06:15 Bir suratyñ taryhy | |
BIR SURATYŇ TARYHY
Ýatlamalar
Kyrk iki ýyl mundan öň güneşli ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabada öňki soýuz respublikalarynyň zehinli ýaş şahyrlarynyň onlarçasyny özüne ýygnapdy. Has takygy, 1975-nji ýylyň 23-nji sentýabrynda ýaş şahyrlaryň bütinsoýuz festiwalynyň açylyş dabarasy bolupdy. Şol döwürde ýaş şahyrlar hasaplanýan Atajan Annaberdiýew, Nobatgüly Rejebow, Hemra Şirow, Gurbannyýaz Daşgynow, Azat Rahmanow, Tirkiş Sadykow, Kakabaý Gurbanmyradow, Nurgözel Gözlyýewa... bilen bir hatarda menem festiwala gatnaşýardym. Şol gün ir bilen biz Beýik Watançylyk urşunda gurban bolan esgerleriň hormatyna bina edilen ýadygärligiň öňünde, gudratly poeziýanyň beýik wekilleriniň – Puşkiniň, Magtymgulynyň, Şewçenkonyň ýadygärlikleriniň öňünde gül desselerini goýduk. Agşam sagat ýedide bolsa Türkmen döwlet uniwersitetiniň mejlisler zalynda festiwalyň açylyş dabarasy boldy. Moskwanyň “Molodaýa gwardiýa” neşirýatynyň direktory Waleriý Nikolaýewiç Ganiçew hem çykyş edip, festiwalyň işiniň netijeli boljakdygyna, onuň täze zehinleri ýüze çykarjakdygyna ynam bildirdi. Ýeri gelende aýtsam, Ganiçew Moskwada žurnalistikadan okan döwrümizde, ol bize şol ugurdan sapak hem beripdi. Şol agşam respublikamyzyň halk ýazyjysy Towşan Esenowanyň, “Poeziýa” almanahynyň baş redaktory, şahyr Nikolaý Starşinowyň sözlän sözlerini hem dabaraly açylyşa gatnaşyjylar uly üns bilen diňlediler. Ýaş şahyrlaryň VIII bütinsoýuz festiwalynyň geçen ýeri bolan Kutaisi şäherinden gelen Mihail Kurdiany çykyş edip, ýaş poeziýanyň festiwalynyň Türkmenistanyň paýtagtyna gelendigi bilen gutlap, VII festiwala gatnaşan ýaş şahyrlaryň goşgularyndan düzülen kitaby gowşurypdy. Soňra ýaş şahyrlaryň sekizinji bütinsoýuz festiwalynyň seminar ýolbaşçylary Igor Lýapin, Anatoliý Parpara, Wiktor Koçetkow, Ýuriý Rýabinin, Natan Zlotnikow hem festiwala gatnaşyjylara ýüzlenipdirler. Ýaş şahyrlar Margarita Kirillowa, Nikolaý Dabiža, Wiýwi Luýk, Wagif Ibragimow, Gaýrat Bakbergenow dagy öz goşgulary bilen çykyş edipdirler. Türkmen ýaş şahyrlarynyň adyndan çykyş etmek meniň paýyma düşüpdi. Men şonda “Gyzaryp bişende Sumbaryň nary” atly goşgymy okap beripdim. Açylyş dabarasy tamamlanandan soň, zalyň ugrunda men şahyr Gurbannazar Ezizowa gabat gelenimde, ol “Berekella, injilim” diýip, meniň elimi gysanda, monça bolupdym. Häzirem şol görnüş meniň göz öňümde. Haçanda ussady ýatlanymda, onuň gülüp duran şol keşbi göz öňüme gelýär. Festiwal günlerinde halypa ýazyjy-şahyrlarymyz Kerim Gurbannepesowam, Berdinazar Hudaýnazarowam, Çary Aşyram, Ata Atajanowdyr, Gurbandurdy Gurbansähedowam... biz ýaşlaryň maslahatçylary bolupdylar. Bizi täze döredijilik üstünliklerine ruhlandyrypdylar. Ýaşlaryň eserleri bäş seminarda ara alnyp maslahatlaşylypdy. Goşgularyň gowy taraplary görkezilipdi, kemçiliklerini düzetmegiň ýollary salgy berlipdi. Biziň seminarymyza şahyr Natan Zlotnikow ýolbaşçylyk edipdi. Şonda ol ukrainaly Lýubow Golbanyn, ermenistanly Eduard Milotenýanyň, Gorkiý şäherinden gelen Margarita Kirillowanyň, gruziýaly Daniil Çkoniýanyň, gazagystanly Gaýrat Bakbergenowyň. Ildeşimiz Kakabaý Gurbanmyradowyň goşgularynyň oňat täsir galdyrandygyny belläpdi. Belli şahyr Oleg Dmitriýew: “ Seminar ýolbaşçysy hökmünde-de däl, häzirki zaman poeziýamyza belet adam hökmünde-de bir zady aýdyp biljek. Siziň ildeşleriňiz Nobatguly Rejebowam, Tirkiş Sadykowam ukuply, gözleýän, köplenç halatda tapýan şahyrlar” diýipdi. Seminar ýolbaşçylary Nikolaý Starşinow-da, Wasiliý Şabanow-da, Wiktor Koçetkow-da ýaş türkmen şahyrlary Gurbanýaz Daşgynowyň, Hemra Şirowyň, Atajan Annaberdiýewiň döredijiligine mynasyp baha beripdirler. Bir topar günläp ýurdumyzyň dürli künjeginde dowam eden festiwal häli-häzirem ýadymyzdan çykmaýar. Her gezek şu surata göz gezdirenimde, ylla ýaşlyk ýyllaryna dolanan ýaly bolýaryn. Suratda (çepden): Allaýar Çüriýew, Saşa Goworilow (Moskwa), Natan Markowiç Zlotnikow (Moskwa), M. Kirillowa (Gorkiý), Lýubow Golobnýa (Dnepropetrowsk), Kakabaý Gurbanmyradow, (dik duranlar sagdan): Eduard Milikotýan (Ermenistan), Wagif Ibragimow (Azerbaýjan), Gaýrat Bakbergenow (Gazagystan), Daniil Çkoniýa (Gruziýa), Anatoliý Džuba. Surata düşüren Alekber Güseýinow. 25.09.1975 ý. Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |