08:08 Bir suratyñ taryhy | |
BIR SURATYŇ TARYHY
Ýatlamalar
1980-nji ýylyň martynda häzirki Lebap (öňki Çärjew) welaýatynda geçirilen türkmen hudožnikleriniň göçme mejlisine gatnaşypdym. Şonda men Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, hudožnik Aman Kulyýewiň ýolbaşçylyk edýän toparyna goşulyp, welaýatyň, birnäçe etraplarynyň hojalyklarynda bolupdyk. Toparyň düzüminde Magtymguly adyndaky döwlet baýragynyň eýesi, hudožnik Ýakup Annanurow, skulptor Alekseý Şetinin bilen bir hatarda skulptor Nurmuhammet Ataýew, amaly-haşamçy Annamuhammet Hajyýew, grafikaçy Hajy Atakgaýew ýaly zehinli ýaşlar hem bardy. Biz ilkinji duşuşygymyzy Türkmenabat etrabynyň 14-nji orta mekdebiniň talyp ýaşlary we mugallymlary bilen geçirdik. Şol gün bizi hojalygyň süýt-haryt fermasynyň maldarlary, ekin meýdanlarynda bahar aladalary bilen zähmet çekýän mehanizator gyzlar hem gyzgyn garşyladylar. Dänew etrabynyň “Aşgabat” kolhozynda geçirilen duşuşyklar hem ýatda galyjy boldy. Bizi baran ýerlerimizde aýdym-saz bilen garşy aldylar. Olar bizden respublikamyzyň şekillendiriş sungatynyň ussatlarynyň döredijiligi barada, täze döredýän eserleri barada gürrüň bermegimizi soradylar. Türkmenabat etrabynda uly daýhan hojalygyna ýolbaşçylyk edýän Myrat Hatamow bilen edilen gürrüňçilik meniň ýadymda uzak wagtlap saklandy. Ol bize öz hojalyklary hakynda örän gyzykly gürrüň berdi. M.Hatamow toprak bilen bagry badaşan adamlaryň hilinden eken. Öňki frontçy gürrüňiniň arasynda bize birki ýyllykda özi bilen bolup geçen bir wakany hem gürrüň berdi. M.Hatamow Soçide dynç alyp ýörkä, otuz ýyldan gowrak wagt geçenden soň öz söweşdeş dostuna duşýar. Olar kurortda bir otagda ýaşasalar-da, dört günläp bir-birini tanamandyrlar. Soň tanyşlyk açylýar. Söweşdeş dostlar uzak aýraçylykdan soň bir-birine duşýarlar. Myrat aga öz dostuny myhmançylyga çagyrýar. Oba zähmetkeşleri bilen bolan duşuşyklarda Ýakup Annanurowyň türkmen şekillendiriş sungatynyň görnükli wekilleri, olaryň döredijiligi baradaky gürrüňleri hemmelerde täsir galdyrypdy. Ol öz täze işiniň hem Lebap topragy bilen baglanyşyklydygyny aýtdy. Bu eser üç bölümden ybarat bolup, Garagum derýasynyň gurluşygyna bagyşlanýar. Eseriň ikinji bölümi Gyzylaýakdan başlanan suw desgasynyň edermen gahrymanlary hakyndadygyny hudožnik aýdypdy. Göçme mejlis günlerinde türkmen hudožnikleriniň başga bir topary G.Ýarmämmedowdan, W.Gyllyýewadan, Ýa.Baýramowdan, J. Jumadurdydan, N.Çerwýakowdan, E.Seropýandan, S. Artykmämmedowdan, P.Znamenşikowdan, O.Haýdarowdan, sungaty öwrenişi G.Saurowadan... ybarat topar welaýatyň Garabekewül, Saýat, Sakar etraplarynyň zähmetkeşleriniň arasynda bolupdy. Gadyrly okyjylar, siziň görýän bu suratyňyz kyrk ýyla golaý mundan öň lebap topragynda bolan duşuşyklaryň birinde düşürildi. Suratçy Amannazar Beçikowyň düşüren şu suratynda şu setirleriň awtory Allaýar Çüriýewi, halk hudožnigi Ýakup Annanurowy, amaly-haşamçy Annamuhammet Hajyýewi synlaýarsyňyz. (12.03.1980 ý.) Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |