11:37 Biz kim ekenik: Meni näme üçin sud etdiler? | |
MENI NÄME ÜÇIN SUD ETDILER?
1991-nji ýylyň 27-nji awgustynda Aşgabatda, Magtymgulynyň ýadygärliginiň öňünde döwlet agdarylyşygynyň şowsuz gutarmagynyň şanyna miting boldy. Ilki milisiýa ýygnanan adamlary dargatmagyň ýoluna düşdi, ahyry konfliktiň ýitileşmeginden gorkandyrlar-da, mitingi açmaga maý berdiler, ýöne sanksiýasyz mitinge gatnaşyp, kanuny bozýandyklaryny şäher sowetiniň başlygy Saryjaýew adamlara berk duýdurdy. Mitingde men hem çykyş etdim. Moskwada demokratiýanyň gazanan ýeňşini gutlamalydygyny aýdyp, ýygnanan bir-iki müň adamyň aglabasynyň ýaşlar bolany üçin olary paýhasa, demokratik maksatlara wepalylyga, milletara gatnaşykda hormata, dostluga sarpa goýmaga çagyrdym. Dogrusy, mitingiň geçişinden meniň göwnüm suw içmedi. Barha onuň bady gaçdy, käbir çykyşlar köçe gybatyna çalym etdi. Prezidentiň sowetine agza adamlaryň birnäçesiniň adyny tutup, olary parahorlukda aýyplan žurnalist Durdymuhammet Gurbanowyň äheňinde prowokasiýa çagyryş bardy diýse boljak. Anyk faktlara daýanylmadyk halatynda beýle aýyplamanyň özüne garşy jenaýat işiniň gozgalmagyna esas berýändigini ol gowy bilmeli. Ony tanaýandygym üçin aýdýaryn. Ol bähbitsiz kilim kakjakmy diý! Demokratik meýilli awtorlaryň garşysyna metbugatda gurnalan çykyşlara gatnaşyp, iň bir hapa makalany ýazan hem şoldy. Mitingden soňky başlanan topalaň hakynda men ertesi eşitdim. Onuň guramaçylaryny, çykyş edenleriň birnäçesini ýolda saklap, milisiýa bölümine alyp gidipdirler, sud jogapkärçiline çekip, jerime salypdyrlar. Belent kürsüde oturanlary parahorlukda aýyplan Durdymuhammet Gurbanowy bolsa, prezident sowetine işe alypdyrlar. Meniň öýüme til eden adamlar: «Şäher dowuldan doly, biz seni kamerada otyr diýip eşitdik» diýdiler. Soňra meni açlyk yglan edenleriň arasyna-da goşup gördüler. Gorky hemişe dowulyň döremegine sebäp bolýar, ol hem öz gezeginde gorkyny ýene artdyrýar. Gorky jezanyň wehiminden döreýär. Dowula gol ýapýanlar şol jezanyň öz başlaryndan inmeginden gorkýarlar, başga birine jeza berilse, özleriniň razydyklaryny duýdurýarlar. Olar ýygnak, miting diňe häkimiýetiň, partiýanyň geçirmeli çäresidir öýdüp ýören adamlar. Rugsatsyz mitingi döwlete garşy tutum diýip bilýärler, oňa gatnaşmak oňňullygyň üstünden alyp barmaz, çagalaryň aç galmagy ähtimal, gazanjyňy eliňden alarlar diýen gorky bar. Men mitinge gatnaşanym üçin sylanyp goýulmajagymy aňýardym, ýöne nähili çärä ýüz uruljagyndan bihabardym. Sähel mahaldan ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesiniň birinji sekretary Atamyrat Atabaýew öe jaň edip, hut ýoldan Nyýazowyň görkezmesi bilen meniň Türkmenistanyň kompartiýasynyň 25-nji gurultaýyny taýýarlamaly komissiýanyň düzümine goşulandygymy habar berdi. Men oňa kompartiýanyň hataryndan çykandygymy, döwlet agdarylyşygy mahaly arza ýazandygymy, ony agzalyk biledim bilen ilkinji gurama tabşyrandygymy aýdyp, trubkany