19:44 Bürgütler we kepderiler / hekaýa | |
BÜRGÜTLER WE KEPDERILER*
Hekaýalar
Şu hat Libpul şäheriniň Jennet köçesine çykýan Şa pereulogynda ýaşaýan Miştar Gulam Mustafa tarapyndan Rehsil Kurdaspur şäheriniň Kurdaspur raýonynyň Kanawan obasynyň Kanal bölüminiň işçisi kakam Çoudri Ahmed-Dine iberilýär. Salamdan we hormatlamalardan soň söz budur, ýagny men Allanyň gudraty bilen Lipbula sag-aman geldim hem-de size şu haty ýazmaga howlukdym, sebäbi siz meniň sakamat gowuşandygym hakda okap ýetişen dälsiňiz. Angrezi gazetlerinde-de diňe ölen we top okundan, bombadan, torpedanyň zarbasyndan heläk bolan matroslarynyň ady bar, ýerli hem hindi matroslarynyň atlary bolsa agzalmaýarm. Bilmeýärin welin, hindi gazetlerinde-de bu töwereklerdäki wakalaryň gidişi barada täzelik azdyr öýdýän. Hormatly atam, ejem meniň ölümden halas bolşumy eşden ondan gorkmazlyny haýyş edeweri. Edil işläp duran gämimiň gözden gaýyp bolup, awia-bombalaryňam şuwlaşyp, Ajal perişdesi Ezraýylyň hem depämde bürgüt kimin ganat kakyp ýören wagtynda ujyz gutuldym oturyberdim. On iki sahyp we ýigrimi üç hindistanly matros ömürlik deňze batdylar, men bolsam buzly suwda tä Hezreti Nuhyň saly ýaly bir gaýyk dadyma ýetişinçä dört sagatlap ýüzdüm. Bilýäňizmi, men mydama “hemme zat Hudaýyň emri bilendir” diýýän mollany ýaňsylardym. Ykbala ynanýan ejemiň bolşuna gülerdim. Emma häzir men bu zatlaryň hiç haýsyna-da ynanmaýaryn. Ýöne men bir zady – ölümiň ýaşaýyşdan gorkýandygyny gürrüň bereýin. Durmuşda her zatlar uçraýar. Bir gün men welosiped sürüp barýardym, geň görmäň, men ony aňyrsy-bärsi bir sagadyň içinde öwrendim, örän ýönekeý eken. Nobatçy ofiser meni palubanyň agzynda saklady-da, gaýyga münmek isleýärmiň diýip sorady. Bagtym getirdi-ow diýdim. Gaýyk görmänimize dört aýa golaý bolupdy. Men oňa Angrezi gämilerinde gulluk edip, öýden çykalym bäri iki ýyl üç aý dolup, dörde aýak basandygyny aýtdym. Onda ofiseriň ýoldaşy. - Eger “paluba işgäri” ýaly bir işde galmak isleseň, seni şu ýer bilen Afrika aralygynda ýangyç daşaýan tankere işe ýerleşdireýin. Aýda-da 6 funt, iýjek-içjegiňem daşyndan – diýdi. Men asyl beýle gämilerde bolup görmändim. Angrezi sarkaryň düzgünine gör, biz, hindi deňizçileri, gämilerde ýöne ýük çekýän hakynatutmalardyk. Işimiz-pişämiz dürli harytlary gaýyga basyp, otly gelerine çenli haryt taýýarlamakdy. Men haýal etmän teklip edilen işe ýerleşdim-de, öňünden alan pulumyň köpüsini size iberdim. Men elime gyzylly halka ilen ýaly, bu ýagdaýy kimsi tegelek bir aý, kimsi üç aý bäri işsiz ýatan hindi doganlaryma-da duýdurdym. Olaram baryp, şu işe girdiler. Biz täze ýerlere gideris we az-kem tejribe alarys diýip, biri-birimize aýdýardyk. Emma neneňsi ýagdaý ýüze çykýar, kaka, üstümizdäki bürgütler bizi oka tutýardylar, biz kepderiler bolsak suwa giden ýoldaşlarymyzy ganatlarymyzy galgadyp, gözlemeli bolýardyk. Sebäbi, bu ýerde uruş gidýär ahyry, onsoňam näçe gün ýaşaljagyny kim bilýär, birden deňizde gaý turýar-da, ýyldyrym çakyp, asman gümmürdäp, ýer elenip başlaýar welin, meniň diri galyp, size erteki aýdyp oturşym tüýs geň zat! Belki-de, bu gowgalaryň günäkäri gämi kapitany sahyp bolsa gerek. Biziň deňze çykmanymyza indi gündir. Şu wagta çenli ony palubada-da görmedik. Emma hyzmatçy sahyp rehimli adam eken, ol maňa bolýan galmagallardan gorkmazlygy, gämi kapitanynyň içmegi söýýän bolsa-da, ekipažyň tertibini düş-düşiň kerebini saklaýşy ýaly saklaýandygyny aýtdy. Biziň ýatakhanamyz beýleki gämileriňkä garanda gowrak, sypal düşekçäň deregine pagtalysyny berýärler, adama iki müň odeýal bar, onsoňam şu taýda ýek-ýarym tagta bitidir saçakçy bolaýmasa, büre diýilýän zadyň ady-da ýok. Emma olar üçin aladalanyp duramzok. Iýjek iýmitiňi-de özüň sypal oduna ýylaltmaly-da iýibermeli. Azabyňa berilýän döwüm nan biziň ýeke-täk guwanjymyz, ony-da ine-gana ýuwdup bolanok. Aý garaz ýatuw ýok-da, gyşarmaga rugsat berlenok, işiň özi gyryň daşy ýaly! Biz porta ýetenimizde ýangyç tükendi. Elimize düşen esgi, geýim-gejimleriň ýyrtylanyny alyşdyryp, tankerimizi arassalamaga gitdik. Kaka, ondan kükeýän ys edil obamyzdaky Rahmat juwazçynyň ýag juwazynyň ysy ýaly. Meniň-ä kelläm agyryp, sarym gaýnaberdi, ýöne Hekim Haşam Alynyň syrkawa ýazyp beren garaburç dänejiklerinden birneme atdym welin, gowy boldum ötäýitdim. Tankerimizi arassalanymyzdan soň, bizi gurplandyrmak üçin az-owlak azyk berdiler. Buir gezek biziň ýolumyz gazaply deňziň aňyrsyndan düşdi. Birdenkä, nirä gelenimizem aňşyrmaga ýetişmänkäk, depämizden samolýot uçup gitdi. Üçünji ýoldaşym ony top oky bilen atyp goýberen badyna ýaňky samolýot gyzyl ot bolup başaşak gaýtdy. Eger onuň syçrantgysy ýere gaçsa, ol heýwere keselini ýaýradýar diýýärler. Bu polat guşdan bölünip gaýdan hapalar hem deňze düşüp, daş-töweregi demikdiriji tüssä gark etdi. Kapitan we ýoldaşlarym başly-barat ökje göterdiler. Biz birnäçe deňizçi bolup gulaklarymyzy dykdyk. Emma biz entek özümizi ele almankak, Alla saklasyn, depämizde uly samolýotlaryň täze tapgyry peýda boldy. Ajal perişdesi gämimiziň süýr depesinde arlady, iki-ýana çyrpyndy, guýrugyny bulap, tä tanker içi däne gowrulýan gazana dönýänçä üstümizden bomba ýagdyrdy, gülle seçdi. Ýoldaşlarym top atdylar, emma ölüm perişdesiniň azaaryna-da däldi. Gepiň keltesi gämimiz ot astynda, janymyz suw üstünde galdy. Men palubada ýaralanan gämi kapitanynyň ýanyna bardym. Uzyn köýneklerimiň bölegi bilen onuň goluny, eňegini saradym. Kaka, ol mert adamdy. Birje-de eňremedi, geplemedem, diňe gözlerinde biygtyýar bulduraýan göz ýaşlaryna erk edip bilmedi. Emn ondan agyr ýaralandyňmy diýip soradym. Ol başyny atdy. Biçäräniň öýlenenine-de ýaňja bir aý bolan eken. Indi onuň ölenini biläýse, görgüli gelni nähili gaýgylanar. Kaka, Angrezi matroslarynyň ýüregi hem iliňki ýalydyr. Hakykatdan, olar hem aýallaryny oňatja söýýärler ahyry. Meni utançsyzdyr ýa-da hristian dinini kabul edendir diýip pikir edäýmäweri. Dogrusuny aýtsam, biz hindileriň tutan guşuny ýewropalylar ütüp goýberipdirler. Gämi batyp başlady, ekipažyň komandasy bortdan towsup düşdi. Men kapitana golaýlap, ony halas ediji gaýyga süýşürdim-de, özüm hem böküp mündüm. Emma suwda töweregime gözümi aýlamda ony görmedim. Men sowukdan, aýazdan ýaňa tä buýýançam ýüzüp gitdim. Birden ejem ýadyma düşdi, bu meniň siz hakda pikirlenmeýändigimden däl, umumäan bir howply ýagdaýa duşsam, onuň ady hyýalyma gelýär we harby gulluga bil baglap, müň janyňdan bir janyň galmaýan pursatynda hem elmydama men ejemiň ady bilen halas bolýaryn. Kaka, biziň on ýedimiz ölümden gutuldyk. Bu gün ençeme öýlerde garaňkylyk höküm sürýär. Ýöne meniňem ölmän, çaý başynda siz ehat ýazyp oturşym bir tötänden bolaýan zatdyr. Ýadyňyzdamy, siz “Hudaýyň ýoly müşgildir” diýip aýdýardyňyz, emma ynsanyň ýoly has çylşyrymly eken. Eger bir adam başga birine käçere duşup öldüräýse, ol ganhor hasap edilip, sud tarapyndan jezalandyrylýar. Emma bir sarkar bilen özgeler göreş edäýse, bularyň haýsysynyň bigünädigini hiç kim kesgitläp bilmeýär. Birnäçe halkyň ýerini talap peýda çapýan banditler, garakçylar, jellatlar dünýä ot gorsadylar, bütin ýer lowlap ýanýan ägirt ot üýşmegine meňzeýär. Uruş tüssesi barha ýaýrady, giňedi, hemme ýerde tümlük, diňe adamzat görejiniň şöhlejikleri ýüreklerde çala umyt syzdyrýar. Uff... bu nähili däli dünýä, kaka! Talaňçylar dogany dogana, garyndaşy garyndaşa küşgürdiler. Olar biziň neslimiziň boýnuna dönüklik, ölüşik, ýalançylyk ýaly ýok myjabatlary ýüklediler. Hiç bir çypdyrtmalara gulak gabartmaly däldir. Sahyplar matrolsaryň birnäçesi siziň ýurduňyzy töhmetden, ýalan-ýaşrykdan doldurdylar diýýärler. Emma biz – deňizçi doganlar bolup – el-ele bereris-de, ähli ýalňyşlary hakykata öwreris. Kaka, biziň ýeňşimiz öz elimizde, biz hökman birleşmelidiris we polat dek durnuklylyk, demir kimin düzgün bilen göreşmelidiris. Azatlyk asmandan gaçanok-da, batyrgaý söweşlerde dogýar. Hawa, gulluk etmek garypçylyga, has beteri, gedaýlyga eltýär, eger men öýe dolanyp barsam, hojalyk we hünärmentçilik bilen meşgullanmaly bolaryn, şonda raja** geläýse ähli bergimizi üzüp bileris diýip umyt edýärin. Size, ejeme, doganlaryma hem uýalaryma ýene-de bir gezek hormatly salam iberýän ogluňyz Gulam Mustafa. Mülk RAJ ANAND, hindi ýazyjysy. _________________________________ *Ýazyjy hekaýasyna simwolik at berýär. Kepderi – deňizçiler, bürgütler – duşman samolýotlary. **Raja – ýerli häkimdar. Iňlisçeden terjime eden: D.Nuralyýew. “Edebiýat we sungat” gazeti, 04.10.1958 ý. | |
|
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Çöregiň ysy / hekaýa - 28.06.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Ynsap bizden aýrylmasyn... / hekaýa - 14.12.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Шер аминь / рассказ - 20.01.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |