17:03 Bir suratyñ taryhy | |
BIR SURATYŇ TARYHY
Ýatlamalar
Ine, meniň öňümde mundan otuz bäş ýyl öň düşürilen surat ýatyr. Onuň taryhy barada TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri kompozitor Ata Esadow ine, şeýle gürrüň berýär: – Ellinji ýylyň baharynyň bir günüdi. Wagt günortan bolansoň, repetisiýamyzy ýaňy gutarypdyk. Howluda birki sany adam bilen gümür-ýamyr edip otyrdyk. Şol wagt Magtymguly Garly bilen onuň gyjakçysy Sapar Beki ikisi biziň ýanymyza geldiler. Uzak ýoldan aryp gelen gadyrly myhmanlar bilen biz gadyrly görüşdik. Saglyk-amanlykdan soň, Magtymguly Garly: – Mylly agany göräýjekdik! – diýdi. Podwoýskiý köçesiniň ugrunda ýerleşen Türkmen radiosy ýer titremesi zerarly, tagtadan ýasalan wagtlaýyn jaýlardady. Onuň studiýasy bolsa ýer titrände saklanyp galan radionyň garažynda ýerleşdirilipdi. Meniň özümem şo howluda ýaşaýardym. Mylly aganyň işleýän türkmen halk saz gurallary ansambly bilen bolsa ýanaşyk jaýlarda repetisiýa geçýärdik. Magtymguly aga bilen ozalam tanyş bolanymyzdan soň, ol maňa ýüzlendi-de: – Atam, iş bilmeseň, Mylly agany çagyryp beräýseň? – diýdi. Men ansamblyň repetisiýa geçirýän jaýyna girdim. Görsem Mylly aga bar ekeni. Beýlekiler gaýdyşan bolmaga çemeli, ýanynda Jepbar Hansähedow bilen Giçgeldi Amanowam bar. Men: – Mylly aga, Magtymguly aga soraýar seni – diýdim. Ol: – Gelsin – diýdi. Salamlaşyp zat edensoňlar, Magtymguly aga: – Bir bahana bilen gelmeli bolduk. Seýil bagynda iki gün aýdym aýdyp ber diýip çagyrdylar. Şoňa geldik. Bahana bilen gelensoň, Mylly aga bilenem salamlaşaly diýdik. Şeýdip birsalym ondan-mundan gürrüň edenlerinden soň, Sapar Beki: – Mylly aga, repetisiýadan soň ýadansyňyzam – diýdi. – Heý, üç-dört sany saz diňläp bolmazmyka? Mylly aga şonda onuň raýyny ýykmady. – Saz çalmak üçin ýadawlyk bolmaz. Üç-dört sany saz çalarys – diýdi. Hemmämiz oturdyk. Ýene-de bir oglan bardy, ýadyma düşenok. Mylly aga Sapar Bekä Jepbary görkezdi-de: – Şu oglany tanaýaňmy? – diýdi. Olam: – Hawa tanaýan. Bi Jepbar jan! – diýdi. Mylly aga: – Ýetişen sazanda – diýdi-bi! Öňürti şoňa çaldyralyň birküç sany sazy – diýdi. Jepbaryň çalan sazlarynyň atlary hakydamda ýok weli, ýöne ol bir kemini goýman saz çalyp berdi. Saz çalnyp bolnandan soň, ilki Magtymguly aga dillendi: – Haý, berekella! Soňam Mylly aga ýüzlendi-de: – Mylly aga, indi özüňem birküç sanysyny çalyp beräýseň? – diýdi. Mylly aga: – Bolýa. Menem häzir çalyp beräýerin – diýdi-de, üç-dört sany saz çaldy. Mylly aga saz çalyp bolandan soň, Giçgeldi Amanow: – Munça bolanyna görä, bagşy aga, senem birki sany aýdym aýdyp ber? – diýip, Magtymguly Garlydan haýyş etdi. Bagşy aýdym aýtdy, gyjakçy hem saz çaldy. Magtymguly Garlynyň owazyny eşidip geçen saz gepleşikleri redaksiýasynyň şol wagtky baş redaktory Sapar Artykow myhmanlar bilen gadyrly görüşdi. Ol: – Bagşy aga, bir sebäp bilen Aşgabada gelipsiňiz. Radioda-da konsert beräýseňiz! – diýdi. Magtymguly Garly: – Bolar – diýdi. – Öňki gelemde-de aýdyp beripdim. Bu saparam aýdyp beräýerin. Sapar Artyk bagşydan haýsy aýdymlary aýtjakdygyny sorady. Şonda bagşy: – Näme ýazsaň ýazyber! Ýöne öňki aýdan aýdymlarymdan ýazma – diýdi. Şol wagtam Sapar Beki gürrüňe goşuldy: – Ol aýdymlar meniň ýadymda! Magtymguly Garly: – Hany onda gyjakçy bilen ýazyber. Şoň aýdany bolar – diýdi. Şeýdip, Sapar Artykow bilen Sapar Beki bada-bat konsertiň programmasyny düzdüler. – Birigün geläýeris – diýibem gepleşdiler. Gürleşip otyrkak, gapydan Genrih Držewskiý bilen Seýitnyýza Ataýew girdi. Drşewskiý meniň bilen horda işleýärdi. Horuň konsertmeýstridi. Türkmen sungatyny ýüreginden söýýärdi. Seýitnyýaz menden: – Ata, Magtymguly aga bilen Mylly agadan soraşsana! Şolaň suratyny alyp bereýin – diýdi. Menem onuň haýyşyny ýaşululara ýetirdim: – Magtymguly aga, ynha Seýitnyýaz Mylly aga ikiňiziň suratyny alaýyn diýýär. Magtymguly Garly Mylly aga ýüzlendi: – Mylly aga, nähili görýäň? – diýdi. Olam öz gezeginde: – Bolar, alsyn – diýdi. Şonda Seýitnyýaz maňa: – Ýöne surata düşürmek üçin daşaryk çykmaly boljak – diýdi. Men onuň teklibini ýaşululara düşündirdim. Daşaryk çykdyk. Men jaýdan birküç sany oturgyç çykardym. Olarda ýaşulular jaýlaşykly oturdylar. Surat aljak bolnanda Magtymguly Garly: – Giçgeldi, Jepbar, Ata geliň sizem. Geliň, hemmämiz bile aldyralyň suraty! – diýip, bizi çagyrdy. Bizem baryp durduk. Ine, şu suratyň taryh-a şeýle – diýip, Ata Esadow aýtdy. Gyjakçy Sapar Bekiýewiň, TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri Mylly Täçmyradowyň, TSSR-iň at gazanan artisti Magtymguly Garlyýewiň, sazanda Jepbar Hansähedowyň, TSSR-iň sungatda at gazanan işgäri Ata Esadowyň, gyjakçy Alguly Öwezowyň, TSSR-iň halk bagşysy Giçgeldi Amanowyň bile düşen suratlaryny synlap, köp zatlar hakda pikir öwreniňi özüň hem duýman galýarsyň. 1986 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |