DÜŞÜNDIRIŞLER
Giriş:
- Bozgurt – gadymy oguz-türkmen dilinde, “bozgurt” diýmek “gökböri” diýmegi aňladypdyr. Rowaýatlara görä, göktürkmenleriň bozgurt taýpasy (aýmagy) özlerini, tutuş milleti gyrlyp, ýalňyz özi diri galan hun şazadasy bilen owadan gyz sypatyna giren bozgurduň (gök (çal) reňkli möjegiň) nesillerinden emele gelen diýip hasaplapdyrlar;
- Utamyş (Otamyş, Itmiş) beg Gutlug begiň (Ilteriş-bilge kaganyň) kakasy. Bu at gadymy oguz-türkmen dilinde “otlaýjy, ýalynly, ot-ýalyna emr (erk) edýän” diýen manylary aňladypdyr;
- Tegin – hanlaryň, begleriň ogullarynyň unwany (tituly). Hanzada, begzada;
- Ary – arassa, päk, gadymdan dowam edip gelýän;
- Alp – batyr, edermen, gahryman;
- Bumyn han – milady ýyl hasaby boýunça 545-nji ýylda Birinji göktürkmen kaganlygyny döredýär we 552-nji ýylda aradan çykýar;
- Il – döwlet. Oguz-türkmenlerde bu söz bilen esasan halk däl-de döwlet aňladylypdyr;
- Hakan – kagan, hanlaryň hany, oguz-türkmen döwletleriniň aglaba köpüsinde döwletiň hökümdarynyň unwany (tituly);
- Gaty-il han Bahadur şad (Zabun ilhan Batyr häkim) kagan 620-630-njy ýyllarda hökümdarlyk eden Birinji göktürkmen kaganlygynyň soňky hökümdary. Ikinji göktürkmen kaganlygynyň Birinji kagany Ilteriş-bilge kagan (Gutlug beg) ýaly bozgurt aýmagyndan (taýpasyndan) bolupdyr we Olaryň ikisi garyndaş ekenler;
- Kireýke – polat (demir) simden halka-halka edilip gysga don ýa-da ýeňli (ýeňsiz) köýnek görnüşinde örülen, kähalatda ýüzi demirden teňňeler bilen örtülýän, sowuk ýaragdan goranmak üçin niýetlenen, adatça bokurdakdan başlap butlaryň ýokarky bölegine çenli ýapýan gorag örtgüsi, sowudyň bir görnüşi. Torgaýgöz kireýke – simden örülen halkalaryň içki aýlawy torgaýyň gözüniň ululygynda bolan kireýke sowut;
- Çaraýna – dört sany, berk taplanan, biri-birine demir ildirgiçler ýa-da gaýyş bagjyklar bilen berkidilýän, kireýke sowudyň üstünden geýilýän polat böleklerinden ybarat gorag serişdesi. Bu söz “çar – dört” diýen pars sözi bilen “aýna” diýen sözleriň goşulmagyndan emele gelip, dört aýnadan (polat böleklerinden) ybarat sowut diýen manyny aňladypdyr;
- Toz – ýaýyň sapy, tutawajy. Ak toz – daşyna ak kiriş saralyp mäkämlenen ýaýyň sapy (tozy);
- Saryja ýaý – özeni agaçdan, daşky örtügi ýelim bilen mäkäm berçinlenip, üstüne eýlenen siňir saralan süňkden ýasalan ýaýy, gadymy göktürkmenler “saryja ýaý” diýip atlandyrypdyrlar;
- Sagdak - ýaý we peýkam salynýan gap. Göktürkmenler sagdagy billerindäki kemere iltäpdirler;
- Bozaýgyr – bedew atyň bir görnüşi, jynsy, çal reňkli aýgyr (ýörgür, çydamly) bedew diýen manyny aňladýar;
- Naýzanyň sakgaly – naýzanyň ujuna atyň guýrugyndan ýasalan, söweşilende duşmanyň ýarasyndan akan ganyň naýzanyň sapyna syrygyp, ony taýgynçak etmegine päsgel berýän başlyk dakylyp, ol “sakgal” diýlip atlandyrylypdyr;
- Başak ýa-da maşak – peýkamyň ýa-da naýzanyň demirden ýasalan oturtma ujy;
- Tutam – erkek kişiniň eliniň gysymy möçberindäki uzynlyk ölçegi, tutam, takmynan 8,5-9 sm.;
- Gönder – naýza;
- Goşganat tuwulga – gadymy döwürde, oguz-türkmenlerde diňe ussat mergenlere, ýaýçylaryň ýaryşynda üstün çykylandan soň ýa-da öň ile belli mergenler tarapyndan ykrar edilenden soň goşa ganatly tuwulga geýmäge rugsat berlipdir. Eger-de mergen bolmadyk adam şeýle tuwulga geýse we özüniň şol tuwulgany geýmäge mynasypdygyny sorag çykan ýerinde subut edip bilmese, ol halk köpçüliginiň arasynda masgara edilipdir;
- Garagoç – söweş atynyň bir görnüşi, jynsy;
- Begjür (Beg serdar) Gutlug teginiň ganybir dogany. Gutlug beg (Ilteriş-bilge kagan) aradan çykandan soň Gapakgan kagan (Ýyrtyjy, Ýeňiji, Ýeňilmezek han) diýen tagt ady bilen 693-716-njy ýyllarda Göktürkmen döwletiniň hakany bolýar;
- Tabgaç – hytaýly;
- Bujak – çet, gyra, tarap
- Jür (çür) – serdar, taýpanyň, kowumyň serdary, “taýpanyň, kowumyň goragynda sak (jür) durýan adam” manysynda;
- Gam ata – gadymy oguz-türkmenlerde Gök Deňrä gulluk edýän porhanlara Gam ata (Atagam, ýagny, “Taňrynyň öňünde ulus-iliň gamyny iýýän, aladasyny edýän ata” diýen manyda) diýipdirler. Şol sebäpli-de porhanlar Gök Taňra mynajat edenlerinde olaryň hereketleri “gamlanmak” diýlip atlandyrylypdyr. Gadymy göktürkmenleriň Gam atalary porhan bolmak bilen birlikde, urugyň (taýpanyň, tutuş halkyň) tebibi, şahyry, ozany, palçysy, mugallymy, ýaşuly-kethudasy bolup hyzmat edipdirler;
- Bozgur diýen at iki sany gadymy oguz-türkmen sözlerinden emele gelýär. “Boz” diýen söz gadymy göktürkmenler tarapyndan ulanylýan ýerine we ýagdaýyna baglylykda gök, çal, mele, küljümek reňki aňladypdyr. Şol bir wagtda-da bu söz gök reňki aňladanda, bu reňk göktürkmenlerde gadymylygyň, arassa ganlylygyň, asylzadalygyň aňlatmasy hökmünde çykyş edendigi sebäpli, ol hem asylzadalygy aňladýan söz hökmünde hyzmat edipdir. “Gur” sözi bolsa gadymy oguz-türkmen dilinde bir manysynda belent derejäni aňladan bolsa, beýleki bir tarapdan ol söz nämedir bir zady gurmagy, bina etmegi, gurnamagy aňladypdyr. Şeýlelikde bu eserde Bozgur babanyň ady bir manysynda göktürkmenleriň gadymdan gelýän ähli arassalygyny, asylzadalygyny gurujy, bina ediji, saklaýjy adamy aňladýar. Beýleki manysynda bolsa “gök” sözi bilen oguz-türkmenleriň asmany, Taňryny, uçmahy aňladandyklary sebäpli, Bozgur babanyň ady, Taňrynyň işine gatnaşýan, Gök Asmana düşünýän, ser salyp bilýän, uçmahdaky ata-babalar bilen gepleşýän adam diýmegi hem aňladýar;
- Gerdek – öýleniş toýunda ýaş çatynjalar üçin ýörite dikilýän bezegli çadyr;
- Ilteriş-bilge kagan – Gutlug begiň “Halky birikdiren dana kagan” diýen tagt ady, Ikinji göktürkmen döwletiniň 682-693-nji ýyllarda hökümdarlyk eden birinji kagany;
- Aýguçy – geňeşçi;
- Daşaýak – W.M.Nikiforow «Языки коренных народов Сибири» atly 1999-njy ýylyň 5-nji sanynda çykan ýygyndyda çap edilen «К этимилогии имени Тоньюкук» atly makalasynda “Tonýukuk” adynyň “Daşdaban”, “Daşaýak”, “Okdaban”, “Oktoýnak”, “Daştoýnak” diýen manyny aňladýandygyny degerli delillendirýär. Bu romanyň sýužet ýordumyna laýyk gelýändigi üçin awtor Tonýukukyň adyny “Daşaýak” diýen görnüşde almagy makul bilýär. Boýla baga tarhan – Ikinji göktürkmen kaganlygy döredilip, Gutlug beg 682-nji ýylda hökümdarlyga göterilenden soňra onuň Daşaýak bege (Tonýukuka) bagyşlan unwany (tituly, derejesi). Ikinji göktürkmen kaganlygynda kagandan soňky iň ýokary döwlet wezipesi bolup, baş weziriň (premýer-ministriň) wezipesi bilen barabar ekeni. Bu unwan: boýla – taýpanyň ýa-da ülkäniň aýry-aýry bölekleri; baga – perman, buýruk; tarhan – erkin, özygtyýarly, özerkli beg diýen sözlerden emele gelip, “Ähli illere (welaýatlara) özerkli emr edip bilýän beg” diýen ýaly manyny aňladypdyr. Daşaýagyň gyzy Bobeg (Bogybeg, Bo, Bogy – horjun, bukja. Akyl, gözellik, edep-ekram bukjasy, horjuny manysynda, hytaýça “Pofu”) Bögü-Bilge hakanyň aýaly bolupdyr. Daşaýak beg 646-731-nji ýyllarda ýaşap geçipdir;
- Silik – gözel, görmegeý, owadan, näzik, päk, asylly;
- Güň – gyrnak;
- Bäg (beg) – kuwwatly, güýçli, gaýratly;
- Og – oglan, ogul;
- Budun – halk, il-gün;
- Gut – bagt, hanyň, begiň we ş.m. häkimlik bagty, şowlulygy;
- Bögü-Bilge hakan – 682-nji ýylda doglan, Ikinji göktürkmen kaganlygynyň 716-734-nji ýyllarda hökümdarlyk eden üçünji hökümdary, Ilteriş-bilge kaganyň (Gutlug begiň) ogly, Gapakgan kaganyň (Begjürüň) doganoglan inisi. Adaty ady “Bögü-alym, akylly” tagt ady “Bilge – dana, paýhasly” bolupdyr. Bögü-Bilge kagan zäherlenip öldürilipdir;
- Bars beg Kültegin – Bilge hanyň inisi, Ikinji göktürkmen kaganlygynyň Baş serkerdebaşysy (Abatarhany) hem-de ähli begleriň hany (Ýabgusy), 685-731-nji ýyllarda ýaşap geçipdir.
I bölümiň girişi:
- Bäkgül (Bägül) – bäk – howply, gül diýen sözleriň goşulmasyndan emele gelip, “howply gül, tikenli gül” diýen manylary aňladýar;
- Ilbilge kadyn (hatyn) – Ikinji göktürkmen kaganlygynyň Ilkinji kagany Ilteriş-bilge hakanyň (Gutlug begiň) aýaly, Bögü-Bilge hakanyň hem-de Bars beg Külteginiň ejesi. Tagt ady: “Il – halk, döwlet”, “bilge – paýhasly, dana”, Döwleti paýhasly hatyn diýmegi aňladýar;
- Adyý – göktürkmenlerde aýynyň atlandyrylyşy, ýöne gündelik gepleýiş dilinde, adatça bu sözüň soňky “ý” harpy aýdylman bu at “ady” görnüşinde geplenipdir. Göktürkmenlerde “ça” goşulmasy kiçiligi, söýgüni, söýgülemegi bildirýän aňlatma bolup, kiçijik, eýjejik görülýän zatlaryň, çagalaryň adynyň yzyna goşulyp tutulypdyr. Mysal üçin, bu oglanjygyň ady “Adyý” ýagny “Aýy” sözüniň yzyna “ça” goşulmasynyň goşulmagynyň esasynda “Aýyjyk” diýen manyny aňladýar.
1-nji bap:
- Tan şalarşalygy (imperiýasy) – miladynyň 616-907-nji ýyllarynda Hytaýda hökümdarlyk eden Tan nesilşalygynyň (dinastiýasynyň) ady bilen atlandyrylan döwlet;
- Duhufu – Dudufu Tan imperiýasynda iň iri dolandyryş-çäk birligi, dikmelik bolupdyr. Duhufu bolsa, adatça, Tan şalarşalygynyň beýleki döwletler ýa-da Beýik düzlük bilen serhetleşýän ýerinde, özi-de özge milletleriň wekilleriniň sany, asyl çyn (tabgaç, hytaý) milletiniň wekilleriniň sanyndan agdyklyk edýän çäklerinde döredilip, ol çäkler döwletiň aýratyn berk gözegçiliginde saklanypdyr. “Duhufu” sözüniň göni terjimesi “protektorat – howandarlyk edilýän ýer (çäk)” diýmegi aňladýar. “Dolandyryş, köşk” diýen ýaly manyny aňladýan “fu” goşulmasy, Tan imperiýasynyň dolandyryş-çäk düzüm gurluşynda, şol birligiň haýsydyr bir sebäplere görä, aýratyn wajyp ähmiýetiniň bardygyny aňladypdyr. Duhufatlygyň iki sany görnüşi bolupdyr. 1.Da duhufu – Beýik duhufulyk (dikmelik); 2. Şan duhufu – Ýokary duhufulyk (dikmelik). Adatça 24 sany kiçi birlige – çžoulyga (etraba) bölünipdir. Şanýuý daduhufulygy Gobi çölüniň eteginde ýerleşip, Tan şalarşalygyna tabyn däl taýpalaryň birleşmeleriniň ýaşaýan çäkleri bilen serhetleşipdir;
- Çžun çžoufu – çžun – orta, çžou – etrap (okrug), fu – aýratyn wajyp ähmiýetli. Şeýlelikde bu aňlatma, aýratyn wajyp ähmiýetli orta derejeli etraby aňladýar. Tan şalarşalygynda çžoular (etraplar) olarda ýaşaýan ilatyň sanyna baglylykda üç derejä bölünipdir: 1.Şan çžou – Ýokary etrap (20000-40000 öý); 2.Çžun çžou – Ortalyk etrap (20000-25000 öý); 3. Sýa çžou – Aşaky etrap (20000 öýden az);
- Aşina - “A” gadymy türkmen dilinde asylzadalygy aňladýan goşulma bolupdyr. “Şina” diýen hytaý sözi “şono – möjek, gurt, böri” diýen kytaň (mongol) sözünden emele gelipdir. Göktürkmenlerde gök reňk, Taňrynyň, Asmanyň, göktürkmenleriň ungany (oňony, penakär ruhy) böriniň reňki bolupdyr. Şonuň üçinem göktürkmenler haýsydyr bir adamyň, halkyň, taýpanyň, jandaryň, emlägiň asylzadalygyny (arassa, gadymy ganlylygyny) beýan etmekçi bolanlarynda ony aňladýan sözüň öňüne “A” goşulmasyny goşupdyrlar. Beýan edilýän döwürde tabgaçlar (hytaýlar) hem özlerine goňşy halklaryň bu dessuryny alyp göteripdirler. Şeýlelikde “Aşina” diýen tabgaç sözi görktürkmen dilinde “Bozgurt (Gök böri)” diýmegi aňladýar;
- Şan sýan – Ýokary etrapça diýmegi aňladýar. Tan şalarşalygynda sýanlyklar (etrapçalar) olarda ýaşaýan ilatyň sanyna görä dört topara bölünipdir: 1.Şan sýan – Ýokary etrapça (5000 öý); 2.Çžun sýan – Ortalyk etrapça (2000-5000 öý); 3.Çžunsýa sýan – Ortalyk-aşaky etrapça (1000-2000 öý); 4.Sýa sýan – Aşaky etrapça (1000-den az öý). “Aşina şan sýanlygy” diýmek tabgaç dilinden terjime edilende “Bozgurt taýpasynyň ýaşaýan ýokary etrapçasy” diýmegi aňladýar. Milady hasabynyň 630-njy ýylynda Tan şalarşalygy Birinji Göktürkmen kaganlygyny ýeňip tabyn edenden soňra göktürkmenler öz ýaşaýan ýerlerinden mejbury ýagdaýda şalarşalygyň ilki Şofan dikmeligine göçürilip getirilýärler. Soňra miladynyň 649-650-nji ýyllarynda bolsa göktürkmenleriň bir ýerde agzybir ýaşamaklarynyň öňüni almak üçin olary iki bölege bölüp, Gobi çölüniň etegindäki Hanhaý we Şanýuý ýörite dikmelikleriniň serhetýaka etraplaryna mejbury göçürýärler. Şonda Şanýuý dikmeliginde 5 sany göktürkmen taýpasynyň her haýsy bir etraba pytradylyp, ol taýpalaryň atlaryna laýyklykda 5 sany etrap döredilýär: 1.Aşida çžoulygy; 2.Aşina çžoulygy; 3.Galaç-orda çžoulygy; 4.Çog çžoulygy; 5.Baýden çžoulygy;
- Göktürkmenleriň senenamasynda (kalendarynda) ýaz pasly 1-nji martda däl-de häzirki senenama boýunça 4-nji fewralda başlanýan ekeni. Bu ýerde aýdylýan sene milady senenamasy boýunça 679-njy ýylyň 4-nji marty bolýar;
- Göktürkmenleriň durmuşynda 5-lik sanyň ähmiýeti örän uly bolupdyr. Olar öz ömürlerini, her biri 12 ýyldan ybarat 5 müçä bölüpdirler. Ýyllary hasaplanlarynda esasan 5-lik sana bölünýän ýyllary agzamaga çalşypdyrlar. Aradan çykanlarynda 5 sany belli gün bolupdyr. Çaganyň dünýä gelmeginiň 5 tapgyry bar diýip hasaplapdyrlar: 1.Dogulmagy; 2.Göbeginiň kesilmegi; 3.At dakylmagy; 4.Dogluş toýunyň (Bäbek toýunyň) edilmegi; 5.Kyrk çileden çykarylmagy;
- Göktürkmenleriň ýyl hasabynyň bir müçesi, degişli jandarlar bilen aňladylýan 12 ýyldan ybarat bolupdyr. Müçe ýyl hasabynda ýyllar şu haýwanlar bilen aňladylypdyr. 1.Syçan; 2.Sygyr; 3.Bars; 4.Towşan; 5.Ewren (Aždarha, Uly ýylan); 6.Mar (Ýylan); 7.Ýylky (At); 8.Koý (Goýun); 9.Bijin (Maýmyn); 10.Takyk (Towuk); 11.Seg (It); 12.Doňuz. Ondan başga-da göktürkmenlerde, her ýylyň öz reňki bolup, ýyllar (haýwanlar) gök (ýaşyl), gyzyl, sary, ak, gara reňkler bilen aňladylypdyr;
- Göktürkmenlerde Täze ýyl häzirki Nowruz gününde, ýagny Bahar paslynda, gije-gündiziň deňleşýän güni bolan 21-nji martda başlanyp, ol gün “Ýaş gün”, ýagny täze dünýä inen gün diýlip atlandyrylypdyr;
- Göktürkmenler ýyly dört pasla: 1.Ýaz; 2.Tomus; 3.Güýz; 4.Gyş paslyna bölüpdirler. Her pasylda üç aý bolup, olar ilki bilen, mysal üçin, sary ýer towşany ýylynyň baharynyň ikinji aýy (mart aýy) diýen görnüşde aýdylypdyr. Soňra ýylyň her aýky senenama hasaby “gyşyň birinji aýynyň 3-nji bäş gününiň (hepdesiniň) 2-nji güni (12-nji noýabr)” diýen görnüşde ýöredilipdir. Mundan başga-da, her ýyl, her biri 15 günden ybarat bolan 24 sany uly möwsüme bölünipdir. Her uly möwsüm, her biri 5 güni özünde jemleýän 3 sany uşak (kiçi) möwsüme (hepdä) bölünipdir. Şeýlelikde gadymy türkmenler tä yslam dinini kabul edýänçäler olaryň bir hepdesinde (uşak möwsüminde) 5 gün bolupdyr;
- Aýmak – taýpa. Göktürkmenleriň jemagatynyň düzüm gurluşy şu böleklere bölünipdir: 1.Budun – halk; 2.Oguz (Ogur) – taýpalaryň birleşmesiniň jemi (millet); 3.Ok – taýpalaryň birleşigi (halkyýet); 4.Aýmak – taýpa; 5.Soý – urug, tire; 6.Könlük – maşgala;
- Tan şalarşalygynyň çäginde ýaşaýan her bir millet 100 öýli obalarda ýaşamaga borçly edilipdir. Öz gezeginde obalaryň 100 öýi, her biri 5 öýden (maşgaladan) ybarat, biri-birine kepil hem zamun bolmaga borçly edilen kiçi toparlara bölünipdir;
- Ordos – Hytaýyň çäginde, Huanhe derýasynyň demirgazyk golunda ýerleşen, umumy meýdany 95 müň km2 bolan, 2/1 bölegi çägelik, çöllük we ýarym çöllük ýer;
- Kişi ogullary – erkek adamlar, awrat (tişi) – aýal;
- Käkil – süýr depede goýlup ösdürilýän saç, kekil;
- Göktürkmenler Gök Taňry (Gök Deňri) dinine müňlerçe ýyllaryň dowamynda, tä yslam dinine girýänçäler uýup gelipdirler. Gök Taňry dininiň esasy ynançlaryna görä, Ebedi Gök Asman ähli zadyň eýesi diýlip ykrar edilipdir. Ebedi Gök Asmanyň we ýokarky dünýäniň (uçmahyň) eýesi bolsa Gök Taňry diýlip uýlupdyr. Gök Taňrynyň aýaly Umaý (Humaý) – ýaş eneleriň, çagalaryň we öý ojagynyň hudaýy. Gök Taňrynyň we Humaýyň ogly Kuýaş (Kün) – Günüň hudaýy. Taňrynyň we Humaýyň gyzy Aý – Aýyň, gijäniň, söýgüniň, durmuşa çykmadyk gyzlaryň hudaýy. Olardan başga-da taňryçylyk dinine uýanlaryň ýene-de 13 sany hudaýy – Erlik, Ot ene, Ýyldyz ata, Bulut baba, Ýer ata (Toprak baba), Suw baba (Su hoja), Howa ene, Ýel ata (Ylgar hoja, Öwser baba), Tüweleý ata (Küýün baba), Gümmür mama (Tebil ene, Nagara kadyn), Ýyldyrym (Sagyka) ata (Çakmak baba), Ýagmyr ata (Ýaganak ata, Burkut baba), Älemgoşar (Aprak kadyn, Çiçek ene) – jemi 17 sany hudaýy bolupdyr. Şol sebäpli-de gadymy türkmenler 17-lik sany hem mukaddes hasaplapdyrlar;
- Mažda (mişi) – geçiniň ýa-da keýigiň derisinden eýlenip taýýarlanýan ýumşajyk, ýukajyk gön mata;
- Bukaç – tabak, gap;
- Ýaýyň garny – ýaýyň tozunyň aşak we ýokary ýanyndaky ýeri;
- Ýaýyň kibti – ýaýyň garnynyň iki gyrasyndaky, kiriş dartylanda epilip, kiriş goýberilende ýazylmagynyň esasynda emele gelýän güýç bilen okuň öňe atylmagyna (zyňylmagyna) getirýän egri ýeri, ýaýyň egni;
- Darhan – göktürkmenlerde ýaý ussasyny şeýle atlandyrypdyrlar. Ata – göktürkmenlerde sylanýan ýaşuly adamlara ýüzlenme;
- Oglan ady (Og ady) – gadymy oguz-türkmen dessuryna görä, oglanjyk ýigit çykyp, ýagny on bäş ýaşyny dolduryp, haýsydyr bir, halkyň gözüne ilýän uly iş bitirmese oňa kişi ady, ýagny uly adamyň ady dakylmandyr. Oglanjyklary biri-birinden tapawutlandyrmak üçin bolsa, olara oglan (og) ady (çaga ady, lakamjyk) dakylypdyr. Şonda-da oglanjyga ata-enesi bir oglan ady bilen ýüzlense, goňşy-golamlar, dogan-garyndaşlar oňa başga lakam bilen hem ýüzlenip bilipdirler. Adyça (Aýyjyk) hem bu oglanjyga il-günüň, onuň daş sypatynyň tapawutly alamatlaryndan ugur alyp dakan og ady bolup durýar;
- Gunt – gurşun;
- Bozog (bozoglan) – gök oglan, gögele manysynda, göktürkmenlerde ýaş oglanlara ýüzlenme;
- Patallak – burnuň dik aşagyndaky çukurjyk, türkmençilikde “adyýok” hem diýýärler;
- Tibit – adamyň aşaky dodagynyň çukurja, oýja ýeri;
- Mukyt – berk, mäkäm, pugta, gaty. Diýmek, Mukyja – Berkje, pugtaja diýen manyny aňladýar;
- Tişi – urkaçy, bogaz;
- Göktürkmenler üçin olaryň ak öýleri sagat hökmünde-de hyzmat edipdir. Olaryň däbine görä, ak öýüň işigi hökmany ýagdaýda gündogara bakyp durupdyr, öýüň içinde goş-golamlaryň her haýsynyň özüniň goýulmaly ýeri, öýde ýaşamagyň berk tertibi bolup, ak öý üç bölege: kişi (erkek) we awrat (aýal) ganatlaryna hem-de töre (töre ornuna) bölünipdir. Öýüň demirgazyk tarapy aýallaryň ganaty, günorta tarapy erkekleriň ganaty, ojagyň başy, merkezi bölegi (öýüň töri) bolsa ata (maşgalabaşy, myhman, kethuda) orny diýlip hasaplanypdyr. Günüň şöhleleri tüýnügiň içerki aýlawyny ýagtyldanda, göktürkmenler: “Kün (Kuýaş, Gün) atyň jylawynyň uzynlygyna galdy (dogdy)” diýip, agyldaky mallaryny öri meýdana çykarypdyrlar. Günüň içerik düşýän şöhlesi assajadan süýşüp öýüň awrat (aýal) ganatyny ýagtyldanda, günorta çagy boldy diýlip hasaplanypdyr. Öýlän sagat 16:00-larda günüň şöhlesi öýüň awrat (aýal) ganatyny terk edipdir. Şonda maşgalanyň ýaş oglan-gyzlary meýdandan göleleri, owlak-guzulary, taýlary ýatagyna kowup getiripdirler. Günüň şöhleleri tüýnügiň daşky aýlawyndan çykandan soň bolsa göktürkmenler: “Kün atyň jylawynyň uzynlygyna aşak düşdi (ýaşdy, ýatmaga gitdi)” diýipdirler. Şonda aýallar sygyrlaryny sagmagyň wagty geldi diýip hasaplapdyrlar;
- Gawurşak – çaga oýnawajy, gurjak;
- Ataka – atam, atam jan, garry adama mähir bilen ýüzlenme;
- Hatyn ene (Kadyn ana) – göktürkmenleriň begzadalary öz ejelerini şeýle atlandyrypdyrlar. Kadyn – han, beg aýaly;
- Dagarman – “Wah, arman” diýen manyda aýdylýan söz;
- Kişi ýaýy – ulular üçin ýaý. Bala (çaga) ýaýyndan tapawutlylykda ulular üçin ýaýy göktürkmenlerde jahyl ýigitler adatça 15-16 ýaşdan soň, ýagny erkek kişi çykanlaryndan soň edinip bilipdirler. Şoňa çenli olar diňe çaga ýaýy bilen aw edipdirler, türgenleşipdirler;
- Tana – göle, tanaja – gölejik;
- Göktürkmenler aý hasabyndan ugur alandyklary sebäpli, aýyň dogmagy bilen dolmagynyň arasynda üç sany möwsümi ykrar edipdirler we olary özüçe atlandyrypdyrlar. 1.Näzli aý – täze dogan aý (Gurra); 2.Doly aý (Ak doly) – dolan aý (on dördi gijäniň aýy); 3.Garry aý – ýaşyp barýan aý;
- Al tun (altyn) – “al – açyk (solak) gyzyl reňk”, “tun – mis”, ýagny “al reňkli mis” diýip göktürkmenler gyzyly (altyny, tyllany) atlandyrypdyrlar;
- Ewren – uly ýylan, aždarha;
- Bedroý – “bet – erbet, ýaman”, “roý – keşp, ýüz”, ýagny erbet keşpli;
- On iki tutam ok – göktürkmenlerde erkek kişiniň düwülen ýumrugynyň 12 sanysynyň uzynlygyndaky ýakyn aralykdan iri haýwanlary awlamak üçin ulanylýan uzyn ýaý okunyň ady. Tara mündürmek – oky ýaýyň kirşine (taryna) salmak;
- Gatyg ýygaç – gaty (berk) agaç;
- Gurman ata (hoja) – göktürkmenleriň ynanjyna görä, tokaýyň (jeňňeliň) eýesi, hojaýyny, ruhy;
- Mamrah – möjek çagasy;
- Şana – saç darak;
- Gorman – sagdak, sadak;
- Guruç temir (demir) – polat;
- Kelte ýaý – sekiz tutamlyk uzynlykdaky gysga ýaý. Kelte ýaýy ulularyň ulanandygyna we onuň öz uzaga atyjylyk kuwwaty boýunça on dört tutamlyk uzyn ýaýdan kän bir pesde durmaýandygyna garamazdan, adatça çaga ýaýlaryny kelte ýaý görnüşinde ýasapdyrlar;
- Gez – ýaýyň okunyň (peýkamyň) kirşe dakylýan kertig;
- Ahmas durmak – ýaý atylanda çep aýagyň ökjesini sag aýagyň duşunda goýup durmak;
- Meddemek – ýaýyň kirşini çekmek;
- Demren – ýaýyň okunyň demir ujy, demren peýkam – demir uçly peýkam;
- Göktürkmenlerde ýaýda ok atmagyň tizligi birinji atylan peýkam ýere düşmänkä howada sekiz ok saklamakdan ybarat bolupdyr. Çagalar bolsa 3-5 oky atmaga ýetişipdirler;
- Bilbag – guşak, kemer;
- Harpyk paltajyk – zyňylýan paltajyk;
- Büke – uly ýylan;
Türkmen dili