19:07 Bizden size kim gerek? | |
BIZDEN SIZE KIM GEREK?
Goşgular
Aýterek, Günterek! Bizden size kim gerek? Saýrap duran dil gerek... Wah... Bulaň bary saýrap dur-la, doganjan. Agyr süriň goçusy ýok. Ulusy ýok, kiçisi ýok. Gijesi ýok, gündizi ýok. Hälisi ýok, şindizi ýok. Jürk-de jürk, Towugy däl, horazy kürk. Ýurt eýesi—pars bilen türk. Türkmen bolsaň ürk! Ajyňy öýüňde pürk, Kelläňi sokup ýorgana Içiňden sögün organa. Aýagyň gandally bolsa, Ylgajak bolma ýorgana. Halaly zorlady haram, Oýunlaň düzgüni karam. Deňlik ýok, utup bolanok. Başyň dik tutup bolanok. Meýletin zat eken gaflat ukusy, Oýanyp bolanok, ýatyp bolanok... *** Aýterek, Günterek! Bizden size kim gerek? Aglap duran dil gerek... Wah... Bulaň bary aglap dur-la jan dogan, Sen bularyň ýazýan zadyn okama. Bulaň aýtýan zadyn diňläp ýörme sen. Basma dogan ýatan itiň guýrugna, Dolan, aryň öýjügini dörme sen. Ýalandandyr gülküsi, Ýasamadyr şatlygy. Bularyň beýikligi— Milletiň aşaklygy! Ýeke galyp otagda Geçip aýnaň öňüne Oturýandyr şumjaryp, Sümük çyrşap ýeňine. Çünki wagtlaýyndyr susagyň sapy, Bäş günlük bor şagallaryň mesligi. Bu gün jylka etden çişlik bişirýän Erte gözlär haram ölen maslygy. Degme bu gün gülsün olar ýalandan, Ertir çyndan aglamaly bolarlar. Bu gün döşlerine dakan jäjegin Ertir saçy bilen bile ýolarlar. Ýöne olar aglasa-da ynanma, Çyndan aglap bilmez ýalandan gülýän. Nakyl bardyr: «Süri yza gaýdanda Öňde bor hol yzdan agsaklap gelýän». *** Aýterek, Günterek! Bizden size kim gerek? Saýrap duran şol bolsa, Aglap duran şol bolsa, Gowy dälmi lal açan? Bir düýpsiz guýa gaçan Nädip çykarka, haçan? Aýterek, Günterek! Bir döwüm çörek gerek! Wah, ýok-da. Bir batyr ýürek gerek! Wah, ýok-da. Gel, gowusy Aýteregi taşlaly, Oýun gytmy, başgasyna başlaly. «Dyrym-dyrs» bar, «Gizlenpeçek», «Bukuldym», Atdan düşdüm, eşekdenem ýykyldym! Şiraly NURMYRADOW | |
|
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ Ne göreý Tubyny, kaddy hoş hyramyň barynda... / Goşgular - 28.09.2024 |
√ Gul aga / Goşgular - 12.06.2024 |
√ «Bürgüt küýsäp çykdym daga...» / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Döwür oýlanmasy / Goşgular - 22.06.2024 |
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Geçmişden bir ahwal ýa-da Sanjar hekaýaty / Goşgular - 17.05.2024 |
√ Öwütlerim / Goşgular - 10.06.2024 |
√ Täze rubagylar / Goşgular - 29.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |