BUŞLUGYŇ ULUSY
Düýdüldisi bäş-alty köçe aňyrdan eşidilýän, dürli-dümenli oýunjaklar bilen birkemsiz bezelen, lowurdap duran akja maşyn küňreli howla gelip girende, olary garşylamaga uludan-kiçi daşary çykypdy. Ballyöwez aga bilen Soltanjemal ejäniň ýüregi hasam heýjanlydy. Olaryň ikisi-de öten agşam: “Ertir öýmüze çowlugymyz gelýär” diýip, uzakly gijäni çirim etmän geçiripdiler. “Maşgalada ilkinji doglan çaganyň özüne niýetle¬nilip sallançak alynýandyr. Soňky doglan çagalar başky çaganyň sallançagyna salyn¬ýandyr. Çagany ýedi günden soň sähet sorap, sallançaga sal¬ma¬lydyr. Ýadyňyzda bek belle, gelin, çagany sallançaga ilkinji gezek diňe mamasy ýa enesi salyp, üwräp başlamalydyr, soňra çagalara süýji paýlap, agyzlaryny süý¬jet¬seň, süýji dilli bolarmyşyn. Çaga sallançaga salnanda, ýüzärlik tütetmelidir. Ýüzärlik çagany gözden-dilden goraýandyr. Ýene-de bir zady unutmaň, sallançagy hiç haçan boş üwremeli däldir” diýip, Soltanjemal ejäniň öýdäkilere tabşyryp durany ýaňy-ýaňy dälmidi?
Ogly Aýmyrat agtyjagynyň sallançakly meselesi bilen irgözinden aladalanypdy. Uly bazardan saýlap-seçip getiren sallançagyny öýüň töründe oturtdy, töwerek-daşyny-da jäjeklerden, ýylboýy ýygnan dürli reňkli aşyklardan doldurdy. Gelni Mähegem sallançagyň bagyna düýe ýüňünden ören alajasyny dakypdy.
Ulagdan çykan Röwşen yzky gapyny giňden açdy. Soňam akja ýorgana oralan gundagy gujagyna alyp, eli ter gül desseli gelni Ajaýyba ulagdan düşmäge ýardam etdi.
-- Iki eliň bilen bäbegi aşagyndan götermezler, oglum, getir ony meň gujagyma ber. Soltanjemal eje gundagy agtygynyň gujagyndan garbap diýen ýaly aldy-da, çagany şap-şap öpdi. Soňam: -- Tüf, tüf, biribar, gözden-dilden gorasyn. Alyn daýysynyň özi-dä! Görüň-ä, çagajygyň saçlaram buýra-buýra ekeni, enşalla, ot ýaly dogumly oglan bolup ýetişer. Gel, atasy, senem çetde durma-da, çowlugyňy gör ahyryn.
Ballyöwez aga aýdylaryna mähetdel:
--Çowlugymy gatam görerin. Hany, arslanymy maňa ber! -- Ol gundagy gujagyna aldy.—Ýaşyň uzak bolsun, goçum!
--Täze doglan çaga oňat at daksaň, ulalanda bagtly bolýar diýilýär--diýip, goňşy aýal Bahar çişik gygyryp gepledi.-- Çagaň adyna näme dakdyňyz?
Soltanjemal eje:
--Oňa atasy Baýarhan dakdy.
--Atasy dakan bolsa oňarypdyr, adyna mynasyp bolsun.
--Sag boluň.
-- Atasy, çowlugyň gujagyňa aldyň welin barmajygyny soruberdi-le, bu nä ahwalat?--Soltanjemal eje adamsyna ýüzlendi.
-- Şonam bileňzokmy? Çaga barmagyny sorsa, inji diledigimiş--diýip,ýene-de Bahar çişik ara goşuldy.-- Indem babasy bolup Ballyöwez agamyz bir mal inji eçilmes-ä bolmaz. Onsoňam çaga diňe bir ata--babasyndan däl, ene-mamasyndan hem inji tamakin bolarmyşyn.
-- Weý-weý, Bahar jan, gyzym, sen-ä, muny oňaraýdyň. Ýaş başyňa bu zatlary nireden bilip ýörsüň?
-- Aý, bilýän-dä!
-- „Akyl ýaşda bolmaz, başda bolar” diýip eşitmänmidiň, heleý!? Tüweleme, Bahar jan goňşymyz çagalygyndan akylyň öýjügi. Bahar diýdimi, gutardy. Goý, gapydaky baka goýlan iki ýaşar öküzçämiz bäbek toýuna bizden gatanç bolsun!
--Ine, munyň boldy, atasy. Kemi galmady, dogrusy, senden uly bir zada garaşmandym, saňa nähak ýerden gysganjyňam gysganjy diýip ýörüpdirin. Sen-ä barypýatan sahy ekeniň. -- Soltanjemal eje adamsyna bakyp, näzli güldi.
-- Çowluk üçin gaýgyrjak zadymyz bolmaz...
Aý, garaz, şol gün näme boldy diýseňizläň!? Bu içerde üç maşgalanyň bir bäbegiň şanyna uludan tutan toýlarynyň dabarasy dag aşdy. Mähelle barysy ýygnandy. Pişmedir nogul-nabat seçildi. Kakasydyr ejesi uzakly gijäni röwüş etmän, körpejäni apalap, söýüp-söýgüläp geçiren bolsa, ata-enesiniň boluş-hereketleri henizem ilkinji agtyklaryny öz-özlerindenen gysganýana çalymdaşdy. Atasydyr enesiniň hasam keýpiçagdy, olaryň çowluklaryny mähir-muhapbet bilen synlaýyşlaryny göreniňde, aýaklarynyň ýere degýänine-de şübhäň artýardy.
Ertesi myhmanlaryň dagyşyp, howlyň mähellesiniň birneme böwşeňleşen çagydy. Daş işikde Ballyöwez aganyň ýeke özi çugutdyryp otyrdy. Ol özüni bagtly ata saýýardy. Bu boluş oňa birmahallar çowluk görmek bagty miýesser eden babasy Durdyhan aganyň: ”Sen onuň nämedigini garrylyk ýaşyna ýetip, çowluk göreňde bilersiň” diýen sözlerini hakydasyna getirdi.
***
Babasy Durdyhan aga şeýle adamdy. Süýji sözlidi, her bir sözi many saçýardy, sözünden bal damýar diýlen adamlardandy. Ol bütin ömri kileň deň-duşlary ýaly özünden önen nesilleriň ýaýnap-ýaýraýşyny görmek duýgusy bilen ýaşapdy, halal iýip, halal gezipdi. Onuň diňe bir ynsanlara-ha däl, hatda mallara-da käýinmesi bolmazdy, gaty-gaýrym söz hem diýmezdi. Goýun malyny ýedi ýyl käýinmän, ynjytman bakyp bilen adam ýalkanýan bolsa, onda Durdyhan aganyň bu işe baş goşanyna tas kyrk ýyla ýeteňkirläpdi. Ýaşuly çopan şu günlerem obadan esli uzaklykda ýerleşýän Garagaç daglarynda dowar bakýardy.
O mahal Ballyöweznyň hem men diýen wagtlarydy. Golaýda harby gullukdan boşap gelip, indem haýsydyr bir ýokary okuw jaýyna okuwa girmek üçin taýýarlanyp ýördi. Ol häli-şindi babasynyň yzyndan azyk äkitmeli hem bolýardy. Hemişeler bu aralygy öz peýwagtyna, ine-gana ýöräp geçerdi, howlukmazy bolmazdy. Onuň şol günki aljyraňňylygy welin çakyň däldi. Asyl ökjesi ýere degmeýärdi. Münüp barýan eşegini yzly-yzyna çybyklaýardy. Eşek janawer, dogrusy, birhowa esli aralygy ylgap hem geçdi, ýöne soňky çalnan çybyklaryň welin o diýen bir nepi degmedi. Näçe saýgylansa-da, hereketi barha haýallap, soňy bilen diňe öz maýdalyna ýöräp barýan adaty eşek ýöreýşine eýerdi oruryberdi. Ballyöweznyň içini it ýyrtýardy. Bu howlukmaçlygyň özüne ýetik sebäbem bardy. Ýogsam babasyna azyk getirip gideni düýn dälmidi? “Eşegiň gulagyna ýasyn okan ýaly diýleni çyn bol-dow. Asyl muňa aýtdyň-aýtmadyň, piňine-de däl” diýýärdi. Düşüp, pyýadalap ýöräberesi gelýärdi. Aslynda, eşekde näme ýazyk bar diýsene, hamala, onuň münen “aty” Göroglynyň gyratymyşyn, onlarça menzil aralygy uçup geçäge-de, baryp babasyny buşlaýmak.
Ol çopan goşuna baranda, süriň golaý-goltumynda hiç kese gözi düşmedi. Goýunçy Akbilek welin ony uzakdan görenden tanap, ylgap ýanyna geldi.
-- Bab-a-a, niredesiň, salawmaleýkim. Çowlugyň boldy, buşluk! Bab-a-a...—diýip, näçe zowladyp gygyrsa-da, oňa jogap beren bolmady.Ol bir demde ähli ýeri diýen ýaly aýlanyp çykdy. Babasynyň sürini taşlap hiç ýaňa gitmejegini bilýärdi. Ol ýene-de güýjüniň ýetdiginden gygyrmaga durdy. --Baba, baba, sen nirede, bu men, agtygyň Ballyöwez.
Barybir, ony eşidenem bolmady, oňa jogap berenem. Soň bar zat oňa aýan boldy. Babasy uly bir arçanyň kölgesinde öýlän namazyny okap oturan bolsa näme?! Oňa gözi düşen Ballyöwez eşegini daňmaga gitdi. Soňam babasynyň namazyny okap, öz ýanyna gelerine garaşdy.
Birhaýukdan: ”Hudaýa şükürler bolsun!“ diýip, içini hümledip gelýän Durdyhan aga bu gezek agtygy bilen hemişekileri ýaly gujak gerip, ullakan bir saglyk-amanlyk soraşmagyň ýerine gartaşan göwresine erk edip bilmän, duran ýerinde dyzyna çökäýdi. Özi-de birhowa geplemedi. Gözlerinden togalanan ýaş damjalary welin gyl-tüý basan ýaňagyndan syrygyp gitdi.
Ballyöwez onuň bolşuna düşünmedi: ”Babama bir zatlar-ha boldy. Näme üçin aglaýarka? Mamam babaňa çowlugynyň bolanlygyny aýtsaň, baý begener-ä diýip meni ýöriteläp buşluga ugratmadymy näme?! Bu habara garaşyp, babaň iki gözi ýoldadyr diýmedimi näme?”. Ballyöwez aljyrady:
-- Baba, baba jan, seniň ýagdaýlaň gowumy, häzir men size suw getireýin, suw içseňiz gowulaşarsyňyz.
Durdyhan çopan birhaýukdan soň dillendi.
-- Ýok, suw gerekmez. Ýagdaýym gowy, oglum. Meni gaýgy etme. Buşluk diýip gygyrdyň welin, namazymy nädip okanymam bilmedim. Aýyp görme, gözlerim begenjimden nemlendi. Ýaşy birçene baran adam üçin çowlugyň, onda-da ilkinji çowlugyň dünýä gelenligini eşitmekden, duýmakdan öňňe bagt bolmaz.
--Aýt, oglum, keýpiň kelläňde, buşlugyňa näme bereýin?
Ballyöwez dymdy.
--Dymma, köşek. Agzyň geplesin. Sen meni çowlugymyň bolanlygy bilen begendirdiň. Bu gün meniň gözüme zat ilmez. Bu habar ýöne-möne habar däldir. “Çowlugyň boldy!” habar buşlugyň ulusyna mynasypdyr.
--Buşluk-buşluk bolar-da, baba, onuňam bir ulusy-kiçisi borm-aý?
--Gatam bolar. Sen ony garrylyk ýaşyna ýetip, çowluk göreňde bilersiň.
--Onda näme diýsem berermiň?
-- Iki sözli däldirin. Bular ýaly hoş habara adamlar azyndan altmyş-ýetmiş ýyl, hatda ondanam köp, är ömri garaşýarlar.
--Onda... toklylaryňdan birini beräý.--Ballyöweziň soňky sözleri ysgynsyzja eşidildi.
--Wah, toklyň gürrüňi ýok, ýöne... Il-günüň: “Babaň çowluk boldy buşlugyňa bar eçileni mürtük bir toklymy?” diýerinden çekinýän. Buşluk hakyna arryk-ürrük mal asla ýaramaz. Ho-ol, aňry bakyp duran maşal goýny neneň görýäň?
-- Ýüzi, maňlaýy ak daýaw goýny diýýäňmi?
-- Hawa, hawa, şony diýýän. Sürüde gurat mallaryň biri şodur. Al, sen şony göter.
Ballyöwez babasynyň oýnumy-çynymy bilmedi, ne bolýar diýdi, ne-de bolanok diýdi, agaç ýuwdan adam ýaly duran ýerinden gozganmady. Bu ýagdaý hälem dowam etjekdi welin, babasynyň maşal goýny tutaga-da, ony ýatyryp, eýýämhaçandan aýaklaryny düýrläp daňybermegi ony uzak wagtlardan soň özüne gelen hassa ýaly ekezlendirdi.
-- Ojakdaky taňka gaýnap durandyr. Tutaç bilen çekip al, seresap bol, eliňi ýakaýma. Atym çaýyny ýetirseň, bar mazasam şondadyr, otda gaýnan çaýa taý tapylmaz. Gowurdakly golçanam al öňüňe. Çaý çorba edin-de, mazalyja garnyňy doýur. Onsoňam heniz sen maňa bar zady bolşy-bolşy ýaly gürrüň bereňok, meselem, çaga haçan, näwagt doglupdyr?
--Çagamy, ol şu gün säher bilen.
--Hä, säher bilen diýsene, gaty gowy. Säher bilen doglan çaga bagtly bolar¬myş.
--Ejesiniň ýagdaýy, Sülgün gelnejeň ýagdaýy niçik?
--Gelnejemiň ýagdaýam gowy.
-- Ýogsa-da, ol seniň buşlanyň oglanmy-gyz?
-- Baba, sen çowlugyň oglan bolanyny gowy görýäňmi, gyz?
-- Meň üçin parhy ýok, haýsam bolsa berildigi bolsun. Maňa ikisem çowluk.
-- Oglanjyk.
-- Bir ýumrugymyz artypdyr, ogul ýaşy uzyn bolsun! Aslynda şu güne kän garaşdym, çowluk görmegi ömürboýy arzuw etdim. Indi maňa-da çopan taýagyny taşlamaga çen boldy. Ojagaz bir çileden çyksyn bakaly, men wagtymy diňe onuň bilen geçirin. “Düýe garrasa, köşegine eýär” diýipdirler. Çowlugymyz ýaşymyzyň soňunda biz garrylaryň alnyndan dirär.
--Adynam siz dakmaly, baba!
--Oglan bolsa ady Erkin bolsun diýip ýördüm. Erkinlik bar ýerinde, adama rysgal-döwletem geler, bereketem tapar. Onsoňam, erkinlkde ýaşamak ata-babalarymyzyň gursagynda garrap galan arzuw dälmi? Mamaňa aýt. Täze doglan çaganyň göbegi kesilenden soň, onuň göbegini alabaý itiň ýa-da atyň guýrugyna daňmalydyr. Şonda çaga çydamly, akylly, iline-ýurduna wepaly ýigit bolup ýetişýändir. Birentek ýerlerde, çaganyň işjanly adam bolup ýetişeri ýaly, düýäň guýrugyna-da daňýarlar.
--Bolýa aýdaryn. Baba, mamamam men buşladym-da!
--Aý ýog-a? Buşlugyňa näme berdi? O görgülem menden az begenen däldir.
--Buşlugyňy boş goýmaryn, basym nar ýygarys, şonuň pulundan birlaý gymmat bahaly täze egin-eşiklerden alyp bererin diýdi.
--Alyp bereýin diýse, alyp berer.“Toýdan topukça” diýlendir oglum, toýdan näme ýetse-de razy bolmaly, nägile bolmaly däldir. “Toýda tozsun“ mydama toýda geýip ýyrt, toýlara ýarasyn.
--Sag bol, baba.
--Garbanan bolsaň, köşek, bar, indi senem eglenme, ýol uzakdyr. Menem nesip bolsa anna güni oba bararyn.
--Biz saňa garaşarys, baba! -- Maşal goýny eşegiň öňüne keseligine basan Ballyöwez oljasy oňan awçyň bolşy ýaly, erni bir ýere ýygnanmady, basym bu ýerden gitmek bilen boldy...
***
Hawa, babasy Durdyhan aganyň bir mahalky buşlugyň ulusyna mynasyp bolan begençli habaryny eşidendäki tolgunmasyny bu gün indi garrylyk ýaşyna ser uran Ballyöwez aganyň özi başyndan geçirýärdi. Ol hemişe babasynyň ýaşan nusgalyk manyly ömrüne meňzejek bolup ýaşapdy. Häzirem: ”Bular ýaly hoş habara adamlar azyndan altmyş-ýetmiş ýyl, hatda ondanam köp, är ömri garaşýarlar” diýen welilik bilen aýdan sözlerini ýatlap, adaja ýylgyrdy. Şeýle bagtyň özüne-de miýesser edenine şükür etdi.
Hekaýalar