16:15 Biziñ taryhynyz | |
BIZIÑ TARYHYMYZ
Goşgular
"Taryh" kitaplaryñ okama, oglum, Sapagyñy bilmeseñ-de ýok aýby. "Kakam käýär" diýil, artmasyn dowluñ, "Ikilik" aljagyñ etmegin gaýgy. Kitapmydyr olar, "hudaý ýasalan Bäş-üç sany serdarlaryñ tarypy. Goý, çigit satýanlar, çigit dolasyn, Warak-warak ýyrtyp, beýle "Taryhy". Watan üçin başyn orta goýanlar, Öwrülipdir "kellekeser basmaça". Geçmiş, oglum, bu ýazlanlar ýaly däl; Geçmiş başgaça... Ony gojalaryñ gürrüñlerini Diñläp öwren, kitaplardan öwrenme. Begenmegin "Taryh" sapaklarynda "Bäşlik" baha alanyña, öwlenñe. Gowy bilmek mümkin däldir geçmişi, Bu kitaplar galplaşdyrlan-ýoýlandyr. "Bäşlik" baha, belki, "ýalan taryha" Boýun bolup ýöreniñe goýlandyr! GYÝKYNDYLAR ■ ŞLÝAPA Geýene haýbat bermäge taýýar, Şlýapa. Gaýly gün özün oñaýsyz duýýar, Şlýapa. "Men barkam kelle hökmanmy?!" Şlýapa. ■ ÖWÜT Öwüt berdi burun-burna: - Bilgin ýeriñ, bilgin ornuñ! Ýüreklere düşüp ýörme, Ähli ýere sokup burnuñ! PARH Barlyk bolaly berkarar, Şeýle hakykat aýan: Ýaşamak üçin iýýän bar, Iýmek üçin ýaşaýan. HASYL Ýyllañ tirkeş-tirkeşi Mañlaýyñy sürüpdir. Her gasyny - her keşi Pähim hasyl beripdir. ÖSÜŞ 1 Maýmynlykdan - adama, Aýakdan ele geçdik: El bilen ekdik, El bilen orduk. El bilen ýykdyk, El bilen gurduk. 2 Adamlykdan - aldawa, Elden boş dile geçdik: Dil bilen ekdik, Dil bilen orduk. Dil bilen ýykdyk, Dil bilen gurduk. ÖWGI Tankyda döwdürmejek, Öwüñ, öwgä döwdürsin! (Ýok özün öwdürmejek!) Oñ öñünde döw dursun! BIR ŞAHYRYÑ ARZUWY Ýurduñ belli ýerinde Dur mermerden heýkeli. Pegasyñ eýerinde Otyr, galamly eli. Sežde edýär görenler, Şöhrat lawry başynda. Tankyt ýazyp ýörenler - Sübsegäri daşynda. ÜÇLÜK "Üçlük" eýmendirýär sanlaryñ biri: Ozal NKWD-äñ "üçlügi". Indi - başlyk, orunbasar, bölüm müdiri. Hemra ŞIROW. | |
|
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |