20:20 Bizden adam bolmazmy? | |
BIZDEN ADAM BOLMAZMY?
Publisistika
Şu günki ýaly ýadymda: segseninji ýyllardaky ýaşlyk ýyllarymda bazarda-köpçülik ýerlerinde, dost-ýar, garyndaş-dogan gürrüñçiliklerinde iñ köp eşidýän sözlerimden biri-de "Bizden adam bolmaz" sözüdi. Günbatardan gelen ajaýyp önümlere imrinme we gabanma gatyşykly duýgular bilen seredýän türkler öz ýurtlary boýunça lapykeçliklerini şeýle jümle bilen añladardylar ýa-da ýurtda tersine bolýan her bir zat üçin "Muña Türkiýe diýilýär, bular ýaly zady geñ görmeli däl" diýerdiler. Turgut Özalyñ häkimiýete gelmegi bilen ýurduñ keşbi özgerip başlady, öñ takyr meýdany ýatladýan we ýagyş ýaganda batgalyga öwrülýän stadionlar ýaşyl meýdançalara öwrüldi, yzyndan obalardan we şäherlerden başlap, iñ çetki ilatly nokatlara çenli her öýe telefon çekildi. Şu günki ýaly ýadymda: 1986-njy ýylda Tokatda migrantlar üçin gurlan hemişelik ýatakhanalara göçenimizden soñ biziñ öýümize-de telefob çekildi we men öz öýümizden birinji halkara jañymda "Sultanahmet" meýdanynda tanşyp dostlaşan Paul atly iñlis ýigidi bilen gepleşipdim. Paul Türkiýedäki oba durmuşy bilen gyzyklanýandygyny aýdanda, men ony ýaşaýan ýerim bolan Tokatyñ Ýeşilýurt obasyna çagyrypdym. Paulyñ obamyza gelişi täsin waka bolupdy, obamyzyñ ilaty misli sirk haýwanyny görýän ýaly onuñ daşyna üýşüpdi. Liseýiñ iñlis dili mugallymy daşymyza üýşen adamlaryñ geñ galyjylyk bilen garaýan bakyşlarynyñ astynda Paul bilen pekgerip iñlis dilinde gürleşipdi. Paul bizde "ýer ýüzüniñ jenneti" diýilýän Günbatardan gelýärdi, aýratynam türk ýaşlarynhñ öwrenjek bolup öwrenip oñarmaýan dilinde gürleýärdi. Paulyñ üsti bilen (has dogrusy, iñlis dilinde gürläp bilýändigimiñ bilinmegi bilen) meniñem obadaky abraýym artypdy, ýygy-ýygydan ýaşaýan raýonymyza gelýän poçtalýon, mygallym, garawul, metjidiñ ymamy ýaly gullukçylar meniñ bilen aýratyn gyzyklanyp başlapdy. Öñler köçede gabatlaşanymyzda, ýañy ýaşy ýeten ýigit hökmünde meni görmezlige salýanlar indi "Salam, goç ýigit, nähili ýagdaýyñ?" diýip, salamlaşýardylar. Paul ýurduna gaýdyp baransoñam hat alşyp (kämahal jañlaşyp) dostlukly gatnaşygymyzy dowam etdirdik. Tokatyñ bir obasyndan London bilen gürleşmek meniñ üçin söz bilen beýan edip bolmajak duýgydy. Bir alajyny tapyp menem Günbatara gitmegi we şol "jenneti durmuşda" ýaşamagy menem ymykly niýetime düwüpdim. Geñ galaýmaly, şondan iki ýyl soñ menem Günbatardadym, ýöne iñ islemefik ýurdumda - Germaniýadadym. Ýogsam bolmasa, men iñlis dilinde gürlenýän ýurda gitmek we orta derejede bilýän iñlisçämi bir-iki ýylda suwara biler ýaly derejä ýetirmegi isleýärdim. Mýunhenden ýaýlyma berilýän amerikan radiostansiýasy meniñ ene dilim bolan türkmençe bölümi üçin spiker gözleýärdi. Ýañy ýigrimi ýaşan, dünýäni gezmäge höwesek kitaphon ýigit bolan menem hut şu işe laýyk adamdym. Günbatarda geçiren ýyllarym bu ýerdäki durmuşyñ "jenneti" däldigine göz ýetirtdi. Bu ýerde adamlar iş üçin ýaşaýardy, işi ýok adama hiçem gowy göz bilen garalmaýardy. Togsanynjy ýyllarda nemes üçin işsiz galmak abraýdan düşmek bilen deñ hasaplanýan wehim ýagdaýdy. Bu ýagdaýyñ häzirem azda-kände şeýledigini aýdyp bolar. Günbatarda durmuşa degişli geçen her günümde täze zatlary öwrensemem, pikirim-oýum hemişe Türkiýededi we beýnimi gorjalaýan zatlardan biri-de "Biz haçan şular ýaly bolarkak?" diýen soragdy. 1993-nji ýylda Özalyñ ölüminden soñ Türkiýe dawa-jenjeller, PKK bombalamalary, kimiñ edendigi belli bolman galan aýratyn agyr jenaýatlar, ahyrynda premýer-ministr Bülent Ejewitiñ aýagynyñ astyna zyñlan kassa apparaty bilen kanoniki derejesine ýeten ykdysady krizisler bilen doly koalisiýalar döwrüne girdi. 2000-nji ýyllaryñ başynda Türkiýe doly umydyny üzeñkirlände Erdoganyñ häkimiýeti başlady. Türkiýäniñ rewolýusiýadan soñky Eýran ýaly bir pursatda aýal-gyzlaryñ gara bürenjege bürelen, selleli-donly adamlaryñ gurşap alan şerigat ýurduna öwrüljeginden howatyr edilse-de, hernä gorkulýan-a bolmady. Tersine, adamlary haýrana goýan döwrebaplaşma prosesi başlady. Ikitaraply oklaw ýaly gara ýollar, köpriler, ýurduñ iñ çetki nokadyna çenli uzaýan howa menzilleri, ýerasty geçelgeler, çalt gatnawly demir ýollar... Yzyndan hiç kimsäñ aklyna-oýuna getirmedik harby tehnologiýa boýunça bir topar işler edildi. Raketalar, bronemaşynlar, wertolýotlar, dronlar. Arada türk harby tehnologiýasy Stambulda "TCG Anadolu" atly täze öndüren söweşjeñ gämisini bir hepdeläp açyk sergide goýdy. Önümçiligine birküç ýyl öñ başlanan ilkinji türk awtoulagy "TOGG" hem ulanyşa goýberildi. Ykdysady krizisiñ penjesinde urunýan Türkiýe boýuna batdy diýlip durka, täze önümleriñ yzly-yzyna orta atylmagy hemmeleri, aýratynam Türkiýäniñ resmi ýarany we gizlin basdaşy Günbatary haýrana goýdy, az-owlak howatyrlandyrmanam durmady. Türkiýäniñ "TCG Anadolu" bilen ýetjek derejesine ýeten soñky tehnologiki hemleleri Jorj Fridmanyñ ençeme ýyl mundan owal aýdan sözüni ýada düşürdi. "New York Times" gazetiniñ žurnalynyñ žurnalisti we "kölege CIA" diýip tanalýan añ-düşünje guramasy "Stradford"-yñ esaslandyryjysy Fridman "Öñümizdäki ýüz ýyl" atly kitabynda Türkiýäniñ ýakyn geljekde Ýakyn Gündogarda ABŞ-nyñ garşysyna çynlakaý garşydaş bolup çykjakdygyny çaklapdy. Fridman Londonda geçirilen bir konferensiýada eden çykyşynda türk goşunynyñ fransuz we nemes goşunlaryny birküç sagadyñ dowamynda derbi-dagyn edip biljekdigini aýdanda, onuñ bu sözüne zaldalylar gülşüpdiler. Emma Türkiýäniñ Orsyýete garamazdan Daglyk Garabagda gazanan görnetin ýeñişi we Türk Ýaragly Güýçleriniñ Demirgazyk Yrakda we Siriýada yzly-yzyna geçiren üstünli gury ýer hem-de howa operasiýalaryndan soñ Fridmanyñ sözleri ýene bir gezek ýada salyndy, emma bu gezek hiç kimiñ gülki ýadyna düşenokdy. Elbetde, meniñ maksadym agalyk sürýän bir häkimiýetiñ ýa-da AK partiýanyñ öwgüsini ýetirmek däl. Emma Türkiýäniñ soñky ýigrimi ýylda geçiren üýtgeşmesi we öwrülişigi hiç kimsäniñ, hatda iñ ýowuz oppozisionerleriñem inkär edip bilmejek hakykatydyr. Elbetde, Türkiýe geçen şu döwrüñ içinde demokratiýalaşma, adam hukuklary, hukuk döwleti, adam başyna düşýän girdejileriñ paýlanşygy, şahsy hak-hukuklar we azatlyklar boýunça-da uçursyz köp ýer we wagt ýitirdi. Käşgä, Türkiýe ykdysadyýet we tehnologiýa ulgamynda amala aşyran okgunly işlerini demokratiýalaşma we hukuk döwleti ugrunda-da oñaran bolsady. Onda Germaniýa we Günorta Koreýa ýaly ýurtlaryñ yzyndan ýetmesegem, bäri ýany-ha bolardyk. Togsanynjy ýyllarda Türkiýe ykdysady kriziz, terrorçylyk, syýasy dawa-jenjeller bilen garabaşyna gaý bolup, harby tehnologiýada doly daşyna garaşly, juda gowşak we daşardan gelýän kömekler arkaly ýaşap ýören döwletdi. Ýigrimi ýyldan soñ bolsa diñe ösüp barýan ýurtlaryñ däl, Günbatara-da harby tehnologiýa enjamlaryny satyp biljek derejä ýetdi. Indi hiç kim "Muña Türkiýe diýilýär, geñ görer ýaly zat ýok" ýa-da "bizden adam bolmaz" diýen ýaly sözleri agzyna alanok. Uzyn gepiñ keltesi, mundan şuny añlamak mümkin: Ylym we tehnologiýa Günbataryñ gysymyndaky zat däl. Akyl-paýhasy we mantygy şamçyrag edinen islendik kişi, islendik ýurt, islendik döwlet ykdysady, syýasy we tehnologiki taýdan gülläp ösüp biler. Şeýle gülläp ösüşiñ dowam etmegi üçinem sagdyn binýat gerek. Şol binýadam demokratiýa we adam hukuklaryna goldanýan sagdyn hukuk döwletidir. Şeýle bir hukuk döwleti welin, şeýle düzgünde prezident bilen ýönekeý raýat kanunyñ öñüñde deñ bolmaly, edil Germaniýada, Fransiýada ýa-da Şwesiýada bolşy ýaly. Esedulla OGUZ, türkmen žurnalisti. Duşenbe, 24.04.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||