09:10 Bulut | |
BULUT
Goşgular
Ganat gerip gelýär bulut. Jak-jak urup gülýär bulut. Al asmanda, altyn täçli Elegini elýär bulut. Dürdäneler towsaklaşyp, Üsti-üstüne müñläp düşüp, Münderlenşip akyp barýar Oýtak ýere bakan süýşüp. Gögüñ ýüzün tutýar bulut, Labyryny atýar bulut. Gün tygyny gezän çagy Gözden derrew ýitýär bulut. Gara dere batan ýerden, Çal bug göterilip birden, Çogum-çogum gök iññeler, Hüjüm edip galýar ýerden. Ýazda ýagmyr ㅡ gerek bulut, Ýere düşse ㅡ çörek bulut. El ýalama gysyk bolsa, Gelmän geçsin gurak bulut. Gelsin bulut, jomartlasyn, Teşne ýatan ýerler gansyn. Güneş nurun dökýän ülkäm, Gülläp, gülzarlyga dönsün! Berdi KERBABAÝEW | |
|
√ «Baglar ýanýar seň toýuňda...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Yşk etegin tutmak gerek... / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Zyňlan bäbek / Goşgular - 05.09.2024 |
√ Garrylyk bazary / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Söýüň çagaňyzy / Goşgular - 11.12.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |