22:06 Bu bir ykbal | |
Şähribossan GELDIMÄMMEDOWA
Goşgular
▶ BU BIR YKBAL Görsem, bu gün öňkülerden has ýakyn, Maňa gamgyn seredip dur Ýedigen. Bu menin, ykbalym Hudaý tarapyn, Baky ýalňyzlyga höküm edilen. Ana, sähra, ýüki ýazan araba, Dynjyn alýar gijeligi ýassanyp. Oň, çalajan kölgesinde Garabaý, Dilin sallap ýatyr, gaçyp ysgyny. Çatmasyndan çykdy goja garawul, Habar almak üçin ýoldan ötýänden. Hiç zat gursagyma salanok dowul, Diňe birazajyk oýa batýan men. Dag başynda üç agajyň birikäm Çüwse-de ykbalym, ýeňse-de haýyr. Düşün, ýagty ýalançyda dirikäk, Bizi bir-birege çatyp bolmaýyr. Ýöne aýyrybam bolmaýyr indi, Ajal dykaýmasa ýeriň dessine. Şu sowal dag bolup gerdene mündi, Munuň soňy näme bolar, aýtsana. Jogap gözläp sähra gaýtdym elesläp, Sökdüm onuň soňy gelmez ýollaryn. Meni birje görsem diýip höweslän, Ýanyp ýatyr sähraň maýsa ýallary. Eşdip çatmasyndan çykmady goja, Tütün boldy ýüki ýazan araba. Häki gamgyn kölegede çalajan, Gözün açyp uklap ýatyr Garabaý. Sähra derek jogap berdi görnetin, Gözlerini balkyldadyp Ýedigen: - Bu senin ykbalyň Hudaý tarapyn, Baky ýalňyzlyga höküm edilen. * * * Men şem, ýanyp gutarmyşam Garaldyp petin gijäň. Bigänä könül bermişem, Yşgyň ýarasy gijäp. Şol yşgyň külbesin ýykdym, Deregne saraý salmadym. Haraý isläp ýere bakdym, Ýeri gorkuzjak bolmadym. Indi munda gözlemen taý, Çöken göwüne gop berip. Nirä sumat bolduka aý, Agşamy tüme gapgaryp. Tümlükde otyryn epeý, Bu gün ykbala gar syrap. Ýurtda galan gor küýze deý, Kalbym galypdyr taňkyrap. Şeýle bir küýsýedim ony, Ýöne boýnuma almadym. Ah, bu bir takdyr ekeni, Gaçyp gutulyp bilmedim. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Däliden dogry habar / Goşgular - 14.09.2024 |
√ Hoş sözli goşgy / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Asmaýar / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Ýogaldy / Goşgular - 05.05.2024 |
√ Meniň gimnim / Goşgular - 07.09.2024 |
√ Täze tuýuglar / Goşgular - 15.11.2024 |
√ Dostum Çerkez Şamyradyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 23.08.2024 |
√ "Ulag gidip barýar..." / Goşgular - 28.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||