23:11 Bu günem | |
BU GÜNEM
Goşgular
"Goý, ýeňiş baýdagy dursun pasyrdap, Onuň öwüşgininde meniň ganym bar." Durdy Haldurdy. Al gandan eý görlüp, Jandan eý görlüp, Goralan baýdagyň astynda olar Namys-ara hem hakyda öwürlip, Bu günem bir-birin gutlaşyp durlar. Bu günem... Şol beýik Ýeňşiň şanyna Tutulýan dabaraň diýseň zordugna Buýsanyp dur olar, Elwan baýdagyň Öwüşgininde al ganlarnyň bardygna. Kimsiniň döşüni orden bezeýär, Kimsiniň döşünde bar birje medal. Serediň, guwanyň, ýöne olarda Esasy görmeli zatlarňyz o däl. Şoň üçin gözlerne, Ýüreklerine Hemem gerdenlerine garap görüň siz. Şonda bu adamlaň belentliginiň, Hakyky sebäbe düşünersiňiz. Olar gözlerinde, Ýüreklerinde Şinelli, pogonly Watanyň keşbin Müdimilik saklap, Gerdenlerinde Şindem çekip ýörler şol günleň keşgin. Şindem ot içinde galan dostlarnyň Jesedin özlerniň gerdenne ýükläp, Berjaý edip ýörler westlerini Hem öz borçlaryny ýürekden haklap. Ýogsam olaň ýüki çekerden agyr, Hakydalar ezýet berýär baryna. Her halam, Bu günem daýanyp durlar Agaçdan ýasalan aýaklaryna. Bu günem... Söweşde jyda düşülen Söwer dostlar bagyrlara basylýar. Bu günem... Bir-birin ýürekden gutlap, Rezin eller mähir bilen gysylýar. Bu günem... Şol beýik Ýeňşiň şanyna Tutulýan dabaraň undulmazdygna Buýsanşyp dur olar, Elwan baýdagyň Öwüşgininde al ganlarnyň bardygna. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |