20:55 Bolmaly | |
“Bir kemim bar” diýip, gyýylma, jigim,
Goşgular
Asly adamzadyň kemi bolmaly. Dert berýändir sadagasy gitdigim, Her beren derdiniň emi bolmaly. Gam-gussa egsiler, adam aýdyşsa, Ýürekler ýukalar, ýaşlar gaýdyşsa, Ýegre dostlaň arasyna tow düşse, Ol — şeýtanyň guran jeňi bolmaly. It ogurlyk edip, gurdy ýallasa, Çäresin görmäge tur-da, alňasa, Ol adyllyk däldir, adam dallasa, Adalat — oklaw deý göni bolmaly. Her kim öz gabryny özi gazýandyr, Işi rowaçlykdan adam azýandyr, Çakdanaşa oýun çyna ýazýandyr, Oýunyň — mazanyň çeni bolmaly. Bir namart ýigitde ähtibar bolmaz, Ilinden azaşan bagtyýar bolmaz, “Gara başym” diýen ärden är bolmaz, Är ýigdiň ilinden gamy bolmaly. Göwnün tapsaň, toprak etmez zada zar, Çyn ýürekde ynsanlara söýgi bar, Ata-ene, dogan-gardaş, söwer ýar… — Watan — bar söýginiň jemi bolmaly. Italmaz Akmyradow. | |
|
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||||
| |||||