01:09 Bir ýyldan soñ... | |
BIR ÝYLDAN SOÑ...
Goşgular
365 gün, Kyrk sekiz hepde. Tegelek 12 aý, Bir ýyl geçipdir. Ýagyşly gün düşüremde öýñüze, Awtoulagyñ çekgesine gysdyrlan Aýnasyndan kem-kem menden daşlaşyp barýan suduryña seredenimde Gaharly siltämde ruly ikiýan Köçäñiziñ asfaltyny garaldan Tekerleñ yzlary birçak öçüpdir. Hatda aşak düşüp 10-njy gatdan Ýaşyl reñki eýýäm gopuşyp ugran Tagta oturgyja arkañy beren Ýerlerini boýapdyrlar ak reñke. Hut şol oturgyjyñ dört aýagyna Duşalan deý butnap bilmän hamala Muzeýe taşlanan gadymy tañka ýaly boş-boş hüwläp durdum şemala... Soñra çakgy çykardym-da jübimden Gazamaga başlap ugradym seniñ Oturan ýeriñde düýn giçligara Oýnan çagajygyñ burnundan akyp Besse-besse gatap galan mañkasyn. (Şol wagt açyldy liftiñ gapysy: Atynyp egnine gyzyl öýmesin Zibil dökmek üçin daşary çykan Gelneje geñirgäp dikdi tiñkesin). Hiç zat! Ýatlar ýaly hiç zat galmandyr, Mundan bary-ýogy kyrk sekiz hepde owal basgançakda ökjeli köwşüñ Galdyran yzyny aýyn bolmasa Müñ gezek üstünden basylan yzlar Ýitirip taşlapdyr görer gözümden. A men aşagynda ezilip ýagşyñ, Dek düýnem gelmen diýip şu ýere Tasanjyrap gaýdyp giden bolsamam Tegelek 24 sagat geçmänkä, Ýene-de alñasap gelýän müýnsüz, Misli ýitiren dek tokga gyzylym, gözelim!.. | |
|
√ Eý bolup magraç burhany-uluwwy-şan saňa! / Goşgular - 08.09.2024 |
√ At galar / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Сүйіп өтем / Goşgular - 11.10.2024 |
√ Ýediñde ýazylan goşgy / Goşgular - 26.06.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Ala ýektaý bedroý / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Pöwrizä / Goşgular - 27.05.2024 |
√ Eý, kerim-u lem-ýezel... / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Eý, aşyklar, aşyklar, bu gün biz, siz barsyňyz... / Goşgular - 11.08.2024 |
√ Gaplañ ölümi / Goşgular - 22.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |