biziň bir marş aýdymymyz. Abdysalamow diýip komandirimiz bardy şo wagt. Ertir irden ylgadyp, birküç gezek aýlaýa uly howlyň daşyna. Haýyrsyz, sahawatsyz, eý, gan içen baýlar, Baýlyk sizden gider, döwran eglenmez. Köşekli, torumly gumdaky baýlar, Köşek sizden gider, torum eglenmez. Şular biziň marşymyzdy. Meň bilen bile okan klasdaşlarymdan Ata Mäne Tejendendi. Öwezdurdy Gylyçdurdy Tejendendi; Aşyr Keşik, Kakabaý Ataýew Aşgabatdan, Aşyr Annabaý bardy, Sahy Jepbar hem biziň bilen okady weli, soň taşlaýdy. Nahara gelýäs weli gygyryp aýdym aýdyp oturandyr. Beýlekilerem nahar iýýä. Herrikgaladan, Ýasmansalykdan, Gypjakdan, Gökjeden adam köpdi. Marydanam iki-ýeke bardy: Bähram Hanow, men. ...Tejenden oglanlar köpdi. Galpak Herräýew, Gulkişi Gulmyradow, Gulluk Hojaýew, Bazar Amanow bardy. Maşatköwdendi köpüsi. Bir gün mekdepde ýygnak boldy: «Aşgabatda teatr açylýa, isleýäniňiz artist bolmaly» diýdiler. Ýaňkylar ýazyldy. Men-ä ýazylmadym. — Soň fronta gitdim. Ukraina frontunda söweşdim. Doganlarymyň ikisi söweş meýdanynda galdy. Kiçimizden derek tapyldy. Ol Kaliningrad söweşlerinde wepat bolan eken. Golaýda şo ýerde esgerler garym gazyp ýörkäler, medalyň üstünden barýarlar. Medalyň ýüzünde nomeri bar. Şo nomeri takyklaýarlar. Olam meňdoganym Alty Hojagel- diýewiňki bolup çykýar. Adresi Baýramaly raýony, Gökje Gadyrýap obasy, Kalinin adyndaky kolhoz. Gyzy, onuň adamsy gidip üstüne ýadygärlik galdyryp geldiler. Beýleki özümden kiçisi Oraz Geldiýew hakda heniz hiç zat bilemzok. Maý, 1990. ____________________________ 1. TKP MK – Türkmenistan kommunistik partiýasynyň merkezi komiteti. 2. TK(b)P MK – Türkmenistan kommunistik (bolşewikler) partiýa- synyň merkezi komiteti. 3. ГПУ – Государственное Политическое Управление. 4. Комсомол - коммунистический союз молодёжи. 5. Окрисполком – окружной исполнительный комитет. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |