BIR SÖZ
Bir söze saraldy güllän gunçalar,
Bir söze agaçlar egdi başyny.
Bir söz üçin şaglap gaýdan damjalar,
Gurşady tupana meniň daşymy.
Gözýaşyňa sebäp boljak sözleri,
Diýsem-de, men ony dilujy diýýän.
Düşünjek bol, läläm, oka gözleri,
Men seni sözde däl, ýürekden söýýän.
***
Asmanyň astynda, ýeriň üstünde,
Ýüregime ýakyn ynsanym sensiň.
Jennete girmeklik bolsa destimde,
Esetmen, seň özüň barlyga deňsiň.
Roýy jadylaýjy, güneş deý ylla,
Erem sen, behişt sen, mähir gözüňde.
Nesibe bar bolsa dileýän, Alla,
Ellermiz gowuşdyr ýeriň ýüzünde.
Ahmet ARAZOW.
Goşgular