goýdum. Öz-özüme indi nähili şumluk bolsa, garaşyber diýdim. Uzak garaşmaly bolmady. Mitingden 20 gün soň milisiýanyň kapitany gapymy kakdy, ertir hökmany suratda Lenin raýon içeri işler bölümine barmalydygymy duýdurýan powestkany goýup gitdi. Rugsatsyz mitingde çykyş edenim üçin adminstratiw jogapkärçilige çekilýändigimi duýdurdylar, düşündiriş aldylar, işimi Lenin raýon halk suduna geçirdiler. Sudýa orta ýaşlaryndaky mylakatly rus aýaly ekeni. Ilki biz milisiýanyň iki kapitanynyň, «Literaturnaýa gazetanyň» habarçysy Ikar Pasewewiň gatnaşmagynda miningiň doly surata düşürlen lentasyndan meniň çykyşyma seretdik. Kino sungaty bilen iş salyşýandygym üçin käbir kadrlaryň professional derejede alnandygyny belledim. Degişmä salyp: – Bulary ýok edäýmäň, saklaweriň – diýdim. Kinolentany alyp gelen kapitan: – Saklarys, ýok edäýsek ertir siziň öňüňizde durup bolmaz-a – diýdi. Sudýa aýal meniň çykyşymda hiç hili jenaýat alamatynyň ýokdugyny tekrarlandan soň, rugsatsyz geçirlen mitinge gatnaşmaly däl ekeniňiz, siz kanuny bozan adam bolduňyz diýdi. Men öz delilimi getirdim: on dokuzynjy awgustda SSSR Konstitusiýasyny basgyladylar, kanuny prezidenti agdardylar, döwlet agdarylyşygyny guradylar, emma siz şonuň bikanundygyny aýtmaga howlugmadyňyz, gaýta ony näletlän mitingi ýazgarmaga, gatnaşanlara temmi bermäge juda işeňňirlik görkezdiňiz. GKÇP-niň ähli kararlary respublikanyň metbugatynda çap edildi, bu jenaýat işine respublikanyň hökümetiniň gatnaşygy resmi suratda aýdylmady. Ähli goh-galmagal bir ýüzli bolandan soň prezident Nyýazow telewideniýede çykyş edip, özüniň näme üçin bada-bat reaksiýa bermändigini düşündirmäge synanyşdy: «Elsin, Nazarbaýew, Akaýew dagy çykyş edip, GKÇP-ni ýazgardylar, menem şolaryň çykyşyny ýeterlik hasap etdim, türkmenlere mahsus salykatlylygy sakladym» diýdi. Garaz, sud bu sapar maňa duýduryş bermek bilen çäklendi. Ine, şunluk bilen men 53 ýaşymyň içinde ilkinji ýola suda barmaly boldum. Emma kalbymdaky arkaýynlyk, biperwaýlyk meniň ruhy dünýämde ägirt üýtgeşikligiň bolandygyny duýdurdy, onuň hakyky manysy maňa indi ýetýärdi. Hawa, men sud edilen adam, ýöne jenaýata çigit ýaly şärikçiligim ýok. Hawa, men kanuny bozan adam, ýöne maňa kanuny bozduň diýýänler meni kanuny bozmaga mejbur edýän bikanunçylyga ýüz urup, özleri jenaýata gol ýapdylar. Olar menden gorkýarlar, men olardan gorkamok. Häkimlik olaryň elinde. Olar meni işden, metbugatdan, çörekden mahrum edip biljekler, eýýäm iki ýyla golaý wagt bäri bu çäreleri belli bir derejede duýup ýörün, emma gorky meni heýjana salanok, gaýta sud edilendigime buýsanýan. Ägirt ýük gerdenimden aýrylana döndi. Mundan beýläk aýtjak sözümiň, etmişimiň kimedir birine ýarap-ýaramazlygynyň derdini çekmeli bolmaryn. Özüm hakynda ýakymsyz söz aýdylmagynyň, il arasyndaky abraýyma şikest ýetmeginiň wehimi bilen ýaşamakdan dynanyma begenýän. Ýazyberiň, gygyryň, men siziň eliňiziň ýetjek ýerinden has belende göterildim diýip, dabara maýyl bolýan. Erkinlik diýilýän zat şu bolmaly. Men onuň öwezine pida çekmäge taýýar! Bir aý geçip-geçmän günüň günortany gapymy döwüp, öýümi talap gitdiler. Ogrularyň bolşunda: biziň-ä edýänimiz şü, senem eliňden gelenini gaýgyrma diýen gödeklik aňsa bolýardy. Milisiýanyň gowuşgynsyzlygy, äwmezligi zerarly Içeri işler ministri Çaryýarowa, prezident Nyýazowa ýüz tutmaly boldum. Hiç hili üýtgeşiklik bolmady. Maňa duýgudaşlyk bildiren adamlaryň käbiri meniň mitinge gatnaşmagym bilen bu gödek talaňçylygyň arasynda baglanyşygyň mümkindigini ýaňzytdy. Elbetde, men olara hä diýmedim, sebäbi beýle namart oýna ýüz urarlar öýdemokdym. Ogrulardanam, alnan zatlardanam derek bolmady, hatda milisiýa gözlegiň neneňsi gutarandygyny, nähili netijä gelnendigini maňa habaram bermedi. Pylan mahal pylan ýerde miting boljakmyş diýen dowuldan soň şol ýere toplanýan ägirt köp milisioneriň ezberligini göreniňde şunça güýji galyň bendäniň zadyny talaýanlaryň garşysyna gönükdirsediler diýip arzuw edýärsiň. Başky gürrüňimize dolanalyň. Näme üçin demokratiýanyň Moskwada ýüz beren ýeňiş dabarasy Türkmenistanda dabara öwrülmedi? Döwletiň zerurlygyny süňňi bilen duýmaga ýetişmedik türkmen jemgyýeti respublikanyň ykbalyna gabanjaň garamaga ukypsyzdy. döwrüň emrine görä, geçen ýyl bize-de döwlet özbaşdaklygymyzy jar etmäge mümkinçilik boldy, biz ony göreş bilen gazanmandyk. Türkmen jemgyýeti entek özbaşdak, özygtyýarly diýen sözleriň aňyrsynda duran hakyky manyny, borjy seljermäge-de ýetişmändi, häzir hem ýetişenok. Azatlygy gazanmak, soňra ony saklamak gaýduwsyzlygy, pidany talap edýär. Şu zerurlygy duýmak aýry-aýry şahslardan başlanmaly. Rus halky moskwalylaryň, leningradlylaryň mysalynda muny dünýä äşgär etdi. Milli döwlet milli guwanjy aňladýan esasy alamatlaryň biri. Şu alamat jemgyýetiň süňňüne ornaşmaga ýetişen halatynda içden-u daşdan abanýan howpy bada-bat duýmaga, oňa garşy aýny wagtda çäreler görmäge ukyp döredýär. Awgustyň pajygaly üç güni biziň il deňinden biraz yza galyp jar eden özygtyýarlylygymyzy ýok etjek güýçleri öňe çykardy. Eýse, biz şol aýylganç howpy duýdukmy? Duýmadyk, şonuň üçin hem arkaýyn oturdyk. Gaýta, halys baknalyga öwrendekli bolan endigimize görä, döwlet agdarylyşygyny gowulyga ýormaga çalyşýardyk. Moskwanyň köçelerine çykyp demokratiýanyň ýeňişini dünýä jar edýän halkyň dabarasy bize ýetenokdy, düşünmeýärdik. Dabaranyň hakyky manysyny seljermek üçin öňi bilen döwletiň başyndan inen howpuň möçberine düşünmelidi. Biz oňa-da düşünmedik, bize dahylsyz, diňe Rossiýa degişli galmagal hökmünde garadyk. Hudaýa şükür, biziň respublikamyz asuda diýip oňduk. Biziň üçin demokratiýa entek alysdaky salgymdy. Biz merkeziň gysajyndan sypan hem bolsak, onlarça ýyl dowam edýän sistemanyň gysajyndan sypyp bilmeýäris. Haçan syparkak? Bu sowala anyk jogap bermäge çakym ýok. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |