19:27 Biwepalyk | |
BIWEPALYK
Goşgular
Alma nahaly, Ulaldy, ösdi. Boý getirdi. Hasyl berdi enaýy. Her şahada, Her gülünde bir miwe. Alma, injir, nar, erik, garaly. Göz gerek görmäge, Waspyna diliň, Uly ýürek gerek, saýalmaga. Yralap şahasyn sypaýan eliň, Ýapragyn döküp, Zaýalamaga. Gije -gündiz ogrysy bar, Zary bar. Goýy kölegesi - şagal mesgeni. Miwesin datmadyklar hyrydar. Şirlerde oýanýar, Utanç messebi. Güýz geldi. Ynha saraldy ýaprak. Indi habar soraýan ýok, Halyndan, Şagallaň yzyn, ýapsada toprak. Ol. Harapdy, Uwwuldynyň zaryndan. Öňkiler ýaly, Miweleri ýok. Öz wagtynda Gerildiň, göze saýlanyp. Otyr, Okünip, başyn yralap. Geçmişdäki, Ýalňyş hakda oýlanyp... Remezan MÄMETGURBANOW. | |
|
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |