07:38 Bir teşnäniñ akar suwa beýik diwardan kerpiç zyñşy hakynda hekaýat | |
Bir teşnäniñ akar suwa beýik diwardan kerpiç zyñşy hakynda hekaýat
Goşgular
Akyp ýatyr düzden dury suwly ýap, Kenarynda bir diwar dur seleñläp. Çykyp oñ üstüne - şeýle belende, Suwa garap otyr bir teşne bende. Göýä, ýetip bolmaz howaýy arzuw, Ho-ol pesden şildiräp akyp ýatyr suw. Teşne bir kerpiji diwardan itdi, Onuñ pagşyldysyn çala eşitdi. Şeýle sowal bardy sesinde suwuñ: "Edil häzir edýäñ nämäñ arzuwyn?" Suwuñ sowalyna ol şeýle diýdi: "Bar meñ bu edenmiñ iki bähbidi. Kerpiji zyñmakdan - meniñ höwesim, Eşitmek señ jana ýakymly sesiñ. Ýakymly ol maña sesleñ baryndan, Hatda Ysrafylyñ çalýan surundan. Her adama öz höwesi ýakymly, Gedaý üçin teññäñ sesi ýakymly. Zyndan gulpun açýan açaryñ sesi Bendileriñ iñ arzyly höwesi. Menem näçe kerpiç oklasam pese, Şonça golaýlaýan arzyly sese. Oturan diwarym barha peselýär, Muña meniñ teşne göwnüm eselýär!" Ol diwar - adamyñ teni-bedeni, Söýýär ol erkine tabyn edeni. Howalaly, aşa tekepbir başyñ, Egilmesi kyndyr. Sen şuña düşün. Bizem Biribara mynajat edip, Başymyzy egip, soñra dyz epip. Ýakymly oýlary ýürekde besläp, Arzuwmyza ýetmekligi höwesläp, Suwa golaýlaýşy deýin şo teşnäñ, Haka ýakynlaşýas ruhdan düşmän. | |
|
√ Balerina / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ýene-de Stalin hakynda / Goşgular - 12.10.2024 |
√ Daglar we adamlar / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ "Meňzeş däl sen çagasyna adamyň..." / Goşgular - 30.11.2024 |
√ Aşyk we yşk / Goşgular - 12.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |