11:30 Biz kim ekenik: Ugurymyz hanjak?.. Kimiñ yzyna düşmeli? | |
UGURYMYZ HANJAK?.. KIMIŇ YZYNA DÜŞMELI?
Türkmenistanyň prezidenti Saparmyrat Nyýazowa. Hormatly prezident! Hukuk döwletini gurmaga niýetlenýändigini dünýä jemgyýetçiligiň öňünde jar eden Türkmenistanyň graždany hökmünde Size ýüzlenýärin. Siz döwletiň prezidenti, her bir graždanyň, şol sanda meniň hem ykbalyma gönüden-göni dahyllydygyňyz Size ýüzlenmäge maňa doly hukuk berýär. Hukuk döwletine daýanýan ýurtlarda prezidentiň şahsy simpatiýadan, antipatiýadan ýokarda durýandygyny, diňe kanunyň çäginde hemmelere deň göz bilen garaýandygyny nazarda tutmak bilen, meniň problemama çynlakaý çemeleşjekdigiňize ynanýaryn. Men mart aýynyň başynda «Ugurymyz hanjak? Kimiň yzyna düşmeli?» atly makalamy «Edebiýat we sungat» gazetine hödürledim. Bu makalada biziň garaşsyzlygy yglan eden döwletimiziň ertirki güni bilen bagly dünýä metbugatynda öňe sürülýän sowallara türkmen ýazyjysy hökmünde şahsy pikirimi beýan etdim. Garaşsyz döwletiň garaşsyz graždany bolanym üçin döwletiň ykbaly belli bir derejede maňa-da bagly. Meniň gelýän netijäm siziň öňe süren prinsipleriňize ters gelenok. Biz Eýran Üslam Respublikasynyňam, Türkýäniňem, gaýry bir döwletiňem yzyna düşmeli däldiris, olar bilen ysnyşykly gatnaşykda bolup, ýöne öz ýolumyz bilen gitmeli diýen pikiri öz delillerimiň, mysallarymyň üsti bilen okyja ýetirmekçi boldum. Emma redaksiýa tarapyndan unalan bu makala baş senzor Kakabaý Ataýewiň ara goşulmasy bilen gazetde berdirilmedi. Onuň makalynyň mazmunyny bilgeşleýin ýoýup aýdýan delilleri bilen düýbünden ylalaşar ýaly däl. Iň bärkisi, makalada prezidentiň ady tutulanok diýýär.Durgunlyk ýyllarynda-da bizden beýle gödek zady talap etmändiler. Delilleriňi ýazmaça ber diýdim, ony hem edenok, sebäbi özüniň mamla däldigini bilýär, metbugat baradaky kanuny bozmakda aýyplanjagyndan gorkýar. Beýle ýagdaý ýüze çykandan soň makalany okap görmeklerini sorap, prezident sowetiniň agzasy Geldimyrat Nurmuhammedowa, ýazyjylar soýuzynyň jogapkär işgäri Atamyrat Atabaýewe ýüz tutdum. Okadylar, makalany oňlaýandyklaryny aýtdylar. Emma ýene Kakabaý Ataýewiň garşylygyna duçar bolundy, makala berilmedi. Soňra bu ýagdaý «Turkmenskaýa iskra» gazeti bilen gaýtalandy. Makalanyň rusça terjimesi 18-nji aprelde gazetde çykmalydy, gije sagat dokuzda Ataýewiň burugy bilen sahypadan düşürildi. «Eger şol makalany Nyýazowyň özi okap gören bolsady, rugsat ederdi» diýdim. Häzirem şol pikirde. Men Siziň büs-bütin bihabardygyňyza güwä geçip biljek däl. Eger makala hakynda size otrisatel pikir ýetirlen bolsa, şol pikire ynanmaň. Ataýew ýalylar intelligensiýanyň belli bir topary bilen Siziň agzyňyzy alartjak bolýarlar, öz halamaýan adamlaryndan Size duşman ýasap, şolaryň garşysyna eserdeňlik bilen göreşýän kişiler bolup, özlerini Size wepadar görkezmekçi bolýarlar, käbir derejede şony başarýarlaram. Hormatly Prezident! Bu fakta Siziň ünsüňizi çekmek bilen özümiň graždanlyk hukugymyň gödek bozulýandygyny aýtmakçy boldum. Şeýle faktyň ertir ýene gaýtalanmajagyna ynamym ýok, şu ýagdaýda men özümi nähili alyp barmaly? Siz respublikada agzybirligi saklamagyň alada bilen ýaşaýandygyňyzy her çykyşyňyzda nygtaýarsyňyz. Şol agzybirlik biz-de gerek. Emma agzalalyk öňi bilen adam hukugyny äsgermezlikden başlanýar. Baş senzor kabul edilen kanuny gödek bozup, gös-göni meniň hukugymy basgylar ýörer-de, menem egnimi gysyp ýörmelimi? Egniňi gysman oturanyňda seniň etjek alajyň näme diýilmegem ähtimal, men oňa-da garaşman duramok. Eger şeýle diýmäge kanun rugsat berýän bolsa, men oňa-da razy. Hormatly Prezident! Adalatyň dikeldilmegi üçin bu işe Siziň gatnaşmagyňyz derwaýys. Meniň pikirimi diňlemegiňizi, iň bolmanda, şol makalany özüňiziň okap görmegiňizi haýyş edýärin. Siziň gaýra goýulmasyz jogabyňyz meniň döredijilik ykbalyma biparh garamaýandygyňyzy aňlatjak delil bolardy. Sizi hormatlamak bilen, Türkmenistan ýazyjylar birleşiginiň prawleniýesiniň sekretary Tirkiş Jumageldiýew. 29. 4. 1992. 13-nji maýda meni prezident sowetine çagyrdylar, köşeşdiriji äheňde, meniň gymmatly pikirlerimiň türkmen halkyna derwaýys gerekdigini nygtamak bilen, regionda dörän ýagdaýyň juda çylşyrymlydygyna ünsümi çekdiler. Makalamyň ykbaly hakynda göni bir pikir aýdylmasa-da, onuň gereklenmeýändigini duýdum. Ýazyjy hökmünde hekaýaňy, romanyňy ýazyber ahyry, syýasy, ykdysady problemalar bilen näme işiň bar, olar hakynda prezidentiň aýdýanlary ýeterlik dälmi näme, seresapsyz bir zat diýersiň, goňşy döwletleriň gaty göräýmekleri ähtimal. Garaz, göni aýtmasalar-da ätiýaç edýändiklerini duýdurdylar. Indi şol makaladaky esasy pikirleri okyjylaryň dykgatyna ýetirmekçi. 2 Meniň pikirimçe, döwlet hökmünde özygtyýarlygyny hem garaşsyzlygyny yglan etmek bilen syýasy taýdan imperiýadan ara açan respublikalaryň hataryna girýän Orta Azyýa döwletleriniň ertirki ykballary hakyndaky edilýän çynlakaý gürrüňiň gerimi içerdäkiden daşarda has güýçli. Dünýä möçberinde alnyp barylýan ykdysady syýasatyň hem ideologiýanyň ugurlary babatda tapawutly toparlar biziň regionymyza öz täsirlerini ýetirmekden ötri, haýran galaýmaly işeňňirlik görkezýärler. Olar muny dünýä möçberinde alnyp barylýan uly syýasatyň akymyna goşdular. Biz haýsy ugury saýlap alarkak, kimiň yzyna düşerkäk? Dünýä jemgyýetçiligi biziň ýolbaşçylarymyzyň dilinden şu sowallaryň anyk jogabyny eşitmek isleýär. Kiçi döwletler babatda dowam edip gelen tekepbirliklen ara açyp bilmeýän adamlar, hökmany suratda kimdir biriniň yzyna düşmeli boljakdygymyza garaşýarlar, ýetmiş ýyllap baknalykda ýaşalansoň, ýene bir güýji ökdä gol ýapman ýaşamak mümkinçiligini ortadan aýyrýarlar. Öz ykbalymyzy özümiziň çözmek mümkinçiliginden mahrum edilendigimiz üçin biziň yglan eden garaşsyzlygymyza çynlakaý faktor hökmünde garaýandyklaryny dil ujundan aýtsadar-da, iş ýüzünde ykbalymyzy bize derek çözmäge döwtalap toparlaryň boljakdygyny birdem unutmaga hakymyz ýokdur. Eger garaşsyz döwlete mynasyp syýasy hem ykdysady konsepsiýany öz içimizde işläp düzmän, ýyllar boýy ganymyza garylan baknalyk endigine sähelçe ýol beräýen halatymyzda, ýene garaşly ýagdaýa düşjekdigimiziň ujy iki däldir. Biz entek garaşsyzlyk diýen datly miwäniň tagamyny almaga-da ýetişemzok, biz ýaňy onuň nahalyny oturtdyk. 3 Günbataryň ösen demokratik ýurtlary yslam fundamentalistleriniň meýilleri babatda biynjalyk bolýarlar, olaryň täsirine Merkezi Azyýa respublikalarynyň düşmekleriniň ähtimallygyny aç-açan aýdýarlar. Bu meselede aglaba Eýran Üslam Respublikasynyň syýasatyna salgylanylýar. Elbetde, biz ed-dil şu gün respublikamyzda yslam fundamentalistleriniň täsirini aňladýan hadysalar ýüze çykyp ugrady diýip bilmeris. Şol täsirden howatyrlanyp, Eýran bilen syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklardanam el çekip bolmaz. Eýran biziň duldegşir goňşumyz. Bu ýurtda iki milliona golaý türkmen ýaşaýar diýýärler. Olar bilen aradaky serhediň 70 ýyllap gulpda saklanmagyna-da ideologiýa sebäp bolupdy. Onsoňam Eýran diýilse, ähli meseläni dini nukdaýnazara syrykdyrjak bolmak birtaraplylyga alyp barar. Dünýäde telim din bar, biri-birinden tapawutly. Emma dünýä möçberinde alnyp barylýan giň gerimdäki ykdysady gatnaşyklar şol tapawuda parh goýman, öz ýoly bilen gidýär. Eýranam ykdysady gatnaşyklardan çetde duranok, gatnaşygy ýygjamlandyrmazdan ol ýerdäki türkmenler bilen doganlyk hyzmatdaşlygy ýola goýup bilmeris, birek-birege nepimiz degmez. Yslam fundamentalistleriniň maksadynyň näderejede durmuşylygyny ahyr pellede halkyň maddy hal-ýagdaýy kesgitlär. Islendik rewolýusion çagyryşlar, goý, olar Allanyň ady bilen bolaýsyn, ündewine laýyk gelýän ykdysady strukturalaryň netijeli işlemegini gazanyp bilmedik halatynda köpüň biperwaýlygyna duçar bolýar. Allanyň öňünde bendeleriniň deňligini garyp toparlaryň umydy bilen baglap, şolaryň goldawy bilen häkimligi alanlaryň Eýran taryhynda-da az bolmandygyny aýtmaly. Tagta geçenlerinden soňra deňlik hakyndaky pelsepäni unudandyklaryny-da bilýäris. 4 Arada, adaty gürrüňdeşlikde intelligent diýläýjek adamlaryň biri: «Eýranda edilişi ýaly bizde-de şerigatyň kanunlaryny girizmeli, ogrulyk-jümrülik edeniň elini kesip taşlamaly» diýdi. Bu sözi mysal getirýänimiň sebäbi, şeýle pikirdäkiler başga-da bar. Olaryň bolýan adalatsyzlyklara, döwlet hem hususy emlägiň goragynyň ygtybarsyzlygyna janlarynyň ýanyp durandygy zerarly gahara bäs gelip bilmän aýdýandyklaryna-da düşünýärin. Islendik kanunyň ýerlikli hem netijeli işlemegi üçin şol kanunyň döwrebaplygyny kepillendirip bilýän jemgyýetçilik gurluş bolmaly. Üslamyň ýörelgesini syýasy gurluş hökmünde kabul eden ýurt üçin, elbetde, şerigatyň kanunlaryna gol ýapmak geň däl. Ündelýän morala görä kanun kabul edilýär. Eýran yslam respublikasy diýlip yglan edildi, şerigadyň kanuny ýöredilip başlandy. Bu ýerde ýene bir üns berilmeli ýagdaý bar: Eýran dünewi döwlet mahalynda-da yslamdan arasyny üzmändi, şerigatam unutmandy, diniň täsiri iňňän güýçlüdi. Şol güýje daýanybam aýatolla Homeýni yslam rewolýusiýasyny amala aşyrypdy. Indi biziň ýagdaýymyza üns berip görüň. 70 ýyllap «din halk üçin tirekdir» diýen taglymata gulluk etdik. Söweşjeň ateizm döwletiň ideologiýasyna öwrülip, çagalarymyz mekdebiň bosagasyndan aýak basan gününden «hudaý ýok, hudaýy unudyň» diýen wagzy eşidýärdik. Ençeme nesil hudaýa ynanman, yslamyň nämediginden bihabar, oňa gargap ösdi. Ýalan söz kada öwrüldi, döwletiň, kişiniň emlägini ogurlamak haramdyr öýdülmedi. Diniň däpleri ýitdi, yslam bilen bagly dörän medeniýetiň üstüne atanak çekildi. Şerigatyň kanun-a beýlede dursun, şol sözüň hakyky manysyndan bihabardyk. Ýeri, şu düzgüni etine-ganyna siňdirip ösen nesillere alagadan: «Ertirden şerigatyň kanunyna boýun bolup ýaşamaly» diýseň nähili bolar? Elsiz galjak köp bolaýmasyn! Belki, ýowuz jezany talap edýän adamlaryň özleri, maşgalalary hem awunmaly bolar? Şoňa kaýylmykak beri! Kommunistik imperiýanyň kapasasynda ulalan bendeleri öwredilen endikleri üçin bu gün birden gazaply jeza sezewar etmek adalaty aňlatmaz. «Ölen-ä öleni, gözüni garga çokany» bolar. Ilki ýaramaz endiklerinden ara açar ýaly durmuş şertlerini döretmeli, pursat bermeli. Kanun anyk döwürde ýaşaýan adamlar üçin çykarylýar. Biz ýigriminji asyryň aýagynda ýaşap ýörüs. Orta asyryň jemgyýetçilik gurluşy üçin niýetlenen kanunlary girizip oturyberseň, şoňa laýyklykda döwlet gurluşynam üýtgetmeli bolar-da. Giň gerimde pikir öwürjek bolsaň, eýse, häzirki Eýranyň syýasy, ykdysady durmuşyny gönüden-göni şerigatyň kanunlaryna baglap bolarmy diýen sowal ýüze çykýar. Eýranyň halkara syýasy, ykdysady gatnaşyklary barha gerim alýar. Şol gatnaşyklaryň, aýratyn-da ykdysadiýet babatda, halka edýän täsiri güýçlenýär. Dünýä siwilizasiýasynyň ösüş akymyny orta asyryň kanunlary bilen ýoga çykarmak, ykdysady gatnaşyklaryň häzirki ýygjamlygynda, geriminde hiç kime başardar öýdemok. Meniň ynanjyma görä, din häkimlik üçin ýaradylmandyr. Häkimlik zorluga daýanýar, din zorluga garşy. Din hakyň ýoluny tutýar, bendeleriň haka sygynmaklaryny wagyz edýär. Hakyň ýolundan gyşaran halatynda olary dolanmaga çagyrýar, sabyrlylyk görkezýär, ýaman etmişleri üçin hudaý tarapyndan olaryň günäleriniň geçiljekdigini duýdurýar. Häkimligiň ýoly başga, ol özüne garaşly raýatlaryň günäsi üçin anyk jeza çäresini belleýär, olaryň janyny alyp-da bilýär. Onuň aladasy häkimligi berkitmek. Şol häkimligiň islegine görä-de adalaty kesgitleýär. Ol adalat raýatyň ähli islegine bap gelip duranok, emma häkim adalatsyz bolmakdan çekinenok, hakyky adalat güýje baglydyr diýen taglymata gulluk edýär. Din welin, hakyky adalaty diňe hakyň ýolunda görýär. Häkimleri-de hakyň ýoluna mynasyp adyllyga çagyrýar. Adamlary ynsaba çagyrmakda, ahlak arassalygyny gazanmakda diniň bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bar. Biziň şertimizde öňi bilen dini taglymatdan büs-bütin sowatsyz adamlara Allanyň sözüni düşündirmeli bolsa gerek, şol sözleriň ündewine görä ýaşap, görelde görkezmegem ikinji bir beýik wezipe. Söz bilen işiň arasyndaky çaprazlykdan halk halys ýadady. Üslam dininiň biziň aramyzdan ýiten däpleriniň, milli medeniýetimiziň aýrylmaz bölegine öwrülen yslam medeniýetiniň dolanmagyna gabanjaň garamak bolmaz. Ýitginiň nämeden ybaratdygyny seljermek üçin çeper döredijilik bilen bagly aýdylan bir pikire ünsüňizi çekmekçi. Moskwadaky Gündogary öwreniş institutynyň ylmy işgäri Şerip Şükürow «Literaturnaýa gazetanyň» 1991-nji ýylda çykan 22-nji sanynda eden çykyşynda şeýle ýazýar: «Gündelik durmuşdan yslamyň ýitmegi bilen pikir öwürmegiň ýasawy, hili üýtgedi, ol abstrakt hem metafora görnüşini ýitirdi, şahyrana tärler, alamatlar indi belent ruhy pikirlerden öňki daýanjyny tapanokdylar. Poýeziýa mahsus ýokary dereje peseldi, däbe öwrülen deňeşdirmeleriň, metaforalaryň durmuşylygy hem işjeňligi ýitdi, onuň ornuny eýeläp biljek täze bir zady hiç kim hödürläp bilmedi, şeýle-de bolaýmalydy, sebäbi, ýitginiň möçberi uludy, onuň çägi şahyrana sypatlaryň toplumyny ýa-da dini tejribäni öz içine alany bilen oňman, iň esasy zada, ýagny ruhy medeniýetiň köküne çenli ýaýraýardy». 5 Bize Türkýäniň ýoluny amat görýän adamlar onuň dünýewi respublikadygyny, bazar ykdysadiýeti boýunça ösýändigini, Günbataryň demokratiýasyna gol ýapýandygyny nygtaýarlar. Aslymyzyň, dilimiziň golaýdygy biziň ymtylyşymyza itergi berýär. Türkiýedäki bazar gatnaşygyny ertir aňsatlyk bilen bizde-de ýola goýup bolar diýsek ýeňilkellelik etdigimiz bolar. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerindäki ýerli habarlara gulak assaň-a eýýäm biziň kolhoz-sowhozlarymyz, kärhanalarymyz bazar gatnaşyklaryna geçäýipdirler. Hemişeler kompartiýanyň gurultaýy karar kabul etse, ertesi gazetlerde şol kararyň ur-tut amala aşyrylýandygy barada ýazylardy. Şol endikden halas bolup bilmeýäris, boljagam bolmaýarys. Ükdysadyýete gezek gelende ideologiýanyň oýnuny goýalyň. Ükdysadyýet seniň aslyň birligine-de, diliň meňzeşligine-de seretmeýär. Onuň ýowuz kanunlary bar. Şu günki goýjak maýasyndan ertir peýda gelmejegini bilse, haýsy telekeçi seniň golaýyňa geler öýdýärsiň. Ükdysady gatnaşyklarda ýeke dil bar: pul, peýda! Dünýäniň haýsy künjüne baraý – pul! Türkiýäniň bazar ykdysadyýetine tarap ýoly telim ýyl bäri dowam edip gelýär, entegem gidip otyr. Onuň bazasyny biziňki bilen deňeşdirer ýaly däl, amatly. Hususy eýeçilik, telekeçilik, dünýäniň ösen ýurtlary bilen gös-göni söwda gatnaşygy asyrlaryň dowamyndan gelýär. Bizde bularyň hiç biri-de ýok. Hususy eýeçilik kommunistik jemgyýetiň ganym duşmany hökmünde görüldi, näletlendi, düýp-teýkary bilen ýok edildi, ýekebara hojalygyň däpleri ýitdi. Kollektiw hojalykdan aýrylykda durmuşyny, gün-güzeran ýagdaýyny göz öňüne getirmäge ukupsyz, ýekelikden ajal ýaly gorkýan zähmet adamynyň tipini döretdik. Köpüň arasynda bolsam, her näme-de bolsa, çagajyklarym ajyndan ölmez diýýär. Ýekebaralyga amatly ýagdaý döredäýen halatyňda-da, onuň süňňüne siňip giden gorkynyň aradan aýrylyp gitmegi üçin ençeme ýyl gerek bolar. Biziň garaşyp oturmaga ýagdaýymyz ýok, şol bir mahalda-da onuň psihologiýasyny äsgermezlige-de hakymyz ýok. Bazar ykdysadyýetine geçýäniňi jar edägeden haýsydyr bir taýyn modeli getirip ornaşdyrar ýaly, ykdysadyýet gurnama jaý däl. Kolhoz-sowhozyň üsti bilen daýhana agyzdyryk salan köne apparat adyny üýtgedeni bilen jylawy elinden sypdyrasy gelenok. Munuň üçin esasy tutaryk: ýeri hususy eýeçilige bermek bolmaz. Olar halkyň adyndan gürlemek endigine maýyl bolup, hususy eýeçiligi halk götermez diýýärler, ýer-suw bilen bagly çylşyrymly ýagdaýy perde edinýärler. Oazislerde ilat gür, suwarymly ýerler az, ýer bolanda-da suw ýetmezçilik eder diýen obektiw sebäpleriň üstüne ideologiýanyň galplygyny ulanyp: ýer puldar adamlaryň eline geçer, baýlar dörär, olaryň elinde batyraga öwürlersiňiz diýip, 70 ýylda gaýtalanan heňe başlaýarlar. Gün-güzerana gezek gelende adam pakyryň ynanjaňlygyny diý. Öňküje günüňe kaýyl boldajyk ýaşabersene diýýär. Ertirki gününi özi seljerer ýaly onda ne syýasy, ne ykdysady düşünje bar! Ine, meseläniň iň kyn ýeri! Munuň taýyn çözgüdini Türkie-de aýdyp bilmez, başga bir ýurdam. Dünýä ýurtlarynyň tejribesinden durmuş ýörelgämize, häsiýetimize laýyklykda degerli sapaklar alyp özümiz çözmeli bolarys. 6 Moskwadan berilýän telewizion kanallaryň ykbaly hakynda mesele gozgalyp başlandy. Aşgabat telewideniýesiniň habarçysy bazarda gök satyp oturan ýaşuludan interwýu aldy. Ýaşuly Moskwanyň telewideniýesinden wejera zatlar görkezilýär, ol biziň çagalarymyzy azdyrýar, şu masgaralygy bes etmeli diýdi. Ýaşuly ýüregindäkini aýdandyr, bu ýerde geň görüp oturasy zat ýok, onuň pikirdeşleri başga-da bar. Menem öňki endigime görä öz ýanymdan: häý, Moskwanyň kanallaryny ýapjaklar-ow diýdim. Bir mahal ýazyjynyň, alymyň garşysyna ideologiýa hüjümini başlanlarynda sagymçyny, traktorçyny, işçini çykyş etdirip, olaryň eserlerine, özlerine gargadardylar, «halkyň pikirini diňläň» diýerdiler. Şol usuldan el çekilmekçi däl. Moskwanyň gepleşikleri hakynda başga pikirdäki adamlaram köp, olara-da söz bererler öýtdüm, bermediler. Bu töwekgelligi «Ýaş kommunist» gazeti öz üstüne aldy. Okyjylaryň çap edilen hatlaryndan uly howsala duýulýardy. Moskwanyň kanallarynyň ýapylmagy dünýäden berilýän baý informasiýanyň ýoluny petiklär, demokratik ruha ýugurlan sagdyn gepleşiklerden mahrum bolunar. Onuň öwezini näme bilen dolsa bolar? Türkmen telewideniýesinden berilýän many taýdan durgunlyk ýyllaryna häsiýetli gepleşikler bilenmi? Toý şagalaňy, prezidentiň gatnaşmagyndaky dabaralar, ilatyň agyr durmuşyny her edip-hesip edip ýumarlajak bolmak, respublikadaky asudalyk üçin ýüregedüşgünç magtanmalar,.. garaz, öz-özüňi aldatmak, başga zat däl. Moskwanyň telewideniýesinden wejeralyk gözleýän adamlar aýyn bolmasa: «Bu masgaralyklar türkmen halkynyň däbine ters gelýär» diýýärler. Hamala, wejeralyk başga bir halkyň däbine dogry gelýän ýaly äheňde aýdýarlar. Wejeralyk hiç bir halkyň däbinde ýok, şol sanda rus halkynyň däbinde-de ýok. Häzirki zaman modasynda geýnen estrada aýdymçysynyň ýarym ýalaňaç göwsüne seretmek hemmeler üçin wejeralykdyr öýtmek bolmaz. Obalardaky toýlarda açyk meýdana ýygnanan mähelläni höwes bilen görkezýäris. Guma bulaşyp ýören çagalar, çigit çigitleşip oturan aýal-erkekler, töwerekdäki hapaçylyk... belki, birnäçe adam üçin şular wejeralykdyr? Umuman, kişä baha bermezden öňinçä öz bolşumyza-da ser salmagy unutmalyň. Gadagan etmekden aňsat zat ýok, ýöne Moskwanyň telewizion kanallaryny ýapyp biz utuş gazanarmykak? Bazarda oturan ýaşulynyň çagalarynyň ahlak sagdynlygy şondan soň berkärmikä? Çagalarymyza ahlak terbiýäni göwnejaý berip bilmeýändigimiz üçin keseden günäkär gözleýän-ä däldiris-dä? Eger öýüň ýaşulysyna gulak asylýan bolsa, Moskwanyň wejera gepleşiklerine seretmäň diýende bolanokmy? Seretmezler-dä. Onsoňam, çagalaryň seretmeli gepleşikleri bar, olary programmada ýörite belleýärler. Eger ýaşula guluk asylmaýan bolsa, telewideniýeni gadagan edeniň bilen wejeralykdan sypyp bolmaz. Gijelerine oturlyp wideodan görülýän has wejera filmleri nädip gadagan etjek, öýbaşyna milisiýa iberjekmi? Gazetleriň habar bermegine görä, Eýran Üslam Respublikasynyň mejlisinde adamlaryň öýlerinde wejera wideofilmleri görýändiklerinden zeýrenilipdir. Her on maşgalanyň birinde-de wideoapparat barmyş. Gadagan edeniň bilen netije gazanyp bolýan bolsady, Eýran gazanardy. Dünýäniň dürli ýurdy bilen ykdysady gatnaşyklaryň ýola goýulýan halatynda syýasy hem medeni üzňeligi gazanjak bolmak hiç kime aňsat başardar öýdemok. Biz demokratik ýörelgelere daýanýan hukuk döwletini döretjegimizi jar etdik. Muny bir ýylda, bäş ýylda berjaý ederis diýen pikirden men-ä daşda durýan. Ýerliksiz howlukmaçlygyň geregi ýok. Bu ýerde ýurduň özboluşlylygyna, halkyň mentalitetine, medeni derejesine bagly problemalary çözmekden ötri, dürli garaýyşlara sarpa goýmaly bolarys. 7 Iki-üç ýyllykda welaýat ýolbaşçysy demokratiýa meýil bildiren adamlara: «Demokratiýany küýseýän bolsaňyz, ýelsiniň ýanyna gidiň» diýipdir. Rossiýa ýelsini prezident saýlanda biziň respublikamyzyň kommunistleri ilkinji guramalarda ýygnaklar geçirip, rus halkynyň demokratlaryň oýnuna aldanandyklaryna gynanç bildiripdiler. Bu gün olaryň özleri demokratiýa bilen oýun edip ýörler. Garaz, kim demokrat, kim antidemokrat, bir bada seljeräýmegem kyn, ýöne muny geň görüp oturmalyň, bulaşyk döwre häsiýetli alamat diýip düşüneliň. Öňki SSSR-iň territoriýasynda hakyky demokratiýanyň dabaralanjak, durmuş kadasyna öwrüljek pillesi entek daşda bolsun gerek. Häzir «demokratiýa» sözüne bukulyp, dürli toparlaryň arasynda häkimiýet üçin göreş gidýär. Bu göreşde zorluga ýüz urulýar, gan dökülýär. Hakyky demokratik düzgünler syýasy hem ykdysady taýdan durnukly ösýän ýurtda durmuşyň kadasyna öwrülip biler. Munuň üçin Günbataryň ösen demokratik ýurtlary neneňsi uzak ýol geçmeli bolupdylar. Sowet häkimiýeti 70 ýyllap kompartiýanyň synpy ideologiýasyna hyzmat etdi. Şoňa uýgunlaşan adamlardan gyssagara demokrat ýasajak bolmak jemgyýetiň gözüne çöp atjak bolmagy aňladar. Türkmenistandan tapawutlylykda beýleki döwletleriň syýasy-jemgyýetçilik durmuşyna köppartiýalylyk demokratiýanyň alamaty hökmünde ornady. Bu ýagdaýy bizem kabul etmeli bolarys. Käbir döwletlerde, aýratynam Rossiýada partiýalaryň juda köplüginden ýaňa jemgyýetiň asudalygyny gazanmagyň deregine, gaýta olaryň dartgynlyk döredýändiklerinden zeýrenýärler. Elbetde, bu zeýrenjiň jany bar. Partiýalaryň birnäçesi demokratiýanyň ýelgini bilen belli bir toparyň syýasy garaýyşyny aňlatman, häkimiýet uguryndaky göreşe goşulmak üçin howulhara döredilen birleşmelere meňzeýär. Olaryň bu gün açylyp, ertir ýapylýany-da, bölünýäni-de, başky programmalaryndan ýüz öwrüp ýörenleri-de bar. Munuň esasy sebäbi, ykdysady sistemanyň durnuksyzlygydyr, partiýa bolup öňe çykýan toparyň arkasynda entek anyk ykdysady bähbidi araýan belli gatlaklaryň ýoklugydyr. Syýasy göreşe düýpli many berip, onuň jemgyýetde kök urmagyna ýardam edýän güýçleriň arkasynda ykdysady bähbidini döwlet möçberindäki syýasata öwürmäge çalyşýan toparlar durýar. Olaryň täsiri artdyk saýy olaryň ideologiýasyna hyzmat edýän partiýalar hem ulalýar. Partiýalar ýurtdaky ykdysady ýagdaýy görkezýän aýna meňzeýär. Köppartiýalylygy karar bilen ýaýbaňlandyrybam bolmaz, gadagan edip saklabam bolmaz. Ol jemgyýetiň ösüşi bilen bagly hadysa. Eýeçiligiň dürli görnüşine, başgaça aýdanymyzda, ykdysadyýetde-de demokratiýa ýol berlen halatynda partiýalaryň döremegi gutulgysyzdyr. Türkmenler düýn SSSR-de az sanly halk bolandyklaryndan bu gün öz ýurdunda köp sanly halka öwrüldi, az sanly halklaryň ykbaly belli bir derejede biziň syýasatymyza bagly bolup durýar. Eger biz düýnki duçar edilen kemsidilmelerimiz üçin ar almagyň, göz görkezmegiň ýoluna düşäýsek, bu ýagdaý türkmeniň abraýyny, mertebesini galdyrmaz, ýöne halkymyzyň kalbynyň giňligine men-ä ynanýan. Ruslar hem beýleki halklar bilen goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk biziň gündelik durmuşymyza, medeniýetimize, psihiologiýamyza ymykly täsir etdi. Kada öwrülen peýdaly däplerden el çekmek meýline ýüz uraýsak, bu bizi diňe ruhy peslige alyp barar. Içimizdäki halklary saýry saýman, olaryň mertebesini öz mertebämizden pes tutmadyk halatymyzda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde sözümiz geçginli bolar. Beýleki ýurtlarda azlykda ýaşaýan ilibir, ganybir doganlarymyz hukuk kemsitmelerine duçar bolan ýagdaýynda olara hemaýat bermäge, goldamaga moral taýdan haklydygymyzy görkezerdik. Milli kemsidilmeden ýaňa ýyllar boýy kalbymyza çöken kinämizden dynjakdygymyza şükür etmek bilen, biziň öňki derdimiziň gapdalymyzda ýaşaýanlaryň kalbynda döremegine özümiziň sebäp bolmazlygymyza çalyşalyň. Muhammet pygamberiň doga gaplamaly ýene bir sözi: «başga ynançdaky adamyň göwnüne degdigiňiz, hut, meniň göwnüme degdigiňizdir» Pygamberiň ündewi halkyň merhemedine, sabyrlylygyna laýyk gelýär, şoňa-da ygrarly bolalyň. *** Ine, baş senzoryň saklan makalasyndaky esasy pikirler şulardan ybarat. «Edebiýat we sungat» gazetiniň baş redaktory Hojamyrat Goçmyradowyň elime beren ýazgysynda makalany saklamaga esas diýlip toslanan sebäpler şulardan ybarat: 1. «Garaşsyz Türkmenistanyň täzelikde kemala gelen ählihalk daşary syýasaty inkär edilýär. 2. Prezidentiň adyny tutman, onuň syýasatyny tankyt etmek bilen onuň mertebesini peseldýär. 3. Gönüden-göni Eýranyň, Türkiýäniň içeri işlerine goşulýar. 4. Şu makala Prezidentiň «Жизнь» gazetiniň habarçysyna beren interwýusyndaky ideýalara ters gelýär.» Habaryňyz bolsa, prezident Nyýazow «Жизнь» gazetine beren interwýusynda Türkmenistanyň dünewi döwlet boljakdygyny, yslama ýa-da kommunistik ideologiýa gol ýapmajakdygyny çürt-kesik aýdypdy. Redaktoryň belligine görä, makala prezidentiň ideýalaryna ters gelýän bolsa, diýmek, men yslam ýa-da kommunistik döwleti gurmagy ündäpdirin-dä? Heý, bu belligiň ýapa degýän ýeri barmy! Goçmyradow göz-görtele çypdyrmany ahlaksyzlyk hasap etmeýär. Jemgyýetde beýle ahlaksyzlaryň hyzmatyna isleg barka arkaýynçylyk bolmaz, otuz ýedinji ýylyň nökerlerinden olaryň birjik-de tapawudy ýok. Olar buýruga garaşýarlar. Eýse, togsanynjy ýyllaryň başynda Türkmenistanda olaryň gurdy gündiz uwlaýarmyka?.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |