13:02 Bölekler | |
■ Aýawly
Goşgular
Pulun öýe getirmez, Işinde-de goýmaz ol. Doga açgöz bolansoñ, Düýşünde-de doýmaz ol. ■ Üçler Kebap goýdum ~ iýdiler, Şerap goýdum ~ içdiler. Göz, agyz hem bokurdak ~ Olar üçdüler. ■ Masgara Bolduñ ahyr Il öñünde şermende. Dökülen abraýyñ agtaryp, Gündiziñ güni Otur sermen-de. ■ Ýalñyzlyk On adam bir öýe sygar, Bir adam bir öýe sygmaz. ◆ ◆ ◆ ÜÇLEMELER Ertirki gün saña dili keltelik, Halkyñ harmanyndan, iliñ zadyndan, Alyp, edýän bolsañ elpe-şelpelik. * * * Aýaly akylly, diýmäñ: haýýardyr. Äriniñ köwşüni süpürip, ýaglap, Diýer: "Gitjek bolsañ, köwşüñ taýýardyr!" * * * Sözi ýalñyş aýtsa-da, peltekden gaty görme. Gowşagña gowşak diýse, öýkeleme danadan, Güýçliñe gowşak diýse, tentekden gaty görme. * * * Gawun gawundan reñk alar. Şahyr şahyrdan reñk almaz, Setir alar ýa bent alar. * * * Bazar her kimi bir ýoldan çykarýar. Öñ oñ jübüsinden goşgy çykardy, Indi petde-petde dollar çykýarýar. * * * Dert kän, başga dertler neşeçe bolmaz. Peşäñ ganaty deý neşäñ ýanynda Pil ýaly ýigitler peşeçe bolmaz. * * * Hiç ýerde hor bolmaz puldar. Dowzahda doñdurma iýip oturan Bir puldary görüp gelen adam bar. * * * Toý hem, toý eýesem galyp dur haýran, Teležkäñ üstünde aýdym aýdyp dur, "Suw daşa" diýp toýa çagyrlan haýwan. * * * Iki sany günebakar Bir-birinw seredäýse, Onda kimse Güne bakar?! * * * Eý, çybyn, sen maña bir zat aýdýarmyñ? Gulagmyñ agzynda jyññyldaýarsyñ, Ýa meni kerdir öýdýärmiñ? * * * Bir keltejik adamyñ ýüzündäki düwürtik: "Hol uzyn pyýadanyñ mañlaýna düşsem" diýip, Barýar göwün ýüwürdip. Atamyrat ATABAÝEW, Türkmenistanyñ Halk ýazyjysy. | |
|
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||